Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň Statutyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň

Statutyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 25-madda)

 

 

2001-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeniniň Statutyny (2009-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 69-njy madda) rejelenen görnüşde tassyklamaly (goşulýar). 

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 28-nji fewraly.

№ 191-V.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň«Ruhubelent» ordeniniň

STATUTY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni döwlet sylagy bolup, milletiň asylly ahlak sypatlary esasynda jemgyýetde uly abraýa mynasyp bolan, şeýle hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öňde goýulan wezipeleri durmuşa geçirmekde, adamlarda ruhubelentlik sypatlaryny terbiýelemekde aýratyn tapawutlanan adamlary sylaglamak maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen adamlaryň nusgalyk ahlak sypatlary göz öňünde tutulyp sylaglanylýar.

3. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen:

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň wezipelerini işinde göreldeli durmuşa geçirýänler;

şahsy kämilligi bilen aýratyn tapawutlanýan adamlar;

ruhubelentligi bilen jemgyýetde ruhana gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmagyň hötdesinden gelýän adamlar;

ruhubelentligi, ajaýyp ahlak sypatlary bilen ýaş nesle görüm-görelde bolýan adamlar;

ýaş nesli beýik nusgalyk ahlak sypatlarynda, ruhubelentlikde terbiýeleýän terbiýeçiler, mugallymlar;

döredijiliginde adamlary ruhy galkynyşlara ruhlandyrmagy başarýan edebiýat, sungat, medeniýet işgärleri sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen beýleki döwletleriň raýatlary hem sylaglanyp bilner.

5. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabat getirilip, ýylda bir gezek geçirilýär. Beýleki halatlarda Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglamak Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen geçirilýär.

6. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglanan adamlara:

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni we onuň şahadatnamasy gowşurylýar;

 

iň pes zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak berilýär we

iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenýär.

7. Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçygynda bellenilen tertipde we halatlarda beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar.