Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti
Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň, Yslam şäherçesiniň, Baý, Soltanýazgala, Seýdi, Dostluk, Lamma, Akgala, Rahmançäge, Ärsarybaba, Zelili adyndaky geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Baýram Astanagulyýewiç Öwlýagulyýew 1990-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1997 — 2002-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 25-nji orta mekdepde, 2002 — 2007-nji ýyllarda Kerki etrabyndaky 37-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde okady.
2007— 2008-nji ýyllarda Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi bolup işledi.
2008-2009-njy ýyllarda Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kompýuter boýunça operatory bolup işledi.
2009 — 2014-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, ony agrohimiýa we topragy öwreniş hünäri boýunça tamamlady.
2014 — 2016-njy ýyllarda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Halaç etrabyndaky uly agronomynyň kömekçisi, 2016-2017-nji ýyllarda Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi bolup işledi. 2017 — 2022-nji ýyllarda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Halaç galla kabul ediş nokadynyň tohumçylyk agronomy bolup işledi.
2022-nji ýyldan bäri «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Halaç etrabyndaky galla kabul edýän nokadynyň agronomy wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.