Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda
(rejelenen görnüşi)
2009-njy ýylyň 2-nji oktýabry
(rejelenen görnüşi - 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanuny - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 93-nji madda)
(26.08.2017 ý. № 602-V, 30.11.2019 ý. № 209-VI, 05.06.2021 ý. № 384-VI, 13.11.2021 ý. № 420-VI, 20.11.2022 ý. № 512-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII, 11.07.2023 ý. № 40-VII, 30.09.2023 ý. № 59-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanyň öňünde bitirilen hyzmatlar üçin Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny belleýär, olaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglananlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmenistanyň döwlet sylaglary
1. Türkmenistanyň döwlet sylaglary (mundan beýläk – döwlet sylaglary) – munuň özi döwleti we demokratik jemgyýeti, halkyň agzybirligini goramaga we pugtalandyrmaga, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga goşantlary, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat we işiň gaýry görnüşlerinde döwletiň we halkyň öňünde bitirilen hyzmatlary ykrar etmegiň ýokary görnüşi bolup durýar.
2. Döwlet sylaglary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan döredilýär.
2-nji madda. Döwlet sylaglary hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygy
Döwlet sylaglary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, şeýle hem şu çygyrda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Döwlet sylaglarynyň görnüşleri
1. Döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitirilen hyzmatlar üçin berilýän Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi - «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at, Türkmenistanyň ordenleri, medallary we hormatly atlary döwlet sylaglarynyň görnüşleri bolup durýar.
Döwlet sylaglarynyň atlary döwlet dilinde bellenýär.
2. Ordenleriň we medallaryň ähmiýeti boýunça yzygiderliligi şu Kanunda beýan edilen tertipde bellenýär.
3. Döwletiň we jemgyýetiň taryhynda möhüm seneleriň we wakalaryň şanyna döredilýän ýubileý, ýadygärlik medallary we beýleki sylaglar, şeýle hem hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sylaglary sylaglaryň aýratyn görnüşidir, olar bilen sylaglamak döwlet sylaglary bilen sylaglananlar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikleriň berilmegine eltmeýär.
4-nji madda. Döwlet sylaglary hakynda statut we
düzgünnama
1. Döwlet sylaglary hakynda statutlar we düzgünnamalar sylaglamak üçin esaslary kesgitleýärler, döwlet sylaglarynyň ýazgylaryny özünde saklaýarlar, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglamagyň, olary dakynmagyň tertibini we gaýry düzgünleri belleýärler.
2. Türkmenistanyň ordeni üçin onuň statuty, medaly we hormatly ady üçin bolsa olaryň düzgünnamalary, şonuň ýaly-da ordenleriň, medallaryň we hormatly atlaryň döşe dakylýan nyşanlarynyň ýazgylary bu döwlet sylaglaryny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny ýa-da Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen tassyklanýar.
3. Döwlet sylaglarynyň döredilmeginiň maksady, olara mynasyplary saýlamaga bildirilýän talaplar, mynasyp bolanlar üçin göz öňünde tutulýan baýraklar, goşmaça tölegler, ýeňillikler we beýleki höweslendiriş çäreleri ordenleriň statutlarynda, medallaryň we hormatly atlaryň düzgünnamalarynda görkezilýär. Ordenleriň we medallaryň bir ölçegdäki plankalary bolýar, olaryň nusgalary Türkmenistanyň kanuny ýa-da Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen tassyklanýar.
4. Döwlet sylaglary döwlet baýramçylyklarynda we beýleki dabaraly ýagdaýlarda şu Kanunyň 8-10-njy maddalarynda görkezilen yzygiderlilikde ilki ordenler we medallar, soňra bolsa hormatly atlaryň döşe dakylýan nyşanlary, eger şol ordenleriň statutlary, medallaryň we hormatly atlaryň düzgünnamalary bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döşüň çep tarapyndan dakynylýar. Ordenler we medallar bilen sylaglanylan adamlar olaryň plankalaryny dakynmaga haklydyrlar.
5-nji madda. Döwlet sylaglary bilen sylaglamak
1. Döwlet sylaglary bilen sylaglamak Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Döwlet sylaglary bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýarlar.
Eger Türkmenistanyň kanunlary bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen atdan başga döwlet sylaglary bilen Türkmenistanyň öňünde hyzmatlary bitiren Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlar hem sylaglanylyp bilner.
3. Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak Türkmenistanyň Mejlisitarapyndan amala aşyrylýar.
4. Kärhanalary, edaralary, guramalary, döredijilik toparlaryny we harby bölümleri sylaglamak üçin döwlet sylaglarynyň görnüşleri we sylaglamagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
Döwlet sylaglary bilen harby bölümler sylaglanylanda döwlet sylaglarynyň atlary olaryň atlaryna goşulýar, kärhanalar, edaralar, guramalar, döredijilik toparlary sylaglanylanda bolsa, döwlet sylaglarynyň atlary olaryň islegleri boýunça atlaryna goşulýar.
5. Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurt döwletleriniň sylaglary bilen sylaglanylyp bilner.
6. Döwlet sylaglary bilen sylaglanylanda olaryň görnüşi sylaglanýanyň hyzmatlarynyň häsiýeti we derejesi bilen kesgitlenýär.
Ordenler we medallar bilen sylaglanylanlar, eger ordenleriň statutlary we medallaryň düzgünnamalary bilen başgaca göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda täze hyzmatlary üçin şol ýa-da beýleki ordenler we medallar bilen gaýtadan sylaglanylyp bilner.
7. Döwlet sylaglary bilen merhum hem sylaglanyp bilner.
II BAP. TÜRKMENISTANYŇ IŇ ÝOKARY TAPAWUTLANDYRYŞ DEREJESI –
«TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY» DIÝEN ADY
6-njy madda. Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş
derejesi
1. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesidir we ol döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin diňe Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar. Türkmenistanyň Gahrymanyna aýratyn tapawutlandyryş nyşany – «Altyn Aý» altyn nyşany we şahadatnama gowşurylýar.
2. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwletiň garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmak işine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin aýratyn halatlarda gaýtadan dakylyp bilner.
7-nji madda. Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş
derejesini dakynmagyň tertibi
Türkmenistanyň Gahrymanynyň aýratyn tapawutlandyryş nyşany – «Altyn Aý» altyn nyşany ordenleriň, medallaryň we hormatly atlaryň döşe dakylýan nyşanlarynyň ýokarsyndan döşüň çep tarapyndan dakynylýar.
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ ORDENLERI,
MEDALLARY WE HORMATLY ATLARY
8-nji madda. Türkmenistanyň ordenleri
1. Şular Türkmenistanyň ordenleridir:
1) «Watan»;
2) «Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy»;
3) «Prezidentiň Ýyldyzy»;
4) «Oguzhanyň Ýyldyzy»;
5) «Türkmenbaşy»;
6) «Altyn asyr»;
7) «Garaşsyzlyk»;
8) «Bitaraplyk»;
9) « Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin»;
10) «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin»;
11) «Galkynyş»;
12) «Ruhubelent»;
13) «Zenan kalby».
2. «Watan» ordeni bilen diňe Türkmenistanyň Prezidenti sylaglanýar.
9-njy madda. Türkmenistanyň medallary
Şular Türkmenistanyň medallarydyr:
1) «Arkadag»;
2) «Mälikguly Berdimuhamedow»;
3) «Edermenlik»;
4) «Gaýrat»;
5) «Türkmen edermen»;
6) «Magtymguly Pyragy»;
7) «Watana bolan söýgüsi üçin»;
8) «Harby gullugyň weterany»;
9) «Içeri işler edaralarynyň weterany»;
10) «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin»;
11) «Birkemsiz gullugy üçin».
10-njy madda. Türkmenistanyň hormatly atlary
1. Türkmenistanda şu hormatly atlar dakylyp bilner:
1) «Türkmenistanyň halk mugallymy»;
2) «Türkmenistanyň halk lukmany»;
3) «Türkmenistanyň halk atşynasy»;
4) «Türkmenistanyň halk itşynasy»;
5) «Türkmenistanyň halk artisti»;
6) «Türkmenistanyň halk suratkeşi»;
7) «Türkmenistanyň halk ýazyjysy»;
8) «Türkmenistanyň halk bagşysy»;
9) «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri»;
10) «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri»;
11) «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy»;
12) «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy»;
13) «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory»;
14) «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri»;
15) «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri»;
16) «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri»;
17) «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy»;
18) «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy»;
19) «Türkmenistanyň at gazanan ýer gurluşykçysy»;
20) «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri»;
21) «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»;
22) «Türkmenistanyň at gazanan artisti»;
23) «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy»;
24) «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri»;
25) «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti»;
26) «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri»;
27) «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri»;
28) «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi»;
29) «Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy»;
30) «Türkmenistanyň at gazanan uçarmany»;
31) «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady»;
32) «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi»;
33) «Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy»;
34) «Altyn asyryň hünär ussady»;
35) «Ene mähri»;
36) «Türkmenistanyň ussat halypa seýisi»;
37) «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary».
2. Türkmenistanyň şol bir hormatly ady ikinji gezek dakylmaýar. Hünär ussatlygy üçin «halk» ady bilen berilýän hormatly at şol pudak boýunça «at gazanan» hormatly ady dakylandan soň dakylyp bilner.
IV BAP. DÖWLET SYLAGLARY BILEN
SYLAGLAMAGA HÖDÜRLEMEGIŇ WE
OLARY GOWŞURMAGYŇ TERTIBI
11-nji madda. Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda teklipnamalar
1. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak, Türkmenistanyň ordeni, medaly bilen sylaglamak, Türkmenistanyň hormatly adyny dakmak Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň teklipnamalary boýunça amala aşyrylýar.
2. Harby gullukçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak hakynda teklipnamalar degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan, Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlary sylaglamak hakynda teklipnamalar bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilýär.
3. Teklipnamalar şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen edaralaryň we wezipeli adamlaryň başlangyjy boýunça, şeýle hem şol edaralaryň garamagyndaky kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň towakganamalary boýunça hödürlenýär.
4. Döwlet sylaglary bilen sylaglamaga esassyz teklip etmäge ýol beren wezipeli adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
5. Sylaglamak hakynda towakganama sylaga hödürlenýän adamyň işleýän, okaýan, gulluk edýän ýeri boýunça edarasy tarapyndan berilýär. Towakganamalar etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlary we Geňeşler tarapyndan hem berlip bilner.
Häkimleriň, arçynlaryň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň sylaglamak hakynda gol çeken towakganamalary şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen edaralaryň, wezipeli adamlaryň teklipnamalarynyň ýanyna goşulyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna iberilýär.
6. Döwlet sylaglary bilen sylaglamaga hödürlemek hakynda resminamalara gol çekýän adamlar döwlet sylaglaryna hödürlenýän dalaşgärler barada maglumatlaryň dogrulygy üçin jogapkärçilik çekýärler.
7.«Türkmenistanyň Gahrymany»diýen ady dakmak, Türkmenistanyň ordeni, medaly bilen sylaglamak, Türkmenistanyň hormatly adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany çykýar we ol Perman metbugatda çap edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edilýär we ol karar metbugatda çap edilýär.
12-nji madda. Döwlet sylaglaryny gowşurmagyň tertibi
1. Döwlet sylaglary Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan onuň ygtyýarly eden beýleki wezipeli adamlary tarapyndan dabaraly we giň aýanlyk ýagdaýynda gowşurylýar.
2. Döwlet sylaglaryny gowşurmak Prezident Köşgünde, sylaglananlaryň işleýän kärhanalarynda, edaralarynda, guramalarynda, ýygnaklarda, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän başga tertipde geçirilýär.
Harby gullukçylara döwlet sylaglary, düzgün bolşy ýaly, harby bölümleriň serkerdeleri tarapyndan gowşurylýar.
3. Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara degişlilikde orden, medal, döşe dakylýan nyşan we şahadatnama gowşurylýar.
V BAP. SYLAGLANYLANLARYŇ HUKUKLARY WE
BORÇLARY. DÖWLET SYLAGLARYNY SAKLAMAK WE
OLARA BOLAN HUKUGY DIKELTMEK
13-nji madda. Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň hukuklary we borçlary
1. Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň hukuklary we borçlary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.
2. Döwlet sylaglary bilen sylaglanan adamlaryň şulara hukugy bardyr:
1) döwlet sylaglaryny şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen bellenilen tertipde dakynmaga;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňilliklerden peýdalanmaga;
3) şu Kanunda göz öňünde tutulan gaýry hukuklara.
3. Döwlet sylaglarynyň birnäçesine mynasyp bolan adamlaryň iş hakyna we wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna ýa-da talyp hakyna her aýdaky goşmaça tölegler şol döwlet sylaglarynyň has ýokary görnüşleriniň ikisi boýunça tölenýär.
Döwlet sylaglarynyň haýsydyr biri ýatyrylan ýa-da olaryň hukuk ýagdaýy üýtgedilen halatynda ol döwlet sylaglaryna degişli döwürde hereket eden Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikler şol döwlet sylaglaryna mynasyp bolan şahslar babatda saklanyp galýar.
Orden, medal bilen sylaglanylan, hormatly adyň dakylan her bir hakyky ýagdaýy sylaglanylan adamyň zähmet depderçesine girizilýär.
4. Döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylygy, harby bölümleriň serkerdeligi sylaglananlaryň üstünliklerini we bitiren hyzmatlaryny giňden ýaýmak boýunça işleri alyp barýarlar, olaryň öňdebaryjy tejribesini ýaýradýarlar, raýatlary, ýaş nesli döwlet sylaglaryna mynasyp bolan şahslaryň bitiren hyzmatlaryna hormat goýmak we minnetdarlyk ruhunda terbiýeleýärler.
5. Sylaglanylan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, döredijilik toparlarynyň we harby bölümleriň şulara hukugy bardyr:
1) ordeniň şekilini özleriniň gulluk resminamalarynda we blanklarynda görkezmäge, sylaglanylan metbugat edarasy bolsa ordeniň şekilini özüniň döwürleýin neşirlerinde ýerleşdirmäge;
2) ordeniň ulaldylan şekilini özleriniň gulluk binalarynda, muzeýlerinde, köşklerinde we medeniýet öýlerinde ýerleşdirmäge, şeýle hem ýygnaklar, ýygnanyşyklar we beýleki dabaraly çäreler geçirilende, baýramçylyk ýörişlerine gatnaşylanda bezegiň bölegi hökmünde peýdalanmaga.
6. Döwlet sylaglary bilen sylaglanan şahslar olary aýawly saklamalydyrlar we olar zähmetde, harby gullukda, durmuşda, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen ýüklenýän borçlary ýerine ýetirmekde görelde bolmalydyrlar.
Döwlet sylaglary ýitirilen halatynda, sylaglananlar döwlet sylaglaryna bolan hukuklaryny saklap galýarlar.
14-nji madda. Sylaglanan ölenden soň döwlet sylaglaryny saklamak
1. Sylaglanan ölenden soň ýa-da merhum sylaglanan halatynda döwlet sylaglary olaryň maşgalalarynda galdyrylýar ýa-da ýadygärlik hökmünde saklamak üçin berilýär.
2. Ölen sylaglananyň ýa-da sylaglanan merhumyň mirasdarlarynyň razylygy bilen döwlet sylaglary wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklamak üçin muzeýlere berlip bilner.
Hemişelik saklamak üçin muzeýlere berlen döwlet sylaglary öleniň ýa-da sylaglanan merhumyň mirasdarlaryna gaýtarylyp berilmeýär.
3. Ölen sylaglananyň ýa-da sylaglanan merhumyň mirasdarlary bolmasa, döwlet sylaglary we sylaglamak hakynda resminamalar saklamak üçin döwlete berilmelidir.
15-nji madda. Sylaglanan kärhanalar, edaralar, guramalar, döredijilik toparlary we harby bölümler üýtgedilip guralandan soň we beýleki
halatlarda döwlet sylaglaryny saklamak
1. Sylaglanan kärhana, edara ýa-da gurama üýtgedilip guralan halatynda onuň döwlet sylaglary hukuk oruntutarynda saklanylyp bilner. Döwlet sylaglarynyň hukuk oruntutarda saklanylmagy barada towakganamany üýtgedip guramagy amala aşyrýan edara gozgaýar.
2. Sylaglanan kärhana, edara, gurama ýa-da döredijilik topary ýatyrylanda, şeýle hem harby bölüm dargadylanda döwlet sylaglary we sylaglamak hakynda resminamalar saklamak üçin döwlete berilmelidir.
16-njy madda. Döwlet sylaglaryndan we sylaglaryň aýratyn
görnüşlerinden mahrum etmek
1. Döwlet sylaglary we sylaglaryň aýratyn görnüşleri (döwletiň we jemgyýetiň taryhynda möhüm seneleriň we wakalaryň şanyna döredilýän ýubileý, ýadygärlik medallary we beýleki sylaglar) bilen sylaglanan şahslar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şu halatlarda döwlet sylaglaryndan we sylaglaryň aýratyn görnüşlerinden mahrum edilip bilner:
a) agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat üçin iş kesilende – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň teklipnamasy boýunça;
b) döwlet sylaglaryna we sylaglaryň aýratyn görnüşlerine mynasyp bolan diýen ady abraýdan düşürýän etmiş edilende – sylaglamak hakynda teklipnama hödürlemäge hukukly edaranyň, wezipeli adamyň teklipnamasy boýunça.
2. Döwlet sylaglaryndan we sylaglaryň aýratyn görnüşlerinden mahrum edilende şol döwlet sylaglary we sylaglaryň aýratyn görnüşleri döwlete gaýtarylyp berilmäge degişlidir.
17-nji madda. Döwlet sylaglaryna bolan hukugy dikeltmek we
olaryň öwezlikleri
1. Döwlet sylaglaryndan mahrum edilen şahsyň bu döwlet sylaglaryna bolan hukugyny dikeltmek şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň teklip etmegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar, şunda sylaglanana onuň döwlet sylaglary we sylaglamak hakynda resminamalary gaýtarylyp berilýär.
2. Eger döwlet sylaglarynyň ýitirilmegi tebigy betbagtçylygyň netijesinde ýa-da sylaglanana bagly bolmadyk beýleki sebäpler boýunça bolup geçen bolsa, sylaglananlara döwlet sylaglarynyň we sylaglamak hakynda resminamalaryň öwezlikleri Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça berlip bilner.
18-nji madda. Döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegiň tertibi
1. Döwlet sylaglary bilen sylaglananlar ýa-da olaryň mirasdarlary Türkmenistanyň çäginden daşary gidenlerinde döwlet sylaglaryny, şeýle hem sylaglamak hakynda resminamalary özleri bilen alyp gitmäge haklydyrlar.
2. Döwlet sylaglaryna bolan hukuk degişli resminamalar bilen tassyklanylmadyk döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmek gadagandyr.
3. Gymmat bahaly metallardan bolan döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.
4. Döwlet sylaglaryna bikanun eýelik edýän şahslardan alnan döwlet sylaglary degişli döwlet edaralaryna berilýär.
VI BAP. DÖWLET SYLAGLARY HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ
BOZULANLYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK
19-njy madda. Döwlet sylaglaryny bikanun döretmek,
taýýarlamak we dakynmak
1. Döwlet sylaglaryny bikanun döretmek, Türkmenistanyň, Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň ordenleri we medallary, hormatly atlarynyň döşe dakylýan nyşanlary bilen daşky görnüşi boýunça meňzeşligi bolan döşe dakylýan we beýleki nyşanlary taýýarlamak we dakynmak gadagandyr.
2. Türkmenistanyň, Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň ordenini, medalyny, hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanyny dakynmaga hukugy bolmadyk adamyň dakynmagy, şeýle hem döwlet sylaglary babatynda beýleki bikanun hereketleriň edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
20-nji madda. Döwlet sylaglary bilen geleşikleriň gadagan edilmegi
1. Türkmenistanyň, Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň ordenleri, medallary, hormatly atlarynyň döşe dakylýan nyşanlary bilen geleşikleri (satyn almak, satmak, çalyşmak, sowgat etmek we beýlekiler) amala aşyrmak gadagandyr.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan geleşikleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär, ordenler, medallar, hormatly atlaryň döşe dakylýan nyşanlary bolsa döwlete gaýtarylýar.
VII BAP. GEÇIŞ WE JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
21-nji madda. Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň döwlet sylaglaryny ykrar etmek
Türkmenistan Türkmenistanyň raýatlarynyň mynasyp bolan Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň döwlet sylaglaryny (ordenler, medallar we hormatly atlar) ykrar edýär.
22-nji madda. Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň döwlet sylaglarynyň ýeňillikleri
Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan Türkmenistanyň raýatlary şol sylaglar hakynda kanunçylykda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
23-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Türkmenistanyň kanunçylygy şu Kanuna laýyk getirilýänçä, ol şu Kanuna garşy gelmeýän böleginde hereket edýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 18-nji iýuny.
№ 409-V.