Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Türkmenabat şäheriniň Görogly beg Türkmen köçesi bilen M.Gurbanow köçesiniň kesişýän çatrygyndan başlap, M.Gurbanow köçesiniň ugry bilen Gökdepe köçesine çenli, şol ýerden Gökdepe köçesiniň ugry bilen şäheriň günbatar serhedine çykyp, şäheriň günbatar serhediniň ugry bilen Amyderýanyň çep kenaryna çenli, şol ýerden Amyderýanyň çep kenarynyň ugry bilen Türkmenabadyň köne howa menziliniň çägine çenli, şol ýerden Türkmenabadyň köne howa menziliniň çäginiň ugry bilen Derýabaş kanalyna çenli, şol ýerden Derýabaş kanalynyň ugry bilen Bitarap Türkmenistan köçesine çenli, Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen Garaşsyz Diýar köçesine çenli, Garaşsyz Diýar köçesiniň ugry bilen Aşgabat — Farap demir ýoluna çenli, Aşgabat — Farap demir ýolunyň ugry bilen Görogly beg Türkmen köçesine çenli, Görogly beg Türkmen köçesiniň ugry bilen M.Gurbanow köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Zahid Ýusupowiç Hasanow 1989-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Çärjew etrabyndaky 7-nji orta mekdepde okady.
2006-njy ýylda Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünärment mekdebinde EHM-iň operatory hünäri boýunça okady.
2008 — 2009-njy ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agrotelekeçilik merkezinde agrosenagat toplumynyň hasapçysy hünärini tamamlady.
2010 — 2012-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2012 — 2015-nji ýyllarda Ukrainanyň Harkow oba hojalyk uniwersitetini okap, ony buhgalter-ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
2015 —2020-nji ýyllarda Türkmenabat şäheriniň ýalňyz gartaşan raýatlara we maýyplara durmuş taýdan hyzmat ediş merkeziniň hojalyk müdiri bolup işledi.
2020-nji ýyldan bäri Türkmenabat şäheriniň Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hojalyk müdiri wezipesinde işleýär.
2020-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda okady.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.