Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Dänew etrabynyň Asuda, Garaşsyzlyk şäherçeleriniň, Ödeý geňeşliginiň Ak altyn, Çeges obalarynyň, Ýyldyz, Berzeň, Aşgabat geňeşlikleriniň we Çärjew etrabynyň Sarykbala geňeşliginiň çäklerini öz içine alýar.
Allaýar Hydyrowiç Omarow 1990-njy ýylyň 23-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Ödeý geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1997 — 2006-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 41-nji orta mekdepde okady.
2006-2007-nji ýyllarda Dänew etrabynyň «Azady» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2008 — 2013-nji ýyllarda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynda okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
2013-nji ýylyň sentýabr — noýabr aýlarynda Dänew etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde baş ykdysatçy wezipesinde işledi.
2013-2014-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2014-2015-nji ýyllarda Dänew etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde hasapçy bolup işledi.
2015 — 2017-nji ýyllarda Dänew etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň baş hünärmeni, hünärmeni wezipelerinde işledi. 2017 — 2020-nji ýyllarda Dänew etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň Oba hojalygyň we senagatyň ösüşi bölümçesiniň hünärmeni wezipesinde işledi.
2020-nji ýyldan bäri Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň Oba hojalygynyň we senagatyň ösüşi bölümçesiniň esasy hünärmeni wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
2020-nji ýyldan 2025-nji ýylyň fewral aýyna çenli Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň Oba hojalygynyň we senagatyň ösüşi bölümçesiniň esasy hünärmeni wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2025-nji ýylyň fewral aýyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde.
Maşgalaly.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.