Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda (rejelenen görnüşi)

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Türkmenistanyň Adatdan daşary we

Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda

(rejelenen görnüşi)

 

2002-nji ýylyň 5-nji iýuly 

 

(rejelenen görnüşi - 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 161-madda)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň işiniň hukuk esaslaryny, hukuklaryny we borçlaryny, ony wezipä bellemegiň, wezipeden boşatmagyň we yzyna çagyrmagyň tertibini kesgitleýär.

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Adatdan daşary we 

   Doly ygtyýarly Ilçisi 

1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (mundan beýläk ‒ Ilçi) bolýan döwletinde Türkmenistanyň resmi taýdan bellenen ýokary derejeli wekili bolup durýar.

2. Ilçi bolýan döwletinde Türkmenistana wekilçilik edýär, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş hem-de hereket edýär, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ýöredilmegini, Türkmenistanyň milli bähbitleriniň, özygtyýarlylygynyň, howpsuzlygynyň, çäk bitewüliginiň, bolýan döwletinde Türkmenistanyň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň goragyny üpjün edýär.

 

2-nji madda. Ilçiniň işiniň hukuk esaslary

1. Ilçi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny goldanýar. 

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Ilçiniň wezipä bellenilmegi

1. Öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin belent şahsy häsiýetlere eýe bolan, ýokary bilimi, zerur hünäri we guramaçylyk taýdan ukyp-başarnygy bolan Türkmenistanyň raýaty Ilçi bolup biler.

2. Ilçi wezipesine bellenilen tertipde daşary ýurt döwletiniň deslapky razylygy (agreman) alnandan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

 

4 -nji madda. Ilçiniň diplomatik derejesi

«Diplomatik derejeler hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ilçä Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi diýen diplomatik dereje berilýär.

 

5-nji madda. Ilçi tarapyndan ynanç hatynyň gowşurylmagy we

   onuň wezipä girişmegi

1. Bellenilen döwletine gidýän Ilçä Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen, kontrassiglenen ynanç haty, kabul edýän döwletiň baştutanyna şol ýurtda hereket edýän tertibe laýyklykda gowşurylýar.

2. Ilçi, bolýan döwletinde özüniň wezipelerini ýerine ýetirmäge şol döwletde hereket edýän tejribä laýyklykda girişýär, ýagny:

1) ýa ynanç hatyny özüniň bellenen döwletiniň baştutanyna gowşuran pursadyndan;

2) ýa-da bellenen döwletinde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň gelendigini habar beren we ynanç hatynyň tassyklanan nusgasyny gowşuran pursadyndan.

 

6-njy madda. Ilçiniň birnäçe daşary ýurt döwletlerinde we

    halkara guramalarynda wezipä bellenilmegi

Ilçi, eger bolýan döwletleriniň islendik biri tarapyndan garşylyk bildirilmese, onda ol şol bir wagtda döwletleriň birnäçesinde wezipä bellenip bilner. Ol, şeýle hem islendik halkara guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilligine bellenip bilner.

 

7-nji madda. Ilçiniň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmek

Ilçiniň bolýan döwletinde wagtlaýyn bolmadyk halatynda onuň wezipelerini Türkmenistanyň Ilçihanasynyň (mundan beýläk - Ilçihana) diplomatik işgäri bolan, Işler wagtlaýyn ynanylan şahs ýerine ýetirýär.

8-nji madda. Ilçiniň wezipesine bolan işgärler ätiýaçlygy

Ilçiniň wezipesine işgärleriň ätiýaçlygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan döredilýär.

Ilçiniň wezipesine bolan işgärler ätiýaçlygyny döretmegiň we onuň işini guramagyň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärler ätiýaçlygy hakynda düzgünnama arkaly düzgünleşdirilýär.

 

9-njy madda. Ilçiniň hukuklary

Ilçiniň şulara hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň tabşyrygy boýunça gepleşikleri geçirmäge;

2) bolýan döwleti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we Ilçihananyň işiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň garamagyna bellenen tertipde teklipleri bermäge;

3) Türkmenistanyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan we kärhanalaryndan Ilçihananyň ygtyýarlygyna girýän meseleleri çözmek üçin zerur maglumatlary we resminamalary bellenen tertipde almaga;

4) zerur bolan halatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşyp, bolýan döwletiniň çäginden daşary gysga wagtlaýyn gulluk iş saparyna gitmäge;

5) Ilçihananyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda, olaryň derejesini we wezipesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtdaky işiniň möhletini uzaltmak hakynda, şeýle hem düzgün-nyzam temmilerini bermek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine tekliplerini bermäge;

6) Ilçihananyň işiniň meseleleri, dolandyryş-tehniki işgärlerini höweslendirmek, olara düzgün-nyzam temmilerini bermek, işe kabul etmek we işden boşatmak hakyndaky meseleler boýunça buýruklary çykarmaga;

7) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşyp, Ilçihananyň işgärleriniň işini möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky meseleleri çözmäge;

8) Ilçihananyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň Türkmenistana gelmek we beýleki ýurtlara gitmek meselelerini Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda çözmäge;

9) Türkmenistanyň kanunlaryna, bolýan döwletiniň kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda artykmaçlyklardan, immunitetlerden we  beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

 

10-njy madda. Ilçiniň borçlary

Ilçi şulara borçludyr:

1) özüniň bolýan döwletinde Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň bähbitlerini goramaga;

2) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge;

3) bolýan döwletiniň daşary we içeri syýasat meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Hökümetine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine bellenilen tertipde habar bermäge we bolýan döwleti bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny ösdürmek, degişli sebitde we tutuş dünýäde Türkmenistanyň bähbitlerini üpjün etmek boýunça teklipleri girizmäge;

4) bolýan döwletinde Ilçihana ýolbaşçylygy amala aşyrmaga, Ilçihananyň işgärleriniň arasynda wezipe borçlaryny paýlamaga, Ilçihananyň üstüne ýüklenen wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmekde şahsy jogapkärçilik çekmäge;

5) bolýan döwletinde Türkmenistanyň bütewi syýasy ugrunyň ýöredilmegini üpjün etmäge we şu maksat bilen bolýan döwletinde Türkmenistanyň beýleki wekilhanalarynyň, döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, kärhanalaryň we gaýry edaralaryň, olaryň wekiliýetleriniň hem-de hünärmenler toparlarynyň işini utgaşdyrmaga we oňa gözegçiligi amala aşyrmaga;

6) bolýan döwleti bilen Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işine gatnaşmaga, bolýan döwleti bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn şertnamalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň köptaraplaýyn şertnamalarynyň bolýan döwleti bilen gatnaşyklary babatda ýerine ýetirilişine umumy gözegçiligi amala aşyrmaga;

7) ýokary derejede döwletara, şeýle hem bolýan döwletine Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň hem-de wekilleriniň saparlaryny taýýarlamagy we  alyşmagy amala aşyrmak işine gatnaşmaga;

8) bolýan döwletiniň ýolbaşçylary, döwlet häkimiýetiniň edaralary, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, wezipeli adamlary, daşary syýasat we jemgyýetçilik birleşikleri, işewür, ylmy we medeni toparlaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen gatnaşyk saklamaga;

9) bolýan döwleti bilen özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ösüşini üpjün etmäge, Türkmenistanyň döwlet edaralaryna hem-de zerur ýagdaýynda jemgyýetçilik birleşiklerine we işewür toparlarynyň wekillerine bolýan döwletiniň döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri we işewür toparlarynyň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak işine ýardam etmäge;

10) bolýan döwletinde Türkmenistanyň konsullyk edaralarynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrmaga;

11) bolýan döwletinde Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty, durmuş-ykdysady, medeni we ruhy durmuşy hakynda resmi habaryň ýaýradylmagyny üpjün etmäge, şol sanda özüniň şahsy gatnaşygy bilen Türkmenistana, onuň halkara giňişligindäki başlangyçlaryna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge we oňyn garaýşy kemala getirmäge;

12) bolýan döwletinde Türkmenistanyň özüne degişli emlägi babatda eýeçilik hukugyny goramaga, onuň saklanylmagyny we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge;

13) bolýan döwletinde Türkmenistanyň daşary ýurtdaky bähbitlerine Ilçihananyň işgärleriniň mynasyp wekilçiligini, olaryň bolýan döwletiniň kanunlaryny, düzgünlerini, däplerini we dessurlaryny hormatlamaklaryny üpjün etmäge;

14) halkara hukugynyň kadalaryna we bolýan döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda Ilçihana, beýleki diplomatik wekilhanalara, olaryň işgärlerine we maşgala agzalaryna artykmaçlyklary we immunitetleri, şeýle hem şolara hukugy bolan beýleki raýatlara berilýän artykmaçlyklary we immunitetleri üpjün etmäge;

15) döwlet syrynyň we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlaryň goralmagyny guramaga, Ilçihananyň, onuň işgärleriniň we maşgala agzalarynyň howpsuzlygynyň zerur derejesini saklamak boýunça çäreleri görmäge; 

16) bolýan döwletinde Türkmenistanyň daşary ýurtdaky edaralarynyň işini bellenen tertipde guramagy amala aşyrmaga;

17) Ilçihana bölünip berlen döwlet serişdeleriniň ýerlikli harçlanylmagyny, maliýe düzgüniniň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

18) diplomatik we dolandyryş işgärleriniň işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge, Ilçihananyň işini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça bellenen tertipde teklipleri girizmäge; 

19) Türkmenistanyň kanunçylygy, halkara hukugynyň kadalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen öz ygtyýaryna degişli edilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmäge.

 

11-nji madda. Ilçi wezipesinde bolmak bilen baglanyşykly

     çäklendirmeler

1. Ilçiniň şulara hukugy ýokdur:

1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga, hak tölenilýän beýleki iş bilen meşgullanmaga;

2)  özüniň ýa-da ynanylan adamlarynyň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň rugsady bolmasa, daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň sylaglaryny, hormatly we ýörite atlaryny kabul etmäge.

2. Ilçi bilen ýakyn ýa-da guda garyndaşlygynda bolan adamlaryň, (ata-enäniň, şol sanda perzentlige alanlaryň, är-aýalyň, çagalaryň, şol sanda perzentlige alnanlaryň, atanyň, enäniň, babanyň, mamanyň, agtyklaryň, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlaryň, şeýle hem är-aýalyň ata-enesiniň, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlarynyň we çagalarynyň, şol sanda perzentlige alnanlaryň) onuň ýolbaşçylygyndaky diplomatik wekilhanada işlemegine ýol berilmeýär.

 

12-nji madda. Ilçiniň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan

     üpjünçiligi

Ilçiniň maddy we durmuş-ýaşaýyştaýdan üpjünçiliginiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Diplomatik gullugyň işgärlerini maddy we durmuş-ýaşaýyştaýdan üpjün etmek hakyndaky düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.

 

13-nji madda. Ilçä we onuň maşgala agzalaryna berilýän 

     esasy kepillikler

Ilçä we onuň maşgala agzalaryna şu aşakdaky esasy kepillikler berilýär:

1) Ilçi we onuň maşgala agzalary bolýan döwletinde wezipe ýagdaýyny we ýerli şertleri nazara almak bilen ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär;

2) Ilçiniň we onuň maşgala agzalarynyň daşary ýurda giden döwründe onuň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýerindäki döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy saklanyp galýar;

3) bolýan döwletinde Ilçä we onuň maşgala agzalaryna saglygy goraýyş hyzmaty bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär; 

4) Ilçä we onuň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde we şertlerde pensiýa bellenilýär.

 

14-nji madda. Ilçini yzyna çagyrmak

Ilçi ýa-da onuň maşgala agzalary abraýdan gaçyrýan etmişleri ýa-da gulluk ygtyýarlyklaryny mundan beýläk ýerine ýetirmekde ýaramaz netijelere getirip biljek hereketleri amala aşyran halatynda, ol Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlän möhletine garamazdan Türkmenistana yzyna çagyrylyp bilner.

 

15-nji madda. Ilçini wezipesinden boşatmak 

Ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipesinden boşadylýar.

 

16-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

№ 480-V.