Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Muradowa, Jeýhun, Watan, Günorta, Kenarýaka köçeleriniň we Boýrabap geňeşliginiň Baýdakçy, Galkynyş, Adak, Petdeli, Gaýmakçy obalarynyň, Hojaili geňeşliginiň hem-de Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Altyn asyr, N.Hakberdiýew, Görelde, Azatlyk, S.Seýdi, Lebaby, Begişow, B.Ilamanow, Agzybirlik, Mollanepes, Mollaýazy, K.Şaýmanow, I.Joraýew, Lebap, Hasylçy, Günbatar, Daýhan köçeleriniň, Çaltut şäherçesiniň, Çarbagdepe, Jeňňel, Garamahmyt geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Serdar Baýramowiç Ýumitow 1988-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllarda Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdepde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2009 — 2013-nji ýyllarda Ukrainanyň Harkow Milli awtomobil-ýol uniwersitetinde okap, ony kärhananyň ykdysadyýeti hünäri boýunça tamamlady.
2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Lebap welaýatynyň Çärjew etrap häkimliginiň Ykdysadyýet we sarp ediş toplumy bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.