Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin

Döwlet býujeti hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 155-madda)

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 103571,6 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 104871,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 18223,1 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 19523,1 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň ahyrky derejesini 1300,0 mln. manat möçberde bellemeli.

2017-nji ýylda Döwlet býujetine goşmaça çeşmelerden geljek girdejiler, çekilen içerki we daşarky karzlar býujet ýetmezçiliginiň üstüni ýapmak üçin çeşme bolup durýar diýip bellemeli.

 

3-nji madda

Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 96347,3 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 97647,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 10998,8 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 12298,8 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

4-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2017-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

 

Goşulan baha üçin

salgytdan

Peýdadan alynýan

salgytdan

Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri

21%

20,6%

21%

Ahal welaýaty

95%

95%

95%

Balkan welaýaty

22%

21,7%

22%

Daşoguz welaýaty

95%

95%

95%

Lebap welaýaty

92%

91,2%

92%

Mary welaýaty 

95%

95%

95%

 

5-nji madda

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara              1260,2 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Ahal welaýaty

201,7

mln. manat
Daşoguz welaýaty

 898,9

mln. manat
Mary welaýaty

159,6 

   mln. manat

 

6-njy madda

Ýerli býujetleri 8484,6 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri

1869,1 

    mln. manat
Ahal welaýaty

1161,7 

    mln. manat
Balkan welaýaty

983,5 

    mln. manat
Daşoguz welaýaty

1341,5 

    mln. manat
Lebap welaýaty

1697,4 

    mln. manat
Mary welaýaty

1431,4 

    mln. manat

 

7-nji madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň                             Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

№ 474-V.