Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti
Darganata etrabynyň Lebap geňeşliginiň Kyrançoba obasynyň hem-de Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň, Gabakly, Isbaz, Göýnük, Maý, Azatlyk geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Nepes Narbaýewiç Çaryýew 1994-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçesinde doguldy. Milleti türkmen.
2001 — 2011-nji ýyllarda Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdepde okady.
2011-2012-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki gurluşyk başlangyç hünär okuw mekdebinde okap, ony senagat we raýat jaý gurluşygy hünäri boýunça tamamlady.
2012 — 2017-nji ýyllarda Ukrainanyň Harkow şäherindäki W.N.Karazina adyndaky milli uniwersitetde okap, ony geografiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2017 — 2021-nji ýyllarda Dänew etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy bolup işledi.
2021— 2023-nji ýyllarda Dänew etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
2023-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Dänew etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işleýär.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.