Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at hakynda
Düzgünnamany rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 24-nji madda)
1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen täze görnüşde tassyklanan «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at hakynda Düzgünnamany (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 4, 56-njy madda) rejelenen görnüşde tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 28-nji fewraly.
№ 190-V.
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at hakynda
DÜZGÜNNAMA
(rejelenen görnüşi)
(11.07.2023 ý. № 40-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at iň ýokary tapawutlandyryş derejesidir we ol döwletiň hem-de jemgyetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin diňe Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at aýratyn halatlarda Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet gurluşyny pugtalandyrmak işine uly şahsy goşant goşan raýatlara gaýtadan dakylyp bilner.
2. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylýar.
Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan amala aşyrylýar.
3. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakylan adamlara aýratyn tapawutlandyryş nyşany ‒ «Altyn Aý» altyn nyşany we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada gaýtadan mynasyp bolan adamynyň bitiren aýratyn hyzmatlaryny aňlatmak üçin onuň bürünç heýkeli gurulýar. Bürünç heýkeliň gurulýan ýeri «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda namada görkezilýär.
4. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakylan adama döwletiň walýuta ätiýaçlygynyň hasabyna ABŞ-nyň ýigrimi bäş müň dollary möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenýär, şeýle hem oňa her aýda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna aýlyk zähmet hakynyň, wezipe aýlygynyň, pensiýasynyň, talyp hakynyň elli göterimi möçberinde girdeji salgydy salynmaýan goşmaça hak bellenýär.
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada gaýtadan mynasyp bolan adama döwletiň walýuta ätiýaçlygynyň hasabyna ABŞ-nyň ýüz müň dollary möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenýär, şeýle hem oňa her aýda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna aýlyk zähmet hakynyň, wezipe aýlygynyň, pensiýasynyň, talyp hakynyň ýüz göterimi möçberinde girdeji salgydy salynmaýan goşmaça hak bellenýär.
5. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakylan adamlara aşakdaky ýeňillikler berilýär:
a) ýaşy boýunça pensiýanyň azyndan bäş esse möçberinde şahsy pensiýany almak hukugy;
b) nobatsyz ýaşaýyş jaýyny almak, şeýle hem lukmançylyk, jemagat, durmuş we medeni aň-bilim edaralarynyň hyzmatyndan nobatsyz peýdalanmak hukugy;
ç) şäheriň içinde gatnaýan jemgyýetçilik ulaglaryndan (taksiden başga) mugt peýdanlanmak, şeýle hem howa ulagyndan, demir ýol ulagyndan – tizlikli we ýolagçy otlularynyň ýumşak düşekli wagonlarynda, suw ulagyndan – I derejeli kaýutalarda, şäherara awtomobil ulagyndan – Türkmenistanyň çäginde ýylda bir gezek (iki tarapa-da) mugt gatnamak hukugy.
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakylan adamlar Türkmenistanyň kanunçygynda bellenilen tertipde we halatlarda beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar.
6. «Altyn Aý» altyn nyşany döşüň çep tapyndan Türkmenistanyň ordenleriniň we medallarynyň ýokarsyndan dakylýar.
«Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakylan adama agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat edenligi üçin iş kesilen halatynda ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen atdan mahrum edilip bilner.