Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Psihiatrik kömek bermek hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Psihiatrik kömek bermek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 158-madda)  

(25.11.2017 ý. № 661-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetme bilen) 

 

Şu Kanun psihiatrik kömek bermegiň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň hukuk we guramaçylyk esaslarynyň kesgitlenilmegine we ol berilýän mahalynda raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler  şulary aňladýar:

1) psihiatrik kömek – psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň keseliniň öňüniň alynmagyna, psihiki bozulmasynyň anyklanylmagyna, bejerilmegine we saglygynyň dikeldilmegine ýa-da özünde psihiki bozulmanyň bardygyna çak etmäge esas bolup durýan hereketleri edýän adamyň psihiki ýagdaýynyň barlanylmagyna gönükdirilen çäreleriň toplumy;

2) psihiki bozulma – adamyň psihiki saglygynyň biologik, fiziki, himiki, psihologik, durmuş we beýleki ýagdaýlaryň täsir etmegi netijesinde beýniniň işiniň bozulmagy bilen şertlendirilen we degişli anyklama bilen bellenilýän ýagdaýy;

3) psihiki saglyk – adamyň ruhy abadançylygynyň, onuň töwerekdäki hakykata, öz psihiki ýagdaýyna we psihiki bozulmasy bolmaýan özüni alyp barşyna barabar akyl ýetirmek ukyby bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýy;

4) syrkaw – psihiki bozulmadan ejir çekýän, gatnap ýa-da ýatymlaýyn şertlerde psihiatrik kömegi alýan adam;

5) psihiatrik kömegi berilýän adamyň wekili – on sekiz ýaşyna ýeten psihiatrik kömegi berilýän adamyň adyndan we tabşyrmagy boýunça onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen hereket edýän adam (mundan beýläk − wekil);

6) hünärmen lukman – ýokary lukmançylyk bilimi bolan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda psihiatrik kömegiň guralmagy we berilmegi bilen baglanyşykly saglygy goraýyş işi bilen meşgullanmaga hukugy bolan adam;

7) psihiatrik güwä geçilmegi – adamda psihiki bozulmanyň ýa-da oňa psihiatrik kömek bermek zerurlygynyň bardygyny kesgitlemek maksady bilen geçirilýän lukmançylyk barlagy;

8) psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň hassahana ýerleşdirilmegi – psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň psihiatrik (psihonewrologik) edara (mundan beýläk − psihiatrik edara) ýerleşdirilmegi;

9) psihiatrik edara – işiniň esasy görnüşi psihiatrik kömek bermek bolup durýan saglygy goraýyş edarasy, şeýle hem psihiatrik kömek berýän başga saglygy goraýyş edarasynda ýerleşýän psihiatrik bölüm        (iş otagy).

         

         2-nji madda. Türkmenistanyň psihiatrik kömek bermek

     hakynda kanunçylygy

         Türkmenistanyň psihiatrik kömek bermek hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň psihiatrik kömek bermek çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir. 

 

4-nji madda. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlara

   döwlet kepillikleri

Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlara döwlet tarapyndan şular kepillendirilýär:

1) olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy;

2) gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde oňat hilli we howpsuz psihiatrik kömegiň berilmegi;

3) olara durmuş goldawynyň berilmegi üçin zerur bolan beýleki çäreleriň görülmegi.

 

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlara başga döwlet kepillikleri hem berlip bilner.

 

5-nji madda. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň

   esasy hukuklary

Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň esasy hukuklary şulardyr: 

1) raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň amala aşyrylmagyna;

2) özüne adam mertebesiniň kemsidilmegini aradan aýyrýan, hormat we ynsanperwerlik bilen garalmagyna; 

3) ykdysady taýdan ezilmeden, jyns gatnaşyklary we beýleki görnüşli zorluklardan goralmagyna;

4) oňat hilli we howpsuz psihiatrik kömegiň berilmegine;

5) işe ýerleşmekde, täze hünärleri öwrenmekde ýardam berilmegine;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda hossarlyk edilmegine;

7) durmuş taýdan goldanylmaga;

8) özüniň hukuklary, psihiki saglygynyň ýagdaýy baradaky maglumatlary, şeýle hem özünde bar bolan psihiki bozulmanyň häsiýeti we psihiatrik kömek bermegiň ulanylýan usullary barada özüne elýeter görnüşde maglumatlary almaga, görkezilen maglumatlaryň onuň janyna we saglygyna zyýan ýetirip biljek halatlary muňa degişli däldir;

9) hünärmen lukmany erkin saýlamaga we onuň hünär derejesi barada maglumat almaga;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde adwokatyň kömek bermegine;

11) zerur bolan halatlarda terjimeçiniň hyzmatlaryndan tölegsiz  peýdalanmaga;

12) özüniň psihiki saglygynyň ýagdaýy öwrenilýän ylmy barlaglara, bilim işiniň gidişine meýletinlikde gatnaşmaga, şeýle hem olara gatnaşmakdan ýüz döndermäge.

 

6-njy madda. Psihiatrik kömek berilýän adama 

    wekilçilik edilmegi

1. Psihiatrik kömek berilýän adamyň özüniň saýlamagy boýunça hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy üçin wekilini çagyrmaga hukugy bardyr. 

Wekilçiligiň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilmelidir.

2. Psihiatrik kömek berilýän kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny olaryň ata-eneleri (başga kanuny wekilleri), olar bolmadyk halatlarynda bolsa – hossarlyk we howandarlyk edarasy amala aşyrýarlar.

3. Psihiatrik kömek berilýän adamyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny adwokat hem amala aşyryp biler. Şunda, psihiatrik edaranyň administrasiýasy, şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendinde we 21-nji maddasynyň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, psihiatrik kömek berilýän adamyň adwokaty çagyrmak mümkinçiligini üpjün etmäge borçludyr. Adwokaty çagyrmak we onuň hyzmatlaryny tölemek  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Psihiki bozulmanyň ýoklugynyň ýuridik 

   taýdan dogry hasaplanylmagy

1. Özünde psihiki bozulmanyň bardygy şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde belli edilmese, ol adamda psihiki bozulma ýok diýlip hasap edilýär.

2. Hiç kim özünde psihiki bozulmany kesgitlemek maksady bilen, lukmançylyk barlagyndan geçmäge mejbur edilip bilinmez, şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

 

8-nji madda. Hünär işiniň aýry-aýry görnüşleriniň we

   ýokary howplulygy bolan çeşme bilen

   baglanyşykly işiň ýerine ýetirilmeginiň

   çäklendirilmegi

1. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adam psihiki bozulmanyň netijesinde hünär işiniň aýry-aýry görnüşlerini we ýokary howplulygy bolan çeşme bilen baglanyşykly işi amala aşyrmaga ýaramsyz diýlip wagtlaýyn (bäş ýyldan köp bolmadyk möhlete we soňra gaýtadan güwä geçilme hukugy bilen) ykrar edilip bilner. 

2. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň hünär işiniň aýry-aýry görnüşlerini we ýokary howplulygy bolan çeşme bilen baglanyşykly işi amala aşyrmaga ýaramsyz diýlip ykrar edilmegi, onuň saglyk ýagdaýyna baha bermegi netijesinde lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar. 

 

9-njy madda. Psihiatrik kömek bermegiň çygrynda

    maliýeleşdirmek

Psihiatrik kömek bermegiň çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

II BAP. PSIHIATRIK KÖMEK BERMEGIŇ ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GÖZEGÇILIK

 

10-njy madda. Psihiatrik kömek bermegiň çygrynda döwlet

      tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi

      amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde psihiatrik kömek bermegiň çygrynda işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralary psihiatrik kömek bermegiň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

 

11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

      ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti psihiatrik kömek bermegiň çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) ygtyýarly edaranyň we psihiatrik kömek bermek çygrynda işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

12-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara psihiatrik kömek bermegiň çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) şulary tassyklaýar:

a) Psihiatrik kömek bermegiň tertibini;

b) Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlaryň hassahana ýerleşdirilmeginiň tertibini;

4) psihiatrik edaralaryň işini utgaşdyrýar, olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar; 

5) psihiatrik bilermenler seljermesiniň geçirilmegini guraýar;

6) psihiatrik kömek berilýän mahalynda geçirilýän çäreleriň hiline, esaslylygyna we netijeliligine baha bermegi amala  aşyrýar;

7) psihiatrik güwä geçilmeginiň geçirilmegini guraýar;

8) psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlary saglygy goraýyş, durmuş we zähmet çäreleriniň geçirilmegi arkaly olary maşgala we jemgyýetçilik durmuşyna, zähmet işine goşmak maksady bilen, olaryň saglygy goraýyş-durmuş taýdan dikeldilmegini guraýar;

9) psihiatrik kömek bermek boýunça iş bilen meşgullanýan saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaklygy, gaýtadan taýýarlamaklygy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaklygy amala  aşyrýar; 

10) psihiatrik edaralaryň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýar;

11) ygtyýarlyklarynyň çäginde psihiatrik kömek bermek çygrynda iş alyp barýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we beýleki döwlet edaralary bilen özara hereket edýär;

12) ilat arasynda psihiki bozulmanyň öňüni almagyň we bejermegiň usullary barada äň-bilim işlerini geçirýär;

13) psihiatrik kömek bermegiň çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar; 

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

13-nji madda. Psihiatrik kömek bermek çygrynda iş alyp

     barýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, beýleki döwlet edaralary psihiatrik kömek bermek      çygrynda:

1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) psihiatrik kömek bermek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;

 

3) psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlary maşgala we jemgyýetçilik durmuşyna, zähmet işine goşmak maksady bilen, olaryň saglygy goraýyş-durmuş taýdan dikeldilmeginiň guralmagyna ýardam edýärler;

4) psihiatrik kömek berýän saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegine ýardam edýärler;

5) psihiki bozulmanyň öňüni almagyň we bejermegiň usullary barada ilat arasynda äň-bilim işleriniň geçirilmegine ýardam edýärler;

6) psihiatrik edaralaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

III BAP. PSIHIATRIK KÖMEK BERMEGIŇ

GURALYŞY

 

14-nji madda. Psihiki bozulmanyň anyklamasynyň 

     bellenilmegi

1. Psihiki bozulmanyň anyklamasy barlanylýan adamyň psihiki saglygynyň ýagdaýy baradaky lukmançylyk netijenamasy esasynda bellenilýär. Görkezilen anyklamany bellemek diňe hünärmen lukmanyň ýa-da lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň hukugy bolup durýar.

2. Psihiki bozulmanyň anyklamasy Keselleriň halkara toparlara bölünişinde görkezilen psihiki bozulmany toparlara bölmegiň hasaba alynmagy bilen bellenilýär.

 

15-nji madda. Psihiatrik güwä geçilmegi

1. Psihiatrik güwä geçilmegi − barlanylýan adamyň haýyşy ýa-da razylygy bilen, ýa-da onuň wekiliniň razylygy bilen, eger barlanylýan adam kämillik ýaşyna ýetmedik adam ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam bolsa, onda onuň ata-enesiniň (başga kanuny wekiliniň) haýyşy ýa-da razylygy bilen geçirilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamyň ata-enesiniň (başga kanuny wekiliniň) biri garşy bolan ýa-da ol bolmadyk halatynda, bu adamlara psihiatrik güwä geçilmegi hossarlyk we howandarlyk edarasynyň çözgüdi boýunça geçirilýär. 

 

2. Şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen halatlarda barlanylýan adamlaryň psihiatrik güwä geçilmegi olaryň razylygy bolmazdan, olaryň wekilleriniň, ata-enesiniň (başga kanuny wekiliniň), hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň razylygy bolmazdan geçirilip bilner (mundan beýläk – adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi).

3. Eger barlanylýan adamyň şu Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça dispanser gözegçiliginde bolýan halatlarynda, adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi geçirilip bilner.

4. Psihiatrik güwä geçilmegiň maglumatlary we barlanylýan adamyň psihiki saglygynyň ýagdaýy barada netijenama saglygy goraýyş resminamalaryna girizilýär, şeýle hem hünärmen lukmana ýüz tutulmagynyň sebäpleri we saglygy goraýyş maslahatlary görkezilýär.

 

16-njy madda. Adama mejbury tertipde psihiatrik 

      güwä geçilmegi

1. Adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi, eger bar bolan maglumatlara görä barlanylýan adam özünde şu aşakdakylary şertlendirýän agyr psihiki bozulmanyň bardygyny çak etmäge esas berýän hereketleri amala aşyrýan halatlarynda geçirilýär, ýagny:

1) onuň özi ýa-da daş-töwerekdäkiler üçin gönüden-göni howplulygyny;

2) onuň biçäreligini (esasy durmuş zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyryp bilmezligi);

3) eger görkezilen adam psihiatrik kömeksiz goýulsa, onuň psihiki saglygynyň ýaramazlaşmagy netijesinde janyna we saglygyna zelel ýetmegini.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde we şu Kanunyň  15-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda, adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi barada çözgüt hünärmen lukman tarapyndan özbaşdak kabul edilýär. Bu görkezilen ýagdaýlarda raýatlaryň hünärmen lukmana adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi baradaky ýüz tutmasy dilden bolup biler.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda, hünärmen lukman tarapyndan adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi baradaky netijenama kazyýetiň çözgüdi esasynda kabul edilýär.

 

17-nji madda. Adama mejbury tertipde psihiatrik güwä

     geçilmegi barada arza bermegiň we çözgüt

     kabul etmegiň tertibi

1. Şu Kanunyň 15-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi barada çözgüt şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen psihiatrik güwä geçilmegi üçin esaslaryň bardygy barada maglumatlary bolan arza boýunça hünärmen lukman tarapyndan kabul edilýär. Bu arza mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegine degişli adamyň wekilleri, ata-enesi (başga kanuny wekilleri), dürli ugurlardan bolan lukmanlar we başga adamlar tarapyndan berlip bilner.

2. Aýratyn halatlarda, eger-de bar bolan maglumatlara görä adam özi ýa-da öz daş-töweregindäkiler üçin gös-göni howp döredýän bolsa, adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi baradaky arza dilden berlip biler. Adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmegi baradaky çözgüt hünärmen lukman tarapyndan dessine kabul edilmelidir we saglygy goraýyş resminamalarynda ýazgy bilen resmileşdirilmelidir. Eger-de hünärmen lukman görkezilen arzada şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen ýagdaýlaryň bardygy baradaky maglumatlaryň ýokdugyny anyklasa, adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmeginden delillendirilen ýüz öwürmäni ýazmaça görnüşde resmileşdirmäge borçludyr. 

3. Eger hünärmen lukman adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmeginiň zerurlygy baradaky arzanyň esaslydygyny anyklan halatynda, ol görkezilen adamyň ýaşaýan ýerindäki kazyýete özüniň ýazmaça netijenamasyny, şeýle hem görkezilen güwä geçilmegiň geçirilmeginiň zerurlygy barada arzany ibermäge borçludyr. Şonda kazy görkezilen arzany alan gününden soň üç günüň dowamynda oňa seretmelidir we degişli çözgüdi çykarmalydyr.

4. Kazyýetiň adama mejbury tertipde psihiatrik güwä geçilmeginiň zerurdygy baradaky çözgüdine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

 

18-nji madda. Psihiatrik kömegiň gatnawly we ýatymlaýyn

     şertlerde berilmegi

1. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adama psihiatrik kömek saglygy goraýyş görkezmelerine görä gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde berlip bilner.

 

2. Gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde psihiatrik kömek hünärmen lukman tarapyndan psihiki bozulmadan ejir çekýän adam ýüz tutan mahalynda – onuň haýyşy boýunça ýa-da onuň razylygy bilen, ýa-da onuň wekiliniň haýyşy boýunça ýa-da razylygy bilen, eger psihiki bozulmadan ejir çekýän ýüz tutan adam kämillik ýaşyna ýetmedik adam ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam bolsa, onda onuň ata-enesiniň (başga kanuny wekiliniň) haýyşy boýunça ýa-da razylygy bilen berilýär.

 

19-njy madda. Dispanser gözegçiligi

1. Agyr durnukly ýa-da ýygy-ýygydan ýitileşýän ýarawsyzlyk alamatlary bilen ýüze çykmalary bolan ötüşen we uzaga çeken psihiki bozulmadan ejir çekýän adama dispanser gözegçiligi bellenilip bilner.

Görkezilen adama dispanser gözegçiligini bellemegiň zerurlygy we onuň bes edilmegi hakynda çözgüt gatnawly şertlerde  psihiatrik kömek berýän psihiatrik edaranyň lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan kabul edilýär. Lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň çözgüdi saglygy goraýyş resminamalarynda ýazgy edilmegi bilen resmileşdirilmelidir. 

2. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adama öň bellenen dispanser gözegçiligi ol sagalanda ýa-da psihiki saglyk ýagdaýy ep-esli we durnukly gowulanan mahalynda bes edilmelidir.

3. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adama dispanser gözegçiligi bes edilenden soň onuň psihiki saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan halatynda lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan psihiatrik güwä geçilmegi geçirilmelidir, onuň netijeleri boýunça dispanser gözegçiligini dikeltmek barada çözgüt kabul edilip bilner. 

 

20-nji madda. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamy

     hassahana ýerleşdirmek üçin esaslar

1. Hünärmen lukmanyň psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň lukmançylyk barlagyny geçirmek ýa-da ýatymlaýyn şertlerde bejermek hakynda netijenamasy görkezilen adamyň hassahana ýerleşdirilmegi üçin esas bolup durýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde psihiatrik bilermenler seljermesiniň geçirilmeginiň zerurlygy hem görkezilen adamy psihiatrik edara ýerleşdirmek üçin esas bolup biler.

2. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň hassahana ýerleşdirilmegi onuň haýyşy ýa-da onuň razylygy bilen, şu Kanunyň  21-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, onuň            razylygy bolmazdan ýa-da onuň wekiliniň razylygy bolmazdan (mundan beýläk – mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek) amala aşyrylyp bilner.

Eger-de psihiki bozulmadan ejir çekýän adam kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam bolan halatlarynda onuň hassahana ýerleşdirilmegi ata-enesiniň biriniň (başga kanuny wekiliniň) haýyşy boýunça ýa-da razylygy bilen amala aşyrylýar. Şeýle razylyga görkezilen adam ýa-da onuň ata-enesiniň biri (başga kanuny wekili) we hünärmen lukman tarapyndan gol çekilmelidir we saglygy goraýyş resminamalarynda ýazgy bilen resmileşdirilmelidir. 

3. Psihiki bozulmadan ejir çekýän kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamyň hassahana ýerleşdirilmegi, olaryň ata-enesiniň biriniň (başga kanuny wekiliniň) ýa-da ata-enesi (başga kanuny wekili) bolmadyk halatynda, hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.

4. Psihiki bozulmadan ejir çekýän hassahana ýerleşdirilen adam ýatymlaýyn şertlerde psihiatrik kömek berýän psihiatrik edaralarda bolýan bütin döwrüniň dowamynda zähmete wagtlaýyn ukypsyz diýlip ykrar edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet kömek puluny almaga hukugy bardyr. 

 

21-nji madda. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek

     üçin esaslar

Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek, eger psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň lukmançylyk barlagy ýa-da bejerilmegi diňe ýatymlaýyn şertlerde mümkin bolsa, onuň psihiki bozulmasy agyr we şu aşakdakylary şertlendirýän bolsa amala aşyrylyp bilner:

1) onuň özi ýa-da öz daş-töweregindäkiler üçin gönüden-göni howplulygyny;

2) onuň biçäreligini (esasy durmuş zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyryp bilmezligini);

3) eger görkezilen adam psihiatrik kömeksiz goýulsa, onuň psihiki saglygynyň ýaramazlaşmagy netijesinde janyna we saglygyna zelel ýetmegini.

 

 

22-nji madda. Bejergiden ýüz öwrülmegi

1. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamyň ýa-da onuň wekiliniň şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, teklip edilýän bejergiden ýüz öwürmäge ýa-da ony bes etmäge hukugy bar.

2. Bejergiden ýüz öwren psihiki bozulmadan ejir çekýän adama ýa-da onuň wekiline bejergiden ýüz öwürmäniň ýa-da bejergini bes etmeginiň getirip biljek netijeleri düşündirilmelidir.

Bejergiden ýüz öwrülmegi görkezilen adamyň psihiatrik edaradan çykarylmagy üçin esas bolup biler. Bejergiden ýüz öwrülmegi  bejergiden ýüz öwürmegiň getirip biljek netijeleri barada degişli maglumatlaryň görkezilmegi bilen  saglygy goraýyş resminamalarynda ýazgy edilip resmileşdirilmelidir. 

 

23-nji madda. Psihiatrik kömek berlen mahalynda adamlaryň

     howpsuzlygyny üpjün etmegiň çäreleri

1. Ýatymlaýyn şertlerde psihiatrik kömek bermek hassahana ýerleşdirilen adamyň we başga adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän şertlerde, saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan syrkawlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmeginde amala aşyrylmalydyr.

2. Adam mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen mahalynda fiziki gysyş ýa-da aýry saklamak çäreleri, eger-de hünärmen lukmanyň pikirine görä, syrkawyň özi üçin ýa-da öz daş-töweregindäki adamlar üçin gös-göni howp döredýän hereketleriniň öňüni beýleki usullar bilen alyp bolmaýan halatlarda, görnüşlerde we diňe şol döwrüň dowamynda ulanylýar.

Görkezilen adam babatda fiziki gysyş ýa-da aýry saklamak çäreleri diňe saglygy goraýyş işgärleriniň hemişelik gözegçiligi astynda ulanylmalydyr. Fiziki gysyş ýa-da aýry saklamak çäreleriniň ulanylmagynyň görnüşleri, esaslary we wagtynyň döwri baradaky maglumatlar saglygy goraýyş resminamalarynda ýazgy bilen resmileşdirilmelidir.

3. Adam mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen mahalynda Içeri işler edaralarynyň işgärleri saglygy goraýyş işgärlerine ýardam bermäge we hassahana ýerleşdirilýän adamyň ýanyna barylmagy we oňa seredilmegi üçin howpsuz şertleri üpjün etmäge borçludyrlar. Hassahana ýerleşdirilýän adamyň daş-töwerekdäki adamlaryň janyna ýa-da saglygyna howp salýan hereketleriniň öňüni almak zerurlygy ýüze çykan halatynda, şeýle hem mejbury hassahana ýerleşdirilmäge degişli adamy gözlemek ýa-da tutup saklamak zerurlygy bolan mahalynda içeri işler edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipdäki hereketleri amala aşyrmalydyrlar.

 

24-nji madda. Ata-enesiniň (başga kanuny wekilleriniň)

     haýyşy boýunça ýa-da olaryň razylygy bilen

     hassahana ýerleşdirilen kämillik ýaşyna 

     ýetmedik adama ýa-da kanunda bellenilen

     tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen

     adama psihiatrik güwä geçilmegi

1. Ata-enesiniň (başga kanuny wekilleriniň) haýyşy boýunça ýa-da olaryň razylygy bilen hassahana ýerleşdirilen kämillik ýaşyna ýetmedik adam ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam şu Kanunyň 25-nji maddasyndа göz öňünde tutulan tertipde lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan hökmany psihiatrik güwä geçilmegine degişlidir. Görkezilen adam ilkinji alty aýyň dowamynda hassahana ýerleşdirilmeginiň möhletiniň uzaldylmagy baradaky meseläniň çözülmegi üçin azyndan aýda bir gezek lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan psihiatrik güwä geçilmegine degişlidir. Görkezilen adamyň hassahanada bolmagynyň möhleti alty aýdan köp wagta uzaldylan mahalynda psihiatrik güwä geçilmegi lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan azyndan alty aýda bir gezek geçirilmelidir.

2. Lukmançylyk-maslahat beriş topary ýa-da psihiatrik edaranyň administrasiýasy tarapyndan kämillik ýaşyna ýetmedik adam ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam ata-enesi (başga kanuny wekili) tarapyndan hassahana ýerleşdirilen mahalynda ýol berlen hyýanatçylyklaryň edilendigi ýüze çykarylan halatynda, psihiatrik edaranyň administrasiýasy hassahana ýerleşdirilen adamlaryň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna bu barada habar bermelidirler. 

 

25-nji madda. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen 

                         psihiki bozulmadan ejir çekýän adama 

                         hökmany psihiatrik güwä geçilmegi

Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen psihiki                          bozulmadan ejir çekýän adam kyrk sekiz sagadyň dowamynda mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmegiň esaslydygy barada çözgüt kabul etmeli hem-de degişli netijenamany bermeli lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan hökmany psihiatrik güwä geçilmegine degişlidir. Lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň görkezilen adamy mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmeginiň zerurlygy baradaky netijenamasy hökmany psihiatrik güwä geçilmegi geçirilenden soň, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň kadalaryna laýyklykda psihiatrik edaranyň ýerleşýän ýerindäki kazyýete iberilmelidir. 

 

26-njy madda. Kazyýet tarapyndan mejbury tertipde 

      hassahana ýerleşdirmek baradaky 

      arza seredilmegi 

1. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek baradaky arza kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň kadalaryna laýyklykda seredilýär.

2. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek baradaky arza kazyýete psihiatrik edaranyň administrasiýasy tarapyndan berilýär. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek üçin esaslary özünde jemleýän arzanyň ýanyna lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmegiň zerurlygy baradaky netijenamasy goşulmalydyr. 

3. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmäge degişli adama onuň hassahana ýerleşdirilmegi baradaky meselä kazyýet tertibinde seredilende onuň hut özüniň gatnaşmagyna hukuk berilmelidir. Eger psihiatrik edaranyň wekilinden alnan maglumatlara görä, hassahana ýerleşdirilýän adamyň psihiki saglyk ýagdaýy oňa özüniň mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmegi baradaky meselä kazyýetde seredilen mahalynda onuň özüniň gatnaşmagyna mümkinçilik bermeýän bolsa, onda kazy tarapyndan mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmegi baradaky arza psihiatrik edarada seredilmelidir. 

4. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek baradaky arza seredilen mahalynda mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek barada haýyş edýän psihiatrik edaranyň wekiliniň hem-de özi babatda mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmegi baradaky meselesine seredilýän adamyň wekiliniň kazyýet mejlisine gatnaşmagy hökmany bolup durýar.

5. Prokuroryň kazyýet mejlisine gatnaşmaga we mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek hakynda arzanyň esaslydygy babatda kazyýete netijenama bermäge hukugy bardyr.

 

 

27-nji madda. Kazyýetiň mejbury tertipde hassahana

     ýerleşdirmek baradaky arza boýunça çözgüdi

1. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek baradaky arza seredenden soň, kazyýet görkezilen arzanyň kanagatlandyrylýandygy ýa-da kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilýändigi barada çözgüt çykarmaga borçludyr.

Kazyýet tarapyndan mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek baradaky arzanyň esassyzdygy ykrar edilen halatynda, hassahana ýerleşdirilen adam haýal etmän ol ýerden çykarylmaga degişlidir.

Kazyýet tarapyndan mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek baradaky arzany kanagatlandyrmak barada çözgüt çykarylan halatynda, görkezilen çözgüt mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmegi üçin esas bolup durýar.

2. Kazyýetiň mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmek baradaky çözgüdine onuň çykarylan gününden başlap on günüň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

 

28-nji madda. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmegiň

     möhletiniň uzaldylmagy

1. Adamyň psihiatrik edarada bolmagy diňe onuň mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmeginiň esaslarynyň bar bolan wagtynyň içinde dowam edip biler.

2. Mejbury tertipde psihiatrik edara ýerleşdirilen adam ilkinji alty aýyň dowamynda azyndan aýda bir gezek mejbury tertipde hassahanada bolmagynyň möhletiniň uzaldylmagy barada çözgüdiň kabul edilmegi üçin lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan psihiatrik güwä geçilmegine degişlidir. Mejbury tertipde hassahana ýerleşdirmegiň möhleti alty aýdan köp möhlete uzaldylan mahalynda lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan psihiatrik güwä geçilmegi azyndan alty aýda bir gezek geçirilýär.

3. Adam mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen pursadyndan alty aý geçenden soň lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň bu adamyň mejbury tertipde hassahanada bolmagynyň möhletiniň uzaldylmagynyň zerurdygy baradaky netijenamasy psihiatrik edaranyň administrasiýasy tarapyndan kazyýete iberilmelidir.

4. Kazyýet şu Kanunyň 26-njy we 27-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde, mejbury tertipde hassahanada bolmagynyň möhletiniň uzaldylmagy barada çözgüt çykaryp biler.

29-njy madda. Psihiki bozulmadan ejir çekýän kämillik

      ýaşyna ýetmedik adamlary ýörite bilim

      edaralaryna ýerleşdirmegiň esaslary we tertibi

Psihiki bozulmadan ejir çekýän kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň ata-enesiniň (başga kanuny wekiliniň) arzasy we hünärmen lukmandan, mugallymçylyk işgärlerinden we dürli ugurlardaky lukmanlardan ybarat bolan degişli toparyň netijenamasy olaryň ýörite bilim edaralaryna ýerleşdirilmegi üçin esas bolup durýar. Bu toparyň netijenamasynda psihiki bozulmadan ejir çekýän kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň ýörite bilim edarasynda okamagynyň zerurdygy barada maglumatlar bolmalydyr.

 

30-njy madda. Syrkawyň psihiatrik edaradan çykarylmagy

1. Syrkawyň psihiatrik edaradan çykarylmagy ol sagalan halatynda ýa-da onuň psihiki saglygynyň düýpli durnukly gowulaşmagy oňa mundan beýläk ýatymlaýyn şertlerde psihiatrik kömegiň berilmegi talap edilmeýän halatynda amala aşyrylýar.

2. Özüniň haýyşy ýa-da razylygy bilen psihiatrik edara ýerleşdirilen  syrkawyň çykarylmagy görkezilen syrkawyň ýazmaça arzasy ýa-da onuň wekiliniň arzasy boýunça hünärmen lukman bilen ylalaşmak arkaly amala aşyrylýar. 

3. Kazyýetiň degişli çözgüdi esasynda mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen syrkawyň çykarylmagy lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň çykarmagyň esaslydygy hakyndaky netijenamasyna laýyklykda psihiatrik edaranyň administrasiýasynyň çözgüdi ýa-da kazyýetiň mejbury tertipde hassahanada bolmagyň möhletiniň uzaldylmagy hakynda arzany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek barada çözgüdi çykaran  mahalynda amala aşyrylýar. 

4. Eger adamda daş-töwerekdäki adamlar üçin gös-göni howplulygy bilen şertlendirilýän psihiki bozulmanyň bolmagy mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmegi üçin esas bolan bolsa, psihiatrik edaranyň administrasiýasy oňa soňra psihiatrik kömegiň berilmegini gurnamak maksady bilen, onuň çykýan senesi barada syrkawyň ýaşaýan ýerindе (bolýan ýerindе) ýerleşýän psihiatrik edara we içeri işler edarasyna ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr. 

5. Eger özi üçin gös-göni howplulygy bilen şertlendirilýän psihiki bozulmanyň bolmagy adamyň mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilmegine esas bolan bolsa, psihiatrik edaranyň administrasiýasy diňe syrkawyň ýaşaýan (bolýan) ýerindäki psihiatrik edara ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr.

6. Özüniň haýyşy ýa-da razylygy bilen psihiatrik edara ýerleşdirilen syrkawyň lukmançylyk-maslahat beriş topary tarapyndan şu Kanunyň 21-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýda bolýandygy anyklanan halatynda, görkezilen syrkawy hassahanadan çykarmakdan ýüz dönderilip bilner.

 

IV BAP. SYRKAWYŇ HUKUKLARY.

SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERINIŇ BORÇLARY

 

31-nji madda. Psihiatrik edarada bolýan syrkawyň hukuklary

1. Psihiatrik edarada bolýan syrkawa ýa-da onuň wekiline onuň hassahana ýerleşdirilmeginiň esaslary we maksady, onuň hukuklary we borçlary, içerki tertip-düzgüniň kadalary barada olar üçin düşnükli görnüşde we düşnükli dilde saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan habar berilmelidir.

Psihiatrik edarada bolýan syrkawa bu habaryň berilmeginiň fakty saglygy goraýyş resminamalarynda ýazgy bilen resmileşdirilmelidir hem-de oňa syrkawyň özi ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilmelidir.

2. Psihiatrik edarada bolýan syrkawyň şu Kanunyň 5-nji maddasynda bellenilen hukuklardan başga-da goşmaça şulara hukugy bardyr:

1) sanitariýanyň kadalaryna we düzgünlerine, gigiýena kadalyk ölçeglerine laýyk gelýän şertlerde psihiatrik kömegi almaga;

2) tölegsiz ýuridik kömegi almaga;

3) ilkinji zerur zatlary satyn almaga ýa-da almaga, öz egin-eşiginden peýdalanmaga;

4) dynç almaga we boş wagtyny peýdaly geçirmäge;

5) telefondan peýdalanmaga, ýanyna gelýänler bilen gepleşmäge;

6) hat-habarlary, şol sanda žurnallary, gazetleri, hatlary, iberilen zatlary, banderollary, şeýle hem pul geçirmelerini almaga. Gazetlere we žurnallara ýazylmak, telefon gepleşikleri we beýleki hyzmatlar tölegli esasda amala aşyrylýar;

7) psihiatrik kömek berlişiniň meseleleri boýunça gös-göni psihiatrik edaranyň administrasiýasyna (ýolbaşçysyna, bölüm müdirine) ýüz tutmaga;

8) dine uýmagynyň we ynanjynyň erkinligine;

9) saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan oňa psihiatrik kömek berlen mahalynda bikanun hereketleri (hereketsizligi) zerarly onuň janyna we saglygyna ýetirilen zeleliň öweziniň dolunmagyna;

10) oňa psihiatrik kömek berlen mahalynda psihiatrik edaranyň administrasiýasynyň hereketlerine (hereketsizligine) şikaýat etmäge.

3. Psihiatrik edarada bolýan syrkaw aýry-aýry ýagdaýlarda, hünärmen lukmanyň maslahaty boýunça onuň janyny halas etmek we saglygyny goramak ýa-da daş-töweregindäki adamlaryň howpsuzlygynyň bähbitleri üçin, şu maddanyň ikinji böleginiň 3-7 bentlerinde görkezilen hukuklarynyň amala aşyrylmagynda çäklendirilip bilner. 

4. Psihiatrik edarada bolýan syrkaw Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki hukuklary hem edinmäge haklydyr.

 

32-nji madda. Psihiatrik edaranyň saglygy goraýyş 

     işgärleriniň borçlary

Psihiatrik edaranyň saglygy goraýyş işgärleri şulara borçludyrlar:

1) syrkawlara zerur saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini üpjün etmäge;

2) syrkawlara sanitariýanyň kadalaryna we düzgünlerine, arassaçylygyň kadalyk ölçeglerine laýyk gelýän şertlerde bolmagynyň üpjün edilmegine;

3) syrkawlaryň saglygynyň bejerilmegi üçin diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige almakdan geçen derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri ulanmaga. Şonda syrkawa derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň bellenilmegi saglygy goraýyş resminamalarynda ýazgy bilen resmileşdirilmelidir;

4) syrkawlara psihiatrik edaranyň içerki tertip-düzgün kadalary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmäge;

5) syrkawyň wekiline, ata-enesiniň birine (başga kanuny wekiline), ýakyn garyndaşlaryna ýa-da onuň görkezmesi boýunça başga adamlara onuň psihiki saglyk ýagdaýynyň üýtgeşmeleri barada habar bermäge;

6) adamyň mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilen pursadyndan başlap üç günüň dowamynda görkezilen adamyň wekiline, ata-enesiniň birine (başga kanuny wekiline), ýakyn garyndaşlaryna ýa-da onuň görkezmesi boýunça başga adamlara onuň mejbury tertipde hassahana ýerleşdirilendigi barada habar bermäge;

7) syrkawlaryň we onuň töweregindäki adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

8) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

2. Ata-ene (başga kanuny wekiller) psihiki bozulmadan ejir çekýän kämillik ýaşyna ýetmedik adama ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adama seretmek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmeýän mahalynda, saglygy goraýyş işgärleri bu barada ata-enäniň (başga kanuny wekilleriň) ýaşaýan (bolýan) ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyrlar. 

 

V BAP. PSIHIATRIK KÖMEGINI BERMEK IŞINIŇ AÝRATYNLYGY

 

33-nji madda. Psihiatrik kömek bermek boýunça

     lukmançylyk işi

1. Psihiatrik kömek bermek boýunça lukmançylyk işini diňe hünärmen lukmanyň amala aşyrmaga hukugy bar. Aýratyn ýagdaýlarda, şu maddanyň ikinji böleginde bellenilen şertleriň ýerine ýetirilmeginiň hasaba alynmagy bilen psihiatrik kömegiň başga saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan berilmegine ýol berilýär.

2. Psihiatrik kömegiň berilmegine gatnaşýan başga saglygy goraýyş işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde ýörite taýýarlygy geçmelidirler hem-de psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlar bilen özbaşdak işlemäge goýberilmek üçin öz hünär derejesini tassyklatmalydyr. 

3. Hünärmen lukmanyň, psihiatrik kömegiň berilmegine gatnaşýan başga saglygy goraýyş işgärleriniň psihiatrik edaranyň administrasiýasynyň rugsady bilen görkezilen edaranyň içerki tertip-düzgüniň kadalaryny bozan syrkawa psihiatrik kömegi bermekden ýüz öwürmäge haky bardyr, muňa syrkawda şu aşakdakylaryň barlygyny şertlendirýän ýagdaýlar degişli däldir:

1) onuň özi ýa-da öz daş-töweregindäkiler üçin gönüden-göni howplulygynyň;

2) onuň biçäreliginiň (esasy durmuş zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyryp bilmezligi);

3) eger görkezilen adam psihiatrik kömeksiz goýulsa, onuň psihiki saglygynyň ýaramazlaşmagy netijesinde janyna we saglygyna zelel ýetmek mümkinçiliginiň.

 

34-nji madda. Psihiatrik kömek berýän mahalynda

     hünärmen lukmanyň garaşsyzlygy

1. Hünärmen lukman psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlara özüniň anyklama bellеmek çözgüdinde, olara saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi we olaryň jemgyýet üçin howply hereketleri edip bilmekleriniň öňüniň alynmagy bilen baglanyşykly borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda öz işinde garaşsyzdyr. Bu ýagdaýlarda çözgüt kabul edende hünärmen lukman diňe saglygy goraýyş görkezmelerine we lukmanyň borjuna gollanmalydyr. 

2. Pikiri lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň agzalarynyň pikiri bilen gabat gelmeýän hünärmen lukmanyň öz pikirini ýazmaça görnüşde beýan etmäge hukugy bardyr, ol soňra saglygy goraýyş resminamalaryna çatylyp goýulmalydyr.

 

35-nji madda. Hünärmen lukmanlara, psihiatrik 

     kömegiň berilmegine gatnaşýan başga

     saglygy goraýyş işgärlerine berilýän

     kepillikler we ýeňillikler

1. Hünärmen lukmanlaryň, psihiatrik kömegiň berilmegine gatnaşýan beýleki saglygy goraýyş işgärleriniň zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işlerde işleýän işgärler üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýeňilliklere we kepilliklere hukuklary bardyr, şeýle hem olar gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda janyna ýa-da saglygyna zeper ýetirilen ýagdaýynda döwlet tarapyndan hökmany ätiýaçlandyrylmaga degişlidirler.

2. Psihiatrik kömegiň berilmegine gatnaşýan adamyň zähmete bolan ukybyny wagtlaýyn ýitirmegine getiren, onuň janyna ýa-da saglygyna zeper ýetirilen ýagdaýynda bu adama ýetirilen zeperiň agyrlygyna görä, ýyllyk zähmet haklarynyň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilmelidir. Maýyplyk ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi psihiatrik kömegiň berilmegine gatnaşýan adamyň zähmete bolan ukybyny ýitirmeginiň derejesine görä, bir ýyldan bäş ýyla                çenli zähmet haklarynyň möçberinde ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilýär, ol ýogalan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň mirasdüşerlerine ýyllyk zähmet haklarynyň on essesi möçberinde tölenilmelidir.

 

 

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

36-njy madda. Şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilişine

      prokuror gözegçiligi 

Şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar tarapyndan amala aşyrylýar. Olar özlerine berlen ygtyýarlyklara laýyklykda psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlaryň bozulan hukuklaryny dikeltmek we kanuny bähbitlerini goramak, günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri görýärler.

 

37-nji madda. Psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlaryň

     hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý

     edilişine jemgyýetçilik barlagy

1. Jemgyýetçilik birleşikleri öz tertipnamalaryna (düzgünnamalaryna) laýyklykda, psihiki bozulmadan ejir çekýän adamlaryň haýyşy boýunça ýa-da olaryň razylygy bilen olara psihiatrik kömek berilýän mahalynda olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilişine jemgyýetçilik barlagyny amala aşyryp bilerler.

2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň psihiatrik edaralaryň administrasiýasyndan psihiatrik kömegi alýan adamlaryň ýa-da olaryň wekilleriniň, ýa-da olaryň ata-enesiniň biriniň (başga kanuny wekiliniň) razylygy bilen, şu Kanunda göz öňünde tutulan möçberde saglygy goraýyş maglumatlaryny almaga hukuklary bar.

 

38-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

39-njy madda. Jedelleriň çözülişi

Psihiatrik kömek bermek çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär. 

 

40-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Şu Kanun güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

 

1993-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky «Psihiatriki kömek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 65-nji madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň                  X bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2,     33-nji madda).

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 2017-nji ýylyň                           1-nji ýanwaryna çenli möhletde şu Kanundan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary taýýarlamaly we bellenilen tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

№ 477-V.