Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kada-kanunçylyk baradaky komiteti
Halaç etrabynyň Çohpetde şäherçesiniň, Okçandyr, Bagşyly obalarynyň hem-de Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň, Çekir geňeşliginiň Jeňňel, Gabasakgal, Güýç obalarynyň, Çekir obasynyň merkezinden geçýän suwaryş ýabynyň günbatar-demirgazyk tarapynyň çäklerini öz içine alýar.
Durdyguly Nazargulyýewiç Meredow 1989-njy ýylyň 23-nji martynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.
2006 — 2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2008 — 2013-nji ýyllarda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, ony taryh-geografiýa mugallymy hünäri boýunça tamamlady.
2013 — 2022-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň taryh mugallymy bolup işledi.
2022 — 2023-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary bolup işledi.
2023-nji ýylyň fewralyndan häzirki wagta çenli Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň müdiri bolup işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.