Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçesiniň we Täze-durmuş, Şamahy, Ýeňiş, Saparmät Hojaýew adyndaky, Döwkesen, Sarygamyş, Dostluk geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Döwran Arazowiç Artykow 1986-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 2002-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2002 — 2006-njy ýyllarda Türkmen döwlet medeniýet institutynda okap, ony çagalar okaýşyny guramak hünäri boýunça tamamlady.
2006-2007-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2007-2008-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde tans artisti bolup işledi.
2008 — 2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap geňeşiniň jogapkär işgäri bolup işledi.
2010-njy ýylyň awgust — dekabr aýlarynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň kömekçisi bolup işledi.
2011-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçesinde ýerleşýän oba medeniýet öýünde medeni çäreleriň guramaçysy bolup işledi.
2011-nji ýylyň mart-iýun aýlarynda Daşoguz welaýatynyň Azatlyk geňeşliginiň oba medeniýet öýünde medeni çäreleriň guramaçysy bolup işledi.
2011 — 2014-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Gallaçy geňeşligindäki S.A.Nyýazow adyndaky oba medeniýet öýünde medeni çäreleriň guramaçysy bolup işledi.
2014 — 2016-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Gallaçy geňeşligindäki S.A.Nyýazow adyndaky oba medeniýet öýüniň müdiri bolup işledi.
2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.