Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin
Döwlet býujeti hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 137-madda)
1-nji madda
Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 102478,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 104878,5 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 18205,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 20605,5 mln. manat möçberde tassyklamaly.
2-nji madda
Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň ahyrky derejesini 2400,0 mln. manat möçberde bellemeli.
2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary býujet ýetmezçiliginiň üstüni ýapmak üçin çeşme bolup durýar diýip bellemeli.
3-nji madda
Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 94184,9 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 96584,9 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 9911,8 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 12311,8 mln. manat möçberde tassyklamaly.
4-nji madda
Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2016-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:
Goşulan baha üçin salgytdan | Peýdadan alynýan salgytdan | Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan
| |
Aşgabat şäheri | 44% | 45% | 44% |
Ahal welaýaty | 95% | 95% | 95% |
Balkan welaýaty | 20% | 21% | 20% |
Daşoguz welaýaty | 95% | 95% | 95% |
Lebap welaýaty | 95% | 96% | 95% |
Mary welaýaty | 95% | 95% | 95% |
5-nji madda
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1317,8 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:
Ahal welaýaty | 128,1 | mln. manat |
Daşoguz welaýaty | 927,2 | mln. manat |
Mary welaýaty | 262,5 | mln. manat |
6-njy madda
Ýerli býujetleri 9611,4 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:
Aşgabat şäheri | 3103,1 | mln. manat |
Ahal welaýaty | 992,0 | mln. manat |
Balkan welaýaty | 946,3 | mln. manat |
Daşoguz welaýaty | 1344,7 | mln. manat |
Lebap welaýaty | 1716,1 | mln. manat |
Mary welaýaty | 1509,2 | mln. manat |
7-nji madda
Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.
8-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary 2016-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 21-nji noýabry.
№ 303-V.