Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Daşoguz şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň Şagadam köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Gurbansoltan eje köçesiniň ugry bilen N.Andalyp köçesiniň kesişýän ýerine çenli, şol ýerden şäheriň günorta araçäginiň ugry bilen Şabat etrabynyň Adalat geňeşligini öz içine alyp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluna çenli, şol ýerden Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugry bilen Bitaraplyk köçesine çenli, Bitaraplyk köçesiniň ugry bilen Şagadam köçesine çenli, Şagadam köçesiniň ugry bilen Gurbansoltan eje köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Arazmyrat Hangeldiýew 1968-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1976 — 1986-njy ýyllarda Boldumsaz etrabyndaky 29-njy orta mekdepde okady.
1987-1988-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
1988 — 1991-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň lukmançylyk mekdebinde okap, ony sanitar-feldşer hünäri boýunça tamamlady.
1991 — 1997-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony gigiýenaçy, epidemiolog sanitar lukmany hünäri boýunça tamamlady.
1997-1998-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern lukmany, 1998 — 2003-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby boýunça Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda sanitariýa-gigiýena bölüminiň müdiri bolup işledi.
2003 — 2006-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda arassaçylyk-gigiýena bölüminiň müdiri, iýmit önümlerine döwlet gözegçiligi we barlag geçirip güwänama berýän bölümiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2006 — 2012-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işledi.
2012 — 2016-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iýmit önümlerine döwlet gözegçiligi we barlag geçirip güwänama berýän bölümiň sanitar lukmany, bölüm müdiri bolup işledi.
2016-2023-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň umumy gigiýena boýunça sanitar lukmany wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.