Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti
Çärjew etrabynyň Hojagala şäherçesiniň, Amyderýa, Balta Myradow adyndaky, Bereket geňeşlikleriniň, Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň Ýokaryaryk, Könearyk, Owlak- depe, Ýaşlar, Çöpligarawul, Täzedurmuş, Magtymguly Pyragy obalarynyň, Nobat Gutlyýew adyndaky obasynyň Ýaşlyk, Günbatar köçeleriniň çäklerini öz içine alýar.
Merdan Hudaýberenowiç Dosmedow 1975-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Burdalyk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1982 — 1992-nji ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 17-nji orta mekdepde okady.
1992 — 1997-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasynyň Gazi uniwersitetinde okap, ony mugallymçylyk hünäri boýunça tamamlady.
1998 — 2000-nji ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň terbiýeçisi, 2000 — 2003-nji ýyllarda başlangyç synp mugallymy, 2003 — 2005-nji ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň matematika mugallymy, 2005 — 2007-nji ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, 2007 — 2009-njy ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, 2009 — 2011-nji ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, 2011 — 2013-nji ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 2013 — 2015-nji ýyllarda Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni wezipelerinde işledi. 2015-2016-njy ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2016-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.