Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

 

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin

Döwlet býujeti hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 161-madda)

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 95508,5 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 19623,3 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 88144,0 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 12258,8 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2018-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

 

Goşulan baha üçin

salgytdan

Peýdadan alynýan

salgytdan

Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri

4,0%

4,7%

4,0%

Ahal welaýaty

95,0%

95,0%

95,0%

Balkan welaýaty

26,0%

25,2%

26,0%

Daşoguz welaýaty

95,0%

95,0%

95,0%

Lebap welaýaty

88,0%

87,3%

88,0%

Mary welaýaty 

50,0%

51,4%

50,0%

 

4-nji madda 

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara              1050,8 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Ahal welaýaty

57,3

mln. manat
Daşoguz welaýaty

993,5

mln. manat

 

5-nji madda 

Ýerli býujetleri 8415,3 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri

1 670,7 

    mln. manat
Ahal welaýaty

1 032,5 

    mln. manat
Balkan welaýaty

1 000,5 

    mln. manat
Daşoguz welaýaty

1 450,1 

    mln. manat
Lebap welaýaty

1 780,6 

    mln. manat
Mary welaýaty

1 480,9 

    mln. manat

 

6-njy madda 

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

7-nji madda 

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet     nesýe almalary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

 

 

8-nji madda 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.

№ 651-V.