Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Çärjew etrabynyň Kiştiwan, Jeýhun şäherçeleriniň, Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň Nobat Gutlyýew adyndaky obasynyň B.Çaryýew, Bereket, Mary, S.Gylyjowa, A.Welihanow A.Babaýew, A.Jumaýew, H.Jumaýew, Ý.Pälwanow köçeleriniň we Saýatly, Saýatlyoba, Çömmekdepe obalarynyň, Bitik, Garamyş geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Babamurat Kemalowiç Jumaýew 1988-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1994 — 2003-nji ýyllarda Çärjew etrabyndaky 24-nji orta mekdepde okady.
2003 — 2006-njy ýyllarda Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2006 — 2011-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony rus dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2011 — 2014-nji ýyllarda Çärjew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy bolup işledi.
2014-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň öňki Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.
2015 — 2022-nji ýyllarda Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.
2022-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.