Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Çärjew etrabynyň Çärjew şäherçesiniň, Kölaryk, Zergär geňeşlikleriniň hem-de Boýrabap geňeşliginiň Tally, Boýrabap obalarynyň we Hojamiresen obasynyň Hojamiresen, Owadan, B.Ýoldaşow, Türkmenistan, K.Egemberdiýew köçeleriniň çäklerini öz içine alýar.
Jahan Jorakulyýewna Ýarowa 1988-nji ýylyň 28-nji awgustynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllarda Çärjew etrabyndaky 21-nji orta mekdepde okady.
2005-2006-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Çärjew etrap çagalar sungat mekdebinde tam süpüriji bolup işledi.
2007 — 2011-nji ýyllarda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde okap, ony sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça tamamlady.
2011-nji ýyldan bäri Lebap welaýatynyň Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.