Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Şabat etrabynyň Hasylçy, Gaýrat, Nowbahar geňeşlikleriniň, Alyşir Nowaýy adyndaky geňeşliginiň Hemzeşyh, Birinji Gulan, Ikinji Gulan obalarynyň çäklerini öz içine alýar.
Ýeňiş Sultanmuradowiç Haýytjanow 1988-nji ýylyň 9-njy maýynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Bereket geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 40-njy orta mekdepde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009 — 2014-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony iňlis dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2014 — 2021-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy bolup işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi.
2023-nji ýylyň ýanwaryndan aprel aýyna çenli Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.