Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky şäherçesiniň we Bossan, Biruni, Berkarar, Diýar geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Kakamämmet Hemraýewiç Nepesow 1992-nji ýylyň 19-njy iýunynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Galkynyş geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1999 — 2009-njy ýyllarda Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdepde okady.
2009 — 2015-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony bejeriş işi hünäri boýunça tamamlady.
2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasynyň intern, tälim alyjy kazyýet lukmany wezipesinde işledi.
2016 – 2018-nji ýyllarda Daşoguz welaýat kazyýet lukmançylyk edarasynyň nobatçy kazyýet lukmany, 2018-2019-njy ýyllarda Daşoguz welaýat kazyýet lukmançylyk edarasynyň bilermeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy wezipelerinde işledi.
2019 — 2021-nji ýyllarda Daşoguz welaýat Narkologiýa hassahanasynyň aýan edilmän bejerilýän otagynyň psihiatr-narkolog lukmany, saglyk bölüminiň müdiri wezipelerinde işledi.
2021-nji ýyldan bäri Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.