Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
-
Çärjew etrabynyň Farap şäheriniň, Jendi, Hanoba, Kyraç, Osty, Hojakenepsi geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Gahryman Öwlýakulyýewiç Rozyýew 1976-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1984 — 1994-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 7-nji orta mekdepde okady. 1994-1995-nji ýyllarda Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi bolup işledi.
1997 — 2001-nji ýyllarda Ukrainanyň Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Kiýew halkara gatnaşyklary institutynda okap, ony halkara gatnaşyklaryň bakalawry hünäri boýunça tamamlady.
2002-2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2004 — 2006-njy ýyllarda Türkmenistanyň daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş Döwlet gullugynyň harby gullukçysy boldy. 2006-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça uly gözegçisi, Balkan welaýaty boýunça uly gözegçisi wezipelerinde işledi. 2009-2010-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň häkiminiň kömekçisi, Türkmenabat şäheriniň öňki Atamyrat Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň birinji derejeli hünärmeni, Türkmenabadyň Pagta egriji fabriginiň söwda bölüminiň üpjünçilik işgäri wezipelerinde işledi.
2010 — 2012-nji ýyllarda «Buig Türkmen» fransuz kompaniýasynyň administrasiýa işgäri, 2012-2013-nji ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň telekeçilik we halkara işewürligi fakultetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň mugallymy bolup işledi. 2013 — 2015-nji ýyllarda şol uniwersitetiň aspirantura bölüminiň aspiranty boldy.
2015-2016-njy ýyllarda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň okuw bölüminiň esasy hünärmeni, telekeçilik we halkara işewürligi fakultetiniň dekanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 2016-2017-nji ýyllarda Lebap welaýat häkimliginiň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni wezipelerinde işledi. 2017-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty. 2018-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinden bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär.
2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.