Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Berkararlyk etrabynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň Tahyrow köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Tahyrow köçesiniň ugry bilen S.Ataýewa köçesine çenli, şol ýerden S.Ataýewa köçesiniň ugry bilen G.Bäşiýew köçesine çenli, G.Bäşiýew köçesiniň ugry bilen G.Gulyýew köçesine çenli, G.Gulyýew köçesiniň ugry bilen Bagtyýarlyk etrabynyň araçägine çenli, şol ýerden Bagtyýarlyk etrabynyň araçäginiň ugry bilen Altynsuw köçesine çenli, şol ýerden «Garadamak» we «Şor» ýaşaýyş toplumlaryny öz içine alyp, Garagum derýasyna çenli, şol ýerden Garagum derýasyny kesip geçip, B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen A.Gönübek köçesine çenli, A.Gönübek köçesiniň ugry bilen, Hoja Ahmet Ýasawy köçesine çenli, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen demir ýoluny kesip geçip, Gurbansoltan eje şaýoluna çenli, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen Tahyrow köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Jennet Ýazberdiýewna Öwekowa 1981-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1988 — 1998-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdepde we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
1998 — 2002-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ony hukukçy hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
2002 — 2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň müdiriýetiniň kätibi, bölüm başlygy, kätipligiň başlygy, bölümçe başlygy, I derejeli hünärmeni wezipelerinde işledi.
2010 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Mejlisiniň bilermen-maslahat beriş bölüminiň hukuk meseleleri boýunça bilermen-maslahat berijisi wezipesinde işledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň VI, VII çagyrylyşlarynyň deputaty.
2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy bolup işleýär.
2017-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.