Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti
Akdepe etrabynyň Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçesiniň Bamyly, Gyzyl, Çildir, Keşler obalarynyň, Gyzyltakyr geňeşliginiň Basuwly obasynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky, Agzybirlik geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Enejan Saparmuhamedowna Amanýazowa 1983-nji ýylyň 13-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Agzybirlik geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1989 — 1998-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 105-nji orta mekdepde okady.
1998 — 2002-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony iňlis dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
2002 — 2016-njy ýyllarda Daşoguz şäherindäki 12-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy, 2016 – 2020-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 9-njy çagalar bagynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi. 2020-2022-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky 9-njy çagalar bagynyň müdiri wezipesinde işledi.
2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteşdirilen 39-njy çagalar bakja bagynyň müdiri wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.