Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 

Howpsuzlyk gullugy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 54-nji madda)

 

(20.10.2018 ý. № 82-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

 

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk  gullugynyň işiniň hukuk, guramaçylyk esaslaryny we ýörelgelerini, hukuklaryny hem-de borçlaryny kesgitleýär, şeýle hem bu gullugyň işgärlerini hukuk we durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) barlag-geçiriş düzgüni – goralýan desgalara hem-de goralýan şahslaryň bolýan ýerleriniň çäklerine adamlaryň, awtoulaglaryň gözegçiliksiz girip-çykmak, goş-golamlaryň gözegçiliksiz geçirilmek mümkinçiligini aradan aýyrmak maksady bilen bellenilýän tertip;

2) goralýan şahslar – şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda goralmaga degişli edilen fiziki şahslar;

3) goralýan şahslaryň howpsuzlygy – goralýan şahslaryň döwlet gullugynyň ýa-da döwlet, syýasy ýa-da jemgyýetçilik işiniň wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda olaryň janyna, saglygyna, mertebesine we gaýry möhüm durmuş bähbitlerine wehim salýan kast etmelerden, şonuň ýaly-da tebigy, tehnogen we beýleki häsiýetdäki ýagdaýlardan hem-de hadysalardan goraglylygy;

4) goralýan şahsyň howpsuzlygyna wehim  goralýan şahsyň janyna, saglygyna, mertebesine we kanun tarapyndan goralýan möhüm durmuş bähbitlerine howp döredýän şertler we faktorlar, şeýle hem mümkin bolan fiziki, ahlak we beýleki kast etmeler ýa-da bu şahsa we onuň kanun tarapyndan goralýan möhüm durmuş bähbitlerine gaýry zyýan ýetirilmegi ýa-da zyýan ýetirilmek mümkinçiligi;

5) goralýan desgalar – goralýan şahslaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen goralmaga degişli goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän döwlet häkimiýet edaralarynyň binalary hem-de aýratyn ähmiýetli döwlet desgalary, olaryň çäkleri we akwatoriýalary;

6) goralýan desgalaryň howpsuzlygy  goralýan desgalaryň howpsuzlygyna ýa-da şol desgalaryň çäklerinde ýerleşen döwlet häkimiýet edaralarynyň kadaly işlemegine wehim salýan kast etmelerden hem-de tebigy, tehnogen we beýleki häsiýetdäki ýagdaýlardan we hadysalardan goraglylygy;

7) goralýan şahsyň hemişelik bolýan ýerleri – goralýan şahsyň hemişelik ýaşaýan (öýi, daçasy we ş.m.) we döwlet gullugyny amala aşyrýan (işleýän) ýerleri;

8) goralýan şahsyň wagtlaýyn bolýan ýerleri – goralýan şahsyň hemişelik bolýan ýerlerinden gaýry bolýan ýerleri;

9) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek – goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna garşy wehimleri ýüze çykarmaga, duýdurmaga we öňüni almaga gönükdirilen hukuk, gorag, çäklendiriş, dessin-agtaryş, tehniki we beýleki çäreleri amala aşyrmak;

10) gorag çäreleri  Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň özbaşdak ýa-da degişli harby we hukuk goraýjy edaralaryň güýçlerini hem-de serişdelerini çekmek bilen goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen hereketleriniň jemi;

11) gorag zolaklary – goralýan şahslaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we goralýan desgalary goramak ýa-da olaryň ulanylmagyna zerur şertleri döretmek üçin niýetlenen, çäkleri we suw desgalaryny peýdalanmagyň aýratyn şertleri bellenýän goralýan desgalara we gatnaw ugurlaryna ýanaşýan çäkler (ýer bölekleri) we akwatoriýalar;

12) gatnaw ugurlary – goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerine ýörite niýetlenen awtoulaglaryň gitmegi üçin saýlanyp alnan ýollar. Hemişelik esasda peýdalanylýan gatnaw ugurlary – ýörite gatnaw ugurlary;

13) howpsuz iýmit bilen üpjün etmek – goralýan şahsyň iýmitini guramak, onuň jany we saglygy üçin howpy ýa-da wehimi aradan aýyrýan häsiýetli we hilli azygy bermek ýa-da onuň berilmegine gözegçilik etmek;

14) ulag hyzmaty – goralýan şahslaryň Türkmenistanyň çägi boýunça we onuň çäklerinden daşarda howpsuz we päsgelçiliksiz hereket etmegi üçin ýörite niýetlenen awtoulaglaryň, şeýle hem ýörite bölünip berlen we enjamlaşdyrylan ýolagçy ulag serişdeleriniň (demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary) goragly saklanylmagy hem-de görkezilen ulag serişdeleriniň öz wagtynda berilmegi.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň

    Howpsuzlyk gullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy (mundan beýläk – Howpsuzlyk gullugy) Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün edýän güýçleriň düzümine girýän, şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gorag çärelerini amala aşyrýan we gös-göni Türkmenistanyň Prezidentine tabyn bolan ýörite döwlet edarasydyr. Onda harby gulluk göz öňünde tutulandyr.

 

3-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işiniň hukuk esaslary

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun hem-de Howpsuzlyk gullugynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary Howpsuzlyk gullugynyň işiniň hukuk esasyny düzýär.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

4-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işiniň esasy ýörelgeleri

Howpsuzlyk gullugynyň işi kanunylyk, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny hormatlamak, ynsanperwerlik, syýasy partiýalara dahylsyzlyk, duýduryş çärelerini ileri tutmak, sazlaşykly we özara baglanyşykly hereket, döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlykda howpsuzlygy üpjün etmek, gizlinlik tärlerini ulanmak, üznüksizlik, işiň aýan hem-de aýan däl usullaryny we serişdelerini utgaşdyryp alyp barmak ýörelgelerine esaslanýar.

 

5-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işinde adamyň we

    raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň

    berjaý edilmegi

1. Howpsuzlyk gullugy üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirende adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny kepillendirýär.

2. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde ýol berilýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda adamyň we raýatyň şahsy durmuşyna degişli we onuň namysyny, mertebesini kemsidýän ýa-da onuň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip biljek maglumatlaryň aýan edilmegine ýol berilmeýär.

4. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň hereketleri esasynda özüniň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirilen, azatlyklary we hukuklary kemsidilen diýip hasap eden adamyň bu barada kanunda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

 

6-njy madda. Howpsuzlyk gullugynyň harby we hukuk goraýjy

     edaralar bilen arkalaşykly işlemegi

1. Howpsuzlyk gullugy öňünde goýlan wezipeleri çözmekde  beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen arkalaşykly hereket edýär.

2. Goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çekilen harby we hukuk goraýjy edaralaryňgüýçleri hem-de serişdeleri şol döwürde Howpsuzlyk gullugynyň tabynlygynda bolýar. Şol harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri kanunda bellenilen tertipde ýaragy, ýörite serişdeleri, ýörite we harby tehnikany ulanýar hem-de peýdalanýar.

 

7-nji madda. Goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň

    howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşýan 

    harby we hukuk goraýjy edaralar

1. Howpsuzlyk gullugy goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesini gönüden-göni ýerine ýetirýär we bu ugurda beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini utgaşdyryp, olara ýolbaşçylyk edýär.

 

2. Ygtyýarlyklarynyň çäklerinde goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşýan harby we hukuk goraýjy edaralar şu aşakdakylardyr:

1) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi;

2) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi;

3) Türkmenistanyň Goranmak ministrligi;

4) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

3. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki harby we hukuk goraýjy hem-de döwlet häkimiýet edaralary goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge çekilip bilner.

4. Goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge çekilen edaralaryň işgärlerine bu ugurda wezipe borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen bagly şu Kanunda Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri üçin göz öňünde tutulan hukuklar we kepillikler degişli edilýär.

 

8-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň halkara hyzmatdaşlygy

Şu Kanun arkaly üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Howpsuzlyk gullugy Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşyp, ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklary, degişli edaralary, şonuň ýaly-da halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge gatnaşýar.

 

II BAP. GORALÝAN ŞAHSLAR 

 

9-njy madda. Goralýan şahslar

Goralýan şahslara şu aşakdakylar degişlidir:

1) Türkmenistanyň Prezidenti;

2) Türkmenistanyň Prezidentiniň aýaly (äri) we Türkmenistanyň Prezidenti bilen bile ýaşaýan onuň beýleki maşgala agzalary;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bes eden adam (eks-prezident) we onuň maşgala agzalary;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji;

5) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän döwlet häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary;

6) şu Kanunyň 11-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde bolýan wagtlary daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we olaryň maşgala agzalary;

7) Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesi esasynda beýleki adamlar.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň goragy

1. Türkmenistanyň Prezidenti wezipä saýlananlygy barada resmi taýdan yglan edilen gününden başlap, gorag bilen üpjün edilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda goragdan boýun gaçyrmaga haky ýokdur.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda onuň bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary gorag bilen üpjün edilýär. 

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bes eden adam (eks-prezident) we onuň maşgala agzalary (aýaly (äri), ata-enesi we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary) Türkmenistanyň çäginde wagty gorag bilen üpjün edilýär.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijiniň goragyny üpjün etmek onuň bu ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna çenli dowam edýär. 

 

11-nji madda. Daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň 

howpsuzlygyny üpjün etmek

Daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we olaryň maşgala agzalary, zerur bolan halatynda beýleki daşary ýurt döwlet, syýasy (jemgyýetçilik) işgärleri Türkmenistanda bolýan wagtlary Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesine laýyklykda olaryň goragy Howpsuzlyk gullugynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň hem-de daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralarynyň özara ylalaşykly, bilelikde hereket etmekleri esasynda üpjün edilýär.

 

12-nji madda. Goralýan şahslaryň hukuklary we borçlary

1. Goralýan şahslaryň şulara hukugy bardyr:

1) öz howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan gorag çäreleri barada maglumatlary almaga;

2) ýazmaça ýüztutmasy esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň rugsady bilen goragdan wagtlaýyn boýun gaçyrmaga, bu Türkmenistanyň Prezidentine degişli däldir.

2. Goralýan şahslar şulara borçludyrlar:

1) öz şahsy howpsuzlygyna jogapkärli çemeleşmäge;

2) bu ugurda Howpsuzlyk gullugyna ýardam etmäge.

 

III BAP. HOWPSUZLYK GULLUGYNYŇ 

GURLUŞY WE ÝOLBAŞÇYLYGY

 

13-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyňgurluşy 

1. Howpsuzlyk gullugy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar. 

2. Howpsuzlyk gullugynyň düzgünnamasy we gurluşy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.

3. Howpsuzlyk gullugynyň gurluşyna girýän düzüm birliklerini döretmek, olary üýtgedip guramak we ýatyrmak Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Howpsuzlyk gullugynda syýasy partiýalaryň, şeýle hem syýasy maksat tutýan jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk düzümleriniň döredilmegi we olaryň iş alyp barmagy gadagan edilýär.

 

14-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyňýolbaşçylygy 

1. Howpsuzlyk gullugyna Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan, diňe Türkmenistanyň Prezidentine tabyn Howpsuzlyk gullugynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.

Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň derejesi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesi bilen deňdir.

2. Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasarlary Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

3. Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Howpsuzlyk gullugynyň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryny wezipä belleýär hem-de wezipeden boşadýar, şeýle hem ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär.

 

IV BAP. HOWPSUZLYK GULLUGYNYŇ WEZIPELERI, BORÇLARY WE HUKUKLARY

 

15-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň wezipeleri

1. Howpsuzlyk gullugynyň esasy wezipelerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) goralýan şahslaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna, azatlyklaryna, şahsy mertebesine we eýeçiligine garşy gönükdirilen jenaýatlary we beýleki hukuk bozulmalaryny hem-de howplary ýüze çykarmak, duýdurmak, olaryň öňüni almak boýunça çäreler toplumyny amala aşyrmak;

2) goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerinde, şol sanda gatnaw ugurlarynda olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;

3) goralýan desgalarda, goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerinde, şol sanda gatnaw ugurlarynda eýeçiligi goramak, jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygy üpjün etmek, jenaýatlary we beýleki hukuk bozulmalary ýüze çykarmak, duýdurmak hem-de öňüni almak;

4) goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerinde, şol sanda gatnaşýan döwlet, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän ýerlerinde howanyň arassaçylygy boýunça we keselleriň ýaýramagyna garşy, ekologik, radiasiýa, bakteriologik zäherlenme boýunça barlaglary geçirmek we goralýan şahslary şeýle howplardan goramak;

5) goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;

6) kanunçylykda bellenilen tertipde ýörite aragatnaşygyň we degişli maglumatlar ulgamlarynyň guralmagyny we işlemegini üpjün etmek;   

7) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde terrorçylyga garşy göreş alyp barmak;

8) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşýan wagty beýleki edaralaryň işini utgaşdyrmak.

2. Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen Howpsuzlyk gullugynyň üstüne şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik wezipeler hem ýüklenilip bilner.

 

16-njy madda. Howpsuzlyk gullugynyň borçlary

1. Howpsuzlyk gullugy üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şulara borçludyr:

1) goralýan şahslaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna, azatlyklaryna, şahsy mertebesine we eýeçiligine kast edýän jenaýatlara we beýleki hukuk bozulmalara ýol bermezlige we olaryň öňüni almaga, olaryň amala aşyrylmagyna şert döredýän ýagdaýlary ýüze çykarmaga hem-de olary aradan aýyrmak üçin çäreleri görmäge;

2) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hukuk, maglumat, gorag, çäklendiriş, dessin-agtaryş, tehniki we beýleki çäreleri geçirmäge;

3) goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerinde olara durmuş taýdan hyzmat edilmegini we üpjünçiligini, şol sanda howpsuz iýmit bilen üpjün edilmegini guramaga we amala aşyrmaga;

4) goralýan şahslaryň howpsuz we päsgelçiliksiz hereket etmegi üçin ulag hyzmatyny amala aşyrmaga;

5) goralýan şahslara hyzmat edýän ulag serişdeleriniň (şol sanda demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary) hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge, goralýan şahslary alyp gitmek üçin bölünip berilýän ulag serişdeleriniň hereket howpsuzlygy çygryndaky bellenilen düzgünleri, kadalary we ölçegleri berjaý etmäge hem-de olara gözegçilik etmäge; 

6) goralýan şahslaryň bolýan ýerlerinde, şol sanda gatnaw ugurlarynda, şeýle hem goralýan desgalarda eýeçiligi goramaga, jemgyýetçilik tertibini  we howpsuzlygy üpjün etmäge;

7) goralýan desgalary we goralýan şahslaryň bolýan ýerlerini tebigy, tehnogen we beýleki häsiýetdäki ýagdaýlardan hem-de hadysalardan goramak üçin öňünden çäreleri görmäge; heläkçilikler, weýrançylyklar, ýangyn, tebigy betbagtçylyklar ýüze çykanda we beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda goralýan şahslary halas etmek we olara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça, şeýle hem goralýan şahslaryň şahsy emlägini hem-de goraga degişli we idegsiz galan emläkleri goramak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmäge; Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da aýry-aýry ýerlerinde adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý girizilen halatynda goralýan şahslar babatda hukuk tertibiniň üpjün edilmegine gatnaşmaga, şeýle hem epidemiýalar we epizootiýalar wagtynda goralýan şahslar babatda karantin çärelerini geçirmäge;

8) Howpsuzlyk gullugynyň üstüne ýüklenilen wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmäge, olaryň ygtybarlylygyny, maglumat howpsuzlygyny we dessinligini üpjün etmäge;

9) goralýan şahslaryň howpsuzlygyna wehim salnan halatynda olary halas etmek, şol sanda howpsuz ýere alyp gitmek we olara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmäge; 

10) goralýan şahslaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna, azatlyklaryna, şahsy mertebesine we eýeçiligine garşy jenaýat eden adamlary ýüze çykarmakda we agtaryp tapmakda hukuk goraýjy edaralara kömek bermäge;

11) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başgaça kesgitlenilmedik bolsa, goralýan desgalarda, zerurlyk ýüze çykan halatynda goralýan şahslaryň bolýan ýerlerinde barlag-geçiriş düzgünini amala aşyrmaga;

12) partlaýjy serişdeleri, ýykgynçylykly, terrorçylykly (şol sanda biologik) hereketleri amala aşyrmaga, rugsatsyz maglumat almaga niýetlenen serişdeleri ýüze çykarmak we olary ýok etmek üçin goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerini, goralýan desgalary tehniki serişdeleri ulanmak bilen gözden geçirmäge hem-de barlamaga; 

13) güýçlerini we serişdelerini söweşjeň taýýarlykda saklamak boýunça çäreleri amala aşyrmaga, olary parahatçylyk we harby döwürlerde hereket etmäge taýýarlamaga;

14) Türkmenistanyň Prezidentiniň maglumat üzňeligine ýol bermezlik maksady bilen aragatnaşyk ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge; beýleki döwlet häkimiýet edaralary we gaýry guramalary bilen bilelikde döwlet syrynyň we kanun arkaly goralýan beýleki maglumatlaryň rugsatsyz ýaýradylmagyna garşy degişli çäreleri görmäge;

15) goralýan şahslaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly olaryň at-abraýyny we mertebesini gorap saklamaga;

16) raýatlaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň aragatnaşyk, ulag serişdeleriniň we jaýlarynyň gulluk maksatlary üçin peýdalanylanlygy bilen bagly olara ýetirilen zyýanyň öwezini bellenilen tertipde dolmaga;

17) şu Kanuna laýyklykda gorag çärelerine çekilýän harby we hukuk goraýjy edaralara göz öňünde tutulýan degişli hereketler barada öz wagtynda habar bermäge we bu işiň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmäge;

18) aşakdaky ugurlar boýunça gözegçiligi amala aşyrmaga:

a) goralýan desgalarda, goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerinde, şol sanda gatnaw ugurlarynda dessin-tehniki, radiotehniki, himiki, radiasiýa, ýangyna garşy, ekologik, sanitariýa-gigiýena, keselleriň ýaýramagyna garşy we weterinar kadalarynyň berjaý edilişine;

b) ýörite enjamlaşdyrylan ýolagçy ulag serişdeleriniň (demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary) ygtyýarly edaralar tarapyndan goralýan şahslara öz wagtynda berlişine, olaryň saklanyşyna we ulanmaga taýýarlanyşyna, bu ulaglara hyzmat etmäge gatnaşýan tehniki işgärlere, şeýle hem görkezilenlerden degişli ulag serişdeleriniň kabul edilmäge taýýarlygyna;

ç) goralýan şahslaryň bolýan ýerlerinde, şol sanda gatnaw ugurlarynda, şeýle hem gorag zolaklarynda ýerleri we suw desgalaryny peýdalanmagyň aýratyn şertleriniň berjaý edilmegine;

d) goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerleriniň, goralýan desgalaryň üstüniň howa giňişligine;

e) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna wehim salýan sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak boýunça Howpsuzlyk gullugynyň ýerine ýetirilmegi hökmany bolan görkezmeleriniň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilişine;

19) işiniň maglumat-seljeriş üpjünçiligini alyp barmaga;

20) hususy howpsuzlygy üpjün etmäge;

21) işgärlerini taýýarlamaga, kämilleşdirmäge, olaryň hünärini ýokarlandyrmaga we tälim alyş okuwlaryny guramaga.

2. Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen Howpsuzlyk gullugynyň üstüne şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik borçlar hem ýüklenilip bilner.

 

17-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň hukuklary

1. Howpsuzlyk gullugynyň üstüne ýüklenilen borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şulara hukugy bardyr:

1) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek işine şu Kanunda görkezilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň güýçlerini we serişdelerini bellenilen tertipde çekmäge;

2) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan gurluşynyň we wezipe sanynyň çäklerinde bölümçeleri döretmäge; 

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dessin-agtaryş işini amala aşyrmaga;

4) gorag zolaklarynyň çäklerini we gorag çäreleriniň geçirilýän ýerlerini kesgitlemäge;

5) degişli edaralary çekmek bilen, goralýan şahslaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerini we goralýan desgalary dessin-tehniki taýdan gözden geçirmäge, şeýle hem olarda sanitariýa-gigiýena, radiasiýa, ýangyna garşy, keselleriň ýaýramagyna garşy barlaglary we öňüni alyş çärelerini geçirmäge;

6) goralýan desgalarda, goralýan şahslaryň bolýan ýerlerinde, gatnaw ugurlarynda, gorag zolaklarynda adamlary, olaryň goş-golamlaryny, ulag serişdelerini we olarda geçirilýän zatlary gözden geçirmäge, şol sanda ýörite tehniki serişdeleri ulanmak arkaly barlamaga;

7) goralýan desgalara, goralýan şahslaryň bolýan ýerlerine getirmek (alyp gitmek) gadagan edilen zatlaryň sanawyny kesgitlemäge, şeýle zatlaryň alynmagynyň we olaryň wagtlaýyn saklanylmagynyň tertibini bellemäge;

8) goralýan şahslar üçin niýetlenilen sowgatlary, satyn alynýan zatlary barlamaga (aýratyn ýagdaýlarda olaryň razylygy bilen); 

9) gorag çäreleri geçirilen halaty adamlaryň ýerine ýetirmegi üçin hökman bolan talaplary, goralýan desgalarda, goralýan şahslaryň bolýan ýerlerinde özüňi alyp barmagyň etiki kadalaryny, şol sanda goralýan şahslary, goralýan desgalary, ýörite niýetlenen awtoulaglary, goralýan şahslaryň hereket etmegi üçin niýetlenilen beýleki ulag serişdelerini surata düşürmegiň we wideoýazgy etmegiň kadalaryny bellemäge;

10) gorag çäreleri geçirilende faktlary we wakalary resmileşdirmäge, surata düşürmäge, olaryň ses ýazgylaryny, kino- we wideoýazgylaryny etmäge;

11) goralýan şahslaryň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerlerinde, şol sanda gatnaw ugurlarynda we beýleki goralýan desgalarda jenaýat etmekde güman edilýän ýa-da jenaýat edýän adamlary tutup saklamaga we içeri işler edaralaryna eltmäge; görkezilen ýerlerde administratiw hukuk bozulmalaryny, şol sanda goralýan desgalara bikanun girmek ýa-da girmäge synanyşyk etmek bilen ýa-da Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň kanuny görkezmelerine we talaplaryna boýun bolmazlyk bilen baglanyşykly hereketleri amala aşyran (amala aşyrýan) adamlary Howpsuzlyk gullugynyň, içeri işler edaralarynyň gulluk jaýlaryna ýa-da beýleki döwlet edaralarynyň gulluk jaýlaryna eltmäge;

12) bellenilen tertipde özbaşdak ýagdaýda ýa-da beýleki döwlet häkimiýet edaralary bilen bilelikde goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmäge;

13) döwlet häkimiýet edaralaryna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara, guramalara, şeýle hem jemgyýetçilik birleşiklerine goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna wehim salýan sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak barada ýerine ýetirilmegi hökmany bolan teklipnamalary bermäge; 

14) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna wehim salýan jenaýatlaryň öňi alnanda, jenaýat eden ýa-da jenaýat etmekde güman edilýän adamlar yzarlanylanda, eger haýal-ýagallyga ýol berilmegi goralýan şahslara we goralýan desgalara hakyky howp döredip biljek bolsa, raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna hem-de olara degişli beýleki jaýlara, döwlet häkimiýet edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň çäklerine we jaýlaryna, şeýle hem beýleki desgalara (daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň eýeleýän jaýlaryna, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň baştutanlarynyň rezidensiýalaryna we diplomatik personalynyň agzalarynyň ýaşaýan jaýlaryna diňe Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda we kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda) päsgelçiliksiz girmäge hem-de olary gözden geçirmäge, soňra bu barada prokurory habarly etmäge;

15) eger goralýan şahsyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi talap edýän bolsa, köçelerde we ýollarda ulag serişdeleriniň hem-de pyýadalaryň hereketlerini wagtlaýyn çäklendirmek ýa-da gadagan etmek, ýerleriň we desgalaryň aýry-aýry böleklerine ulag serişdelerini hem-de raýatlary goýbermezlik, ulag serişdelerini tirkegde alyp gitmek boýunça çäreleri görmäge, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlarda ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryndan çykmaga;

16) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna wehim abanan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde howpsuzlygy üpjün etmegiň aýratyn düzgünini girizmäge, bu howpy ýok etmek we onuň zyýanly netijelerini azaltmak üçin beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň güýçlerini we serişdelerini çekmäge;

17) eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalardan, edaralardan, guramalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, wezipeli we beýleki adamlardan zerur maglumatlary we resminamalary muzdsuz almaga, döwlet syrlaryny we kanun arkaly goralýan beýleki maglumatlary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmek bilen bellenilen tertipde döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň  maglumatlar ulgamlaryndan peýdalanmaga; 

18) degişli meseleler boýunça wezipeli adamlary we raýatlary çagyrmaga, olardan dilden we ýazmaça düşündiriş almaga, şeýle hem zerur bolan resminamalaryň berilmegini talap etmäge;

19) eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, gaýragoýulmasyz halatlarda raýatlara degişli bolan aragatnaşyk serişdelerini, şol sanda ýörite aragatnaşyk serişdelerini gulluk maksatlary üçin peýdalanmaga;

20) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde radioýygylyk spektrini ulanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmäge we gorag çäreleri amala aşyrylanda päsgelçilik döredip biljek radioýelektron serişdeleriniň we dürli ýokary ýygylykly gurallaryň ulanylmagyny çäklendirmäge;

21) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna wehim salýan jenaýatlaryň öňüni almak, jenaýat eden ýa-da jenaýat etmekde güman edilýän adamlary yzarlamak hem-de tutup saklamak,  lukmançylyk kömegine mätäçlik çekýän raýatlary saglygy goraýyş edaralaryna eltmek, şeýle hem hadysanyň bolan ýerine gitmek maksady bilen gaýragoýulmasyz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik birleşiklerine ýa-da raýatlara degişli ulag serişdelerini (daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň baştutanlarynyň we diplomatik personalynyň agzalarynyň ulag serişdelerini diňe Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda we kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda) peýdalanmaga (şunda ulag serişdeleriniň eýelerine ýetirilen zyýanyň öwezi olaryň talap etmegi boýunça dolunýar);

22) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda fiziki güýji ulanmaga, ýaragy, ýörite serişdeleri, ýörite we harby tehnikany saklamaga we ulanmaga;

23) harby gullukçylarynyň ýaragy we ýörite serişdeleri saklamagynyň hem-de ulanmagynyň tertibini, goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çekilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ýaragy, ýörite serişdeleri, ýörite we harby tehnikany, fiziki güýji ulanmagyň aýratynlyklaryny Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlemäge;

24) gulluk zerurlygy ýüze çykan halatynda işgärleriniň şahsyýetini, işleýän bölümleriniň, olaryň jaýlarynyň we ulag serişdeleriniň degişliligini ýaşyrýan resminamalary we beýleki serişdeleri ulanmaga we peýdalanmaga;

25) ygtyýarlygyna girýän meseleleriň çözülmegini üpjün etmek maksady bilen dessin çykdajylary amala aşyrmaga;

26) maglumatlar ulgamlaryny döretmäge we ulanmaga, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ygtyýarynda bolan şifrli serişdelerden we ýörite aragatnaşygyň beýleki görnüşlerinden peýdalanmaga;

27) harby gullukçylaryny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň harby okuw mekdeplerinde we ylmy-derňew edaralarynda, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň okuw mekdeplerinde we ýörite taýýarlyk okuwlarynda taýýarlamaga we gaýtadan taýýarlamaga;

28) gorag çärelerini guramak we geçirmek üçin işgärlerini daşary ýurt döwletlerine iş saparlaryna ibermäge;

29) hasabynda durýan desgalaryň peýdalanmagyny we tehniki taýdan hyzmat edilmegini üpjün etmäge, olarda sanitariýa-gigiýena, ekologiýa we keselleriň ýaýramagyna garşy gözegçiligi guramaga;

30) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde bitiren hyzmatlary üçin işgärlerini, şeýle hem beýleki adamlary sylaglamaga, döwlet sylaglary bilen sylaglamaga hödürlemäge;

31) işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň, aýratyn halatlarda bolsa işgärleriniň kanuny işine päsgel bermek ýa-da olary kanuny işiniň häsiýetini üýtgetmäge mejbur etmek maksady bilen kast edilýän beýleki adamlaryň janyny, saglygyny, namysyny we mertebesini, emlägini jenaýatçylykly kast etmelerden we kanuna garşy gelýän beýleki hereketlerden goramak boýunça çäreleri görmäge;

32) daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklary, hukuk goraýjy edaralary we gaýry guramalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga, olar bilen dessin hem-de beýleki maglumatlary, ýörite tehniki we beýleki serişdeleri alyşmaga, şeýle hem olar bilen daşary ýurt döwletlerinde goralýan şahslaryň we olaryň bolýan ýerleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda ylalaşmaga.

2. Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen Howpsuzlyk gullugynyň üstüne şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik hukuklar hem berlip bilner.

 

18-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işgäriniň talaplarynyň ýerine ýetirilmeginiň hökmanylygy

Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibi ýerine ýetirmek hakynda Howpsuzlyk gullugynyň işgäriniň kanuny talabynyň döwlet edaralary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr. Howpsuzlyk gullugynyň işgäriniň kanuny talabynyň ýerine ýetirilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

V BAP. HOWPSUZLYK GULLUGYNYŇ FIZIKI GÜÝJI, ÝÖRITE SERIŞDELERI, OK ATÝAN WE BEÝLEKI

ÝARAGY ULANMAGY

 

19-njy madda. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan we

                           beýleki ýaragy, ýörite we harby tehnikany

                           ulanmagyň maksady, çäkleri hem-de 

                           umumy tertibi

1. Howpsuzlyk gullugynyň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryјy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde, emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylaryna  ýörite serişdeleri, şeýle hem sowuk we el bilen atylýan (tabel) söweşjeň ýaragy (mundan beýläk – ýarag), ýörite we harby tehnikany peýdalanmaga we ulanmaga hem-de fiziki güýji ulanmaga hukuk berilýär. Olar fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ok atýan we beýleki ýaragy ulanmak bilen bagly şertlerde hereket etmäge ýaramlylygy boýunça ýörite taýýarlygy we döwürleýin barlagy geçýärler.

2. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri we ýaragy, ýörite we harby tehnikany goralýan şahslara we desgalara wehim salýan jemgyýetçilik howply etmişi togtatmak, yzyna serpikdirmek, ýok etmek, howp döredýän adamy zyýansyzlandyrmak ýa-da ony tutup saklamak maksady bilen, hukuk tertibiniň bozulmagynyň häsiýetini, hukuk bozujynyň şahsyýetini, anyk ýagdaýy nazara almak bilen, şeýle hem harby gullukçylaryň goralýan şahslaryň howpsuzlygynyň aýratyn ýokary derejede durýanlygy üçin, olaryň garşysyna gönükdirilen islendik kast etmäniň derejesini howpuň ýokary derejesi hökmünde kabul edýän içki ynam-ygtykadyna gollanmagy esasynda ulanmaga rugsat berilýär. 

3. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary ýaragy, ýörite we harby tehnikany, ýörite serişdeleri we fiziki güýji ulananda, olary peýdalanmak meýli hakynda hukuk bozujyny duýduryp, bellenilen talaplaryň ýerine ýetirilmegi üçin mümkinçilik bermäge borçludyrlar.

4. Şu halatlarda Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň duýduryş bermezden ýaragy, ýörite we harby tehnikany, ýörite serişdeleri we fiziki güýji ulanmaga hukugy bardyr:

1) ýaragy, ýörite we harby tehnikany, ýörite serişdeleri we fiziki güýji ulanmakda haýallyk edilmegi goralýan şahsyň, gorag çäreleriniň geçirilmegine gatnaşmak üçin çekilen Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň, şeýle hem beýleki adamlaryň janyna ýa-da saglygyna gönüden-göni howp döredýän ýa-da goralýan desgalar we goralýan şahs üçin niýetlenilen ýörite ulag (awtoulag, uçar, dikuçar, gämi, otly) serişdeleriniň howpsuzlygyna hakyky howp döredýän bolsa;

2) goralýan şahsyň, Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň, şeýle hem beýleki adamlaryň janyna ýa-da saglygyna gönüden-göni howp döremegi bilen bagly şeýle duýduryş bermek ýerliksiz bolsa ýa-da mümkin bolmasa.

5. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda, zerur goranyşyň ýa-da bialaç zerurlygyň hem-de jenaýat eden adamlary saklamak üçin zerur bolan çäreleriň çäklerinden çykylmagyna ýol bermedik bolsalar, onda ýaraglary, ýörite we harby tehnikany, ýörite serişdeleri, fiziki güýji peýdalanmak we ulanmak bilen baglanyşykly adamlaryň hukuklaryna we goralýan kanuny bähbitlerine ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekmeýärler, muňa görnetin bikanun buýrugyň ýa-da görkezmäniň ýerine ýetirilen, bilkastlaýyn jenaýatyň amala aşyrylan halatlary girmeýär.

6. Fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň, ýaragyň ulanylan we peýdalanylan halatlarynyň ählisinde Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary töweregindäki adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ejir çekenlere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem olaryň hossarlaryna ýa-da kanuny wekillerine habar bermek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyrlar.

7. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ýaragy ulanmagyň netijesinde adamyň ýaralananlygy ýa-da ölenligi hakynda Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gaýra goýmazdan prokurora habar bermäge borçludyrlar.

8. Fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň we ýaragyň şu Kanunyň talaplarynyň bozulyp ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

20-nji madda. Fiziki güýji ulanmak

Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň goralýan şahslar we goralýan desgalar üçin howply bolan etmişleriň öňüni almak, olary amala aşyran adamlary tutup saklamak, özüni goramak, şonuň ýaly-da kanuna garşy gelýän beýleki hereketleri bes etdirmek we olardan üstün çykmak üçin, eger bu fiziki güýji ulanmazdan başga usul bilen mümkin bolmasa, el ýüzündäki islendik serişdeleri, fiziki güýji, şol sanda başa-baş söweşiň tärlerini ulanmaga hukugy bardyr. 

 

21-nji madda. Ýörite serişdeleri ulanmak 

1. El gandallary, rezin taýaklar, göz ýaşardyjy serişdeler, ünsi sowujy yşykly-sesli enjamlar, jaýlary açmak, ulaglary mejbury duruzmak üçin abzallar, päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin serişdeler, ýörite reňkleýji serişdeler, suw pürküjileri, şeýle hem bronirlenen tehnikalar, ulag (şol sanda howa, suw ulagy) hem-de beýleki ýörite serişdeler Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary tarapyndan aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar: 

1) goralýan şahslara, goralýan desgalara, goralýan şahslaryň gatnawy üçin ýörite niýetlenen awtoulaglara we beýleki ulag serişdelerine garşy çozuş serpikdirilende ýa-da çozuş etmek howpunyň öňi alnanda, şonuň ýaly-da olar basylyp alnan halaty boşadylanda;

2) Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylaryna, olar bilen bir wezipäni ýerine ýetirýän beýleki gulluklaryň işgärlerine, adamlara garşy çozuşlar yzyna serpikdirilende ýa-da çozuş etmek howpunyň öňi alnanda, şeýle hem Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň kanuny talabyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrylanda ýa-da garşylyk görkezilende;

3) hukuk bozujylary we özi barada ýaragly garşylyk görkezmäge ýa-da Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň üstüne ýüklenilen gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel bermäge meýli bar diýip çaklanan we ýeterlik esaslar bolan adamlary tutup saklamakda we olary degişli edara getirmekde, tutulyp saklanylanlary saklawly alyp gitmekde, goramakda, olaryň gaçmaga ýa-da töweregindäkilere, özüne zyýan ýetirmäge synanyşyklarynyň öňüni almakda; 

4) döwlet desgalaryna hem-de goralýan şahsyň işine päsgel bermäge gönükdirilen köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň we toparlaýyn bikanun hereketleriň öňüni almakda;

5) goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna wehim salýan islendik ulag serişdesini duruzmakda;

6) girewine alnan adamlary boşatmakda, ýaragly jenaýatçylary zyýansyzlandyrmakda.

2. Şu maddanyň birinji böleginde we şu Kanunyň 22-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda Howpsuzlyk gullugynyň ýörite serişdeler hökmünde özüniň bronirlenen awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini ulanmaga, şol sanda goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna hakyky wehim salýan ýagdaýlary aradan aýyrmak maksady bilen adamlaryň ulag we beýleki serişdelerine, özlerine mehaniki täsir etmäge hukugy bardyr. 

Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary ulanjak ýörite serişdeleriniň görnüşini we ýygylygyny (depginliligini) emele gelen ýagdaýy, kast etmäniň häsiýetini we hukuk bozujynyň şahsyýetini nazara almak bilen kesgitleýärler.

3. Toparlaýyn çozulýan ýa-da ýaragly garşylyk görkezilýän, şeýle hem raýatlaryň janyna we saglygyna howp salynýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda göwrelilik alamatlary mese-mälim bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlar babatda ýörite serişdeleri ulanmak gadagandyr.

4. Zerur goranyş ýa-da bialaç zerurlyk bolan ýagdaýynda Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary ýörite serişdeler ýa-da ýarag ýok halaty el ýüzündäki islendik serişdeleri ulanmaga haklydyrlar.

 

22-nji madda. Ýaragyň ulanylyşy we peýdalanylyşy 

1. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda görkezilen esaslarda we tertipde ýaragy saklamaga, götermäge we ulanmaga hukugy bardyr.

2. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary şu ýagdaýlarda ýaragy ulanmaga hukuklydyr:

1) goralýan şahslary olaryň jany we saglygy üçin howply bolan çozuşdan ýa-da çozuş etmek howpundan goramakda;

2) Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň we gorag çärelerine çekilen beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň janyna ýa-da saglygyna howp abananda, şeýle hem olaryň ýaraglaryny, ulag serişdelerini we aragatnaşyk serişdelerini zorluk bilen eýelemäge edilen synanyşyklara garşy hereket edilende;

3) goralýan desgalara, goralýan şahslaryň gatnawy üçin ýörite niýetlenen awtoulaglara we beýleki ulag serişdelerine garşy çozuş serpikdirilende ýa-da çozuş etmek howpy abananda, şonuň ýaly-da olar basylyp alnan halaty boşadylanda;

4) girewine alnan adamlar boşadylanda, terrorçylygyň we beýleki jenaýatçylykly kast etmeleriň öňi alnanda;

5) goralýan şahslaryň, Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň we gorag çärelerine çekilen beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, şeýle hem beýleki adamlaryň janyna ýa-da saglygyna howp salýan usullar we serişdeler bilen ýaragly garşylyk görkezýän, şeýle hem beýleki kanuna garşy hereketleriň üstünde tutulan we gizlenmäge synanyşyk eden, özüniň tutulyp saklanylmagyndan gaçmak maksady bilen ýaragy, partladyjy serişdäni ýa-da beýleki howply zatlary ulanýan (ulanmak haýbatyny atýan) adamlar saklanylanda;

6) Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda ýaragy, partladyjy serişdäni we beýleki howply zatlary tabşyrmak barada kanuny talaby ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan adamlar babatda.

3. Ok atýan ýaragy aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlar babatda ulanmak gadagandyr, olaryň ýaragly garşylyk görkezen, adamlaryň janyna we saglygyna howp salýan ýaragly ýa-da toparlaýyn çozuşlary amala aşyrýan halatlary muňa girmeýär.

4. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň ýaragy şu aşakdaky halatlarda peýdalanmaga hukugy bardyr:

1) awtoulag serişdesi goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyna ýa-da adamlaryň jany, saglygy üçin hakyky howp döredýän bolsa, oňa zyýan ýetirip saklamak zerurlygy ýüze çykanda;

2) goralýan şahslar hem-de beýleki adamlar howply ýyrtyjy haýwanlaryň hüjüminden goralanda;

3) ýaragy ulanmak meýli hakynda duýduryş berlende, howsala  duýduryşyny bermek ýa-da kömege çagyrmak zerur bolanda.

5. Ok atýan ýaragyň ulanylan ýa-da peýdalanylan her bir halaty hakynda Howpsuzlyk gullugynyň degişli ýolbaşçylarynyň adyna dykgatnama ýazylýar we haýal etmän prokurora habar berilýär.

 

23-nji madda. Ýörite we harby tehnikanyň ulanylyşy

Howpsuzlyk gullugy ýörite we harby tehnikany şu halatlarda ulanýar:

1) girewe alnanlar, basylyp alnan goralýan desgalar, binalar boşadylanda;

2) ýaragly gaýtawul berýänler tutulyp saklananda;

3) adatdan daşary ýagdaý şertlerinde ulag serişdeleri saklananda;

4) goralýan desgalara toparlaýyn ýa-da ýaragly, şol sanda ulag serişdelerini ulanmak bilen edilen hüjüme gaýtawul berlende.

 

24-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň ýaraglanyşygyna gözegçilik

Howpsuzlyk gullugynyň ýaraglanyşygynda durýan ýaraglaryň, ok-därileriň, ýörite we harby tehnikalaryň hem-de ýörite serişdeleriň dolanyşygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilen tertipde gözegçilik edilýär.

 

VI BAP. HOWPSUZLYK GULLUGYNYŇ IŞGÄRLERI

 

25-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işgärler düzümi

1. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri harby gullukçylardan we harby gullukda durmaýan işgärlerden ybaratdyr.

2. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň umumy sany Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.

3. Howpsuzlyk gullugyna harby gulluga we işe şahsy, ahlak we iş sypatlary, ýaşy, bilim derejesi hem-de saglyk ýagdaýy boýunça Howpsuzlyk gullugynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply Türkmenistanyň raýatlary meýletin esasda kabul edilýär.

4. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, şu Kanun, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby düzgünnamalary we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

26-njy madda. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary

1. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukda durýan işgärleri borçnama boýunça harby gullugy geçýän ofiserler we starşinalar düzüminiň harby gullukçylaryndan ybaratdyr. Olar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary bilen deňleşdirilýär.

2. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylaryna şahsyýetini we ygtyýarlygyny tassyklaýan şahsyýetnama we bellenilen nusgadaky tapawutlandyryş nyşany berilýär, şeýle hem nusgasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan harby geýim lybasy bilen üpjün edilýär.

3. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleriniň we üstüne ýüklenilen borçlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen olar «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby düzgünnamalary we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda harby gullugy geçýärler.

4. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň beden taýýarlygynyň derejesine bildirilýän talaplar Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenýär.

5. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeleri çözmek maksady bilen ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, edaralara we guramalara harby gullugynyň möhletini togtatmazdan işe iberilip bilner. Bu ýagdaýda harby gullukçylaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda harby gullukçylar üçin göz öňünde tutulan harby ady boýunça berilýän aýlyklary, hukuk hem-de durmuş kepillendirmeleri saklanyp galýar we bu kepillikler olaryň iş ýerleri boýunça üpjün edilýär.

6. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Howpsuzlyk gullugynyň ýüztutmasy esasynda ony çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen üpjün edýär.

 

27-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukda durmaýan işgärleri

1. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukda durmaýan işgärleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda işe kabul edilýän işçilerden we gullukçylardan ybaratdyr. 

2. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukda durmaýan işgärlerine olaryň şahsyýetini we wezipesini tassyklaýan ygtyýarnama berilýär.

3. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukda durmaýan işgärleri goralýan şahslaryň we goralýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin harby gullukçylaryň üstüne ýüklenen gulluk borçlary ýerine ýetirmäge çekilen halatynda, olar şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda harby gullukçylara degişli edilen hukuk we durmuş kepilliklerinden peýdalanýarlar.

 

28-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň hukuk ýagdaýy 

1. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirende eldegrilmesizdir we döwletiň aýratyn goragynda durýar. 

2. Kanun arkaly gös-göni ygtyýarly edilen wezipeli adamlardan başga hiç kimiň Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň gulluk işine gatyşmaga hukugy ýokdur. Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerini özleriniň gulluk borçlaryna degişli bolmadyk işleri ýerine ýetirmek üçin çekmek gadagan edilýär.

3. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň kanuny talaplarynyň wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilmezligi, gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel berilmegi, olaryň namysyna we mertebesine degilmegi, gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly olara garşylyk görkezilmegi, olaryň maşgala agzalaryna haýbat atylmagy, zorluk ulanylmagy ýa-da olaryň janyna, saglygyna we emlägine kast edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.  

4. Aç-açan kanuna garşy gelýän buýrugy ýa-da görkezmäni alanda Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary kanuny goldanmaga borçludyrlar.

5. Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işlerinden başga hak tölenilýän iş bilen meşgullanmak gadagan edilýär.

6. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri syýasy partiýalaryň we syýasy maksat tutýan beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary bolup bilmezler, olaryň wezipe we gulluk artykmaçlyklaryny haýsydyr bir syýasy partiýanyň bähbitlerine peýdalanmaga hukugy ýokdur.

 

29-njy madda. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň

 wepalylyk kasamy

1. Howpsuzlyk gullugyna borçnama boýunça harby gulluga kabul edilen harby gullukçylar 10 günüň dowamynda şu aşakdaky kasamy kabul edýärler:

«Men, (familiýasy, ady, atasynyň ady) Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugyna gulluga kabul edilmek bilen öz hukuklaryma we borçlaryma düşünip, ata Watanymyz Türkmenistana, Türkmenistanyň halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ak ýürekden wepaly boljaklygyma, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berk berjaý etjekligime, Türkmenistanyň milli bähbitlerini öňe tutjaklygyma we gorajaklygyma, goralýan şahslaryň janyny we saglygyny, eýeçiligini, at-abraýyny we mertebesini janym-tenim bilen gorajaklygyma, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň abraýyny ýokary galdyrmak üçin öz goşandymy goşjaklygyma, adamyň esasy hukuklaryny we borçlaryny berjaý etjekligime, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň işi we ynanylan tabşyryklar barada maglumatlary, döwlet we gulluk syryny hiç bir ýagdaýda aýan etmejekligime hem-de berk gorap saklajaklygyma kasam edýärin.». 

2. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň kasamy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde Howpsuzlyk gullugynyň ýygnagynda kabul edilýär.

 

30-njy madda. Howpsuzlyk gullugynyň işgärler bilen

      üpjün edilişi 

Howpsuzlyk gullugy işgärler bilen Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty tarapyndan taýýarlanylýan ýokary hünärli harby hünärmenleriň, şeýle hem şu Kanunda we harby gullukçylara degişli Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplara laýyk gelýän Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hataryndan bolan harby gullukçylaryň, harby hem-de raýat orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi bolan we beýleki raýatlaryň hasabyna üpjün edilýär.

 

31-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň

     hünär synagy

1. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň hünär synagy hünär taýýarlygynyň derejesini barlamak, eýeleýän wezipesine laýyklygynyň derejesini kesgitlemek, hünärini ýokarlandyryş okuwlaryna ugratmak we şahsy düzümi terbiýelemek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylaryna hünär synagy «Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakyndaky» Düzgünnama, şeýle hem Howpsuzlyk gullugynyň degişli kadalaşdyryjy namasyna laýyklykda geçirilýär. 

 

32-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň hukuk we

     durmuş taýdan goraglylygy

1. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kepillendirilýär.

2. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe syýasy, ahlak, emläk taýdan, şahsy we beýleki yzarlamalardan kanun esasynda goralýar.

3. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly Howpsuzlyk gullugynyň ýa-da eýeçiligiň görnüşine garamazdan başga kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, şeýle hem raýatlaryň emlägine maddy zyýan ýetiren halatynda maddy jogapkärçilik çekmeýärler. Şunda ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna Howpsuzlyk gullugy tarapyndan dolunýar. 

4. Howpsuzlyk gullugynyň işgäri tarapyndan administratiw hukuk bozulmasy edilen halatynda onuň ýanynyň dökülmegi, ulanýan zatlarynyň we ulagynyň barlanylmagy, administratiw taýdan tutup saklanylmagy we administratiw taýdan tussag edilmegi gadagandyr we aýratyn halatlarda diňe prokuroryň razylygy bilen Howpsuzlyk gullugynyň wekiliniň gatnaşmagynda ýol berlip bilner.

5. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň janyny, saglygyny, namysyny we mertebesini, emlägini jenaýatçylykly kast etmelerden we kanuna garşy gelýän beýleki hereketlerden goramak Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly kepillendirilýär.

Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen bagly özüniň we maşgala agzalarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň çeken zyýanynyň öwezi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna doly möçberde tölenilýär.

6. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirende şäher, şäherýaka, ýerli gatnawlardaky jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinden (taksiden başga) tölegsiz peýdalanmaga hukugy bardyr.

7. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gulluk iş saparyna we zähmet rugsadyna gidende ýörite berlen şahadatnamasy boýunça ulaglaryň ähli görnüşlerine ýolagçy peteklerini nobatsyz almaga, şeýle hem myhmanhanada ilkinji nobatda ýerleşmäge bolan hukukdan peýdalanýarlar.

8. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin başga ýerde gulluk iş saparynda bolan Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň wagtlaýyn ýaşamagy bilen bagly, şol sanda myhmanhanada ýaşanlygy üçin eden çykdajylarynyň öwezi dolunýar.

9. Hususy ulaglaryny gulluk maksatlary üçin peýdalanýan Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine bellenilen möçberde öwez puly tölenilýär. 

10. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hem-de hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün edilmelidir. Olara Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin goşmaça şahsy pensiýa bellenilip bilner.

Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylaryna pensiýa bellenende gulluk ýyllary olaryň zähmetiniň aýratyn häsiýetiniň bolmagy we ýokary howplulyk ýagdaýda gulluk edýändikleri nazara alnyp hasaplanylýar.

11. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary pul hak-heşdegi, goşmaça pul tölegleri, harby geýim lybasy, azyk we goş-golam bilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna üpjün edilýär.

Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylarynyň şu Kanun arkaly kesgitlenen borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň şertleri we aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, olaryň azyk we goş-golam üpjünçiliginiň ýerine olaryň bahasynyň çäginde öwez puly tölenilip bilner.

12. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň her ýylky esasy rugsady döwründe Türkmenistanyň islendik künjegine bir gezek gidip-gelmek üçin ulaglaryň ähli görnüşinden (taksiden başga) tölegsiz peýdalanmaga hukugy bardyr.

13. Howpsuzlyk gullugyna harby gulluga girip, ilkinji harby wezipä bellenen, ilkinji gezek nika baglaşýan, şeýle hem täze ýaşaýyş jaýyny alan harby gullukçylarynyň hojalyk hajatlary üçin Howpsuzlyk gullugynda döredilýän harby gullukçylary durmuş taýdan goldamak barada gaznanyň serişdeleriniň hasabyna olaryň alýan pul hak-heşdeginiň onusy möçberinde üç ýyla çenli möhlete göterimsiz karz pul almaga haky bardyr.

14. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk hukuk hem-de durmuş kepillikleri bellenip bilner.

 

33-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy

1. Howpsuzlyk gullugynyň düzümine gulluga kabul edilen raýatlara aýratyn jaý ýa-da öý görnüşindäki ýaşaýyş jaýy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň belleýän ýeňillikli şertlerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, Geňeşler, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalara laýyklykda berilýär.

2. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri, şeýle hem Howpsuzlyk gullugynyň aradan çykan işgäriniň maşgala agzalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde başga ýaşaýyş jaýy berilmezden gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan göçürilmäge degişli däldir.

3. Howpsuzlyk gullugynyň işgäri wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolsa, ýaşaýyş jaýyny almaga bolan hukuk merhumyň maşgalasynda saklanyp galýar. Şunda ýaşaýyş jaýy Howpsuzlyk gullugynyň işgäriniň wepat bolan gününden beýläk alty aýyň dowamynda berilmelidir.

4. Howpsuzlyk gullugynyň düzüminde azyndan 10 ýyl işlän harby gullukçylaryň harby adyna we wezipesine garamazdan eýeleýän gulluk ýaşaýyş jaýyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hususylaşdyrmaga hukugy bardyr.

5. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen ýeňillikli şertlerde hususy ýaşaýyş jaýyny gurmaga, satyn almaga, şol sanda has oňaýly we otaglarynyň      ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn almaga hukuklydyr.

6. Ýaşaýyş jaý gaznasynyň eýeçiliginiň görnüşine we degişliligine garamazdan Howpsuzlyk gullugynyň işgäri hem-de onuň bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary eýeleýän ýaşaýyş jaý meýdany we durmuş hyzmatlary (jemagat, elektrik energiýasy, suw, gaz we beýlekiler) boýunça tölegleri tölemekde elli göterim möçberinde ýeňillikden peýdalanýarlar.

7. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak we bagçylyk üçin ýer bölegini nobatsyz almaga hukugy bardyr.

 

34-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukdan boşadylan işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygy

1. Harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetenligi, bellenilen tertipde lukmançylyk güwä geçmesine görä, harby gulluga ýaramsyzlygy, guramaçylyk düzüm çäreleri, şeýle hem olara deňleşdirilen beýleki esaslar bilen baglanyşykda Howpsuzlyk gullugynyň hataryndan boşadylan harby gullukçylarda (eger olaryň harby gullukda bolan umumy möhleti 10 ýyla ýetýän we şondan aňry geçýän bolsa) şu Kanunda we «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan tertipde ýeňilliklerden peýdalanmak hukugy saklanyp galýar. 

2. Harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi bilen Howpsuzlyk gullugynyň hataryndan harby gullukdan boşadylan raýatlara aýlyk pul üpjünçiliginiň bäş essesi möçberinde, harby-lukmançylyk (lukmançylyk) topary tarapyndan harby gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilmegi netijesinde, guramaçylyk-wezipe sanawynyň çäreleri, şeýle hem olara deňleşdirilen beýleki esaslar bilen baglanyşykda Howpsuzlyk gullugyndan işden çykarylan harby gullukçylara bolsa aýlyk pul üpjünçiliginiň on essesi möçberinde birwagtlaýyn kömek puly berilýär. 

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň Howpsuzlyk gullugynda işländikleri bilen baglanyşykly olaryň janyna, saglygyna we emlägine kast edilen halatynda, olara we maşgala agzalaryna şu Kanunda göz öňünde tutulan kepillikler berilýär.

 

VII BAP. HOWPSUZLYK GULLUGYNYŇ IŞINI 

GURAMAGYŇ BEÝLEKI MESELELERI

 

35-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň maliýeleşdirilişi 

1. Howpsuzlyk gullugynyň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Howpsuzlyk gullugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maliýe-hojalyk işiniň hasabyny ýöretmegi amala aşyrýar, buhgalter hasabyny alyp barýar.

 

36-njy madda. Howpsuzlyk gullugynyň maddy-enjamlaýyn 

                           üpjünçiligi

1. Howpsuzlyk gullugynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen Howpsuzlyk gullugynyň peýdalanmagyna berilýän ýer bölekleri, jaýlar, binalar, enjamlar we beýleki emläkler döwletiň eýeçiligi bolup durýar.

 

37-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň ýaraglar, ýörite we harby tehnikalar, ýörite serişdeler bilen enjamlaşdyrylyşy

Howpsuzlyk gullugynyň ýaraglanyşynda durýan ýaraglaryň, ýörite serişdeleriň, ýörite we harby tehnikalaryň sanawy Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär we Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna üpjün edilýär.

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

38-nji madda. Howpsuzlyk gullugynyň işine gözegçilik etmek

Howpsuzlyk gullugynyň işine Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gözegçilik edilýär. 

 

39-njy madda. Prokuror gözegçiligi

1. Howpsuzlyk gullugynyň işinde kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan gözegçilik edilýär.

2. Howpsuzlyk gullugy bilen ýaşyrynlyk esasynda hyzmatdaşlyk edýän ýa-da eden adamlar, şeýle hem dessin-agtaryş çärelerini guramak, olary amala aşyrmagyň usullary, tärleri we serişdeleri barada maglumatlar prokuror gözegçiliginiň mazmunyna girmeýär.

 

40-njy madda. Maliýe gözegçiligi

Howpsuzlyk gullugynyň maliýe işine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gözegçilik edýär.

 

41-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                               Gurbanguly

     Prezidenti                                                Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 23-nji maýy.

№ 220-V.