Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň, Döwletli şäherçesiniň, Surhy geňeşliginiň Surhy obasynyň we Sabynly obasynyň Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, Altyn asyr, Güneş, Lebap, Aşgabat, Ýalkym köçeleriniň, Seýdi köçesiniň 1-nji jaýyndan 26-njy jaýyna çenli hem-de Galkynyş, Kyrköýli, Pagtaçy, Berkararlyk, Tallymerjen, Täzedurmuş, Hojahaýran geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Amangeldi Kerimgulyýewiç Hezziýew 1982-nji ýylyň 20-nji maýynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Çekiç geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1989 — 1998-nji ýyllarda Saýat etrabyndaky 4-nji orta mekdepde okady.
2001 — 2005-nji ýyllarda Gazagystanyň Miras uniwersitetinde okap, ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.
2005 — 2007-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
2007 — 2009-njy ýyllarda «Ussa Saýat» kärhanasynyň ykdysatçysy, Lebap welaýat «Ak altyn» pagta söwda kärhanasynyň maliýe-ykdysadyýet we söwda bölüminiň esasy hünärmeni wezipelerinde işledi.
2010 — 2013-nji ýyllarda Lebap welaýat Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň maliýe-ykdysadyýet bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi. 2013-2014-nji ýyllarda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň buhgalteri bolup işledi.
2014 — 2021-nji ýyllarda Lebap welaýat häkimliginiň Ýerli ykdysadyýetiň ösüşini utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni wezipesinde işledi.
2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri Lebap welaýat häkimliginiň Ýerli ykdysadyýetiň ösüşi, söwda, syýahatçylyk we telekeçiligi utgaşdyryjy bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işleýär.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.