Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň, Mukry şäherçesiniň, Ýalkym geňeşliginiň Türkmenistan obasynyň we Surhy obasynyň Ak bugdaý, Täze ýol, Azady, Şir Kurban, Parahat, Kemine, Mollanepes, Gökhan, Gorkut köçeleriniň hem-de Burguçy, Türkmenistan, Daşrabat, Garahowuz, Akgumolam geňeşlikleriniň çäklerini öz içine alýar.
Nepes Janmuradowiç Rozyýew 1989-njy ýylyň 25-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň Güneş obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1996 — 2005-nji ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 20-nji orta mekdepde okady.
2005-2006-njy ýyllarda Jumaguly Mämedow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi bolup işledi.
2007 — 2009-njy ýyllarda harby gullukda boldy.
2009-2010-njy ýyllarda Türkmenabat şäher häkimliginiň Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär tehniki okuw mekdebinde okap, ony buhgalter-kompýuter operatory hünäri boýunça tamamlady.
2010 — 2014-nji ýyllarda Täjigistan Respublikasynyň Sadreddin Aýni adyndaky Täjik döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde okap, ony matematika-fizika hünäri boýunça tamamlady.
2014 — 2019-njy ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň fizika-astronomiýa mugallymy bolup işledi. 2019 — 2022-nji ýyllarda Hojambaz etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.
2022—2023-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň müdiri wezipesinde işledi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanyldy. Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
2023-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.