Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Darganata etrabynyň Darganata, Gazojak şäherleriniň, Lebap şäherçesiniň, Çarwadar, Hojalyk, Magtymguly, Sediwer geňeşlikleriniň we Lebap geňeşliginiň Sakararyk obasynyň çäklerini öz içine alýar.
Bahar Hojamuradowna Seýidowa 1986-njy ýylyň 7-nji maýynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1993 — 2002-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 7-nji orta mekdepde okady.
2002 — 2004-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işledi.
2004 — 2009-njy ýyllarda Türkmen döwlet medeniýet institutynda okap, ony mekdep kitaphanalarynyň kitaphanaçysy hünäri boýunça tamamlady.
2009 — 2012-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň medeniýet merkeziniň kitaphana bölüminiň kitaphanaçysy wezipesinde işledi. 2012 — 2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Darganata etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, 2014 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy, bölüm müdiri wezipelerinde işledi.
2016 — 2018-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginiň Raýat ýagdaýlarynyň namalar ýazgysy bölüminiň müdiri wezipesinde işledi. 2018 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri wezipesinde işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işledi. 2023-nji ýylyň aprel aýyna çenli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinden bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.
2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, bir çagasy bar.