Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki
köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 19-njy madda)
(09.06.2018 ý.№ 38-VI, 14.03.2020 ý. № 234-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen )
Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň parahatçylykly ýygnanyşmaga, ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmäge bolan konstitusion hukugyny durmuşa geçirmäge, bu çäreler geçirilende jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:
1) köpçülikleýin çäre – Türkmenistanyň raýatlarynyň, syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň we dini guramalaryň başlangyçlary boýunça, şol sanda ulag serişdelerini peýdalanmak bilen amala aşyrylýan, ýygnak, ýygnanyşyk, ýöriş, köçe ýörişi ýa-da piketirlemek görnüşinde ýa-da bu görnüşleriň dürli gatnaşyklarynda geçirilýän açyk, parahatçylykly, hemmelere elýeterli çäre. Ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we gaýry durmuşynyň dürli meseleleri we daşary syýasatyň meseleleri boýunça pikiri erkin beýan etmek we emele getirmek, şeýle hem talaplary öňe sürmek köpçülikleýin çäräniň maksady bolup durýar;
2) ýygnak – ýörite bölünip berlen ýa-da munuň üçin enjamlaşdyrylan ýerde haýsydyr bir jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri köpçülik bolup ara alyp maslahatlaşmak üçin raýatlaryň bilelikde bolmagy;
3) ýygnanyşyk – jemgyýetçilik-syýasy häsiýetli wajyp meseleler boýunça jemgyýetçilik pikirini açyk beýan etmek üçin raýatlaryň kesgitlenilen ýerde köpçülikleýin bolmagy;
4) ýöriş – raýatlaryň topary tarapyndan hereket edilýän wagty ündewsuratlary we görkezme wagyz işleriniň gaýry serişdelerini peýdalanmak bilen jemgyýetçilik pikiriniň guramaçylykly açyk beýan edilmegi;
5) köçe ýörişi – haýsydyr bir meselä ünsleri çekmek maksatlary bilen öňünden kesgitlenen ugur boýunça raýatlaryň köpçülikleýin geçmekleri;
6) piketirlemek – ündewsuratlary we görkezme wagyz işleriniň gaýry serişdelerini peýdalanýan bir ýa-da birnäçe raýatlary piketirlenýän ýerde ýerleşdirmek arkaly pikiri açyk beýan etmegiň hereket etmezden we sesi güýçlendirýän tehniki serişdeleri peýdalanmazdan amala aşyrylýan görnüşi;
7) köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar haty –köpçülikleýin çäre geçirilende howpsuzlygy we hukuk tertibini üpjün etmek üçin şu Kanunda bellenilen tertipde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna köpçülikleýin çäräniň geçirilýänligi hakynda maglumat habar berilýän resminama;
8) köpçülikleýin çäräniň geçirilmeginiň dessury – köpçülikleýin çäräniň her böleginiň geçirilmegi üçin jogapkär adamlary görkezmek bilen onuň geçirilmeginiň esasy bölekleriniň wagt tertibini (sagatlaýyn meýilnamasyny), köpçülikleýin çäre ulag serişdelerini peýdalanmak bilen geçirilýän halatynda bolsa, ulag serişdeleriniň peýdalanylmagy barada maglumaty hem özünde saklaýan resminama;
9) binalara we beýleki obýektlere gös-göni ýanaşyk çäkler –ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň çözgütleri bilen ýer gurluşygy, ýerden peýdalanmak we şäher gurluşygy çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda serhetleri kesgitlenýän ýer bölekleri.
2-nji madda. Köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek
hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna esaslanýar we şu Kanundan hem-de köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler.
2. Saýlawlaryň öň ýanyndaky we sala salşyklaryň meseleleri boýunça wagyz işleriniň maksatlary üçin köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi şu Kanun we saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. Dini däp-dessurlaryň we dabaralaryň geçirilmegi «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.
3-nji madda. Köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň ýörelgeleri
Köpçülikleýin çäreleri geçirmek şu ýörelgelere esaslanýar:
1) kanunylyk – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünlerini berjaý etmek;
2) köpçülikleýin çärä gatnaşmagyň meýletinligi;
3) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak we berjaý etmek.
II BAP. KÖPÇÜLIKLEÝIN ÇÄRÄNI GURAMAGYŇ
WE GEÇIRMEGIŇ TERTIBI
4-nji madda. Köpçülikleýin çäräni guramak
Köpçülikleýin çäräni guramaga şular degişlidir:
1) köpçülikleýin çäräniň mümkin bolan gatnaşyjylaryny habarly etmek we degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatyny bermek;
2) deslapky wagyz işlerini geçirmek;
3) görkezme wagyz işleriniň serişdelerini işläp taýýarlamak we ýaýratmak;
4) köpçülikleýin çäräni taýýarlamak we geçirmek maksady bilen edilýän Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki hereketler.
5-nji madda. Köpçülikleýin çäräniň guramaçysy
1. Köpçülikleýin çäräni guramak we geçirmek boýunça borçlary öz üstüne alan bir ýa-da birnäçe kämillik ýaşyna ýeten, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem syýasy partiýalar, beýleki jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar, olaryň düzüm birlikleri köpçülikleýin çäräniň guramaçysy bolup bilerler.
2. Şular köpçülikleýin çäräniň guramaçysy bolup bilmezler:
1) kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adam, şeýle hem kazyýetiň hökümi boýunça azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde saklanýan adam;
2) öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bolan adam, şeýle hem administratiw temmisine sezewar edilen şahs, administratiw jogapkärçiligine çekileninden soň bir ýylyň dowamynda;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde işi togtadylan, bes edilen ýa-da gadagan edilen ýa-da ýatyrylan syýasy partiýa, beýleki jemgyýetçilik birleşigi we dini gurama, olaryň düzüm birlikleri.
3. Köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň şulara hukugy bardyr:
1) köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatynda görkezilen ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşmagyň netijesinde üýtgedilen ýerde we wagtda köpçülikleýin çäräni geçirmäge;
2) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, listowkalary ýaýratmak, ündewsuratlary işläp taýýarlamak arkaly we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki görnüşlerde köpçülikleýin çäräniň maksatlarynyň goldawyna deslapky wagyz işlerini geçirmäge;
3) köpçülikleýin çäräniň aýry-aýry gatnaşyjylaryny ony guramak we geçirmek boýunça serenjam beriş wezipelerini ýerine ýetirmäge ygtyýarly etmäge;
4) meýletin bagyş etmeleri, raýatlaryň talaplaryna we beýleki ýüztutmalaryna gollary ýygnamagy gurnamaga;
5) sesiniň derejesi Türkmenistanda bellenilen ülňülere we kadalara laýyk gelýän sesi güýçlendirýän tehniki serişdeleri köpçülikleýin çäre geçirilende peýdalanmaga;
6) içeri işler edaralarynyň ygtyýarly wekilinden köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmeýän adamlary köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýerinden çykarmagy talap etmäge.
4. Köpçülikleýin çäräniň guramaçysy şulara borçludyr:
1) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna şu Kanunyň 7-nji maddasynda bellenilen tertipde köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatyny bermäge;
2) köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatynda görkezilen köpçülikleýin çäräni geçirmegiň ýeriniň we wagtynyň üýtgedilmegi barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň teklibiniň kabul edilýänligi (kabul edilmeýänligi) hakynda köpçülikleýin çäräniň geçirilýän gününe çenli üç günden gijä galmazdan oňa ýazmaça görnüşde habar bermäge;
3) köpçülikleýin çäräni geçirmegiň köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatynda görkezilen ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylmagynyň netijesinde üýtgedilen şertleriniň berjaý edilmegini üpjün etmäge;
4) köpçülikleýin çärä gatnaşyjylardan jemgyýetçilik tertibini we köpçülikleýin çäräniň geçirilmeginiň dessuryny berjaý etmegi, kanunyň bozulmalaryny bes etmegi talap etmäge;
5) köpçülikleýin çäre geçirilende öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, bu borjy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň we içeri işler edarasynyň ygtyýarly wekilleri bilen bilelikde ýerine ýetirmäge, şunda olaryň hemme kanuny talaplary ýerine ýetirilmelidir;
6) köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylary tarapyndan bikanun hereketler edilen halatynda köpçülikleýin çäräni togtatmaga ýa-da ony bes etmäge;
7) köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýerinde çägiň (jaýyň) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan bellenilen aňryçäk doldurylmagy kadasynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge;
8) köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylarynyň köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatynda görkezilen sanyndan ýokary bolmagy jemgyýetçilik tertibine we bu köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylarynyň ýa-da beýleki adamlaryň howpsuzlygyna ýa-da emläge zyýan ýetirilmegine howp döredýän bolsa, şeýle gatnaşyjylaryň sanynyň şondan ýokary bolmagyna ýol bermezlik barada çäreleri görmäge;
9) köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýerinde daşky gurşawyň, gök ekinleriň, jaýlaryň, binalaryň, gurluşlaryň, gurallaryň we beýleki emlägiň abat saklanmagyny üpjün etmäge;
10) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekiliniň köpçülikleýin çäräniň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi barada talabyny köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylarynyň dykgatyna ýetirmäge;
11) köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň tapawutlandyryş nyşanynyň bolmagyna. Onuň ygtyýarly eden adamy hem tapawutlandyryş nyşanynyň bolmagyna borçludyr;
12) köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylaryndan öz ýüzlerini gizlemezliklerini, şol sanda perdeleri, perdelenmek serişdelerini, şahsyýetiň anyklanmagyny kynlaşdyrmak üçin ýörite niýetlenilen gaýry serişdeleri peýdalanmazlyklaryny talap etmäge. Köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň kanuny talaplaryna tabyn bolmadyk adamlar bu köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýerinden çykarylyp bilner.
5. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar haty möhletinde berilmedik ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň esaslandyrylan teklibi boýunça köpçülikleýin çäräniň geçirilmeli ýeriniň we wagtynyň üýtgedilmegi onuň bilen ylalaşylmadyk bolsa, köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň ony geçirmäge haky ýokdur.
6. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan borçlaryň köpçülikleýin çäräniň guramaçysy tarapyndan ýerine ýetirilmedik halatynda ol köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylary tarapyndan ýetirilen zelel üçin raýat-hukuk tertibinde jogapkärçilik çekýär.
6-njy madda. Köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylary
1. Köpçülikleýin çärä meýletin gatnaşýan raýatlar, syýasy partiýalaryň agzalary, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň we dini guramalaryň agzalary we gatnaşyjylary köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylary diýlip ykrar edilýär.
2. Köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylarynyň şulara hukugy bardyr:
1) köpçülikleýin çäräniň maksadyna laýyklykda ara alyp maslahatlaşmaga we çözgütleri kabul etmäge, beýleki köpçülikleýin hereketlere gatnaşmaga;
2) köpçülikleýin çäre geçirilende dürli nyşanlary we köpçülikleýin ýa-da beýleki pikirleri açyk beýan etmegiň gaýry serişdelerini, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik wagyz işleriniň serişdelerini peýdalanmaga;
3) raýatlaryň talaplaryny we beýleki ýüztutmalaryny kabul etmäge we olary döwlet häkimiýet edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine we dini guramalara, halkara we beýleki edaralara we guramalara ibermäge.
3. Köpçülikleýin çäre geçirilýän wagtynda onuň gatnaşyjylary şulara borçludyrlar:
1) köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň, onuň ygtyýarly eden adamlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekiliniň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge;
2) jemgyýetçilik tertibini we köpçülikleýin çäräniň geçirilmeginiň dessuryny berjaý etmäge;
3) eger köpçülikleýin çäre ulag serişdelerini peýdalanmak bilen geçirilýän bolsa, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan ulag howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmäge.
4. Köpçülikleýin çärä gatnaşyjylaryň şulara hukugy ýokdur:
1) öz ýüzüni gizlemäge, şol sanda perdeleri, perdelenmek serişdelerini, şahsyýetiň anyklanmagyny kynlaşdyrmak üçin ýörite niýetlenilen gaýry serişdeleri peýdalanmaga;
2) ýaragyň, ok-därileriň, sünjülýän ýa-da kesýän närseleriň, ýarag hökmünde peýdalanylyp bilinjek gaýry närseleriň, partladyjy enjamlaryň partlaýjy, awuly, seri dumanladyjy, güýçli täsir edýän, çalt ýanýan maddalaryň, ýangyn howply we pirotehniki maddalaryň ýa-da önümleriň (otluçöpler we jübi ot berijileri muňa girmeýär), pirotehniki önümleri ýa-da tüsseleri taýýarlamak üçin peýdalanylyp bilinjek närseleriň (himiki materiallary), ýangyç materiallarynyň we maddalarynyň, peýdalanylmagy tüsseledilmegine, ýanmagyna getirip biljek gaýry maddalaryň, närseleriň, önümleriň öz ýanynda bolmagyna, alkogolly we düzüminde spirt bolan önümleriň, piwonyň we onuň esasynda taýýarlanýan içgileriň öz ýanynda bolmagyna we olary içmäge;
3) köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýerinde serhoş ýagdaýda bolmaga;
4) taryhy we medeni ýadygärliklere we beýleki maddy gymmatlyklara zyýan ýetirmäge;
5) pyýadalaryň we ulag serişdeleriniň kadaly hereket etmegine päsgelçilikleri döretmäge.
5. Şahadatnama ýa-da şahsyýetini we ygtyýarlygyny tassyklaýan gaýry resminama žurnalistiň köpçülikleýin çärede alyp barýan işine esas bolýar. Köpçülikleýin çärede bolýan žurnalistiň onuň köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekilidigini aýdyň görkezýän tapawutlandyryş nyşany bolmalydyr.
7-nji madda. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada
habar haty
1. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar haty (bir gatnaşyjy tarapyndan geçirilýän piketirlemek muňa girmeýär) onuň guramaçysy tarapyndan köpçülikleýin çäräniň geçirilýän gününe çenli 15 günden ir we 10 günden giç bolmadyk möhletde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna ýazmaça görnüşde berilýär. Adamlaryň topary tarapyndan piketirlemek geçirilende köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar haty onuň geçirilýän gününe çenli üç günden giç bolmadyk, eger görkezilen günler dynç güni (ýekşenbe), işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra güni bilen gabat gelýän bolsa, onda onuň geçirilýän gününe çenli dört günden giç bolmadyk möhletde berlip bilner.
Bir gatnaşyjy tarapyndan amala aşyrylýan piketirlemek barada habar haty talap edilmeýär.
2. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatynda şular görkezilýär:
1) köpçülikleýin çäräniň maksady;
2) köpçülikleýin çäräniň görnüşi;
3) köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýeri (ýerleri), gatnaşyjylaryň hereketiniň ugry, köpçülikleýin çäre ulag serişdelerini peýdalanmak bilen geçirilýän halatynda bolsa, ulag serişdeleriniň peýdalanylmagy barada maglumat;
4) köpçülikleýin çäräniň senesi, başlanýan we tamamlanýan wagty;
5) köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylarynyň çak edilýän sany;
6) köpçülikleýin çäräniň guramaçysy tarapyndan jemgyýetçilik tertibini, lukmançylyk kömeginiň gurnalmagyny üpjün etmegiň görnüşleri we usullary, köpçülikleýin çäre geçirilende sesi güýçlendirýän tehniki serişdeleri peýdalanmak meýilleri;
7) köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady ýa-da ady, onuň ýaşaýan ýa-da ýerleşýän ýerleriniň salgylary we habarlaşmak üçin telefon belgileri;
8) köpçülikleýin çäräni guramak we geçirmek boýunça serenjam beriş wezipelerini ýerine ýetirmäge köpçülikleýin çäräniň guramaçysy tarapyndan ygtyýarly edilen adamlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady;
9) köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatynyň berlen senesi.
3. Şu Kanunyň 3-nji maddasynda beýan edilen ýörelgelere laýyklykda köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar haty köpçülikleýin çäräniň guramaçysy we köpçülikleýin çäräni guramak we geçirmek boýunça serenjam beriş wezipelerini ýerine ýetirmäge köpçülikleýin çäräniň guramaçysy tarapyndan ygtyýarly edilen adamlar tarapyndan gol çekilýär.
8-nji madda. Köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýerleri
1. Eger köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi binalaryň we desgalaryň ýykylmagyna ýa-da bu köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylarynyň howpsuzlygyna wehim salmaýan bolsa, köpçülikleýyn çäre onuň maksatlary üçin ýaramly bolan islendik ýerlerde geçirilip bilner. Köpçülikleýin çäräniň aýry-aýry ýerlerde geçirilmegine gadaganlyklaryň ýa-da çäklendirmeleriň şertleri şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen anyklaşdyrylyp bilner.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri köpçülik bolup ara alyp maslahatlaşmak üçin, şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy häsiýetli wajyp meseleler boýunça jemgyýetçilik pikirini açyk beýan etmek üçin raýatlaryň köpçülikleýin bilelikde bolmagy üçin ýörite bölünip berlen ýa-da enjamlaşdyrylan ýerleri (mundan beýläk – ýörite bölünip berlen ýerler) kesgitleýärler. Ýörite bölünip berlen ýerleri peýdalanmagyň tertibi, olary aňryçäk doldurmagyň kadalary we geçirilmegi barada habar haty talap edilmeýän köpçülikleýin çärä gatnaşýanlaryň aňryçäk sany ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan bellenýär.
3. Ýörite bölünip berlen ýerler kesgitlenende we olary peýdalanmagyň tertibi bellenende köpçülikleýin çäräniň maksatlaryna ýetmeginiň mümkinçiligi, ýörite bölünip berlen ýerleriň ulag elýeterliligi, köpçülikleýin çäräniň guramaçylary we gatnaşyjylary tarapyndan infrastruktura obýektlerini peýdalanmagyň mümkinçiligi, arassaçylyk kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilmegi, köpçülikleýin çäräniň guramaçylarynyň we gatnaşyjylarynyň, beýleki adamlaryň howpsuzlygy üpjün edilmelidir. Ýörite bölünip berlen ýerlerde şol bir wagtda birnäçe köpçülikleýin çäreleriniň guramaçylary tarapyndan köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatlary iberilen halatynda ýörite bölünip berlen ýerleri peýdalanmagyň nobatlylygy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan degişli habar hatynyň alnan wagtyny hasaba almak bilen kesgitlenýär.
4. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi gadagan edilen ýerlere şular degişlidir:
1) Türkmenistanyň Prezidentiniň rezidensiýasynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, telewideniýe we radiogepleşikler barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň binalaryna 200 metrden golaý bolan aralyk;
2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ilatyň ýaşaýşyny üpjün edýän (jemgyýetçilik ulagy, suw, ýylylyk we energiýa üpjünçiligi kärhanalary, saglygy goraýyş we bilim edaralary) edaralaryň binalaryna 50 metrden golaý bolan aralyk;
3) ýol geçelgeleri, demir ýol, suw we howa ulaglarynyň desgalary, demir ýol, suw we howa ulaglaryna, nebit-, gaz- we beýleki önüm geçirijilere, ýokary woltly elektrik geçirijileriň ugurlaryna bölünip berlen zolaklar;
4) howply maddalaryň alynýan, ulanylýan, gaýtadan işlenilýän, döredilýän, saklanylýan, daşalýan we ýok edilýän howply önümçilik desgalaryna 100 metrden golaý bolan aralyk;
5) radioaktiw maddalary we materiallary öndürmek ýa-da saklamak üçin niýetlenen desgalara, şol sanda ýadro materiallarynyň, işlenilen ýadro materiallarynyň we ulanylan radioaktiw galyndylarynyň saklanylýan çäklerine we sanitar-gorag zolaglaryna 300 metrden golaý bolan aralyk;
6) ýaraglaryň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň we materiallaryň, pirotehniki önümleriň öndürilýän we saklanylýan çäklerine 300 metrden golaý bolan aralyk;
7) azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany ýerine ýetirýän edaralaryň çäklerine we binalaryna gös-göni ýanaşyk çäkler;
8) serhet sebiti, eger serhet sebitine ýörite rugsatnama bermäge ygtyýarly serhet edaralarynyň şeýle rugsady ýok bolsa;
9) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň çözgüdi bilen köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi gadagan edilen beýleki ýerler.
5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan şu maddanyň ikinji bölegine laýyklykda ýörite bölünip berlen ýerler kesgitlenenden soň köpçülikleýin çäreler adatça görkezilen ýerlerde geçirilýär. Köpçülikleýin çäräniň ýörite bölünip berlen ýerleriň daşynda geçirilmegine diňe ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylandan soň ýol berilýär. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy diňe şu Kanunyň 12-nji maddasynyň üçünji bölegi bilen göz öňünde tutulan esaslar bar bolanda köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi bilen ylalaşmakdan ýüz dönderýär.
6. Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunylygy, hukuk tertibini, jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen, şol sanda eger görkezilen ýerlerde köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi durmuş ähmiýetli obýektleriň, ulag ýa-da durmuş infrastrukturasynyň, aragatnaşygyň kadaly işlemeginiň bozulmagyna, pyýadalaryň we ulag serişdeleriniň kadaly hereket etmegine ýa-da raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna ýa-da ulag ýa-da durmuş infrastrukturasynyň obýektlerine elýeterliligine päsgelçilikleriň döredilmegine getirip biljek bolsa, köpçülikleýin çäreleriniň geçirilmegi gadagan edilýän ýerler ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan goşmaça kesgitlenýär.
7. Taryhy we medeni ýadygärlikler bolan obýektleriň, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň çäklerinde köpçülikleýin çäräni geçirmegiň tertibi şeýle obýektleriň aýratynlyklaryny we şu Kanunyň talaplaryny hasaba almak bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan kesgitlenýär.
8. Umumy ulanylýan ulag üçin peýdalanylýan we şu maddanyň dördünji bölegine laýyklykda köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi gadagan edilen ýerlere degişli bolmadyk ulag infrastrukturasynyň obýektlerinde köpçülikleýin çäräni geçirmegiň tertibi şu Kanunyň talaplaryny, şeýle hem ulag howpsuzlygyny we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan talaplary hasaba almak bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan kesgitlenýär.
9-njy madda. Köpçülikleýin çäräniň geçirilýän wagty
Köpçülikleýin çäre bellenen güni ýerli wagt boýunça sagat 7-den ir başlanyp we sagat 22-den giç tamamlanyp bilinmez.
10-njy madda. Deslapky wagyz işleri
1. Köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň we beýleki adamlaryň köpçülikleýin çäräniň geçirilmeli ýeri we wagty ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşylan pursadyndan raýatlara köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýeri, wagty we maksatlary barada we köpçülikleýin çäräniň taýýarlanmagy we geçirilmegi bilen bagly gaýry maglumatlary habar bermek bilen olaryň arasynda deslapky wagyz işlerini päsgelçiliksiz geçirmäge, şeýle hem raýatlary we olaryň birleşiklerini taýýarlanýan köpçülikleýin çärä gatnaşmaga çagyrmaga hukuklary bardyr.
2. Deslapky wagyz işlerini geçirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, dilden çagyryşlar peýdalanylyp, ündewsuratlar we bildirişler ýaýradylyp, wagyz işleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki görnüşleri ulanylyp bilner.
3. Deslapky wagyz işleriniň adamyň we raýatyň mertebesini masgaralaýan we kemsidýän görnüşde geçirilmegine ýol berilmeýär.
4. Eger köpçülikleýin çäräni guramak we geçirmek şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa, deslapky wagyz işleri köpçülikleýin çäre görnüşinde geçirilip bilinmez.
5. Köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň ony geçirmekden ýüz dönderen halatynda ol deslapky wagyz işlerini bes etmek we kabul edilen çözgüt barada raýatlara we bu köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar haty berlen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna habar etmek boýunça çäreleri görmäge borçludyr.
11-nji madda. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegini
maddy-enjamlaýyn we guramaçylyk taýdan
üpjün etmek
1. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegini maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek onuň guramaçysy we gatnaşyjylary tarapyndan öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça bellenmedik bolsa, bu köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi üçin ýygnanylan we berlen serişdeleriň we emläkleriň hasabyna amala aşyrylýar.
Köpçülikleýin çäräniň daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslarynyň maliýe, maddy we gaýry kömekleriniň hasabyna geçirilmegine ýol berilmeýär.
2. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegini maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmegi amala aşyrylýan köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylarynyň ygtyýarlyklary onuň guramaçysy tarapyndan ýazmaça tassyk edilmelidir.
12-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň borçlary
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatyny alandan soň şulara borçludyr:
1) köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatyny alan senesini we wagtyny görkezmek bilen ony alanlygyny resminama bilen tassyk etmäge;
2) köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatyny alan gününden üç günüň dowamynda (adamlaryň topary tarapyndan piketirlemek geçirilmegi barada habar haty berlende bolsa, onuň geçirilýän gününe çenli bäş günden az bolanda – onuň alnan gününde) köpçülikleýin çäräniň geçirilmeli ýeriniň we wagtynyň üýtgedilmegi barada esaslandyrylan teklibini, şeýle hem köpçülikleýin çäräni geçirmegiň habar hatynda görkezilen maksatlarynyň, görnüşleriniň we beýleki şertleriniň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmezligini düzetmek barada tekliplerini köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň dykgatyna ýetirmäge;
3) köpçülikleýin çäräniň görnüşine we onuň gatnaşyjylarynyň sanyna baglylykda bu köpçülikleýin çäräniň şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginde köpçülikleýin çäräniň guramaçysyna ýardam bermek maksatlary bilen özüniň ygtyýarly wekilini bellemäge. Ygtyýarly wekiliň bellenilmegi köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylarynyň we beýleki adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bilelikde hereket etmegi guramak üçin öz wagtynda köpçülikleýin çäräniň guramaçysyna we içeri işler edarasyna iberilýän ýazmaça buýruk bilen resmileşdirilýär;
4) köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýerinde çägiň (jaýyň) aňryçäk doldurylmagynyň bellenilen kadalary barada maglumaty köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň dykgatyna ýetirmäge;
5) köpçülikleýin çäräniň guramaçysy we içeri işler edarasynyň ygtyýarly wekili bilen bilelikde köpçülikleýin çäre geçirilende jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny, şeýle hem zerur bolanda olara gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň berilmegini ygtyýarlyklarynyň çäklerinde üpjün etmäge;
6) köpçülikleýin çäräniň geçirilmeginiň sebäbi bolan meseleler barada bu meseleler salgylanylan döwlet häkimiýet edaralaryna habar bermäge we geçirilen köpçülikleýin çäreleriň hasabyny ýöretmäge;
7) köpçülikleýin çäräniň döwlet goragynyň geçýän ýollarynda we obýektleriniň hemişe ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerlerinde geçirilýänligi barada maglumatlar alnanda bu barada öz wagtynda degişli döwlet goragy edaralaryna habar bermäge.
2. Eger köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar hatynyň beýanynda bolan maglumat we beýleki maglumatlar meýilleşdirilen köpçülikleýin çäräniň maksatlary we ony geçirmegiň görnüşleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyk gelmeýänligine we Türkmenistanyň kanunçylygynda görkezilen gadaganlyklary bozýanlygyna çak etmäge esas berýän bolsa, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy haýal etmezden görkezilen hukuk bozulmalarynyň barlygynda şeýle çäräniň geçirilmeginiň guramaçysyny, şeýle hem köpçülikleýin çäräniň beýleki gatnaşyjylaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltip biljekligi barada ýazmaça duýduryşy köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň dykgatyna ýetirýär.
3. Eger köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi barada habar haty şu Kanuna laýyklykda köpçülikleýin çäräniň guramaçysy bolmaga hukugy bolmadyk adam tarapyndan berlen ýa-da habar hatynda köpçülikleýin çäräniň geçirilýän ýeri hökmünde şu Kanuna ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi gadagan edilen ýer görkezilen bolsa, diňe şu halatlarda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy köpçülikleýin çäräniň geçirilmegini ylalaşmakdan ýüz dönderýär.
13-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekiliniň hukuklary we borçlary
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekiliniň şulara hukugy bardyr:
1) köpçülikleýin çäräniň guramaçysyndan ony guramagyň we geçirmegiň tertibiniň berjaý edilmegini talap etmäge;
2) şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde we esaslar boýunça köpçülikleýin çäräniň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi barada çözgüt kabul etmäge.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekili şulara borçludyr:
1) köpçülikleýin çärede bolmaga;
2) köpçülikleýin çäräniň guramaçysyna ony geçirmekde ýardam etmäge;
3) köpçülikleýin çäre geçirilende köpçülikleýin çäräniň guramaçysy we içeri işler edarasynyň ygtyýarly wekili bilen bilelikde jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny, şeýle hem kanunylygyň berjaý edilmegini üpjün etmäge.
14-nji madda. Içeri işler edarasynyň ygtyýarly wekiliniň hukuklary we borçlary
1. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýän çäk (jaý) hyzmat etmeginde bolan içeri işler edarasynyň ýolbaşçysy köpçülikleýin çäre geçirilende jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde köpçülikleýin çäräniň guramaçysyna ýardam etmek maksatlary bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýazmaça görnüşde edilen teklibi boýunça içeri işler edarasynyň ygtyýarly wekilini bellemäge borçludyr. Görkezilen wekiliň bellenilmegi içeri işler edarasynyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen resmileşdirilýär.
2. Içeri işler edarasynyň ygtyýarly wekiliniň şulara hukugy bardyr:
1) çägiň (jaýyň) aňryçäk doldurylmagynyň kadalarynyň bozulan halatynda köpçülikleýin çärä raýatlaryň goýberilmeginiň bes edilýänligi barada yglan etmegi köpçülikleýin çäräniň guramaçysyndan talap etmäge we oňa raýatlaryň goýberilmegini özbaşdak bes etmäge;
2) köpçülikleýin çäräniň guramaçysyndan we oňa gatnaşyjylardan ony guramagyň we geçirmegiň tertibiniň berjaý edilmegini talap etmäge;
3) köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmeýän adamlary onuň geçirilýän ýerinden köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň soramagy boýunça çykarmaga.
3. Içeri işler edarasynyň ygtyýarly wekili şulara borçludyr:
1) köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýardam etmäge;
2) köpçülikleýin çäre geçirilende köpçülikleýin çäräniň guramaçysy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekili bilen bilelikde jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny, şeýle hem kanunylygyň berjaý edilmegini üpjün etmäge.
15-nji madda. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegini
togtatmagyň esaslary we tertibi
1. Eger köpçülikleýin çäräniň geçirilýän wagtynda oňa gatnaşyjylaryň günäsi bilen olaryň jany we saglygy üçin howp döremegine eltmedik hukuk bozulmasy bolan bolsa, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekili özbaşdak ýa-da içeri işler edarasynyň ygtyýarly wekili bilen bilelikde köpçülikleýin çäräniň guramaçysyndan bu bozulmany aradan aýyrmagy talap etmäge haklydyr.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hukuk bozulmasynyň aradan aýrylmagy barada talabyň ýerine ýetirilmedik halatynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekili hukuk bozulmany aradan aýyrmak üçin özi tarapyndan bellenilen wagta köpçülikleýin çäräni togtatmaga haklydyr. Hukuk bozulma aradan aýrylanda köpçülikleýin çäre onuň guramaçysy bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekiliniň arasyndaky ylalaşyk boýunça dowam etdirilip bilner.
3. Eger hukuk bozulmasy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekili tarapyndan bellenilen wagtyň geçmegi bilen aradan aýrylmadyk bolsa, onda köpçülikleýin çäre şu Kanunyň 17-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde bes edilýär.
16-njy madda. Köpçülikleýin çäräniň bes edilmeginiň esaslary
Köpçülikleýin çäräniň bes edilmeginiň esaslary şular bolup durýar:
1) raýatlaryň jany we saglygy, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslaryň emlägi üçin hakyky howp döredilmegi;
2) köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylary tarapyndan bikanun hereketleriň edilmegi we şu Kanunyň köpçülikleýin çäräniň geçirilmeginiň tertibine degişli bolan talaplarynyň köpçülikleýin çäräniň guramaçysy tarapyndan bilkastlaýyn bozulmagy;
3) şu Kanunyň 5-nji maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan borçlaryň köpçülikleýin çäräniň guramaçysy tarapyndan ýerine ýetirilmezligi.
17-nji madda. Köpçülikleýin çäräniň bes edilmeginiň tertibi
1. Köpçülikleýin çäräniň bes edilmegi barada çözgüt kabul edilen halatynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ygtyýarly wekili:
1) köpçülikleýin çäräniň guramaçysyna köpçülikleýin çäräniň bes edilmeginiň sebäplerini esaslandyryp, ony bes etmek barada görkezme berýär we 24 sagadyň dowamynda bu görkezmäni köpçülikleýin çäräniň guramaçysyna gowşurmak bilen ony ýazmaça resmileşdirýär;
2) köpçülikleýin çäräniň bes edilmegi barada görkezmäni ýerine ýetirmek üçin wagt belleýär;
3) köpçülikleýin çäräniň bes edilmegi barada görkezmäniň köpçülikleýin çäräniň guramaçysy tarapyndan ýerine ýetirilmedik halatynda köpçülikleýin çäräniň gatnaşyjylaryna gös-göni ýüzlenýär we köpçülikleýin çäräniň bes edilmegi barada görkezmäniň ýerine ýetirilmegi üçin goşmaça wagt belleýär.
2. Köpçülikleýin çäräniň bes edilmegi barada görkezmäniň ýerine ýetirilmedik halatynda içeri işler edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket etmek bilen köpçülikleýin çäräniň bes edilmegi boýunça zerur çäreleri görýärler.
3. Köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň, derbi-dagynlyklaryň, otlamalaryň ýüze çykan halatlarynda we tiz hereketleriň talap edilýän beýleki halatlarda köpçülikleýin çäräniň bes edilmeginiň şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan tertibi ulanylmaýar. Şu halatlarda köpçülikleýin çäräniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Köpçülikleýin çäräniň aýry-aýry gatnaşyjylary tarapyndan içeri işler edaralarynyň işgärleriniň kanuny talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da olara boýun bolunmazlygy (garşylyk görkezilmegi) bu gatnaşyjylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
III BAP. RAÝATLARYŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN
ÇÄRELERI GEÇIRMÄGE BOLAN HUKUKLARYNY
DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ KEPILLIKLERI
18-nji madda. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegi üçin
şertleriň üpjün edilmegi
1. Köpçülikleýin çärä gatnaşyjylaryň jemgyýetçilik tertibini we köpçülikleýin çäräniň geçirilmeginiň dessuryny bozmaýan usulda öz pikirlerini beýan etmeklerine päsgel bermäge köpçülikleýin çäräniň guramaçysynyň, wezipeli adamlaryň we beýleki raýatlaryň hukugy ýokdur.
2. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmeginiň sebäbi bolan meseleler salgylanylan döwlet häkimiýet edaralary bu meselelere tutuş mazmuny boýunça seretmäge, olar boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde zerur çözgütleri kabul etmäge we kabul edilen çözgütler barada köpçülikleýin çäräniň guramaçysyna habar bermäge borçludyrlar.
3. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen jemgyýetçilik tertibini goldamak, ýol hereketini kadalaşdyrmak, arassaçylyk we lukmançylyk hyzmatlaryny etmek tölegsiz esasda amala aşyrylýar.
19-njy madda. Raýatlaryň köpçülikleýin çäräni geçirmäge
bolan hukuklaryny bozýan çözgütlere we
hereketlere (hereketsizliklere) şikaýat edilmegi
Döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we wezipeli adamlaryň raýatlaryň köpçülikleýin çäräni geçirmäge bolan hukuklaryny bozýan çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizliklerine) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.
IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜN
20-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 28-nji fewraly.
№ 185-V.