Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Erkin ykdysady zolaklar hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

 

Erkin ykdysady zolaklar hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 133-nji madda)

 

(05.10.2019 ý. № 182-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, hereket etmeginiň we ýatyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) erkin ykdysady zolak – bu çäklerinde erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary üçin aýratyn hukuk düzgüni ýola goýulýan, anyk kesgitlenen administratiw serhetleri bolan ýörite bölünip berlen çäk;

2) aýratyn hukuk düzgüni – salgyt salynmagynyň, pul, gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň ýeňillikli tertibi we şertleri ýola goýulýan, fiziki şahslaryň gelmeginiň, ol ýerde bolmagynyň we gitmeginiň, zähmet gatnaşyklarynyň, maliýe-karz işiniň ýönekeýleşdirilen tertibi we erkin ykdysady zolaklary döretmegiň maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen başga düzgünleri belleýän hukuk kadalarynyň jemi;

3) erkin ykdysady zolaklaryň çäginde iş alyp barmak, ýer bölegini we (ýa-da) döwlet emlägini kärendesine almak hakynda şertnama (mundan beýläk – şertnama) – Komitet we erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy tarapyndan erkin ykdysady zolagyň çäginde maýa goýum we telekeçilik işini alyp barmagyň şertleri barada gol çekilen we olaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitleýän bir resminamanyň düzülmegi arkaly ýazmaça görnüşde baglaşylýan ylalaşyk;

4) Komitet – erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan ýerine ýetiriji edara;

5-nji bent güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen - 05.10.2019 ý. № 182-VI Türkmenistanyň Kanuny;

6) Düzgünleşdiriji edaralar – ýerine ýetiriji häkimiýetiň erkin ykdysady zolagyň aýratyn hukuk düzgüniniň hereket etmegini üpjün edýän gümrük, migrasiýa gulluklarynyň edaralary, salgyt edaralary we beýleki edaralar;

7) tehnopark – ýokary hünärli hünärmenleriň toplanmagy, enjamlaşdyrylan degişli önümçilik, tejribe, maglumatlar binýadynyň peýdalanylmagy netijesinde ylmy-tehniki we tehnologiýa taýdan gazanylanlaryň işlenip taýýarlanylmagyny çaltlandyrmak we ulanmak maksady bilen döredilen ylmy guramalaryň, taslama-konstruktorçylyk býurolarynyň, okuw mekdepleriniň, önümçilik kärhanalarynyň ýa-da olaryň düzüm birlikleriniň birleşigi;

8) tehnopolis – innowasiýa proseslerini işjeňleşdirmek, çaltlandyrmak, tehniki-tehnologik täzelikleriň çalt we netijeli peýdalanylmagyna ýardam bermek üçin önümçiligiň, ylmyň we bilimiň birleşmeginiň binýadynda döredilýän ýokary tehniki derejeli önümleri işläp taýýarlamak we önümçilik taýdan özleşdirmek boýunça sebit merkezi; 

9) syýahatçylyk-rekreasion erkin ykdysady zolagy –şypahanalaryň, rekreasion zolaklaryň, bejeriş-sagaldyş ýerleriniň, goraghanalaryň binýadynda, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen döredilýän bejeriş-sagaldyş we syýahatçylyk  hyzmatlaryny etmek boýunça halkara (sebit) merkezi;

10) offşor banklary – offşor zolaklarynda bellige alnan dahylsyzlara, olaryň özbaşdak ýuridik şahs bolup durmaýan affilirlenen şahslaryna, golçur banklaryna we aýrybaşgalanan düzüm birliklerine hyzmat etmek üçin amallaryny daşary ýurt pulunda amala aşyrýan banklar;

11) senagat parklary – özünde önümçilik we umumy çygyrly işi (ugurdaş senagat parky) bolan we (ýa-da) ýeke-täk inžener infrastrukturasyny (infrastrukturaly senagat parkyny) peýdalanýan  başga kärhanalar – elektrik üpjünçilik, gaz üpjünçilik, suwaryş, suw üpjünçilik, lagym, aragatnaşyk, duýduryş (signalizasiýa) ulgamlary we olaryň goragyny üpjün edýän desgalar.

 

2-nji madda. Erkin ykdysady zolaklar hakynda

     Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Eger şu Kanunda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda şu Kanunyň kadalary ulanylýar. 

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

Şu Kanunyň hereketi ol güýje gireninden soňra ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryna degişli edilýär.

Aýratyn hukuk düzgüni erkin ykdysady zolagynyň gatnaşyjylarynyň diňe erkin ykdysady zolagynyň çäklerinde amala aşyrýan işine degişli edilýär. 

 

4-nji madda. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň

     maksatlary

Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi şu aşakdaky maksatlara gönükdirilendir:

1) aýry-aýry sebitleriň hem-de çägiň täze infrastrukturasynyň döredilmegine we bar bolanlaryň ösdürilmegine;

2) telekeçilik işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna;

3) maýa goýumlarynyň (şol sanda daşary ýurtlardan gelýän), öňdebaryjy tehnikanyň we tehnologiýalaryň çekilmegine, şeýle hem importyň ýerini tutýan önümçiligiň ösdürilmegine, sebitler derejesinde bazar ykdysadyýeti ýörelgelerine laýyk gelýän, hojalygy dolandyrmagyň täze usullarynyň ulanylmagyna;

4) häzirki zaman menejmentiniň ösdürilmegine we hyzmatlaryň bir bitewi ulgamynyň ornaşdyrylmagyna («bitewi penjire»);

5) dünýä bazarynda bäsleşige ukyply harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) öndürilmegine, täze iş ýerleriniň döredilmegine, daşary ykdysady işiň işjeňleşdirilmegine;

6) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) eksportyndan pul düşewüntleriniň köpelmeginiň gazanylmagyna;

7) ýurduň ykdysady we durmuş ösüş derejesiniň ýokarlanmagyna.

 

5-nji madda. Erkin ykdysady zolaklaryň kysymlary 

1. Türkmenistanyň çäginde erkin ykdysady zolaklaryň şu aşakdaky işleýiş taýdan niýetleniliş kysymlary döredilip bilner: 

 

1) erkin söwda zolaklaryny we eksport zolaklaryny hem goşmak bilen, söwda;

2) eksport-import zolaklaryny we senagat parklaryny hem goşmak bilen, senagat-önümçilik; 

3) tehnoparklary we tehnopolisleri hem goşmak bilen, tehnika-ornaşdyryş;

4) maliýe-karz, bank, syýahatçylyk-rekreasion, habar beriş we gaýry hyzmatlary etmek üçin ýöriteleşdirilen, hyzmat ediş;

5) port hyzmatlaryny hem goşmak bilen, ulag-logistik;

6) agrosenagat;

7) erkin ykdysady zolaklaryň dürli işleýiş taýdan niýetleniliş kysymlarynyň işlerini düzüminde jemleýän, toplumlaýyn. 

Şu bölekde bellenilen erkin ykdysady zolaklaryň kysymlaryndan başga kysymly erkin ykdysady zolagyň döredilmegi, ol babatda şu Kanuna degişli goşmaçalaryň girizilmegi arkaly amala aşyrylyp bilner. 

2. Erkin ykdysady zolaklaryň işleýiş taýdan niýetleniliş kysymy zolagy döretmegiň we maýa goýum işiniň ugurlarynyň anyk maksatlaryna baglylykda onuň çäginde amala aşyrylýan ýa-da meýilleşdirilýän telekeçilik işiniň häsiýeti bilen kesgitlenilýär.

 

6-njy madda. Erkin ykdysady zolaklardaky işiň

      görnüşleri

1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary erkin ykdysady zolagyň çägindäki işiň erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi hakynda kararda we şertnamada göz öňünde tutulan görnüşlerini amala aşyrmaga haklydyr. 

Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary erkin ykdysady zolagyň çäginde işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haklydyr. Şunda olar Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynda kesgitlenilen ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge borçludyr. 

2. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary bolup durmaýan şahslar olar babatynda aýratyn hukuk düzgünini bellemezden, erkin ykdysady zolagyň çäginde telekeçilik işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga haklydyr. 

3. Erkin ykdysady zolagyň çäginde şulara rugsat berilmeýär:

1) ýerasty baýlyklary bolan ýer bölekleriniň peýdalanylmagyna we şertnamanyň şertlerinden daşardaky islendik gaýry iş bilen meşgullanylmagyna;

2) uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynmagyna we gaýtadan işlenilmegine;

3) ozon gatlagyny bozýan maddalaryň, radioaktiw we himiki materiallaryň, zäherleýji, partlaýjy, zäherli, neşe we psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň, biologik we genetiki işjeň maddalaryň öndürilmegine, şeýle hem olaryň söwdasyna;

4) ekologik taýdan howply önümçilikleriň we obýektleriň öndürilmegine, ýerleşdirilmegine;

5) offşor banklarynyň döredilmegine we hereket etmegine.

 

7-nji madda. Erkin ykdysady zolaklaryň dörediliş şertleri

1. Erkin ykdysady zolaklar bir dolandyryş-çäk birliginiň çäginde döredilýär, syýahatçylyk-rekreasion erkin ykdysady zolaklary muňa degişli däldir.

Erkin ykdysady zolagyň çägi haýsy-da bolsa bir dolandyryş-çäk birliginiň çägini dolulygyna özüne goşup bilmez.

2. Erkin ykdysady zolaklar diňe döwletiň eýeçiliginde duran döwlet ätiýaçlyk ýerlerde ýa-da gaýry ýer böleklerinde döredilip bilner.

Erkin ykdysady zolagyň döredilen pursadynda onuň çägini emele getirýän ýer bölekleri raýatlaryň we ýuridik şahslaryň eýeçiliginde we (ýa-da) peýdalanmagynda bolup bilmez, muňa şeýle zolagyň hereket etmegi üçin zerur bolan desgalaryň ýerleşdirilmegi we peýdalanylmagy üçin berlen (inženerçilik, ulag infrastrukturasy, bilim we (ýa-da) ylmy-barlag guramalary, ammarlar we başgalar) we şeýle desgalar ýerleşdirilen ýer bölekleri degişli däldir.

3. Erkin ykdysady zolagyň çägini emele getirýän ýer bölegi Türkmenistanyň ýer kanunçylygynda bellenilen tertipde, soňra erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna kärendesine berilmegi bilen, erkin ykdysady zolagyň hereket edýän döwrüne Komitete muzdsuz peýdalanmaga berilýär.

4. Erkin ykdysady zolagyň hereket etmeginiň maksatlary üçin zerur bolan, erkin ykdysady zolagyň serhedindäki ýer böleklerinde ýerleşýän döwletiň gozgalmaýan emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Komitetiň ygtyýaryna  berilýär.

5. Şular täze erkin ykdysady zolagy döretmek hakynda teklibiň ýanyna goşulýar:

1) erkin ykdysady zolagyň çäginiň meýilnamasy we serhetleriniň beýany;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň erkin ykdysady zolaklarynyň serhetlerini bellemek hakynda kararynyň taslamasy;

3) erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararyň taslamasy;

4) erkin ykdysady zolak hakynda Düzgünnamanyň taslamasy;

5) erkin ykdysady zolagyň hereket etmeginiň durmuş, ekologiýa we ykdysady şertleriniň, maddy we zähmet gorlary, kommunikasiýalar bilen üpjünçiliginiň, erkin ykdysady zolagyň döredilmeginiň maksadalaýyklygynyň, şeýle hem erkin ykdysady zolagyň döredilmeginiň garaşylýan durmuş-ykdysady netijeliligine we durmuş-ykdysady netijelerine deslapdan baha berilmegine seljermäniň geçirilmegi bilen tehniki-ykdysady esaslandyrmasy;

6) erkin ykdysady zolagyň çäginde ýakyn we uzak geljek üçin durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän işiň we taslamalaryň rugsat berilýän görnüşleriniň, işleriň maliýeleşdiriliş çeşmeleriniň we olaryň ýerine ýetirilmeli möhletleriniň görkezilmegi bilen, erkin ykdysady zolagyň meýilnamasy;

7) erkin ykdysady zolagyň döredilmegi baradaky teklibi esaslandyrýan başga resminamalar.

 

8-nji madda. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary

1. Şular erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary bolup bilerler:

1) eýeçiliginiň we guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, Türkmenistanyň ýuridik şahslary;

2) şahamçalarynyň we wekillikleriniň  üsti bilen, erkin ykdysady zolaklaryň çäginde öz işini amala aşyrýan, daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary;

3) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar Komitet tarapyndan şertnamanyň esasynda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň sanawyna degişli ýazgy girizilenden soň, erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary diýlip ykrar edilýär hem-de olara erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusy berilýär. 

Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysyna onuň bilen şertnama gol çekilenden soň bäş iş gününiň dowamynda Komitet tarapyndan bellige alnandygy barada Şahadatnama berilýär.

Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyna dalaşgär (daşary ýurt döwletiniň ýuridik şahsynyň şahamçasy we wekilligi) Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawynda bellige alynmadyk halatynda onuň ýazmaça ýüz tutmasynyň (arzasynyň) esasynda Komitet ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan hasaba alnyş edarasyna towakganamasyny ugratmak arkaly, oňa ýardam edýär. 

Ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyş edarasy degişli bellige almagy we Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmegi haýsy-da bolsa bir goşmaça rugsat almazdan we başga döwlet edaralary we toparlary bilen ylalaşylmazdan amala aşyrýar.

Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysyny döwlet tarapyndan bellige almakdan esassyz boýun gaçyrylmagyna kazyýete şikaýat edilip bilner.

3. Ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyş edarasy Komitetiň ýazmaça ýüztutmasy esasynda on iş gününiň dowamynda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda şahadatnamanyň esasynda daşary ýurt ýuridik şahsynyň-erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň  şahamçasyny we wekilligini döwlet tarapyndan bellige almagy we olara döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin bellenen resminamalary bermegi amala aşyrýar.

4. Komitet erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň bellige alnan ýa-da erkin ykdysady zolagyň çäginde onuň işiniň bes edilen gününiň yzyndan gelýän bäş iş gününiň dowamynda, erkin ykdysady zolagyň çäginde hereket edýän Düzgünleşdiriji edaralaryň düzüm birliklerine ýanyna goşulan hat bilen degişli kararyň kabul edilendigini tassyklaýan resminamanyň göçürmesini ugradýar.

5. Şahsyň erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyndan mahrum edilmegine diňe şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet tertibinde ýol berilýär.

6. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň erkin ykdysady zolagyň çäginiň daşynda ýerleşýän şahamçalaryna we wekilliklerine erkin ykdysady zolagyň aýratyn hukuk düzgüni degişli edilmeýär, eger olaryň işi diňe şertnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan bolsa,  muňa degişli däldir.

7. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň şahslary üçin aýratyn hukuk düzgüni deň derejede berilýär.

8. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilen we şertnamada bellenilen möçberdäki maýa goýumlary amala aşyrmaga borçludyr.

Erkin ykdysady zolakda işi amala aşyrmak üçin talap edilýän maýa goýumlaryň iň pes möçberi erkin ykdysady zolagyň her kysymy boýunça aýratynlykda kesgitlenýär.

 

II BAP. ERKIN YKDYSADY ZOLAKLARYŇ

DÖREDILIŞI WE ÝATYRYLYŞY

 

9-njy madda. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilişi 

1. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi hakynda karar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilýär. 

2. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi hakynda kararda şular kesgitlenilýär:

1) erkin ykdysady zolaklaryň çägi we meýdany; 

2) erkin ykdysady zolaklaryň döredilýän möhleti;

3) erkin ykdysady zolaklarda rugsat berilýän işleriň görnüşleri;

4) erkin ykdysady zolaklaryň inžener, ulag we durmuş infrastrukturalaryny emele getirmegiň möçberi, möhleti we maliýeleşdiriliş çeşmeleri;

5) erkin ykdysady zolaklaryň guralyşynyň we degişli maddy-tehniki enjamlaşdyrylyşynyň hem-de döredilýän erkin ykdysady zolaklaryň takyk serhetleriniň görkezilmegi bilen, oňa ýanaşyk çäkleriň guralyşynyň, şeýle hem maliýeleşdiriliş şertleriniň meýilnamasy;

6) erkin ykdysady zolaklaryň aýratyn hukuk düzgüni;

7) erkin ykdysady zolaklaryň hereket etmeginiň maksatlary üçin zerur bolan döwlet emläginiň düzümi we Komitetiň ygtyýaryna bermegiň tertibi;

8) şertnamanyň anyk şertleriniň bellenilmegi, şol sanda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy üçin maýa goýumlarynyň iň az başlangyç möçberi bellenilip bilner;

9) erkin ykdysady zolaklary ýatyrylandan soň infrastrukturasynyň obýektlerine eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýarlyk etmegiň tertibi;

10) erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi we hereket etmegi üçin zerur bolan başga düzgünler we şertler.

Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi hakynda kararda erkin ykdysady zolaklar hakynda Düzgünnama hem tassyklanylýar.

3. Erkin ykdysady zolaklar, eger olaryň işi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň bähbitlerine laýyk gelen halatynda we bu erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň maksatlaryna laýyklykda, soňra onuň uzaldylmak şerti bilen kyrk ýyldan ýokary geçmeýän möhlete döredilýär.

Erkin ykdysady zolaklaryň hereket etmeginiň möhletini uzaltmak hakynda karar bellenilen möhletiň geçmegine iki ýyl galanda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilýär.

 

10-njy madda. Erkin ykdysady zolaklaryň ýatyrylyşy

1. Erkin ykdysady zolaklar döredilen möhleti geçenden soň ýatyrylýar, şu Kanunyň 9-njy maddasynyň üçünji böleginiň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

2. Erkin ykdysady zolaklaryň möhletinden öň ýatyrylmagyna diňe şu ýagdaýlarda ýol berilýär, eger:

1) bu döwletiň konstitusion gurluşynyň esaslaryny goramagyň, döwletiň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda kesgitlenýän goranmak ukybynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly zerurlyk bilen bagly bolanda;

2) erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginden soň iki ýylyň dowamynda hiç bir şertnama baglaşylmadyk ýa-da ähli öň baglaşylan şertnamalar şu Kanunyň 24-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen esaslar boýunça bes edilen halatynda.

Erkin ykdysady zolaklaryň möhletinden öň ýatyrylmagy hakyndaky karar bu Kanunda olaryň döredilmegi üçin bellenilen tertipde kabul edilýär.

 

11-nji madda. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň,

       saklanylmagynyň we ösdürilmeginiň

       maliýeleşdirilişi

1. Erkin ykdysady zolaklaryň Komitetiň garamagynda duran ýerleriň, binalaryň we desgalaryň kärendesine berilmeginden hem-de şu Kanunda we bu erkin ykdysady zolagyň döredilmegi hakynda kararda bellenilen dürli hyzmatlaryň edilmeginden düşýän serişdelerden we beýleki düşewüntlerden emele gelýän özbaşdak býujeti bolýar.

2. Erkin ykdysady zolaklaryň hereket edýän döwründe onuň özbaşdak býujeti çekilen serişdeleriň, maýa goýum, maksatlaýyn we beýleki gaznalaryň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki maliýe serişdeleriň hasabyna emele getirilýär.

Erkin ykdysady zolaklaryň döredilýän döwründe onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly işleriň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylyp bilner.

3. Erkin ykdysady zolaklaryň, şol sanda önümçilik, ulag we beýleki infrastrukturanyň saklanylmagynyň we ösdürilmeginiň maliýeleşdirilmegi erkin ykdysady zolaklaryň özbaşdak býujetiniň serişdeleriniň ýa-da başga çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Erkin ykdysady zolaklaryň serhetlerine çenli gaz, elektrik, suw, lagym, aragatnaşyk we ýol ulgamlaryny çekmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we degişli pudaklaryň, şeýle hem çekilen serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

4. Komitet her bir erkin ykdysady zolagyň býujetiniň aýratynlykda hasaba alnyşyny alyp barýar, şonda bir erkin ykdysady zolagyň serişdeleri beýleki erkin ykdysady zolagyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly çykdajylaryny ýapmak üçin peýdalanylyp bilinmez.

 

III BAP. ERKIN YKDYSADY

ZOLAKLARYŇ DOLANDYRYLMAGY

 

12-nji madda. Erkin ykdysady zolaklar babatynda

       döwlet syýasaty

        Erkin ykdysady zolaklar babatynda döwlet syýasatynyň işlenilip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan   beýläk ‒ Ygtyýarly edara) tarapyndan amala aşyrylýar.

 

13-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

       ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklar babatynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagy üçin hödürleýär;

3) erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň döwlet maksatnamasyny tassyklaýar;

4-nji bent güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen - 05.10.2019 ý. № 182-VI Türkmenistanyň Kanuny;

5) erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň maksatlaryna ýetilmäge gönükdirilen başga işleri amala aşyrýar.

 

14-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy we hukugy

1.Ygtyýarly edara:

1) Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklar babatynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) döredilýän erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň geljegini kesgitleýär;

3) şulary işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär:

a) erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň döwlet maksatnamasyny;

b) erkin ykdysady zolaklary döretmek, olaryň çäklerini kesgitlemek (erkin ykdysady zolaklaryň işleýiş taýdan niýetleniliş kysymyny üýtgetmek) ýa-da ýatyrmak hakynda teklipleri we esaslandyrmalary;

4) erkin ykdysady zolaklaryň hereket etmegini utgaşdyrýar, şeýle hem erkin ykdysady zolagyň umumy dolandyrylmagyny amala aşyrýar;

5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

6) erkin ykdysady zolaklar babatyndaky işgärleri taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy amala aşyrýar;

7) Düzgünleşdiriji edaralaryň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralarynyň işini utgaşdyrýar, şeýle hem olaryň erkin ykdysady zolaklary döretmegiň we hereket etmeginiň meseleleri boýunça Komitet bilen özara gatnaşygynyň tertibini düzgünleşdirýär;

8) erkin ykdysady zolaklar babatynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

9) Komitetiň esaslandyryjysy bolup durýar, onuň üýtgedilip guralmagyny we ýatyrylmagyny amala aşyrýar;

10) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine azyndan ýylda bir gezek erkin ykdysady zolaklaryň işi barada habar berýär, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň aýratyn hukuk düzgünini üýgetmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak we maýa goýum işine ýardam bermek, erkin ykdysady zolaklaryň çaginde maýa goýum we telekeçilik işini işjeňleşdirmek maksady bilen, maýa goýum töwekgelçiliklerini we dolandyryş päsgelçiliklerini azaltmak boýunça tekliplerini berýär;

11) şulary tassyklaýar;

a) Birkysmy şertnamany, onda şertnamany üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi we şertleri, şol sanda möhletinden öň, taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, şeýle hem beýleki düýpli şertleri kesgitlenýär;

b) şertnamanyň baglaşylmagy üçin arzanyň ýanyna goşulýan, erkin ykdysady zolaklaryň çäginde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan maýa goýum taslamasynyň täjirçilik meýilnamasynyň görnüşini, şeýle hem oňa bilermenler baha berlişiniň ölçeglerini;

ç) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryny bellige almagyň we erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň sanawyny ýöretmegiň tertibini, şeýle hem erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň şahadatnamasynyň görnüşini;

12) erkin ykdysady zolaklaryň çäginiň guralmagy üçin bölünip berlen, maýa goýum, maksatlaýyn we beýleki gaznalaryň serişdeleriniň harç edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Ygtyýarly edaranyň şulara hukugy bar:

1) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny we beýleki döwlet edaralaryny erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň barlaglarynyň geçirilmegine çekmäge; 

2) degişli döwlet edaralaryna (guramalaryna) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň dürli taslamalarynyň netijeliliginiň we Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklygynyň bilermenler seljermesini muzdsuz amala aşyrmaklaryny tabşyrmaga.

3. Ygtyýarly edaranyň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde erkin ykdysady zolaklary babatynda kabul eden kararlary ähli fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.

 

15-nji madda. Komitetiň ygtyýarlylygy

1. Komitet Ygtyýarly edara tarapyndan esaslandyrylýan döwlet kärhanasy bolup durýar.

Komitet ýuridik şahs bolup durýar we erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyndan peýdalanýar.

2. Komitet:

1) erkin ykdysady zolaklaryň ösdürilmeginiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirýär;

2) erkin ykdysady zolaklaryň netijeli hereket etmegini we bitewüligini üpjün edýär, erkin ykdysady zolaklaryň infrastrukturasynyň ösdürilmegine ýerli we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hem-de beýleki serişdeleriň çekilmegi üçin zerur şertleri döredýär;

3) erkin ykdysady zolaklaryň inžener, ulag we durmuş infrastrukturalarynyň döredilmegi boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň buýrujysy bolup çykyş edýär;

4) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy bilen şertnama baglaşýar;

5) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryny bellige almagy amala aşyrýar we olaryň sanawyny ýöredýär;

6) döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýär;

7) erkin ykdysady zolak üçin berlen ýer bölegini we şol zolakda ýerleşýän döwletiň gozgalmaýan emlägini erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna kärendesine berýär;

8) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň ýazmaça talap etmegi ýa-da Ygtyýarly edaranyň, Düzgünleşdiriji edaralaryň, hukuk goraýjy ýa-da gözegçilik edaralaryň talaby boýunça erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň sanawyndan göçürmäni berýär;

9) erkin ykdysady zolaklaryň hereket etmeginiň netijeleri hakynda maliýe, statistik we gaýry hasabatlary hem-de maglumatlary Ygtyýarly edara, onuň bellän möhletinde berýär;

10) Ygtyýarly edaradan, Düzgünleşdiriji edaralardan we ýerine ýetiriji häkimiýetiň gaýry edaralaryndan öz wezipeleriniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan maglumatlary soraýar;

11) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary tarapyndan şertnama boýunça borçnamalaryň hem-de şu Kanunda we erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry talaplaryň ýerine ýetirilmegi üçin gözegçiligi amala aşyrýar;

12) erkin ykdysady zolaklaryň aýratyn hukuk düzgüniniň berjaý edilmegi üçin gözegçiligi amala aşyrýar, oňa üýtgetmeleriň girizilmegi hakynda Ygtyýarly edara teklipleri bilen ýüzlenýär;

13) erkin ykdysady zolaklaryň infrastrukturasynyň gurluşygynyň, durkunyň täzelenmeginiň, abatlanylmagynyň hiline we onuň saklanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;

14) neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýa-da Komitetiň Internet-saýtynda erkin ykdysady zolaklar hakynda maglumatlary, şol sanda erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde kärendesine berilmedik ýer böleginiň we döwlet emläginiň bardygy hakynda maglumatlary döwlet we daşary ýurt dillerinde çap edýär;

15) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň ýüz tutmasy boýunça daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň zähmet işiniň amala aşyrylmagynyň maksady bilen, şeýle hem olaryň awtoulag serişdeleriniň Türkmenistana gelmegine çakylyklary resmileşdirýär;

16) çekilen serişdeleriň ýa-da maýa goýum, maksatlaýyn we beýleki gaznalaryň serişdeleriniň hasabyna erkin ykdysady zolaklaryň çäkleriniň meýilleşdirilmegi we inženerçilik, durmuş we gaýry infrastrukturalaryň döredilmegi, şeýle hem onuň bilermenler seljermesiniň geçirilmeginiň üpjün edilmegi boýunça resminamalaryň taýýarlanylmagy boýunça buýrujynyň wezipelerini ýerine ýetirýär;

17) erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde ýerleşýän gozgalýan we gozgalmaýan döwlet emlägini dolandyrýar;

18) erkin ykdysady zolaklaryň hereket etmegi we ösdürilmegi üçin zerur bolan kärhanalary döredýär ýa-da döredilmegine gatnaşýar;

19) erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde Düzgünleşdiriji edaralaryň, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralaryň işlerine ýardam edýär;

20) şu Kanunyň we erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi hakynda kararyň çäklerinde gaýry ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär. 

3. Erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde ýerleşýän döwletiň gozgalmaýan emläginiň netijeli dolandyrylmagynyň maksady bilen Komitet bäsleşik esasynda ýöriteleşdirilen dolandyryjy kompaniýalary, kärhanalary we agentlikleri çekmäge haklydyr.

4. Komitete Ygtyýarly edara tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipesinden boşadylýan başlyk ýolbaşçylyk edýär.

5. Komitetiň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul edilen kararlary erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň we erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde telekeçilik işini amala aşyrýan gaýry şahslaryň ýerine ýetirmekleri üçin hökmany bolup durýar.

 

16-njy madda. Erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde

        döwlet häkimiýet edaralarynyň hem-de 

        ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi

1. Erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz konstitusion ygtyýarlyklaryny doly möçberde amala aşyrýarlar.

2. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi hakynda kararda  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gaýry ygtyýarlyklary bellenilip bilner.

 

17-nji madda. Erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde hukuk

       goraýjy we gözegçilik edaralarynyň işi

1. Hukuk goraýjy we gözegçilik edaralary erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň işine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet gözegçiligini amala aşyrýarlar.

2. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň işine döwlet gözegçiligi şu maddada göz öňünde tutulan düzgünleriň hasaba alynmagy bilen meýilnamalaýyn toplumlaýyn barlaglar we gözegçilik tertibinde barlaglar görnüşinde amala aşyrylýar.

3. Meýilnamalaýyn toplumlaýyn barlaglar üç ýylda bir gezekden ýygy bolmazdan geçirilýär.

4. Gözegçilik tertibinde barlaglaryň geçirilmegine çenli ýüze çykarylan düzgün bozulmalar erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy tarapyndan aradan aýrylmadyk halatynda Komitetiň erkin ykdysady zolaklaryň çäklerindäki bu şahsyň işiniň bes edilmegi hakynda ýüz tutmasy boýunça kabul edilen kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy bu statusdan mahrum edilip bilner.

5. Hukuk goraýjy we gözegçilik edaralary tarapyndan meýilnamalaýyn toplumlaýyn barlaglar geçirilen mahalynda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň şulara hukugy bardyr:

1) döwlet gözegçiligi amala aşyrylan mahalynda gatnaşmaga, barlaga degişli soraglar boýunça düşündirişler bermäge;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda berilmegi göz öňünde tutulan maglumatlary almaga;

3) döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagynyň netijeleri bilen tanyşmaga hem-de özüniň ykrarnama bilen tanyşandygy, onuň bilen, şeýle hem gözegçilik edaralaryň wezipeli adamlarynyň aýry-aýry hereketleri bilen ylalaşýandygy ýa-da ylalaşmaýandygy hakynda görkezmek bilen we özüniň aýratyn bellikleriniň ykrarnama çatylmagyna;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gözegçilik edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerine (hereketsizligine) kazyýete  şikaýat etmäge.

6. Düzgünleşdiriji edaralaryň erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde hereket edýän bölümleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde salgyt, gümrük, pul we gaýry gözegçilikleri amala aşyrýarlar. Döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilmegini aňladýan Türkmenistanyň salgyt, gümrük we pul kanunçylygynyň düýpli bozulmagynyň erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy tarapyndan edilen ýagdaýlary bellenilen halatynda Komitetiň erkin ykdysady zolaklaryň çäklerindäki bu şahsyň işiniň bes edilmegi hakynda ýüztutmasy boýunça kabul edilen  kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdine laýyklykda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy bu statusdan mahrum edilýär.

7. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan döwlet edaralary  şulara borçludyrlar: 

1) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerindäki degişli barlaglary geçirilmezinden öň şeýle   barlaglaryň geçirilmegini Ygtyýarly edara bilen deslapdan ýazmaça görnüşde ylalaşmaga;

2) görkezilen barlaglaryň amala aşyrylmagynyň barşynda özleriniň alan islendik maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmelidirler we  şertnamanyň taraplarynyň (Komitetiň we erkin ykdysady zolaklaryň gatnaşyjysynyň) gatnaşyklaryna goşulmaly däldirler.

 

          171-nji madda. Erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň                                                           Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň aýratynlyklary

1. Erkin ykdysady zolaklary döretmegiň maksatlaryny amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhanany esaslandyrmaga ygtyýar berlip bilner.

Aýratyn hukuk düzgüni hökmünde anyk erkin ykdysady zolagyň çäginde ýerleşýän döwlet eýeçiliginde bolan gozgalmaýan emläk anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhana hojalygy ýörediş hukugynda ýa-da dessin dolandyryş hukugynda berkidilýär.

Şu madda laýyklykda anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhana guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy bolup durýar, ol ýuridik şahs bolup, Komitetiň statusyndan peýdalanýar we oňa administratiw taýdan dolandyrmak wezipesi ýüklenilen anyk erkin ykdysady zolagyň çäginde Komitetiň şu Kanunyň 15-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 17-nji, 18-nji we 20-nji bentlerinde görkezilenlerden başga ygtyýarlyklary degişli edilýär.

2. Anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipesinden boşadylýan başlyk ýolbaşçylyk edýär.

 

IV BAP. ŞERTNAMA

 

18-nji madda. Şertnamanyň mazmuny

1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy üçin – erkin ykdysady zolaklarda ýüz tutulan işleriň meýilnamalarynyň göwnejaý ýerine ýetirilmegi, Komitet üçin bolsa – şertnamanyň hereket edýän döwründe erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysyna berlen aýratyn hukuk düzgüniniň üýtgewsizliginiň kepillendirilmegi – şertnama boýunça esasy borçnama bolup durýar. 

2. Şertnamada şular göz öňünde tutulmalydyr:

1) erkin ykdysady zolaklarda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň düýpli maýa goýumlary göz öňünde tutulan möhletlerde we möçberde amala aşyrmak borçnamasy;

2) şertnamanyň hereket edýän möhletine erkin ykdysady zolaklarda ýerleşýän ýer bölekleriniň kärendesine berilmegi;

3) soňra onuň bilermenler seljermesiniň geçirilmegi üçin, täjirçilik meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan binagärlik, şähergurluşyk we tenhiki çözgütleri özünde jemleýän, taslama resminamalarynyň erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy tarapyndan Komitete berilmeginiň möhleti;

4) şu Kanuna laýyklykda şertnamanyň taraplarynyň ylalaşan gaýry düzgünleri we şertleri.

3. Şertnamada, şeýle-de erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde ýerleşýän Komitetiň ygtyýarlygynda durýan ýer böleginiň kärendesi we ýer böleklerinde ýerleşýän döwlet emläginiň kärendesi şertnamanyň hereket edýän möhletine göz öňünde tutulýar.

4. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň şertnama boýunça öz hukuklaryny we borçlaryny üçünji şahslara bermäge haky ýokdur.

5. Erkin ykdysady zolaklarda düýpli maýa goýum diýlip şertnama boýunça taslama resminamalarynyň çäklerindäki gozgalmaýan emlägiň, enjamlaryň, senagat we tehnologik enjamlaryň döredilmegi, satyn alynmagy ýa-da döwrebaplaşdyrylmagy üçin harajatlara düşünilýär.

6. Şertnamada erkin ykdysady zolaklaryň hereket etmeginiň bes edilenden ýa-da ýatyrylandan soň galýan emlägiň peýdalanylmagynyň tertibi we şertleri görkezilen bolmalydyr.

 

19-njy madda. Şertnamanyň baglaşylmagy üçin zerur bolan 

        resminamalar. Ýüz tutmalara seretmegiň 

        tertibi

1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyny almagy niýet edinýän şahs şertnamanyň baglaşylmagy üçin ýüz tutmany Komitete berýär, onda şu maglumatlar bolmalydyr:

1) erkin ykdysady zolagyň işleýiş taýdan niýetleniliş kysymyna laýyk gelýän ýüz tutujy tarapyndan niýetlenilýän işler hakynda;

2) ýüz tutujy tarapyndan niýetlenilýän işler üçin zerur bolan ýer böleginiň meýdany we (ýa-da) döwlet emlägi hakynda;

3) niýetlenilýän düýpli maýa goýumlaryň möçberi hakynda, şertnamanyň baglaşylan gününden başlap bir ýylyň dowamyndaky düýpli goýumlaryň möçberini goşmak bilen.

2. Ýüz tutujy şertnamanyň baglaşylmagy hakynda ýüz tutmanyň ýanyna şulary goşýar:

1) Türkmenistanyň ýuridik şahslary üçin – bellenilen tertipde tassyklanan esaslandyryjy resminamalaryň nusgasyny hem-de Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan  göçürmäni;

2) daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary üçin – bellenilen tertipde kanunlaşdyrylan esaslandyryjy resminamalaryň nusgasyny hem-de şahamçanyň we wekilliginiň döredilmegi hakynda kararyň nusgasyny;

3) ýüz tutujy-ýuridik şahsyň wekiliniň ygtyýarlygyny tassyklaýan buýruk ýa-da ynanç haty;

4) fiziki şahslar üçin – bellenilen tertipde tassyklanan ýüz tutujynyň hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamanyň nusgasy we onuň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminamasynyň) nusgasy;

5) erkin ykdysady zolagyň çäklerinde durmuşa geçirilmegi niýetlenilýän maýa goýum taslamasynyň täjirçilik meýilnamasy.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen resminamalar Komitet tarapyndan ýazgy boýunça kabul edilýär. Ýazgynyň nusgasy Komitet tarapyndan resminamalaryň kabul edilen senesi hakynda bellik edilmegi bilen ýüz tutuja ugradylýar (gowşyrylýar).

4. Komitet şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen resminamalar kabul edilenden soňra on senenama gününden gijä galmazdan şu aşakdaky kararlaryň birini kabul edýär we ýüz tutuja ugradýar:

1) şu Kanunyň 22-nji maddasynda görkezilen möhlete şertnama baglaşylmagy hakynda;

2) şu Kanunyň 20-nji maddasynyň birinji bölegi esasynda ýüz dönderilmeginiň esaslandyrylan sebäbiniň görkezilmegi bilen şertnama baglaşmakdan ýüz dönderilmegi hakynda.

 

20-nji madda. Şertnamany baglaşmakdan ýüz dönderilmegi

1. Şertnamany baglaşmakdan ýüz dönderilmegine şu halatlarda ýol berilýär:

1) şu Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen resminamalar berilmese;

2) erkin ykdysady zolagyň çäklerinde şertnama baglaşylmagy üçin berlen ýüztutmada görkezilen şertlere laýyk gelýän ýer bölegi bolmasa;

3) erkin ykdysady zolagyň çäklerinde berlen ýüztutmada görkezilen şertlere laýyk gelýän hem-de üçünji şahslaryň eýelik etmegine we (ýa-da) peýdalanmagyna berilmedik döwletiň gozgalmaýan emlägi bolmasa;

4) ýüz tutujy tarapyndan niýetlenilýän işler, erkin ykdysady zolagyň döredilmegi hakynda kararda onuň çäklerinde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulan erkin ykdysady zolagyň işleýiş taýdan niýetleniliş kysymyna, işleriň görnüşlerine laýyk gelmese;

5) täjirçilik meýilnamasy şertnamanyň baglaşylmagy hakynda ýüztutmanyň şertlerine ýa-da onuň bahalandyrylmagynyň görnüşine we ölçegine laýyk gelmese.

2. Şertnamanyň baglaşylmagyndan ýüz dönderilmegi hakynda Komitetiň kararyna Ygtyýarly edara ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

21-nji madda. Şertnamanyň baglaşylmagynyň tertibi

1. Komitet ýüztutujy bilen şertnama baglaşylmagy hakynda karar kabul edilenden soňra on iş gününiň dowamynda şertnamany taýýarlaýar we ýüztutujy bilen baglaşýar.

2. Taraplaryň gol çeken gününden şertnama güýje girýär. 

 

22-nji madda. Şertnamanyň hereket ediş möhleti

Şertnama erkin ykdysady zolagyň ýatyrylmagyna çenli galan döwürden köp bolmadyk möhlete baglaşylýar.

 

23-nji madda. Taslama resminamalarynyň bilermenler

       seljermesiniň geçirilmeginiň tertibi

1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy şertnamada göz öňünde tutulan möhletde Komitete, onuň bilermenler seljermesiniň we ylalaşylmagynyň geçirilmegi üçin täjirçilik-meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan, taslama resminamasyny berýär.

2. Komitet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň hasabyna taslama resminamalarynyň bilermenler seljermesiniň geçirilmegini üpjün edýär.

3. Taslama resminamalarynyň bilermenler seljermesi gurluşyk we binagärlik babatda Ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär we taslama resminamalaryna bilermenler seljermesiniň netijenamasynyň berilmegi bilen tamamlanýar.

 

24-nji madda. Şertnamanyň hereketiniň bes edilmegi

1. Şertnamanyň hereketi şu halatlarda bes edilýär:

1) onuň baglaşylan möhletiniň gutarmagy boýunça;

2) şu maddanyň ikinji böleginde bellenilen esaslarda, möhletinden öň;

3) şertnamanyň ýer böleginiň kärendesine berilmeginiň düzgünleri bölegi bes edilen halatynda;

4) şahsyň erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyny ýitiren halatynda.

Erkin ykdysady zolagyň möhletinden öň ýatyrylan halatynda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysyna şu Kanunyň 35-nji maddasynda göz öňünde tutulan kepillikler berilýär.

2. Şertnama şu halatlarda möhletinden öň bes edilip bilner:

1) taraplaryň ylalaşygy boýunça;

2) kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda:

a) şertnamanyň bir tarapynyň, beýleki tarapyň şertnamanyň şertlerini düýpli bozmagy bilen baglanyşykly ýüztutmasy, ýagdaýlaryň düýpli üýtgemegi, şeýle hem şu Kanunda göz öňünde tutulan gaýry esaslar boýunça;

b) taslama resminamasyna ýaramaz bilermenler netijenamasynyň berilmegi bilen baglanyşykly, eger oýlanyşykly möhletiň dowamynda görkezilen netijenamada beýan edilen bellikler we teklipler gutarnykly işlenilmedik hem-de gaýtadan seljerme geçirilmegi üçin berilmedik bolsa,  Komitetiň ýüz tutmasy boýunça. Şertnama möhletinden öň bes edilen halatynda erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň şertnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly görkezilen esaslarda çeken çykdajylarynyň öwezi dolunmaga degişli däldir.

3. Şular şertnamanyň şertleriniň düýpli bozulmagy bolup durýar:

1) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy tarapyndan taslama resminamalarynyň seljermeden geçirilmegi we ylalaşylmagy üçin şertnamada bellenilen möhletde Komitete berilmedik halatynda;

2) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy tarapyndan  düýpli maýa goýumlary şertnamada göz öňünde tutulan möhletde we möçberde amala aşyrylmadyk halatynda;

3) erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy tarapyndan şertnamada göz öňünde tutulan telekeçilik işi amala aşyrylmadyk halatynda;

4) ýer böleginiň we (ýa-da) döwlet emläginiň kärendesi boýunça şertnamada göz öňünde tutulan talaplar bozulan halatynda; 

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry halatlarda.

 

25-nji madda. Şertnamanyň hereketiniň bes edilmeginiň

       netijesi

1. Şertnamanyň hereketi bes edilen halatynda we (ýa-da) erkin ykdysady zolagyň hereket etmeginiň bes edilmegi bilen şahs erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy statusyny ýitirýär.

2. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyny ýitiren şahs şu Kanunyň 6-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda erkin ykdysady zolagyň çäklerinde telekeçilik işlerini amala aşyrmaga haklydyr. 

3. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň statusyny ýitiren şahs, şol sanda erkin ykdysady zolagyň hereket etmeginiň bes edilmegi bilen we (ýa-da) şertnamanyň hereketiniň möhletinden öň bes edilmegi bilen, erkin ykdysady zolagyň çäklerinde ýerleşýän özüne degişli emläklere  Türkmenistanyň kanunçylygyna we erkin ykdysady zolagyň döredilmegi hakynda karara laýyklykda öz garaýşy boýunça ygtyýarlyk etmäge haklydyr.

4. Şertnamanyň hereketi bes edilenden soňra erkin ykdysady zolagyň çäklerinde ýerleşýän erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna degişli emläk Türkmenistanyň kanunçylygyna we şertnamanyň şertlerine laýyklykda aýrybaşgalanylyp bilner.

5. Şertnamanyň hereketiniň bes edilmegi ýer böleginiň we döwlet emläginiň kärendesi hakynda şu Kanuna laýyklykda baglaşylan düzgünleriň hereketiniň bes edilmegi üçin esas bolup durýar.

 

V BAP. ERKIN YKDYSADY ZOLAGYŇ AÝRATYN

HUKUK DÜZGÜNI

 

26-njy madda. Erkin ykdysady zolakda ýerden

        peýdalanmagyň düzgüni

1. Komitete Türkmenistanyň kanunçylygyna we erkin ykdysady zolagyň döredilmegi hakynda karara laýyklykda erkin ykdysady zolagyň çäklerinde ýer böleklerine ygtyýarlyk etmek boýunça ygtyýarlyklar berilýär.

2. Erkin ykdysady zolagyň çäklerinde ýerleşýän ýer bölekleriniň kärendesi erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna onuň  şertnamada bellenilen maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça peýdalanylmazlygyna, şeýle hem onuň gaýry şahslara tirkeşikli kärendesine berilmegine hukuk bermeýär.

3. Erkin ykdysady zolagyň çäklerinde ýerleşýän ýer bölekleriniň kärendesi, erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysyna ýer bölegini satyn almaga hukuk bermeýär.

4. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna ýer üçin kärende tölegi boýunça 10 ýyl ýeňillikli döwür bellenilýär, ýagny şertnama baglaşylan pursadyndan başlap, 3 ýyl ýer üçin kärende töleginden boşadylýar, ýer üçin kärende tölegi indiki 7 ýylda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberiň 50 göteriminde, soňra bolsa doly möçberinde alynýar.

5. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň maýa goýujylary kärende şertnamasyna gol çeken taraplaryň ýa-da olaryň hukuk oruntutarlarynyň ikitaraplaýyn ylalaşygy boýunça emlägiň, emläk hukuklarynyň we peýdalanmak hukugynyň başga birine berilmeginiň tirkeşikli kärende berilmegi hukugyna eýedirler, ýer bölekleriniň kärendesi muňa degişli däldir. Maýa goýujylar tarapyndan peýdalanmak hukugy girew hökmünde peýdalanylyp bilner.

6. Şertnamanyň ýer bölekleriniň, jaýlaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň kärendesi hakynda düzgünleriniň böleginiň şertleriniň üýtgedilmegine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ikitaraplaýyn ylalaşylmagy boýunça ýa-da Türkmenistanyň kazyýetiniň çözgüdi boýunça ýol berilýär.

 

27-nji madda. Erkin ykdysady zolakda nyrh emele

       getirmek düzgüni

Erkin ykdysady zolagyň çäklerinde öndürilýän ähli harytlara (işlere, hyzmatlara)  erkin nyrh emele getirmek düzgüni hereket edýär.

 

28-nji madda. Erkin ykdysady zolakda aýratyn pul düzgüni

1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň milli we daşary ýurt pulunda hasaplary açmaga, milli we daşary ýurt puluny erkin satyn almaga hem-de öz hasaplarynda ýerleşýän pullary erkin ykdysady zolagyň çäklerinde we onuň çäklerinden daşarda çäklendirilmezden (rugsatnama almazdan) peýdalanmaga haklydyr.

2. Erkin ykdysady zolakda aýratyn pul düzgüni hereket edýär we bu düzgün milli we daşary ýurt pullarynyň dolanyşygyny hem-de milli puluň erkin ýörgünli pullara öwrülmegini göz öňünde tutýar.

3. Erkin ykdysady zolakda аýratyn pul düzgüniniň hereket etmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

29-njy madda. Erkin ykdysady zolakda salgyt düzgüni

Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna, erkin ykdysady zolagyň çäklerinde maýa goýum we telekeçilik işlerini amala aşyrýan gaýry şahslara, şeýle hem Komitete salgyt salynmagy, olara berilýän salgyt ýeňillikleriniň goşulmagy bilen, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilýär.

 

30-njy madda. Erkin ykdysady zolakdaky gümrük

        düzgüniniň aýratynlyklary

1. Erkin ykdysady zolagyň çägine getirilýän harytlara Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgüni ulanylýar.

2. Erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgüni diýlip - erkin ykdysady zolagyň çäginde daşary ýurt harytlarynyň gümrük paçlary tölenilmezden hem-de ol harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar, çäklendirmeler ulanylmazdan ýerleşdirilýän we ulanylýan gümrük düzgünine düşünilýär, türkmen harytlary bolsa eksport gümrük düzgünine laýyklykda alnyp gidilmegi üçin ulanylýan şertlerde ýerleşdirilýär we ulanylýar.

3. Syýahatçylyk-rekreasion erkin ykdysady zolagynyň çäklerinde erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgüni ulanylmaýar.

4. Erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine ýerleşdirilen we erkin ykdysady zolagyň çäginden Türkmenistanyň gümrük çäginiň beýleki bölegine alnyp gidilýän daşary ýurt we türkmen harytlaryny gümrük taýdan resmileşdirmek, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda daşary ýurt harytlarynyň Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşyga goýberilen mahalynda gümrük taýdan resmileşdirmek üçin bellenilen düzgünler boýunça amala aşyrylýar.

5. Erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine ýerleşdirilen daşary ýurt we türkmen harytlary erkin ykdysady zolagyň çäginden Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşyna alnyp gidilende alnyp gidiliş gümrük paçlary tölenilmeýär hem-de ol harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmaýar.

6. Harytlary erkin gümrük zolagy (erkin ammar) gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şertleri, şeýle hem ol gümrük düzgünini ulanmagyň we tamamlamagyň tertibi gümrük işi babatdaky Ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

7. Şu maddada görkezilen gümrük düzgüniniň düzgünleri erkin ykdysady zolagyň çäginiň üsti bilen harytlaryň üstaşyr geçirilmegine degişli däldir.

8. Erkin ykdysady zolagyň  gatnaşyjylarynyň şertnama boýunça işini amala aşyrmagynyň çäklerinde baglaşýan, harytlary, serişdeleri we enjamlary getirmek we alyp gitmek, işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek, şeýle hem harytlary, serişdeleri we enjamlary satyn almagyň-satmagyň şertnamalary (kontraktlary) Komitet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir, şunda olar Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige almakdan boşadylýar.

 

 

31-nji madda. Erkin ykdysady zolakda ätiýaçlandyryş

       düzgüni

1. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň maýa goýumlarynyň we töwekgelçilikleriniň ätiýaçlandyrylyşy meýletin esasda amala aşyrylýar.

2. Ätiýaçlandyryş goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.

 

32-nji madda. Erkin ykdysady zolakda zähmet

       gatnaşyklary

1. Erkin ykdysady zolakda işlemek üçin ileri tutulýan tertipde ýerli zähmet gorlary çekilýär, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde  ýaşaýan adamlar hem-de daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar çekilip bilner.

2. Erkin ykdysady zolakda zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, zähmet we köpçülikleýin şertnamalar (ylalaşyklar) bilen düzgünleşdirilýär.

3. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary hem-de şol zolakda işlejek daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda işlemäge rugsatnama almak, şeýle hem iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygyny berjaý etmek talaplaryndan boşadylýar.

 

33-nji madda. Erkin ykdysady zolakda bolmagyň 

       aýratynlyklary

1. Erkin ykdysady zolagyň daşary ýurtly gatnaşyjylary we şol zolakda işlejek daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar ýeňilleşdirilen tertipde hasaba  alynýar.

2. Erkin ykdysady zolagyň daşary ýurtly gatnaşyjylaryny we şol zolakda işlejek daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň ýeňilleşdirilen tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

34-nji madda. Hasap we hasabatlylyk

Erkin ykdysady zolagyň çäklerinde buhgalterçilik hasaba alnyşy, maliýe, statistik hasabatlylyk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

VI BAP. ERKIN YKDYSADY ZOLAGYŇ

GATNAŞYJYLARYNA BERILÝÄN KEPILLIKLER

 

35-nji madda. Türkmenistanyň kanunçylygynyň üýtgän 

       mahalyndaky kepillikler

1. Döwlet tarapyndan erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna erkin ykdysady zolagyň çäklerinde maýa goýum we telekeçilik işleriniň ýöredilmegine şertleriň durnuklylygy kepillendirilýär.

Türkmenistan erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň  hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär.

2. Erkin ykdysady zolagyň möhletinden öň ýatyrylan ýa-da aýratyn hukuk düzgüniniň üýtgän halatynda, onuň çäkleriniň serhetleriniň üýtgemegini hem goşmak bilen, erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylaryna olar tarapyndan erkin ykdysady zolagyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriniň şertnamada göz öňünde tutulan şertlerde, şertnamanyň möhletiniň gutarmagyna çenli, ýöne on ýyldan köp bolmadyk döwürde dowam etdirmek hukugy kepillendirilýär. Görkezilen möhlet erkin ykdysady zolagyň ýatyrylan ýa-da aýratyn hukuk düzgüniniň üýtgän gününden hasaplanylýar. 

Şu bölegiň düzgünleri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna hem degişli edilýär.

3. Erkin ykdysady zolagyň maýa goýumlary amala aşyrýan şahslaryň ählisine maýa goýum işi hem-de daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryň kepillendirilmegi we maýa goýumlaryň goralmagy degişli edilýär.

Döwlet bu şahslara görkezilen zolagyň çäginden we Türkmenistanyň serhediniň çäginden daşary peýdanyň we maýa goýumlaryň çykarylmagyna bolan hukugyny kepillendirýär.

4. Şu maddanyň ikinji we üçünji bölekleriniň düzgünleri konstitusion gurluşyň esaslarynyň goralmagynyň, döwletiň goranmak ukybynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň maksady              bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynyň üýtgedilen halatlarynda ulanylmaýar.

5. Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylarynyň emläkleriniň döwlet tarapyndan millileşdirilmegine ýol berilmeýär.

6. Erkin ykdysady zolakda daşary ýurt maýalary çekilen kärhanalaryň erkin ykdysady zolakda işleýän beýleki kärhanalara garanda nähilidir bir kemsidilmegine, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny ellerinden mejbur edip almak (millileşdirmek, rekwizisiýa, muzdsuz alynmagy) çäreleriniň ýa-da şolar ýaly netijelere getirýän başga hili çäreleriň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

7. Maýa goýlan emläge erk etmegiň gadagan edilmegine ýol berilmeýär, maýa goýujynyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegine çenli hukugynyň wagtlaýyn togtadylýan halatlary muňa degişli däldir.

 

36-njy madda. Jedelleriň çözülişi

Erkin ykdysady zolagyň döredilmegi ýa-da hereket etmeginiň bes edilmegi, erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary tarapyndan şertnamanyň şertleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly jedeller, şeýle hem şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklardan ýüze çykýan gaýry jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

37-nji madda. Erkin ykdysady zolaklar hakynda

       Türkmenistanyň kanunçylygynyň 

       bozulandygy üçin jogapkärçilik

Erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny bozan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlary hem-de erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

38-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu Kanuna çapraz gelýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanun güýje giren gününden başlap, üç aýyň dowamynda şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

3. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda kabul edilen «Erkin telekeçiligiň ykdysady zolagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 90-njy madda);

1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň «Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 24-nji madda);

2007-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň XIV bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary,  2009 ý., № 2,   33-nji madda);

2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň ikinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 48-nji madda);

2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň dördünji        bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1,              71-nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 9-njy oktýabry.

№ 620-V.