Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň H.Derýaýew, B.Kerbabaýew, K.Gurbannepesow, Energetik, A.Mämmedow, Nur, Bagt, S.A.Nyýazow, Sakar, Zelili, Sakar hemrasy, Watan, Bäşim Serdar, Kemine, Azady, A.Tahyrow, A.Kekilow, Demirgazyk, Adalat, Gülüstan, G.Atabaýew, Ýaşlyk, Gagarin, Parahat, Nowruz, 8-nji mart, Bazar, Türkmenistan, Borjakow, Hojalykaryk, Täze zaman, Medeniýet, Günorta, Bereketli, Raýdaşlyk, Abadançylyk, Miras, Diýar, Amyderýa, Ýeňiş, Ýalkym, Birleşik, Magtymguly, Ak altyn, Andalyp, Güýç-birleşik, Hakykat, Aşgabat köçeleriniň hem-de Suw hojalyk, Oba gurluşyk, Kerpiç zawod, Pagta arassalaýjy kärhanasynyň ýaşaýyş toplumlarynyň we Hojainebeg, Ýeňiş, Syýadag- sakar, Lebaby, Bakjaçy, Merýe, Awçy, Esgi geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Bahadur Babakulyýewiç Şadyýew 1970-nji ýylyň 21-nji iýulynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1977 — 1987-nji ýyllarda Çärjew etrabyndaky 6-njy orta mekdepde okady.
1987 — 1992-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony agronom hünäri boýunça tamamlady.
1992 — 1995-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň J.Hekimow adyndaky daýhan birleşiginde agronom wezipesinde işledi.
1995 — 1997-nji ýyllarda Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde operator bolup işledi. 1997-1999-njy ýyllarda Türkmenabat şäheriniň 2-nji gurluşyk kärhanasynda beton garyjy bolup işledi.
1999 — 2020-nji ýyllarda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň Azatlyk daýhan birleşigindäki, Ýasydepe daýhan birleşigindäki galla agronomy bolup işledi.
2020 — 2021-nji ýyllarda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat galla önümleri kärhanasynyň taýýarlaýyş bölüminiň tohumçylyk boýunça agronomy bolup işledi.
2021 — 2023-nji ýyllarda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Taýýarlaýyş bölüminiň Çärjew etraby boýunça tohumçylyk boýunça agronomy, uly agronomy bolup işledi.
2023-nji ýyldan bäri «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň Azatlyk daýhan birleşigindäki galla agronomy bolup işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.