Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Durmuş syýasaty baradaky komiteti
Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň hem-de Köýtendag etrabynyň Kerkiçi, Amyderýa şäherçesiniň, Ýalkym geňeşliginiň Baýdak obasynyň we Surhy obasynyň Agzybirlik, Alp Arslan, Arçman, Türkmenistan, Görogly, Dostluk, Nowruz, Täze durmuş, Demirýol, Aşgabat, Mätäji, Zynhary köçeleriniň çäklerini öz içine alýar.
Gadam Meretkulyýewiç Hemraýew 1968-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda doguldy. Milleti türkmen.
1975 — 1985-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
1986 — 1988-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
1988 — 1994-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony bejeriş işi hünäri boýunça tamamlady. 1994 — 1996-njy ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde internaturany geçdi.
1997 — 2004-nji ýyllarda Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň metodist lukmany bolup işledi. 2004 — 2008-nji ýyllarda Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň şikesler nokadynyň trawmatolog lukmany bolup işledi. 2008 — 2017-nji ýyllarda Türkmenabat şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.
2017-2018-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň başlygy wezipesinde işledi.
2018-nji ýyldan bäri Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.