Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Dänew etrabynyň Dänew şäheriniň, Bahar şäherçesiniň, Döwletabat, Parahat, Baragyz, Boýnuzyn geňeşlikleriniň we Ödeý geňeşliginiň Ödeý, Belme, Garagum obalarynyň çäklerini öz içine alýar.
Laçyn Haýdarowa 1977-nji ýylyň 18-nji iýulynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Maý geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1984 — 1994-nji ýyllarda Dänew etrabyndaky 10-njy orta mekdepde okady.
1995-nji ýylyň ýanwaryndan Dänew etrabyndaky 17-nji «Kepderi» çagalar bakja-bagynda terbiýeçi bolup işledi.
1995-nji ýylyň dekabryndan Dänew etrabyndaky 16-njy orta mekdepde gurnakçy bolup işledi.
1996 — 2000-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony informatika we hasaplaýyş tehnikasy mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2000-2001-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki «Gurbansoltan eje» adyndaky işçi kadrlary taýýarlaýan 1-nji okuw merkezinde elektron hasaplaýyş maşynynyň operatory hünäri boýunça mugallym bolup işledi.
2008 — 2014-nji ýyllarda Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdepde matematika we informatika mugallymy bolup işledi. 2014 — 2017-nji ýyllarda Dänew etrabynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň garamagyndaky «Erteki» çagalar bakja-bagynda terbiýeçi-usulçy bolup işledi. 2017 — 2022-nji ýyllarda Dänew etrabyndaky 22-nji çagalar bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Dänew etrabynyň 22-nji «Erteki» çagalar bakja-bagynyň müdiri wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.