Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 91-nji madda)

 

(20.03.2017 ý. № 525-V, 09.06.2018 ý. № 30-VI, 08.06.2019 ý. № 146-VI, 14.03.2020 № 230-VI, 13.03.2021 ý. № 339-VI, 24.07.2022 ý. № 494-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI, 03.06.2023 ý. № 25-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, ýörelgelerini, olaryň wezipelerini, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär, şeýle hem Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärlerini hukuk we durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýär. 

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň adalat edaralary

Türkmenistanyň adalat edaralary (mundan beýläk – adalat edaralary) öz ygtyýarlyklarynyň çäginde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýän, döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar.

 

2-nji madda. Adalat edaralarynyň işiniň hukuk esasy

1. Adalat edaralarynyň işiniň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun hem-de adalat edaralarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar. 

 

3-nji madda. Adalat edaralarynyň işiniň ýörelgeleri

Adalat edaralarynyň işi kanunylyk, adamyň we raýatyň kanun öňündäki deňligi, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegi, adalatlylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, gaýry döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket etmek ýörelgelerine esaslanýar.

 

4-nji madda. Adalat edaralarynyň esasy wezipeleri

Adalat edaralarynyň esasy wezipeleri şulardan ybarat:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak;

3) Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak, olara degişlilikde teklipler we hukuk netijenama bermek hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

4) degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna hukuk bilermenler seljermesini geçirmek;

5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunylygyny üpjün etmek; 

6) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak; 

7) Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almak;

8) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegine gözegçiligi amala aşyrmak;

9) jemgyýetçilik birleşiklerini, syýasy partiýalary we dini guramalary döwlet belligine almak; 

10) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalaryna hukuk netijenama bermek;

11) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hukuk kömegini bermek hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek; 

12) Türkmenistanyň halkara karz ylalaşyklaryna hukuk taýdan baha bermek;

13) halkara kazyýetlerde, arbitražlarda we daşary ýurt döwletleriniň kazyýetlerinde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edilmegini üpjün etmek;

131) Türkmenistanyň hukuklaryna we bähbitlerine degişli jedelleriň öňüni almak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

132) Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan baglaşylýan daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen bagly şertnamalaryň taslamalaryna hukuk netijenama bermek;

14) gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleri döwlet tarapyndan bellige almak;

15) notarial işini amala aşyrmak;

151) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagyny amala aşyrmak;

16) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (mundan beýläk – RÝNÝ) müdirligine gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba almagy, toplamagy, hemişelik saklamagy, peýdalanmagy we elektron binýadyny ýöretmegi üpjün etmek;

17) adwokatlar kollegiýalarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek bermek we olaryň işini utgaşdyrmak;

18) Geňeşlere hukuk we usulyýet kömegini bermek; 

19) hukukçylaryň we beýleki hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işini guramak;

20) hukuk işini ygtyýarlylandyrmak;

21) daşary ýurt döwletleri bilen hukuk maglumatlary alyşmak;

22) kanunçylygy düşündirmek we hukuk habarlylygy ýokarlandyrmagy guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjün etmek;

23) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri amala aşyrmak.

 

5-nji madda. Adalat edaralarynyň halkara hyzmatdaşlygy

Adalat edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary, şeýle hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözmäge gatnaşýar. 

 

6-njy madda. Adalat edaralarynyň işinde adamyň we raýatyň

    hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň

    goralmagynyň üpjün edilmegi

1. Adalat edaralary üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirenlerinde adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan adamyň we raýatyň kanun öňündäki deňligini üpjün edýärler.

2. Adalat edaralarynyň işgärleriniň hereketleri bilen özüniň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem kanuny bähbitleri bozulan diýip hasap edýän adam bu barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şikaýat etmäge haklydyr. 

 

7-nji madda. Adalat edaralarynyň beýleki döwlet 

     edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş 

     edaralary bilen özara gatnaşygy

1. Adalat edaralary öz üstüne ýüklenen wezipeleri amala aşyranda gaýry döwlet edaralary we  ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen arkalaşykly hereket edýär.

2. Döwlet häkimiýet  we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de olaryň wezipeli adamlary adalat edaralaryna adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagynda, şeýle hem beýleki wezipelerini amala aşyrmakda ýardam etmelidirler.

 

II BAP. ADALAT EDARALARYNYŇ

ULGAMY WE GURALYŞY

 

8-nji madda. Adalat edaralarynyň ulgamy

1. Adalat edaralarynyň ulgamy şulardan ybarat bolup durýar:

1) Türkmenistanyň Adalat ministrligi;

2) welaýat adalat bölümleri; 

21) Arkadag şäheriniň adalat müdirligi;

3) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy;

4) döwlet notarial edaralary;

5) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirligi.

2. Adalat edaralarynyň ulgamyna girýän edaralary döretmek, olary üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

 

 

9-njy madda. Türkmenistanyň Adalat ministrini 

wezipä bellemek we wezipeden boşatmak

1. Adalat edaralarynyň ulgamyna ýolbaşçylygy amala aşyrýan Türkmenistanyň Adalat ministri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

2. Türkmenistanyň Adalat ministri, öz islegi boýunça ýa-da başga işe geçmegi sebäpli, saglyk ýagdaýy boýunça gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy bilen baglanyşykly ýa-da özüniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş eden halatynda wezipesinden boşadylyp bilner.

 

10-njy madda. Adalat edaralarynyň ýolbaşçylaryny

      wezipä bellemek we wezipeden boşatmak

1. Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Baş döwlet bellige alyjysy Türkmenistanyň Adalat ministriniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen döwlet wezipeli adamlary eýeleýän wezipesinden boşatmaga şu aşakdaky esaslar boýunça ýol berilýär:

1) öz islegi boýunça;

2) başga işe geçmegi sebäpli;

3) saglyk ýagdaýy sebäpli;

4) gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmedik halatynda;

5) ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş eden halatynda;

6) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi bilen;

7) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.

 

11-nji madda. Türkmenistanyň Adalat ministrligi

1. Türkmenistanyň Adalat ministrligine (mundan beýläk – Ministrlik) Türkmenistanyň Adalat ministri ýolbaşçylyk edýär.

2. Ministrlik adalat edaralarynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän, ygtyýarlyklarynyň çäginde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegine we döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmaga gönükdirilen hem-de şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly adalat edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasydyr.

3. Ministrlik adalat ulgamyna girýän edaralara guramaçylyk taýdan ýolbaşçylyk edip, adalat edaralarynyň ulgamynyň işini guraýar we üstüne ýüklenilen wezipeleri özbaşdak ýa-da degişli adalat edaralarynyň  üsti bilen amala aşyrýar.

Dördünji bölek 14.03.2020 ý. № 230-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda aýrylan.

5. Ministrlik hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

 

12-nji madda. Welaýat adalat bölümleri we Arkadag şäheriniň adalat müdirligi

1. Welaýat adalat bölümleri we Arkadag şäheriniň adalat müdirligi adalat edaralarynyň üstüne ýüklenen degişli wezipeleri degişlilikde welaýatlarda we Arkadag şäherinde ýerine ýetirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar.

2. Welaýat adalat bölümleri we Arkadag şäheriniň adalat müdirligi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

3. Welaýat adalat bölümlerine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

Arkadag şäheriniň adalat müdirligine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag şäheriniň häkimi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

 

13-nјi madda. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň

ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan

hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň

döwlet tarapyndan bellige alynmagy

baradaky gulluk

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk (mundan beýläk – Gulluk) gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy babatda döwlet dolandyryşy amala aşyrýan  döwlet edarasy bolup durýar.

2. Gulluga Baş döwlet bellige alyjysy ýolbaşçylyk edýär.

3. Gullugyň müdirligine hem-de üç we ondan köp döwlet bellige alyjysy bolan ýerli edarasyna Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir – uly döwlet bellige alyjy ýolbaşçylyk edýär, Gullugyň iki döwlet bellige alyjysy bolan ýerli edarasyna görkezilen tertipde wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan uly döwlet bellige alyjy ýolbaşçylyk edýär.

4. Gullugyň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslary «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

 

14-nјi madda. Döwlet notarial edaralary

1. Döwlet notarial edarasy döwlet notariuslarynyň notarial işini amala aşyrmak üçin welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerde, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde, etraplardaky şäherlerde döredilýän döwlet edarasy bolup durýar.

2. Döwlet notarial edarasynyň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslary, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibi «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

3. Welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriniň döwlet notarial edaralaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

4. Etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň we etraplardaky şäherleriň bir notariusdan köp notariusy bolan döwlet notarial edaralaryna Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan uly döwlet notarius ýolbaşçylyk edýär.

 

15-nјi madda. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň

RÝNÝ müdirligi

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirligi raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige we hasaba alynmagy, toplanylmagy, hemişelik saklanylmagy we peýdalanylmagy babatda döwlet dolandyryşy amala aşyrýan döwlet edarasydyr.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslary, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirligine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň RÝNÝ bölümlerine Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

5. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirligi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

 

III BAP. ADALAT EDARALARYNYŇ

YGTYÝARLYLYKLARY

 

16-njy madda. Adalat edaralarynyň borçlary

Adalat edaralary öz üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda şu aşakdakylara borçludyr:

1) adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge;

2) ygtyýarlyklarynyň çäginde döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmaga;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça we öz başlangyjy bilen kanunlaryň  hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga;

4) degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna hukuk bilermenler seljermesini geçirmäge; 

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda bellenilen tabşyryklaryň esasynda şol namalardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri işläp taýýarlamaga;

6) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunylygyny üpjün etmäge; 

7) degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hukuk seljermesini geçirmäge we olary döwlet belligine almaga;

8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almaga, ulgamlaşdyrmaga hem-de olaryň nusgalyk maglumatlar toplumyny alyp barmaga; 

9) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň elektron binýadyny ýöretmäge;

10) hukuk maglumatlarynyň we hukuk maglumatlaryny döwletara alyşmagyň ulgamlaryny ýöretmäge;

11) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegine gözegçiligi amala aşyrmaga;

12) ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň we häkimleriň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny elektron görnüşde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirmek arkaly resmi çap etmäge;

13) fiziki we ýuridik şahslara Türkmenistanyň kanunçylygyny düşündirmäge;

14) jemgyýetçilik birleşiklerini, syýasy partiýalary we dini guramalary döwlet belligine almaga we olaryň döwlet sanawyny ýöretmäge;

15) jemgyýetçilik birleşikleriniň, syýasy partiýalaryň we dini guramalaryň işiniň tertipnamalaýyn maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýändigine gözegçiligi amala aşyrmaga;

16) jemgyýetçilik birleşikler we dini guramalar üçin berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny, maksatnamalaryny we höweslendirmeleri döwlet belligine almaga hem-de olaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýatyrylan, şeýle hem işi bes edilen, togtadylan ýa-da gadagan edilen jemgyýetçilik birleşikleriniň we dini guramalaryň hasabyny  ýöretmäge;

18) gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleri döwlet tarapyndan bellige almaga we olaryň döwlet sanawyny ýöretmäge;

19) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalarynyň hukuk seljermesini geçirmäge we olar boýunça netijenama bermäge;

20) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hukuk kömegini bermek hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmäge;

21) Türkmenistanyň halkara karz ylalaşyklaryna hukuk taýdan baha bermäge;

22) halkara kazyýetlerde, arbitražlarda, daşary ýurt döwletleriniň kazyýetlerinde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edilmegini üpjün etmäge;

23) daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralary hem-de      halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy bellenilen tertipde amala aşyrmaga;

231) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrmaga;

232) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň kanunçylyga laýyk amala aşyrylmagyny we iş önümçiliginiň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmäge;

24) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnyşynyň kitaplarynyň we raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda şahadatnamalarynyň blanklarynyň görnüşlerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga hödürlemäge, olaryň neşir edilmegini üpjün etmäge;

25) RÝNÝ edaralaryny raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda şahadatnamalarynyň blanklary bilen üpjün etmäge, olaryň hasaba alnyşyna, saklanylyşyna we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga;

26) Türkmenistanyň raýatlarynyň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny üýtgetmek hakyndaky netijenamalary tassyklamaga;

27) RÝNÝ müdirligine gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba almaga, toplamaga, hemişelik saklamaga, peýdalanmaga we elektron binýadyny ýöretmäge, şeýle hem RÝNÝ edaralarynyň arhiwleriniň dogry ýöredilmegine gözegçiligi amala aşyrmaga;

28) RÝNÝ edaralarynyň işine maslahat-usulyýet kömegini bermäge;

29) notarial hereketlerini amala aşyrmaga;

30) notarial hereketleriň kanuna laýyk amala aşyrylmagyny we notarial iş önümçiliginiň talaba laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmäge;

31) adwokatlar kollegiýalarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek bermäge;

32) notarial hereketlerini amala aşyrmak, raýat ýagdaýynyň namalaryny bellige almak bilen baglanyşykly meseleler boýunça Geňeşlere hukuk hem-de usulyýet kömegini bermäge;

33) adalat edaralarynyň ygtyýarlylyklaryna degişli ýüztutmalary kabul etmäge, seretmäge hem-de olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möhletde jogap bermäge;

34) adalat edaralarynyň işleri bilen baglanyşykly döwlet paçlarynyň hem-de ýygymlarynyň dogry alynmagyna gözegçiligi amala aşyrmaga;

35) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.

 

17-nji madda. Adalat edaralarynyň hukuklary

Adalat edaralary şulara hukuklydyr:

1) Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan taýýarlanylýan kanunlaryň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşmaga;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamaga;

3) fiziki we ýuridik şahslara bellenen tertipde hukuk maglumatlaryny bermäge;

4) Türkmenistanyň kodekslerini neşir etmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bagly meseleler boýunça gollanmalary taýýarlamaga we neşir etmäge;

6) hukukçylaryň we beýleki hünärmenleriň hünär derejelerini  ýokarlandyrmak işini guramaga, okuw-usuly gollanmalary taýýarlamaga;

7) öz işini amala aşyrmak üçin zerur maglumatlary ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, gaýry ýuridik we fiziki şahslardan bellenilen tertipde almaga;

8) kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalaryna hukuk seljermesi geçirilende olaryň hiline baha bermek üçin degişli hünärmenleri bellenen tertipde işe çekmäge;

9) degişli edaralarda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen baglanyşykly barlaglary geçirmäge we barlagyň netijesi boýunça teklipleri bermäge;

10) hukuk işini ygtyýarlylandyrmaga;

11) daşary ýurt döwletleri bilen hukuk maglumatlaryny alyşmaga;

111 Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylmagy boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döretmäge;

12) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrmaga.

 

18-nji madda. Adalat edaralarynyň teklibi

1. Adalat edaralary kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen baglanyşykly barlaglary geçirýär hem-de döwlet belligine alynmaga degişli, ýöne bellige alynmadyk şol kadalaşdyryjy hukuk namalar babatynda ony kabul eden edaralara teklip berýär.

2. Teklip döwlet häkimiýet edarasy tarapyndan ýüze çykarylan kanun bozulmalaryny aradan aýyrmak barada degişli çäreler görmek arkaly, onda bellenen möhletde, ýöne bir aýdan gijä galman seredilmäge degişlidir. Teklibiň serediljek wagty we ýeri barada degişli adalat edarasy öňünden habarly edilmelidir we oňa seredilende adalat edaralarynyň wekili gatnaşyp biler.

3. Teklibiň seredilmeginiň netijesi we görlen çäreler barada degişli adalat edarasyna teklibe seredilenden soň bäş günden gijä galman habar berilmelidir.

 

IV BAP. ADALAT EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ

HUKUK ÝAGDAÝY WE DURMUŞ TAÝDAN

GORAGLYLYGY

 

19-njy madda. Adalat edaralarynda gulluk

1. Adalat edaralaryndaky gulluk döwlet gullugynyň bir görnüşidir. Adalat edaralarynyň işgärleriniň, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda adalat edaralarynyň  wezipelerini ýerine ýetirýän işi adalat edaralaryndaky gulluk bolup durýar.

2. Adalat edaralarynyň işgärleriniň hukuk ýagdaýy we olaryň gulluk şertleri şu Kanun hem-de adalat edaralarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

3. Adalat edaralarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

20-nji madda. Adalat edaralarynda işlemek bilen 

      baglanyşykly çäklendirmeler

1. Adalat edaralarynyň işgärleriniň:

1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga hak tölenilýän iş bilen meşgullanmaga;

2) özüniň ýa-da öz ynanylan wekiliniň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;

3) döwlet emlägini we gulluk maglumatlaryny gulluk bilen bagly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmaga;

4) wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmatlaryny şahsy maksatlar üçin peýdalanmaga;

5) syýasy partiýalarda agzalyga durmaga we haýsydyr bir syýasy partiýany goldap çykyş etmäge hukugy ýokdur.

Ikinji bölek 13.03.2021 ý. № 339-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda aýrylan.

 

21-nji madda. Adalat edaralarynyň işgärleri

1. Adalat edaralarynda gulluk etmek üçin öz ahlak sypatlary, iş başarnyklary we bilim derejesi boýunça adalat edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply Türkmenistanyň raýatlary kabul edilýär.

2. Adalat edaralarynyň hünär derejesi berilmäge degişli wezipelerine ýokary bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary bellenilýär. 

3. Adalat edaralarynyň ýokary ýuridik ýa-da beýleki ýokary bilimi bolan işgärlerine öz eýeleýän wezipesine, hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän iş döwrüne laýyklykda hünär derejeleri berilýär. Adalat edaralarynyň işgärlerine hünär derejelerini bermegiň we olardan mahrum etmegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Hünär derejeleri berlen adalat edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan nusgadaky gulluk lybasy we oňa dakylýan nyşanlar bilen tölegsiz üpjün edilýär.

5. Adalat edaralarynda iş döwri 20 ýyldan az bolmadyk we ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi ýa-da ondan ýokary hünär derejesi bolan, adalat edaralaryndan işden çykan adamlaryň gulluk lybasyny geýmäge hukugy bardyr. Bu kada adalat edaralarynyň işgäriniň abraýyny masgaralaýan etmişi edendigi üçin işden boşadylan ýa-da hünär derejesinden mahrum edilen adamlara degişli däldir.

6. Adalat edaralarynyň işgärlerine şahsyýetnama berilýär. Şahsyýetnama adalat edaralarynyň işgäriniň şahsyýetini, wezipesini we hünär derejesini tassyklaýan resminamadyr. Şahsyýetnamanyň nusgasy we onuň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

7. Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärleri wezipä bellenende, döwlet sylaglary bilen sylaglananda, hünär derejeleri berlende we beýleki aýratyn dabaraly ýagdaýlarda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň kasamyny kabul edýärler.

8. Adalat edaralaryna işe kabul edilen işgäriň kazyýet we beýleki hukuk goraýjy edaralaryndaky iş we gulluk ýyllary hem-de ýuridik maslahathanalarda adwokat bolup işlän iş döwri adalat edaralaryndaky iş döwrüne goşulýar.

9. Adalat edaralarynyň işgärini gulluk bähbitlerinden ugur alyp adalat edaralarynyň ulgamyna girýän başga bir edarasyna geçirmek Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

211-nji madda. Adalat edaralarynyň işgärleri barada

  höweslendiriş çäreler

1. Adalat edaralarynyň işgärlerine döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligine hem-de hukuk binýadynyň berkidilmegine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşandygy, hünär derejesini we işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda üstünliklere eýe bolandygy, döwlet gullugyny birkemsiz ýerine ýetirendigi üçin şu aşakdaky höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner:

1) minnetdarlyk yglan etmek;

2) sowgat bilen sylaglamak;

3) hünär derejesini möhletinden öň bermek ýa-da nobatdakysyndan bir dereje ýokary hünär derejesini bermek;

4) «Türkmenistanyň adalat edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglamak.

2. «Türkmenistanyň adalat edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Aýratyn tapawutlanan adalat edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmaga hödürlenip bilner.

4. Türkmenistanyň Adalat ministri şu maddanyň birinji böleginiň      1-nji we 2-nji bentlerinde göz önünde tutulan sylaglary adalat edaralarynyň işgärleri bolup durmaýan, adalat edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmeginde we kanunylygyň pugtalandyrylmagynda uly goşant goşan beýleki adamlar babatda hem ulanyp biler.

 

22-nji madda. Adalat edaralaryndaky gullugyň bes edilmegi

1. Adalat edaralaryndaky gulluk işgär işden çykarylanda bes edilýär.

2.Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslardan başga-da, adalat edaralarynyň işgäri ýolbaşçynyň başlangyjy boýunça şu halatlarda işden çykarylyp bilner:

1) adalat edaralarynyň işgäriniň abraýyny masgaralaýan etmişi edende;

2) adalat edaralaryndaky gulluk bilen baglanyşykly çäklendirmeler berjaý edilmedik ýagdaýynda;

3) döwlet syryny we kanun arkaly goralýan beýleki maglumatlary aýan edendigi üçin.

 

23-nji madda. Adalat edaralarynyň işgäriniň wezipesine,

hünär derejesinde we adalat edaralaryndaky

gullugyna dikeldilmegi

1. Bikanun işden çykarylan, başga wezipä geçirilen ýa-da hünär derejesinden mahrum edilen adalat edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öňki wezipesine we öňki hünär derejesinde dikeldilmäge ýa-da olaryň razylygy bilen deň derejedäki başga wezipä bellenilmäge degişlidir.

2. Adalat edaralaryndaky gullugyna dikeldilen işgäriň işden mejbury boş bolan wagty nobatdaky hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän umumy iş döwrüne goşulýar.

 

24-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna,

 Adalatçynyň ýa-da onuň orunbasary

 wezipesine saýlanan ýa-da Türkmenistanyň

 Prezidenti tarapyndan wezipä bellenen

 adalat edaralarynyň işgäri üçin kepillikler

1. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanan we şol edara işe geçirilen, Adalatçy ýa-da onuň orunbasary wezipesine saýlanan ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen başga wezipä bellenen adalat edaralarynyň işgäriniň degişli ygtyýarlyklaryny amala aşyrýan döwründe adalat edaralaryndaky gullugy togtadylýar.

2. Adalat edaralarynyň işgäriniň şu maddanyň birinji böleginde görkezilen saýlawly wezipelerde işlemegi bilen bagly ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soňra ol öňki işlän wezipesine, beýle mümkinçiligiň ýok halatynda onuň razylygy bilen öňküsi bilen deň derejedäki başga wezipä bellenilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adalat edaralarynyň işgäriniň degişli ygtyýarlyklaryny amala aşyrýan döwri onuň umumy iş döwrüne we nobatdaky hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän iş döwrüne goşulýar.

 

25-nji madda. Adalat edaralarynyň işgärleriniň maddy

       üpjünçiligi

1. Adalat edaralarynyň işgärleriniň zähmet haky wezipe aýlyk hakyndan, hünär derejeleri üçin goşmaça töleglerden ybaratdyr. Wezipe aýlyk hakynyň we hünär derejeleri üçin goşmaça tölegiň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen adalat edaralarynyň işgärlerine şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk beýleki goşmaça tölegler we maddy üpjünçilikler hem bellenilip bilner.

 

26-njy madda. Adalat edaralarynyň işgärlerine

       öwezini dolmalar we kepillikler 

1. Adalat edaralarynyň işgäriniň adalat edaralarynyň ulgamyna girýän başga edarasyna geçirilmegi ýa-da adalat edarasynyň ýerleşýän ýeriniň üýtgedilmegi sebäpli täze ýaşaýyş ýerine göçmegi bilen baglanyşykly aşakdaky tölegler bellenilýär:

1) adalat edaralarynyň işgäriniň we onuň maşgala agzalarynyň ýol harajatlarynyň we öý goşlaryny daşamak bilen bagly edilen çykdajylaryň öwezini dolmak;

2) ýola taýýarlyk görmek we täze ýaşaýyş ýerinde ýerleşmek üçin gerek bolan günlere pul üpjünçiligi, ýöne alty günden köp bolmazdan, şeýle hem onuň ýolda bolýan wagty üçin pul üpjünçiligi.

Görkezilen öwezini dolmalaryň möçberi we olary tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilýär.

2. Adalat edaralarynyň işgärleri gulluk iş saparyna iberilende Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen möçberlerde hem-de tertipde gulluk iş saparynyň çykdajylarynyň öwezi dolunýar.

 

27-nji madda. Adalat edaralarynyň işgärleriniň durmuş

     taýdan goraglylygy 

1. Döwlet adalat edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär.

2. Adalat edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç adalat edaralarynyň işgärlerine abadanlaşdyrylan gulluk ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda bermäge, olar wezipä bellenende bolsa alty aýyň içinde üpjün etmäge borçludyrlar.

4. Adalat edaralarynyň işgärlerini gulluk ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegiň we ondan peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. 

5. Adalat edaralarynyň işgärleriniň hususy eýeçiligine şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak üçin mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini nobatsyz almaga hukugy bardyr.

6. Adalat edaralarynyň işgärleri gulluk iş saparlaryna iberilende ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnamak üçin ýolagçy peteklerini nobatsyz almaga, şeýle hem myhmanhanada ilkinji nobatda ýerleşmäge bolan hukukdan peýdalanýar.

7. Adalat edaralarynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk goşmaça ýeňillikler hem-de durmuş taýdan goraglylygyň beýleki kepillikleri bellenilip bilner.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

28-nji madda. Adalat edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we

      maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi

1. Adalat edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerinde ýerleşýän adalat edaralaryny degişli edara jaýlary bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

3. Adalat edaralary ulag we tehniki serişdeler bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde üpjün edilýär.

 

29-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

 

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 18-nji iýuny.

№ 407-V.