Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Türkmenabat şäheriniň Görogly beg Türkmen köçesi bilen Azatlyk köçesiniň kesişýän çatrygyndan başlap, Türkmenabat şäheriniň 6-njy gurluşyk materiallary zawodynyň ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alyp, Azady köçesiniň ugry bilen Bagy-bossan köçesine çenli, şol ýerden Bagy-bossan köçesiniň ugry bilen S.A.Nyýazow şaýoluna çenli, S.A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen Mollanepes köçesine çenli, Mollanepes köçesiniň ugry bilen Bitarap Türkmenistan köçesine çenli, Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen Zelili köçesine çenli, Zelili köçesiniň ugry bilen Repetek köçesine çenli, Repetek köçesiniň ugry bilen Samandepe köçesine çenli, Samandepe köçesiniň ugry bilen Türkmenabat şäheriniň gündogar serhedine çykyp, şol ýerden şäheriň gündogar serhediniň ugry bilen Görogly beg Türkmen köçesine çenli, şol ýerden Görogly beg Türkmen köçesiniň ugry bilen Azatlyk köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Bossan Bäşimowna Akyýewa 1988-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda doguldy. Milleti türkmen.
1995 — 2004-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 55-nji orta mekdepde okady.
2004 — 2006-njy ýyllarda Saýat etrabynyň Garabekewül şäher hassahanasynda kiçi şepagat uýasy bolup işledi.
2006 — 2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrabynyň Garabekewül şäher geňeşiniň kätibi, hasapçysy wezipelerinde işledi.
2008 — 2013-nji ýyllarda Türkmen döwlet medeniýet institutynda okap, ony kitaphana işini guramak hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
2013 — 2018-nji ýyllarda Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynda redaktor bolup işledi.
2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri bolup işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.