Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Şabat etrabynyň Şabat şäheriniň, Alyşir Nowaýy adyndaky geňeşliginiň Gamyşkak, Gumgala, Daýhanazat obalarynyň, Gülüstan geňeşliginiň Ýoldaş Ahmedow adyndaky obasynyň, Şatlyk, Şöhrat, Asudalyk geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Ogulşad Sapardurdyýewna Durdymedowa 1973-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1981 — 1991-nji ýyllarda Daşoguz şäherindäki 13-nji orta mekdepde okady.
1992 — 1995-nji ýyllarda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde okap, ony başlangyç synp mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1995 — 1997-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, başlangyç synplaryň mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
1997 — 2011-nji ýyllarda Daşoguz şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy bolup işledi.
2011-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň psihologiýa mugallymy wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.