Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ykdysady meseleler baradaky komiteti
Berkararlyk etrabynyň Gündogar köçesiniň N.Halmämmedow köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Gündogar köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, şol ýerden Oguzhan köçesiniň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen Arçabil şaýoluna çenli, Arçabil şaýolunyň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, Oguzhan köçesiniň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen N.Halmämmedow köçesine çenli, N.Halmämmedow köçesiniň ugry bilen Gündogar köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.
Saparmyrat Esenowiç Owganow 1984-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1991 — 1996-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş jaý toplumyndaky 7-nji orta mekdepde, 1996 — 2001-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki «Başkent» türkmen-türk mekdebinde okady.
2002 — 2007-nji ýyllarda Gazagystan Respublikasynyň Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetinde okap, ony menejmentiň bakalawry hünäri boýunça tamamlady.
2007-2008-nji ýyllarda harby gullukda boldy. 2011 — 2017-nji ýyllarda «Halys» hojalyk jemgyýetiniň ykdysady meseleler boýunça baş direktorynyň kömekçisi, baş direktoryň ykdysady meseleler boýunça orunbasary, baş direktory wezipelerinde işledi.
2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI we VII çagyrylyşlarynyň deputaty. Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Maşgalaly, dört çagasy bar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.