Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Daşoguz şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň Şabat kanalynyň demirgazyk tarapy bilen kesişýän ýerinden başlap, Gurbansoltan eje köçesiniň ugry bilen N.Andalyp köçesiniň kesişýän ýerine çenli, N.Andalyp köçesiniň ugry bilen Garaşsyzlyk ýap akabasyna çenli, şol ýerden Garaşsyzlyk ýap akabasynyň ugry bilen şäheriň gündogar araçägine çenli, şol ýerden şäheriň gündogar araçäginiň ugry bilen Şabat kanalyna çenli, şol ýerden Şabat kanalynyň ugry bilen demirgazyk tarapa N.Andalyp köçesini kesip geçip, Gurbansoltan eje köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Serdar Aşyrowiç Gaýypow 1986-njy ýylyň 14-nji iýulynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 2002-nji ýyllarda Daşoguz şäherindäki 19-njy orta mekdepde okady.
2003 — 2005-nji ýyllarda «Was» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde kömekçi hojalygyň işçisi bolup zähmet çekdi.
2005 — 2010-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony suw hojalykçy inžener hünäri boýunça tamamlady.
2010 — 2012-nji ýyllarda «Daşoguzýersuwgurluşyk» hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynda mehanik bolup işledi.
2012 — 2015-nji ýyllarda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň önümçilik tehniki bölüminiň hünärmeni wezipesinde işledi.
2015 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
2017-nji ýylyň mart — awgust aýlarynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işledi.
2017 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy bolup işledi.
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, 2023-nji ýylyň iýulyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2019-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.