Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň içerki goşunlary hakynda (rejelenen görnüşi)

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň içerki goşunlary hakynda

(rejelenen görnüşi)

 

2001-nji ýylyň 7-nji iýuly

 

(rejelenen görnüşi - 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanuny - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 92-nji madda)

 

(20.10.2018 ý. № 82-VI, 08.06.2019 ý. № 149-VI, 14.03.2020 ý. № 234-VI, 03.06.2023 ý.         № 28-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň içerki goşunlarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny we ýörelgelerini, borçlaryny hem-de hukuklaryny kesgitleýär, şeýle hem Türkmenistanyň içerki goşunlarynyň harby gullukçylaryny hukuk we durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň içerki goşunlary

1. Türkmenistanyň içerki goşunlary (mundan beýläk - içerki goşunlar)  Türkmenistanyň döwlet gurluşyny, howpsuzlygyny we özygtyýarlylygyny goramaga, hukuk tertibini gorap saklamaga, kanunylygy üpjün etmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramaga niýetlenen döwletiň ýaragly harby birikmesidir.

2. Türkmenistanyň içerki goşunlarynyň nyşany, harby bölümleriniň bolsa söweşjeň baýdagy bolýar, olaryň teswiri we şekili Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.

3. Içerki goşunlar Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň ulgamyna girýärler.

 

2-nji madda. Içerki goşunlaryň işiniň hukuk esasy

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda», «Goranmak hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» we «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby tertipnamalary hem-de içerki goşunlaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary içerki goşunlaryň işiniň hukuk esasyny düzýär.

 

3-nji madda. Içerki goşunlaryň işiniň esasy ýörelgeleri

Içerki goşunlaryň işi kanunylyk, ynsanperwerlik, adamyň we raýatyň kanun öňündäki deňligi, olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini hormatlamak, berjaý etmek we goramak, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak, syýasy partiýalaryň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerinden garaşsyz bolmak, ýeke-täk ýolbaşçylyk we dolandyryşy merkezleşdirmek ýörelgelerine esaslanýar.

 

4-nji madda. Içerki goşunlaryň esasy wezipeleri

1. Içerki goşunlaryň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) içeri işler edaralary bilen bilelikde jemgyýetçilik tertibini goramaga we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşmak;

2) adamyň we raýatyň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini, hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramak; 

3) kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek; 

4) azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresini çekýän we tussag edilen adamlary gabawlaýyn saklamak düzgünini we olaryň gorag astynda saklawyny üpjün etmek; 

5) içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezinde arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan bejergi alýan adamlara gözegçiligi üpjün etmek;   

6) aýratyn möhüm döwlet desgalaryny we ýörite ýükleri goramak;

7) içerki goşunlaryň şahsy düzüminiň gulluk, söweşjeň we watançylyk taýýarlygynyň hem-de düzgün-nyzamynyň ýokary derejesini saklamak;

8) adatdan daşary we harby ýagdaýlaryň düzgünleriniň amala aşyrylmagyna gatnaşmak;

9) Türkmenistanyň kanunlary bilen içerki goşunlaryň üstüne ýüklenilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk wezipeleri ýerine ýetirmek içerki goşunlaryň üstlerine ýüklenip bilinmez.

3. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gös-göni ygtyýarly edilen edaralardan we wezipeli adamlardan başga hiç kimiň içerki goşunlaryň işine gatyşmaga hukugy ýokdur.

 

5-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň

                       içerki goşunlaryň işi çygrynda ygtyýarlyklary

Döwlet häkimiýet edaralarynyň içerki goşunlaryň işi çygrynda ygtyýarlyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär. 

 

II BAP. IÇERKI GOŞUNLARDA HARBY GULLUK 

 

6-njy madda. Içerki goşunlaryň ulgamy 

1. Içerki goşunlaryň ulgamy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Içerki goşunlar müdirliginden (mundan beýläk - Içerki goşunlar müdirligi), harby bölümlerden we beýleki düzüm birliklerinden ybaratdyr.

2. Içerki goşunlaryň ulgamyna girýän düzüm birliklerini döretmek, olary üýtgedip gurmak we ýatyrmak, şeýle hem olaryň sany, gurluşy we ýerleşdirilýän ýeri Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.

 

7-nji madda. Içerki goşunlaryň şahsy düzümi

1. Içerki goşunlaryň şahsy düzümi harby gullukçylary öz içine alýar. Içerki goşunlaryň harby gullukçylaryna harby gulluga borçnama boýunça giren ofiserler, starşinalar, seržantlar, hatarçylar (mundan beýläk - borçnama boýunça harby gullukçylar) we harby gullugy çagyryş boýunça geçýän starşinalar, seržantlar, hatarçylar (mundan beýläk - çagyryş boýunça harby gullukçylar) degişlidir. 

Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylaryna Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan bellenilen nusgada olaryň şahsyýetini we wezipesini tassyklaýan gulluk şahadatnamasy we tapawutlandyryş nyşanlary berilýär. Şeýle hem olar görnüşi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan birmeňzeş nusgada lybas we oňa dakylýan nyşanlar bilen üpjün edilýärler.

Içerki goşunlaryň harby gullukçylary zerur derejede hünär, hukuk we fiziki taýýarlykly bolmalydyrlar, ok atýan ýaraglary, ýörite serişdeleri hem-de olara berkidilen tehnikalary başarjaň ulanyp bilmelidirler.

2. Içerki goşunlaryň harby gullukçylary «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Harby kasamy kabul edýärler. 

 

8-nji madda. Içerki goşunlarda harby gullugy geçmek

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň içerki goşunlara harby gulluga çagyrylmagy, borçnama boýunça harby gulluga girmegi we harby gullugy geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 

2. Türkmenistanyň içeri işler ýa-da beýleki hukuk goraýjy edaralarynda gullugy geçýän ýa-da geçen we ýörite ady bolan Türkmenistanyň raýatyny içerki goşunlara harby gulluga kabul etmek we oňa harby ady dakmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylarynyň gullugyny dowam etdirmek üçin içeri işler edaralarynyň hataryna gulluga geçirilmegi, şonuň ýaly-da içeri işler edaralarynyň gullukçylary içerki goşunlaryň hataryna gullugyny dowam etdirmek üçin harby gulluga geçirilmegi bilen olaryň gulluk eden ýylyny hasaplamak üçin gulluk möhleti, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan artykmaçlyklar we ýeňillikler saklanyp galýar. 

 

9-njy madda. Içerki goşunlary toplamak

1. Içerki goşunlary toplamak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak esasynda amala aşyrylýar.

2. Içerki goşunlaryň harby bölümleri üçin çagyryş boýunça harby gulluga çagyryşa degişli raýatlary harby wekilliklerde öwrenmäge we saýlap-seçip almaga Içerki goşunlar müdirliginiň we onuň welaýatlardaky bölümleriniň hukugy bardyr. 

 

10-njy madda. Içerki goşunlaryň harby gullukçylaryny

                          taýýarlamak

1. Içerki goşunlar üçin harby gullukçylary taýýarlamak we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň harby okuw mekdeplerinde, şeýle hem içerki goşunlaryň okuw bölümlerinde amala aşyrylýar. 

2. Içerki goşunlar üçin ofiserler düzümini taýýarlamak Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýokary okuw mekdebinde amala aşyrylýar. Içerki goşunlar üçin ofiserleri we borçnama boýunça harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we daşary ýurt döwletleriniň harby okuw mekdeplerinde taýýarlamak Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň serişdeleriniň hasabyna ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasy esasynda amala aşyrylýar. 

 

11-nji madda. Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylarynyň gulluk wagty we dynç almaga bolan hukugy 

1. Içerki goşunlaryňborçnama boýunça harby gullukçylaryna gulluk wagtynyň dowamlylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär. Zerur halatlarda olar gulluk wagtynyň bellenilen dowamlylygyndan artyk, şeýle hem dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde gulluk edýärler.

2. Içerki goşunlaryňborçnama boýunça harby gullukçylaryny gulluk wagtynyň bellenilen dowamlylygyndan artyk, şeýle hem dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günleri gulluk etmäge çekmek, şonuň ýaly-da olara her ýylky esasy rugsady hem-de rugsatlaryň beýleki görnüşlerini bermek «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

12-nji madda. Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylarynyň pul hak-heşdegi

Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylarynyň pul hak-heşdegi «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tölenilýär. 

 

13-nji madda. Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylaryna goşmaça tölegler

Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylaryna başga ýere işe geçirilmegi ýa-da gullugyny geçýän edarasynyň ýerleşýän ýeriniň üýtgedilmegi, şeýle hem aýratyn gulluk şertlerinde, agyr ýa-da aýratyn howa şertleri bolan (suwsuz, çöllük) ýerlerde, göçme we gatnaw häsiýeti bolan işlerde gulluk edýändikleri üçin we beýleki goşmaça tölegler «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

III BAP.  IÇERKI  GOŞUNLARY DOLANDYRMAK

 

14-nji madda. Içerki goşunlara ýolbaşçylyk etmek

1. Içerki goşunlar öz işinde Türkmenistanyň Prezidentine tabyndyr. 

2. Içerki goşunlara gös-göni ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Içeri işler ministri amala aşyrýar. 

3. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Polisiýa müdirlikleriniň müdirleri degişli çäkde ýerleşýän, jemgyýetçilik tertibini, jezalary ýerine ýetirýän düzediş edaralary (mundan beýläk – düzediş edaralary) goramak boýunça, şeýle hem adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde wezipeleri ýerine ýetirýän içerki goşunlaryň bölümleri we düzüm birlikleri babatda uly dessin ýolbaşçylardyr.

Içerki goşunlaryň bölümleri we düzüm birlikleri babatynda welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Polisiýa müdirlikleriniň müdirleriniň wezipeleri we hukuklary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

 

15-nji madda. Içerki goşunlara ýolbaşçylyk etmekde Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň ygtyýarlyklary

Içerki goşunlara ýolbaşçylyk etmekde Türkmenistanyň Içeri işler ministri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda:

1) Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny ýerine ýetirmek bilen içerki goşunlaryň işini guramagyň meseleleri boýunça buýruklary we görkezmeleri çykarýar; 

2) Içerki goşunlar müdirliginiň, içerki goşunlaryň harby bölümleriniň wezipe sanawyny tassyklaýar;

3) maýor, kapitan, uly leýtenant, leýtenant we kiçi leýtenant harby atlaryny dakýar;

4) ýokary derejeli ofiserler, polkownikler, podpolkownikler diýen harby atlary dakmak barada Türkmenistanyň Prezidentine teklipleri hödürleýär;

5) bellenilen tertipde içerki goşunlara çagyryş boýunça harby gulluga çagyryşa degişli raýatlary öwrenmegiň we harby gulluga saýlap-seçip almagyň tertibini kesgitleýär;                  

6) içerki goşunlaryň wepat bolan (aradan çykan) borçnama boýunça harby gullukçylarynyň maşgalalaryna işe ýerleşmäge, maddy we durmuş üpjünçiligine ýardam berýär;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär.

 

16-njy madda. Içerki goşunlar müdirligi

1. Içerki goşunlar müdirligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüm birligi bolup durýar.

Içerki goşunlar müdirliginiň müdiri içerki goşunlaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar.

2. Içerki goşunlar müdirliginiň işiniň guramaçylygy we tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama bilen kesgitlenýär.

 

IV BAP. IÇERKI GOŞUNLARYŇ BORÇLARY WE

HUKUKLARY

 

17-nji madda. Içerki goşunlaryň borçlary

1. Içerki goşunlar üstlerine ýüklenilen wezipelere laýyklykda we ygtyýarlyklarynyň çäginde şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramagy üpjün etmäge;

2) adamyň we raýatyň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini, hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmaga;

3) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite ýükleriniň, ammarlarynyň we ýükler daşalanda harby ýükleriň goragyny üpjün etmäge;

4) tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary halas etmek, jemgyýetçilik tertibini hem-de idegsiz galdyrylan emläkleri goramak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň amala aşyrylmagyna, şeýle hem adatdan daşary we harby ýagdaýlaryň düzgünleriniň üpjün edilmegine bellenilen tertipde gatnaşmaga;

5) düzediş edaralaryny we derňew gabawhanalaryny goramagy, şeýle hem içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezinde arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan bejergi alýan adamlara gözegçiligi amala aşyrmaga;

6) tussag astynda saklanylýan adamlary ýansaklawly ugratmaga we goramaga;

7) köpçülikleýin jemgyýetçilik - syýasy, sport we baýramçylyk çäreleri geçirilende jemgyýetçilik tertibini goramaga gatnaşmaga;

8) goralýan desgalarda ýangynlary söndürmäge, partlamalaryň we heläkçilikleriň ýetiren zyýanyny ýok etmäge gatnaşmaga;

9) gorag we gözegçilik astyndan gaçan adamlary agtarmaga;

10) dolandyryş edarasy we içeri işler edaralary bilen bilelikde düzediş edaralarynda we derňew gabawhanalarynda toparlaýyn boýun egmezlikleriň we köpçülikleýin tertipsizlikleriň öňüni almaga;

11) düzediş edaralarynda we derňew gabawhanalarynda girewe alan jenaýatçylary zyýansyzlandyrmaga gatnaşmaga;

12) tebigy betbagtçylyklarda jemgyýetçilik tertibini, maddy gymmatlyklary, şahsy, döwlet we jemgyýetçilik emlägini goramaga;

13) ýokanç keseller we mallaryň gyrgynçylygy dörände, ýerler zäherli we radioaktiw jisimler bilen zäherlenende çäklendiriş çäreleriniň üpjün edilmegine gatnaşmaga;

14) howa, deňiz ýa-da derýa gämisini we beýleki ulag serişdelerini, şeýle hem möhüm desgalary basyp alan jenaýatçylary tutup saklamaga gatnaşmaga;

15) eger jemgyýetçilik tertibiniň bozulmalary köpçülikleýin häsiýetli bolsa we raýatlaryň janyna we saglygyna howp salsa, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, ulaglaryň işinde bidüzgünçilik döretse ýa-da eýeçiligiň görnüşine garamazdan emlägiň berbat we ýok edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet gurluşyny, howpsuzlygyny we özygtyýarlylygyny opurmaga gönükdirilse, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň çözgüdi boýunça jemgyýetçilik tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşmaga;

16) prokuroryň karary, şeýle hem kazyýetiň hökümi ýa-da kesgitnamasy esasynda adamlary tussag astyna almaga we tussag astyndan boşatmaga;

17) Türkmenistanyň Döwlet serhedini bozujylary tutup saklamakda Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna kömek bermäge.

2. Içerki goşunlar üstlerine ýüklenilen borçlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzediş edaralarynyň we derňew gabawhanalarynyň dolandyryş, dessin we düzgün bölümleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýerine ýetirýärler.

3. Şu kanunda göz öňünde tutulmadyk borçlary ýerine ýetirmek üçin içerki goşunlaryň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

 

18-nji madda. Içerki goşunlaryň hukuklary

Içerki goşunlaryň harby gullukçylary üstlerine ýüklenilen wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu aşakdakylara hukuklydyrlar: 

1) gaçan iş kesilenleri we jenaýat eden adamlary agtarmakda jemgyýetçilik tertibiniň toparlaýyn bozulmalarynyň, köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň we jemgyýetçilige garşy gaýry hereketleriň öňüni almakda, şeýle hem heläkçiliklerde, weýrançylyklarda, ýangyn we tebigy betbagtçylyklarda sebitleriň, ýerleriň, aýry-aýry jaýlaryň we desgalaryň daşyny gurşap (halka) almaga;

2) goralýan desgalara aralaşmakçy bolýan we bu desgalaryň çäginden çykmaga synanyşýan, bu desgalara gadagan edilen zatlary eltýän adamlary ýa-da goralýan desga hüjüm edenleri, şeýle hem tussag astyndan gaçanlary tutup saklamaga, barlamaga, sorag etmäge we içeri işler ýa-da milli howpsuzlyk edaralaryna bermäge;

3) düzediş edaralarynda iş kesilenler we  derňew gabawhanalarynda tussag astynda saklanýanlar başga ýere alnyp gidilende olary barlamaga, düzediş edaralarynyň barlag-geçiriş nokatlarynda ulag serişdelerini we ýükleri gözden geçirmäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, düzediş edaralarynyň barlag-geçiriş nokatlaryndan geçenlerinde raýatlary we olaryň goşlaryny barlamaga;

4) içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezinde  arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan bejergi alýan adamlary barlamaga we gözden geçirmäge;

5) jemgyýetçilik tertibi goralanda jenaýat etmekde güman edilýän adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny barlamaga, jenaýaty ýa-da administratiw hukuk bozulmalary eden adamlary tutup saklamaga, barlamaga we degişli polisiýa bölümine tabşyrmaga;

6) jenaýat eden adamlar yzarlananda we jenaýatlaryň, şonuň ýaly-da adamyň janyna we saglygyna howp salýan beýleki hereketleriň öňi alnanda kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, raýatlaryň eýeçiligindäki ýerleriň çäklerine we jaýlaryna girmäge (daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň çäkleri we jaýlary muňa girmeýär), şunda raýatlaryň ýaşaýyş we beýleki jaýlaryna girilenligi barada prokurora habar berilýär;

7) içeri işler edaralarynyň wezipelerini we borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly gaýragoýulmasyz halatlarda, tussag astyndan gaçanlar ýa-da jenaýat etmekde güman edilýän adamlar gös-göni yzarlananda kärhanalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlara degişli ulag we aragatnaşyk serişdelerini (daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ulag serişdeleri muňa girmeýär) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gulluk maksatlary üçin peýdalanmaga, şunda ulag serişdeleriniň eýelerine ýetirilen zyýanyň öwezi olaryň eýeleriniň talap etmegi boýunça dolunýar;

8) agtaryş çäreleri geçirilende barlamak maksady bilen ulag serişdelerini saklamaga we olary gözden geçirmäge (daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ulag serişdeleri muňa girmeýär);

9) raýatlardan we wezipeli adamlardan jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegini talap etmäge;

10) şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary ulanmaga;

11) kazyýetiň göçme mejlislerine alnyp gidilende, şeýle hem düzediş edaralaryndan we derňew gabawhanalaryndan gaçan tutulyp saklananlary we iş kesilenleri (kazyýetde işi seredilýänleri) derňew gabawhanalarynda, düzediş edaralarynda we gysga wagtlyk saklanylýan ýerlerde wagtlaýyn ýerleşdirmäge we saklamak üçin bermäge;

12) düzediş edaralaryny, derňew gabawhanalaryny we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite ýüklerini, ammarlaryny goramakda, şeýle hem içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezinde gözegçiligi amala aşyrmakda goragyň tehniki serişdelerini peýdalanmaga.

Goragyň tehniki serişdeleriniň sanawy we olary peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

V BAP. IÇERKI GOŞUNLARYŇ HARBY

GULLUKÇYLARYNYŇ FIZIKI GÜÝJI, ÝÖRITE

SERIŞDELERI, OK ATÝAN ÝARAGY, SÖWEŞ WE

ÝÖRITE TEHNIKALARY ULANMAGY

 

19-njy madda. Içerki goşunlaryň harby gullukçylary

                           tarapyndan fiziki güýji, ýörite serişdeleri, 

                           ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary

                           ulanmagyň tertibi 

1. Öz üstüne ýüklenilen wezipeler ýerine ýetirilende içerki goşunlaryň harby gullukçylaryna mejbury çäreleri, ýagny fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary ulanmaga hukuk berilýär. 

2. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde hukuk tertibiniň bozulmagynyň häsiýeti, düzgün bozujynyň şahsyýeti, anyk ýagdaý nazara alnyp, jemgyýetçilik howply etmişi togtatmak ýa-da ony amala aşyran adamy tutup saklamak we içeri işler edaralaryna getirip tabşyrmak maksady bilen ulanylýar. Şunda içerki goşunlaryň harby gullukçylary gulluk borjuny ýerine ýetirmek üçin başga usul galmadyk halatynda we emele gelen ýagdaýy hasaba almak bilen ulanyljak serişdeleriň görnüşini hem-de olary ulanmagyň zerurlygyny özbaşdak kesgitleýär we soňra bu barada dykgatnama ýazýar.

3. Fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň, gulluk itleriň we atlaryň, ok atýan ýaragyň, söweş we ýörite tehnikalaryň ulanylmagynyň gijikdirilmegi raýatlaryň janyna gös-göni howp döretjek ýa-da başga agyr netijelere getirip biljek halatlaryndan başga ýagdaýlarda, olar ulanyljak adama bu barada öňünden anyk we aýdyň görnüşde duýdurylýar hem-de bu talabyň berjaý edilmegi üçin oňa ýeterlik wagt berilýär.

4. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, gulluk itleri we atlary, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary ulanmakdan gaça durmak mümkin bolmadyk ähli halatlarda içerki goşunlaryň harby gullukçylary raýatlaryň janyna, saglygyna, namysyna, mertebesine hem-de emlägine iň az möçberde zyýan ýetirmäge çalyşmaga, şeýle hem jebir çekenlere lukmançylyk we beýleki kömegi gaýragoýmazdan bermek barada çäreleri görmäge borçludyrlar.

5. Duýdansyz ýa-da ýaragly, şeýle hem söweş tehnikasy, ulag we uçuş serişdeleri, deňiz we derýa gämileri peýdalanylyp hüjüm edilende ýa-da çozulanda, hereket edýän ulag serişdelerinden ýa-da ýaragly tussag astyndan gaçylanda, şonuň ýaly-da girewe alnanlary, basylyp alnan goralýan desgalary, ýörite ýükleri boşatmak üçin fiziki güýç, ýörite serişdeler, ok atýan ýarag, söweş we ýörite tehnikalary öňünden duýdurylmazdan ulanylyp bilner.

6. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, gulluk itleri we atlary, ok atýan ýaragy, söweş we ýörite tehnikalary ulanmagyň netijesinde raýatyň ýaralananlygy ýa-da ölenligi hakynda içerki goşunlaryň harby gullukçylary haýal etmän prokurora habar bermäge borçludyrlar.

7. Içerki goşunlaryň harby gullukçylary tarapyndan ýörite serişdeleri, ok atýan ýaragy götermegiň, saklamagyň, şonuň ýaly-da gulluk itleri we atlary bilen hereket etmegiň hem-de söweş we ýörite tehnikalary herekete getirmegiň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan kesgitlenýär.

8. Fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň, ok atýan ýaragyň, söweş we ýörite tehnikalaryň şu Kanunyň talaplary bozulyp ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

20-nji madda. Fiziki güýji ulanmak 

Jenaýatlaryň we administratiw hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, olary amala aşyran adamlary tutup saklamak, özüni goramak, şonuň ýaly-da kanuna garşy gelýän hereketleri ýatyrmak we olardan üstün çykmak üçin, eger bu fiziki güýji ulanmazdan başga usul bilen mümkin bolmasa, içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäklerde fiziki güýji, şol sanda göreşiň söweş usullaryny ulanmaga hukugy bardyr. 

 

21-nji madda. Ýörite serişdeleri ulanmak 

1. El gandallary, rezin taýaklar, göz ýaşardyjy maddalar, ünsi sowujy yşykly-sesli enjamlar, jaýlary açmak, ulaglary mejbury duruzmak üçin abzallar, päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin serişdeler, ýörite reňkleýji serişdeler, suw pürküjiler, gulluk itleri we atlary, şeýle hem bronlanan tehnikalar hem-de beýleki ýörite we ulag serişdeleri içerki goşunlaryň harby gullukçylary tarapyndan aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:

1) adamlara, içerki goşunlaryň harby gullukçylaryna, içeri işler edaralarynyň işgärlerine we jemgyýetçilik tertibini goramak hem-de jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça gulluk we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýän beýleki adamlara garşy çozuşlary yzyna serpikdirmek;

2) girewe alnanlary boşatmak;

3) ýaşaýyş jaýlaryna, döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik birleşiklerine, kärhanalara, edaralara degişli jaýlara, otaglara, desgalara, ulag serişdelerine garşy çozuşlary yzyna serpikdirmek, şeýle hem olary basyp almakdan boşatmak;

4) jemgyýetçilik tertibini goramak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýän içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýa-da başga adamyň kanuny talabyna boýun bolmaýan, garşylyk görkezýän ýa-da olaryň kanuny hereketine bilkastlaýyn päsgel berýän hukuk tertibini bozujylary tutup saklamak we içeri işler edaralaryna getirmek;

5) köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň we jemgyýetçilik tertibiniň toparlaýyn bozulmagynyň, şonuň ýaly-da emläge zyýan ýetirmäge we ony ýok etmäge synanyşyklaryň öňüni almak;

6) jaýlarda we barmasy kyn bolan beýleki ýerlerde bolýan ýaragly jenaýatçylary tutup saklamak;

7) ulag serişdesini saklamak barada içeri işler edarasynyň işgärleriniň, içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň birnäçe gezek düşnükli beýan edilen kanuny talabyndan bilkastlaýyn boýun gaçyrýan sürüjiniň ulag serişdesini duruzmak.

2. Toparlaýyn çozulýan ýa-da ýaragly garşylyk görkezilýän, şeýle hem raýatlaryň janyna howp salynýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda göwrelilik alamatlary mese-mälim bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary anyk bildirýän adamlar babatda ýörite serişdeleri ulanmak gadagandyr.

 

22-nji madda. Ok atýan ýaragyň ulanylyşy we peýdalanylyşy

1. Içerki goşunlaryň harby gullukçylary üstlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirenlerinde aýratyn ýagdaýlarda, eger beýleki usullar we serişdeler netijesiz bolsa, onda şu maksatlar üçin aňrybaş çäre hökmünde ok atýan ýaragy ulanmaga hukuklydyrlar:

1) adamlaryň janyna we saglygyna howp salýan çozuşlardan olary goramak, şeýle hem girewine alnanlary boşatmak;

2) içerki goşunlaryň harby gullukçylaryna, içeri işler edaralarynyň işgärlerine, jemgyýetçilik tertibini goramak we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça gulluk borçlaryny ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän beýleki adamlara garşy toparlaýyn ýa-da ýaragly, şeýle hem olaryň janyna ýa-da saglygyna howp salýan beýleki çozuşlary yzyna serpikdirmek;

3) goralýan desgalara, garawullara, garawulhanalara, garawulyň (goşun narýadynyň) beýleki adamlaryna edilen toparlaýyn ýa-da ýaragly çozuşy yzyna serpikdirmek, şeýle hem keseki adamlaryň goralýan desgalara girmäge eden synanyşyklarynyň öňüni almak;

4) düzediş edaralarynda we derňew gabawhanalarynda derbi-dagynlyklar, ýykan-ýumranlyklar, otlamalar, öldürmeler, girewe almalar we beýleki bikanun hereketler bilen utgaşýan köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni almak;

5) ýaragly garşylyk görkezýän ýa-da agyr jenaýat eden ýerinde üstünden barlan adamy ýa-da tussag astyndan gaçyp barýan jenaýatçyny, şeýle hem ýaragy tabşyrmak hakynda kanuny talaby ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan ýaragly adamy tutup saklamak;

6) otlamalar, derbi-dagynlyklar we ok atýan ýaragy eýelemäge synanyşyklar bilen utgaşýan jemgyýetçilik howply hereketleriň öňüni almak;

7) tussag astynda saklanylýanlara toparlaýyn ýa-da ýaragly çozuşlary yzyna serpikdirmek.

Ok atýan ýarag ulanylmagyndan öň, ony ulanmak niýetiniň barlygy, onuň ulanmaga taýýar edilenligi barada aýdyňlyk bilen duýdurylmalydyr we duýduryş atyşy atylmalydyr.

2. Ok atýan ýarag şu halatlarda duýduryşsyz ulanylyp bilner:

1) duýdansyz ýa-da ýaragly çozuş, söweş tehnikasy, howa, deňiz, derýa gämileri we beýleki ulag serişdeleri ulanylyp edilen hüjüm serpikdirilende; 

2) tussag astyndan ýaragly ýa-da ulag serişdelerini ulanmak bilen gaçylanda we ýaragly garşylyk görkezilende; 

3) tussag astynda saklanýan adamlar hereket edýän ulag serişdelerinden gaçanda;

4) girewe alnanlar, basylyp alnan goralýan desgalar, ýörite (harby) ýükler boşadylanda.

3. Içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň ok atýan ýaragy şu halatlarda peýdalanmaga hukugy bardyr:

1) ulag serişdesini saklamak barada içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň ýa-da içeri işler edaralarynyň işgärleriniň birnäçe gezek düşnükli beýan eden kanuny talabyndan, raýatlaryň janyna we saglygyna howp salmak bilen, bilkastlaýyn boýun gaçyrýan sürüjiniň ulag serişdesini zaýalap duruzmak;

2) raýatlaryň janyna we saglygyna howp salýan haýwany zyýansyzlandyrmak;

3) ýaragy ulanmak meýli, howp hakynda duýdurmak ýa-da kömege çagyrmak.

4. Içerki goşunlaryň harby gullukçylary ýüze çykan ýagdaýda ok atýan ýaragy ulanmak mümkinçiligi aradan aýrylmadyk diýip hasap etse, olaryň ýaragy ulanmak üçin taýýar ýagdaýa getirmäge hukugy bardyr.

5. Ok atýan ýaragyň ulanylan we peýdalanylan halatlarynyň ählisinde içerki goşunlaryň harby gullukçylary töweregindäki raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ejir çekenlere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyrlar.

6. Ýaragly çozulýan ýa-da garşylyk görkezilýän, şonuň ýaly-da jana howp salýan toparlaýyn çozuş edilýän halatlaryndan başga ýagdaýlarda aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary anyk bildirýän adamlar babatda ok atýan ýaragy ulanmak gadagandyr. 

7. Ok atýan ýaragyň ulanylan her bir halaty hakynda dykgatnama ýazylýar we bu barada haýal etmän prokurora habar berilýär.

 

23-nji madda. Söweş we ýörite tehnikalary ulanmak

Içerki goşunlara degişli söweş we ýörite tehnikalar şu halatlarda ulanylýar:

1) girewe alnanlar, basylyp alnan goralýan desgalar, binalar, ýükler we söweş tehnikasy boşadylanda;

2) ýaragly gaýtawul berýän adamlar tutulyp saklananda;

3) adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde ulag serişdeleri saklananda;

4) harby şäherçelere, harby eşelonlara we kolonnalara, goralýan desgalara, binalara we ýüklere, ýaşaýyş jaýlaryna, döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň jaýlaryna toparlaýyn ýa-da ýaragly, şol sanda ulag serişdelerini ulanmak bilen edilen hüjüme gaýtawul berlende.

 

VI BAP. IÇERKI GOŞUNLARYŇ HARBY

GULLUKÇYLARYNYŇ HUKUK ÝAGDAÝY WE

DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGY

 

24-nji madda. Içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň

hukuk ýagdaýy

1. Içerki goşunlaryň harby gullukçylaryna «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» we «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda bellenilen harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy degişlidir. Olar döwlet häkimiýetiniň wekilidir we döwletiň aýratyn goragynda durýarlar. 

Içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmek raýatlar we wezipeli adamlar üçin hökmanydyr.

2. Içerki goşunlaryň harby gullukçylaryna kast etmek we olaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel bermek Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

3. Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň janyny we saglygyny, namysyny we mertebesini, emlägini jenaýatçylykly we beýleki hukuga garşy gelýän kast etmelerden goramak kanun arkaly kepillendirilýär.

 

25-nji madda. Içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň

     durmuş taýdan goraglylygy

1. Içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň durmuş taýdan goraglylygy degişlilikde «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kepillendirilýär. 

2. Içerki goşunlaryň düzüminde harby gullugy dowam etdirmek üçin başga ýere geçirilen borçnama boýunça harby gullukçynyň aýaly (äri) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan işe ýerleşdirilýär. 

3. Içerki goşunlaryň harby gullukçylary döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlidir.

4. Içerki goşunlara borçnama boýunça harby gulluga girip, ilkinji harby wezipä bellenen, şeýle hem ilkinji gezek nika baglaşýan harby gullukçylaryň hojalyk hajatlary üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň serişdeleriniň hasabyna olaryň alýan pul hak-heşdeginiň bäşisi möçberinde üç ýyla çenli möhletde yzyna gaýtarmak şerti bilen göterimsiz karz pul almaga haky bardyr. 

5. Içerki goşunlaryň borçnama boýunça harby gullukçylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde içeri işler edaralarynyň weteranlary bolup bilerler.

 

VII BAP. IÇERKI GOŞUNLARYŇ MALIÝE WE

MADDY-ENJAMLAÝYN ÜPJÜNÇILIGI

 

26-njy madda. Içerki goşunlary maliýeleşdirmek

Içerki goşunlary maliýeleşdirmek «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

27-nji madda. Içerki goşunlaryň  maddy-enjamlaýyn

     üpjünçiligi

1. Içerki goşunlaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek boýunça her ýyl işläp düzýän meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi içerki goşunlary maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek meseleleri boýunça ygtyýarly döwlet buýrujysy hökmünde çykyş edýär. 

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER 

 

28-nji madda. Içerki goşunlaryň emlägi

Içerki goşunlary dolandyryş edaralarynyň, içerki goşunlaryň harby şäherçeleriniň, harby bölümleriniň, okuw bölümleriniň ýaşaýyş jaýlary, binalary we desgalary, olardaky okuw-maddy binýady hem-de okatmagyň tehniki serişdeleri, şeýle hem ýaraglar, ok-däriler, ýörite we harby tehnikalar, öz üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde içerki goşunlar tarapyndan peýdalanylýan başga maddy-tehniki emläkler döwlet eýeçiliginde durýar we olar hojalygy ýöretmek ýa-da dessin dolandyrmak hukugy esasynda peýdalanmak üçin içerki goşunlara berilýär.

 

29-njy madda. Ýerleri we beýleki tebigy baýlyklary

                           peýdalanmagyň tertibi 

1. Içerki goşunlaryň dolandyryş edaralaryny, harby bölümlerini, okuw bölümlerini ýerleşdirmek we olaryň işlemegi üçin ýerler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olara hemişelik ýa-da wagtlaýyn peýdalanmak üçin muzdsuz berilýär.

2. Içerki goşunlara berlen ýerler we beýleki tebigy baýlyklar döwlet eýeçiliginde durýar hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda içerki goşunlar tarapyndan peýdalanylýar.

 

30-njy madda. Içerki goşunlaryň harby bölümlerini

 jaýlara ýerleşdirmek 

1. Içerki goşunlaryň harby bölümlerini jaýlara ýerleşdirmek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary üçin bellenilen tertipde we kadalar boýunça geçirilýär.

2. Düzediş edaralaryny, derňew gabawhanalaryny we içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezini, şeýle hem beýleki desgalary goraýan harby bölümlerini we beýleki düzüm birliklerini jaýlara ýerleşdirmek üçin berilýän harby şäherçeleri, jaýlary, binalary, garawulhanalary gurmak we saklamak goralýan edaralaryň (desgalaryň) serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.

3. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň çäginde jemgyýetçilik tertibine gözegçilik edýän içerki goşunlaryň harby bölümlerini we beýleki düzüm birliklerini jaýlara ýerleşdirmek üçin berilýän harby şäherçeleri, jaýlary, binalary, şeýle hem gullugy alyp barmak üçin gözegçilik nokatlaryny gurmak we saklamak, şol birlikleriň gullugy alyp barýan çägi boýunça degişlilikde Polisiýa müdirlikleriň (bölümleriň) serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. 

4. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary öz töwereginde jemgyýetçilik tertibine gözegçilik etmek maksady bilen degişli gözegçilik nokadyny goýmagy we saklamagy içerki goşunlara olaryň ýüz tutmalary esasynda öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrýarlar. 

 

31-nji madda. Içerki goşunlaryň işinde kanunylygyň berjaý edilişine bolan barlag we gözegçilik

1. Içerki goşunlarda güýçleriň we serişdeleriň ýerlikli peýdalanylyşyna, harby bölümleriň guramaçylyk gurluşynyň, olaryň üstlerine ýüklenilen wezipeleriň möçberine we häsiýetine laýyk gelşine, şeýle hem olaryň işiniň kanunylygyna barlagy Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi amala aşyrýar.

2. Içerki goşunlarda kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar tarapyndan amala aşyrylýar. 

 

32-nji madda. Içerki goşunlaryň harby gullukçylarynyň jogapkärçiligi 

Içerki goşunlaryň harby gullukçylary kanuna garşy gelýän hereketleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

33-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 18-nji iýuny.

№ 408-V.