Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Kosmos işi hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Kosmos işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 141-madda)

 

(25.11.2017 ý. № 664-V, 09.06.2018 ý. № 48-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen) 

 

 

         Şu Kanun Türkmenistanda kosmos işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we ony amala aşyrmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

 

         1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

         Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

         1) kosmos işi – ylmy, ykdysady, ekologiýa, maglumat we täjirçilik maksatlaryna ýetmek üçin, şeýle hem Türkmenistanyň goranmagyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kosmos giňişligini barlamaga we peýdalanmaga gönükdirilen iş;

         2) kosmos giňişligi – deňiz derejesinden ýüz kilometrden      ýokary belentlikde howa giňişliginiň çäklerinden daşyna uzalýan giňişlik;

3) kosmos işiniň subýektleri – Türkmenistanyň çäginde şu Kanuna laýyklykda kosmos işini amala aşyrýan Türkmenistanyň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslary, şol sanda daşary ýurtly, şeýle hem halkara guramalary; 

4) kosmos işiniň obýektleri (kosmos tehnikasy) – kosmos ulgamynyň elementleri, kosmos giňişligini barlamak we peýdalanmak maksady bilen, hem kosmos giňişliginde, hem Ýeriň üstünde taslanylýan, taýýarlanylýan we ulanylýan emeli gelip çykyşly maddy närseler; 

5) kosmos ulgamy – kosmos giňişligini barlamak we ulanmak wezipelerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenen funksional-özara baglanyşykly orbital (kosmos obýektleri) we ýerüsti (ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleri) tehniki serişdeleriň jemi;

6) kosmos ulgamlarynyň milli operatorlary – kosmos ulgamlarynyň dolandyrylyşyny we (ýa-da) olaryň ulanylyşyny amala aşyrýan Türkmenistanyň ýuridik şahslary;

7) kosmos obýekti – kosmos apparaty we (ýa-da) ony kosmos giňişligine çykarýan serişde we olaryň düzüm bölekleri; 

8) kosmos apparaty – kosmos giňişligini barlamak we (ýa-da) peýdalanmak maksady bilen kosmos giňişligine çykarmak üçin niýetlenen uçujy tehniki gurluş;

9) ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleri – kosmos işi amala aşyrylanda ulanylýan ýerüsti desgalar we tehnika;

10) kosmos işiniň obýektleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy – kosmos obýektlerini we ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini hasaba almak, kosmos tehnikasyna bolan hukuklaryň ýüze çykmagynyň, üýtgemeginiň ýa-da bes edilmeginiň Türkmenistan tarapyndan ykrar edilmeginiň we tassyklanylmagynyň ykrarnamasy;

11) kosmos hyzmatlary – kosmos işiniň obýektlerini we kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen edilýän hyzmatlar;

12) kosmos tehnologiýalary – kosmos işini amala aşyrmak, şeýle hem bu işiň netijelerini almak we peýdalanmak üçin zerur bolan ylmy-tehniki bilimleriň, tehnologik işleriniň, enjamlaryň we serişdeleriň jemi;

13) hemra nawigasiýasy – global nawigasiýa hemra ulgamyny peýdalanmak bilen nawigasiýanyň wezipelerini çözmek işi;

14) global nawigasiýa hemra ulgamy – ýerüsti, suw we howa obýektleriniň koordinata-wagtlaýyn parametrlerini (geografik koordinatalar we deňiz derejesinden ýokarky belentlik, hereketiň tizligi, ugry we wagty) kesgitlemek üçin niýetlenen kosmos ulgamy;

15) ýokary takyklykdaky hemra nawigasiýasynyň ulgamy – ýeriň üstünde we (ýa-da) kosmos giňişliginde ýerleşdirilen tehniki serişdelerini öz içine alýan global nawigasiýa hemra ulgamynyň ýerine ýetirýän işine goşmaçalar;

16) hemra nawigasiýa hyzmatlary – ýerüsti, suw we howa obýektleriniň koordinata-wagtlaýyn parametrlerini kesgitlemek   boýunça goşmaça (standart berilýän global nawigasiýa hemra ulgamlaryna degişlilikde) hyzmatlara bolan islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen iş; 

17) Ýeriň uzak aralykdan zondirlenmegi – gury ýeriň, suw üstüniň we atmosferanyň elementleriniň öz hususy we serpikme şöhlelenmesine kosmos giňişliginden syn etmek we ölçemek arkaly Ýeriň üsti hakynda maglumaty almak işi;

18) kosmos apparatynyň transponderi – kosmos apparatynda oturdylan we Ýer – kosmos – Ýer signallaryny ýaýratmak üçin niýetlenen radio kabul ediji geçiriji enjamlaryň jemi;

19) kosmos işi babatda taslama – kosmos işini amala aşyrmaga gönükdirilen kosmos enjamlaryny we kosmos tehnologiýalaryny döretmek boýunça çäreleriň jemi; 

20) kosmos işi babatda goşa maksatly taslama – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady wezipelerini çözmek üçin hem-de goranmagyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilýän kosmos işi babatda taslama.

 

2-nji madda. Kosmos işi hakynda Türkmenistanyň 

     kanunçylygy

1. Kosmos işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we kosmos işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasy bilen şu Kanunda göz öňünde tutulanlara garanda başga kadalar bellenilse, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanda kosmos işiniň maksatlary     

Türkmenistanda kosmos işi aşakdaky maksatlarda amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek;

2) Türkmenistanyň goranmagynyň pugtalandyrylmagyna we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam etmek;

3) Ýer, kosmos giňişligi we asman jisimleri hakynda ylmy bilimleri mundan beýläk-de ösdürmek we toplamak;

4) kosmos ulgamlarynyň serişdeleri bilen häzirki zaman maglumat giňişligini goldamak;

5) ylmyň we bilimiň ösüşine ýardam etmek;

6) kosmos pudagynyň ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiligini we onuň infrastrukturasyny pugtalandyrmak we ösdürmek;

7) adamzadyň global meseleleriniň çözülmeginde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek.

 

4-nji madda. Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň 

     esasy ýörelgeleri

1. Kosmos işi babatda döwlet syýasaty şu aşakdaky esasy ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar:

1) kosmos işi amala aşyrylanda Türkmenistanyň milli bähbitlerini berjaý etmek;

2) kosmos ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryny peýdalanmak arkaly parahatçylygyň we halkara howpsuzlygynyň goldanylmagyna ýardam etmek;

3) kosmos giňişligini we Türkmenistanyň kosmos ulgamlaryny netijeli we rejeli peýdalanmak;

4) kosmos işini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny goldamak;

5) Türkmenistanyň döwlet bähbitleri berjaý edilende kosmos pudagynyň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň çekilmegini höweslendirmek;

6) kosmos işi amala aşyrylanda ekologiýa talaplaryny, şeýle hem ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda talaplary berjaý etmek;

7) kosmos işi babatda halkara hukugynyň kadalaryny berjaý etmek.

2. Kosmos işi, şeýle-de kosmos işi hakyndaky maglumaty ýaýratmak Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen döwlet, gulluk we täjirçilik syryny, şeýle hem kosmos işi babatda intellektual işiň netijelerini we olara bolan aýratyn hukuklary hukuk taýdan goramagyň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar.

 

5-nji madda. Türkmenistanda kosmos işiniň ugurlary

Türkmenistanda kosmos işi aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:

1) kosmos giňişligini, planetalary we gün-ýer arabaglanyşygyny barlamak;

2) Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen kosmos işiniň obýektlerini döretmek we ulanmak;

3) Türkmenistanyň goranmagyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kosmos tehnikasyny, kosmos materiallaryny we kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmak; 

4) kosmos apparatlarynyň goýberilmegini amala aşyrmak;

5) aragatnaşyk, telewizion we radio ýaýradyş üçin hemra toruny döretmek we peýdalanmak;

6) ekologiýa monitoringini we meteorologiýany goşup, Ýeri uzak aralykdan zondirlemek;

7) koordinata-wagtlaýyn we nawigasiýa üpjünçiligi;

8) kosmos hyzmatlarynyň milli bazaryny döretmek we ösdürmek hem-de Türkmenistan tarapyndan dünýä bazaryna kosmos hyzmatlaryny çykarmak;

 

9) kosmos giňişligini parahatçylykly maksatlarda barlamak we peýdalanmak babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy;

10) kosmos tehnikasynyň kömegi bilen amala aşyrylýan kosmos işiniň beýleki ugurlary.

 

6-njy madda. Kosmos işiniň obýektlerini döretmek we

      peýdalanmak boýunça işiň görnüşleri

Türkmenistanda kosmos işiniň obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen işiň şu aşakdaky görnüşleri amala aşyrylýar:

1) ylmy-barlag işleri;

2) tejribe-konstruktorçylyk we tehnologik işler;

3) kosmos tehnikasynyň synag, tejribe we täjirçilik görnüşlerini taýýarlamak we synag etmek;

4) kosmos tehnikasyny tehniki taýdan ulanmak, abatlamak we döwrebaplaşdyrmak;

5) ulanyşdan galan kosmos obýektlerini gaýtadan peýdalanmak;

6) ahyrky sarp edijilere kosmos hyzmatlaryny etmek.

 

II BAP. KOSMOS IŞI BABATDA DÖWLET

DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

         7-nji madda. Kosmos işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini

     amala aşyrýan döwlet häkimiýet edaralary

1. Türkmenistanda kosmos işine umumy ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Prezidenti amala aşyrýar.

2. Kosmos işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Kosmos işi babatda Türkmenistanyň

     Prezidentiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Prezidenti:

1) kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslaryny tassyklaýar;

2) kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň has möhüm meselelerini çözýär;

 

3) kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyny kesgitleýär.

 

9-njy madda. Kosmos işi babatda Türkmenistanyň

      Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslaryny işläp taýýarlaýar;

2) Türkmenistanda kosmos işiniň guralmagyny üpjün edýär;

3) kosmos işi babatda döwlet dolandyryş ulgamynyň işlemegini üpjün edýär;

4) Türkmenistanda kosmos işini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

5) Türkmenistanyň Milli  kosmos maksatnamasyny tassyklaýar;

6) kosmos tehnikasyny işläp taýýarlamak, öndürmek we getirmek üçin döwlet buýurmasyny seljerýär we tassyklaýar; 

7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kosmos işiniň meselelerini düzgünleşdirýän we onuň netijelerini Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda peýdalanmagy düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

8) kosmos işi babatda tehniki dessurlary tassyklaýar;

9) ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň tertibini tassyklaýar;

10) kosmos arkaly surata düşürmeleri meýilleşdirmegiň, Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň kosmos ulgamynyň milli operatory tarapyndan Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň maglumatlaryny almagyň, işläp taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibini tassyklaýar; 

11) ýokary takyklykdaky hemra nawigasiýa ulgamynyň milli operatory tarapyndan hemra nawigasiýa hyzmatlaryny guramagyň we bermegiň tertibini tassyklaýar;

12) ulanyşdan galan kosmos obýektlerini we ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini gaýtadan peýdalanmagyň tertibini tassyklaýar;

13) Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem kosmos giňişliginde kosmos ulgamlaryny peýdalanmagyň kadalaryny tassyklaýar;

14) kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň hödürlemegi boýunça kosmos ulgamlarynyň milli operatorlaryny, şeýle hem olaryň wezipelerini we işini kesgitleýär;

 

15) kosmos işi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerini utgaşdyrýar;

16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kosmos işi babatda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

10-njy madda. Kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň

        ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygy

Kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:

1) kosmos işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

2) kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

3) ýerine ýetiriji häkimiýetiň dahylly edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasyny işläp taýýarlaýar;

4) Türkmenistanyň kosmos pudagynyň döredilmegini amala aşyrýar we onuň işlemegini we ösmegini üpjün edýär;

5) ylmyň, tehnikanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň bähbitlerinde kosmos işini dolandyrmagy amala aşyrýar;

6) kosmos işiniň amala aşyrylmagyna gatnaşýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň işini utgaşdyrýar;

7) Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk we tehnologik işleriniň geçirilmegini goşup, kosmos işi babatda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

8) goranmak babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde kosmos işi babatda goşa maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;

9) kosmos işi babatda, şol sanda kosmos tehnikasyny döretmek boýunça, taslamalaryň seljermesini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär we görkezilen seljermäni amala aşyrýar, şeýle hem kosmos tehnikasyny kämilleşdirmek maksady bilen synaglary we barlaglary geçirmegi üpjün edýär;

10) kosmos giňişligini barlamak boýunça ylmy-barlag işleriniň, kosmos tehnikasyny taslamak, taýýarlamak we synag etmek boýunça tejribe-konstruktorçylyk işleriniň, şol sanda kosmos işi babatda halkara taslamalarynyň, şeýle hem täjirçilik işini amala aşyrmak maksady bilen baş döwlet buýrujysynyň wezipelerini ýerine ýetirýär;

11) ylmy, ykdysady, ekologiýa we maglumat maksatly kosmos tehnikasyny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn barlaglary guraýar;

12) ylmy, ykdysady, ekologiýa we maglumat maksatly kosmos tehnikasyny döretmek boýunça ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

13) ylmy, ykdysady, ekologiýa we maglumat maksatly kosmos tehnikasyny döretmek boýunça işi guraýar;

14) aragatnaşygyň, ýaýradyşyň we Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň hemra ulgamlarynyň ýerüsti we kosmos segmentleriniň döredilmegini, kosmos ýagdaýynyň, koordinata-wagtlaýyn we nawigasiýa üpjünçiliginiň gözegçiligini we seljermesini üpjün edýär;

15) kosmos işini amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň çäginden kosmos obýektlerini dolandyrmagyň toplumyny döredýär;

16) kosmos işi babatda täjirçilik taslamalary boýunça işi guraýar we utgaşdyrýar hem-de olaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýär;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kosmos işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny amala aşyrýar;

18) kosmos pudagynyň işgärlerine bildirilýän hünär talaplaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

19) Türkmenistanyň çäginde kosmos işi bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslaryň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, olar tarapyndan kosmos işi bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmeginiň kadalaryny belleýär;

20) kosmos işi babatda hünärli işgärleri taýýarlamagyň we olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň meselelerini utgaşdyrýar;

21) degişli döwlet edaralary bilen bilelikde kosmos işiniň howpsuzlygyny üpjün edýär;

22) kosmos işiniň obýektleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny we olara bolan hukugy amala aşyrýar hem-de Türkmenistanyň kosmos işiniň obýektleriniň Döwlet sanawyny ýöredýär;

23) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kosmos işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we kabul edýär; 

24) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kosmos tehnikasynyň sertifikasiýasyny, kosmos işi babatda tehniki dessurlaryň we milli standartlaryň işlenip taýýarlanylmagyny guraýar;

25) ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň tertibini işläp taýýarlaýar;

 

26) kosmos arkaly surata düşürmeleri meýilleşdirmegiň, Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň kosmos ulgamynyň milli operatory tarapyndan Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň maglumatlaryny almagyň, işläp taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibini işläp taýýarlaýar; 

27) ýokary takyklykdaky hemra nawigasiýasynyň ulgamynyň milli operatory tarapyndan hemra nawigasiýa hyzmatlaryny guramagyň we bermegiň tertibini işläp taýýarlaýar;

28)  kosmos işi babatda halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda ulanyşdan çykarylan kosmos obýektlerini we ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini gaýtadan peýdalanmagyň tertibini işläp taýýarlaýar; 

29) Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem kosmos giňişliginde kosmos ulgamlaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlaýar; 

30) kosmos işi babatda tamamlanan taslamalar boýunça netijeleri kabul etmegiň tertibini belleýär;

31) kosmos ulgamlarynyň milli operatorlary hökmünde tassyklamak üçin ýuridik şahslaryň, şeýle hem olaryň wezipeleriniň we funksiýalarynyň sanawyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär; 

32) kosmos işi amala aşyrylanda ýüze çykýan betbagtçylyklaryň derňelmegine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gatnaşýar;

33) raýatlaryň ömrüne we saglygyna hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirýän, aýry-aýry kosmos tehnologiýalary ulanylanda ýüze çykarylan howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleriniň bozulmalaryny düzetmek boýunça işleriň ugurlaryny kesgitleýär;

34) kosmos işi babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar, kosmos işiniň meseleleri boýunça halkara guramalarynda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär, kosmos işi babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny taýýarlamaga gatnaşýar; 

35) halkara derejesinde orbitadaky ýagdaýlaryň utgaşdyrylmagyny we düzgünleşdirilmegini üpjün edýär;

36) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna döwlet buýurmalary boýunça kosmos işi babatda işler ýerine ýetirilende degişlilikde alnan we döredilen ylmy-tehniki işiň netijelerine we beýleki intellektual eýeçiliginiň obýektlerine bolan hukuklaryň bellenilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün edýär;

37) döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryny düzýän kosmos işi hakynda maglumatyň goralyp saklanylmagyny üpjün edýär;

38) kosmos işi babatda şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

III BAP. KOSMOS IŞINIŇ GURALYŞY

 

         11-nji madda. Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasy

         1. Türkmenistanda kosmos işi Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasy resminama bolup, onuň esasynda kosmos tehnikasyny ylmy, ykdysady, ekologiýa we maglumat maksatlarda döretmek we peýdalanmak, şeýle hem Türkmenistanyň goranmagyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen döwlet buýurmasy döredilýär.

3. Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasy aşakdakylary hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylýar:

1) şu Kanun bilen bellenilen kosmos işiniň maksatlaryny we ýörelgelerini;

2) ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny;

3) ýurduň kosmos pudagynda kosmos we ýerüsti segmentlerini ösdürmegiň ýagdaýyny we geljegini;

4) kosmos tehnikasyny we kosmos tehnologiýalaryny sarp edijileriň we öndürijileriň bähbitlerini;

5) dünýä kosmos bazarynyň ýagdaýyny;

6) Türkmenistanyň kabul eden halkara borçnamalaryny, şeýle hem kosmos işi babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wezipelerini.

4. Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasy dahylly ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berlen kosmos işi babatda taslamalaryň bäsleşikleriniň netijelerine laýyklykda döredilýär. 

Kosmos işi babatda taslamalaryň bäsleşigini geçirmegiň tertibi we şertleri kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

12-nji madda. Kosmos işi babatda ylmy barlaglar

1. Kosmos işi babatda ylmy barlaglar kosmos işiniň ylmy taýdan alnyp barylmagyny we kosmos tehnikasynyň we kosmos tehnologiýalarynyň täze nusgalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli we amaly ylmy barlaglary we kosmos synaglaryny öz içine alýar.

2. Kosmos işi babatda ylmy barlaglar kosmos işi babatda ylmy we ylmy-tehniki taslamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýär we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan utgaşdyrylýar.

3. Kosmos işi babatda ylmy we ylmy-tehniki taslamalar alymlary, ýokary hünärli hünärmenleri we ylmy işgärleri, Türkmenistanyň ylmy we jemgyýetçilik guramalaryny, ýokary okuw mekdeplerini, şeýle hem halkara bilermenlerini we daşary ýurt döwletleriniň alymlaryny çekmek bilen durmuşa geçirilýär. 

4. Kosmos tehnikasy we kosmos tehnologiýalary işlenip taýýarlanylanda alnan intellektual eýeçilik obýektleriniň hukuk goragy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

13-nji madda. Kosmos ulgamlarynyň görnüşleri we döredilişi       

1. Şu Kanun kosmos ulgamlarynyň şu aşakdaky görnüşlerini kesgitleýär:

1) aragatnaşygyň kosmos ulgamyny;

2) Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň kosmos ulgamyny; 

3) ýokary takyklykdaky hemra nawigasiýasynyň ulgamyny;

4) ylmy, ykdysady, ekologiýa, maglumat we täjirçilik maksatlary bilen, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda döredilýän kosmos ulgamlarynyň beýleki görnüşlerini.

2. Kosmos ulgamlaryny döretmek kosmos işiniň obýektleriniň ylmy taýdan işlenip düzülmegini, taslanylmagyny, taýýarlanylmagyny, gurnalmagyny, gurluşygyny, synagyny, olaryň düzüm böleklerini, şeýle hem ulanmaga girizilmegini öz içine alýar. 

 

14-nji madda. Aragatnaşygyň kosmos ulgamy

1. Aragatnaşygyň kosmos ulgamy babatda işi düzgünleşdirmek aragatnaşygyň görkezilen ulgamyny netijeli peýdalanmaga gönükdirilen hukuk, ykdysady, guramaçylyk we tehniki çäreleriň toplumydyr.

2. Aragatnaşygyň kosmos ulgamy kosmos apparatlarynyň transponderlerini ýuridik we fiziki şahslaryň hajatlary üçin bermäge niýetlenilendir.

3. Aragatnaşygyň kosmos ulgamynyň milli operatory kosmos apparatlarynyň transponderlerini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan tertipde ýuridik we fiziki şahslara bermek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.

4. Aragatnaşygyň kosmos ulgamynyň milli operatory milli kosmos apparatlarynyň transponderlerini ätiýaçda saklamak, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda milli kosmos apparatlary arkaly örtülen zolaklary giňeltmek maksady bilen kosmos aragatnaşygynyň daşary ýurtly operatorlary bilen arkalaşykly hereket edýär.

 

15-nji madda. Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň 

       kosmos ulgamy 

1. Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň kosmos ulgamy kosmos arkaly surata düşürmeleriň üsti bilen ylmy, ykdysady, ekologiýa we maglumat meselelerini çözmek maksady bilen Ýeriň üsti we üstüniň gurluşy hakynda giňişlik maglumatlaryny ýygnamak, adaty tebigy hadysalaryň, tebigy serişdeleriň, daşky gurşawyň, şeýle hem antropogen faktorlaryň we emele gelmeleriň häsiýetini we wagtlaýyn üýtgeýjiligini beýan etmek üçin niýetlenilendir.

2. Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň kosmos ulgamynyň milli operatory kosmos arkaly surata düşürmeleri meýilleşdirýär, Ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň maglumatlaryny alýar, işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde ýuridik we fiziki şahslaryň arasynda ýaýradýar.

 

16-njy madda. Ýokary takyklykdaky hemra

        nawigasiýasynyň ulgamy

1. Ýokary takyklykdaky hemra nawigasiýasynyň ulgamy global nawigasiýa hemra ulgamynyň bütewiligi hakyndaky maglumaty, şeýle hem ýerüsti, suw we howa obýektleriniň koordinata-wagtlaýyn parametrlerini kesgitlemegiň takyklygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän maglumaty sarp edijilere bermek üçin niýetlenilendir.

2. Ýokary takyklykdaky hemra nawigasiýasynyň ulgamynyň milli operatory Türkmenistanyň bütin çäginde hemra nawigasiýa hyzmatlaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde berýär.

 

17-nji madda. Kosmos işiniň ygtyýarlylandyrylmagy

Kosmos işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Kosmos tehnikasynyň sertifikasiýasy

1. Kosmos tehnikasy kosmos işi babatda Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen ulanyş ýaramlylygynyň talaplaryna laýyklygy boýunça laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek bilen sertifikasiýa degişlidir. 

2. Sertifikatlaşdyrmak amaly tamamlanandan soň kosmos tehnikasynyň her bir görnüşine laýyklyk sertifikaty berilýär.

 Laýyklyk sertifikatlarynyň hereket ediş möhletleri, olary bermegiň şertleri we amallary, olary bermekden ýüz döndermek, olaryň hereketini togtatmak ýa-da bes etmek, şeýle hem kosmos tehnikasynyň sertifikasiýasynyň beýleki meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. 

 

19-njy madda. Kosmos işi babatda taslamalaryň 

        döwlet bilermen seljermesi

1. Kosmos işi babatda taslamalar hökmany döwlet bilermen seljermesine degişlidir.

Kosmos işi babatda taslamalaryň döwlet bilermen seljermesi olaryň maksadalaýyklygyny, durmuşa geçirmegiň tehniki mümkinçiligini, ykdysady netijeliligini kesgitlemek, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna, kosmos işi babatda tehniki dessurlaryň we standartlaryň talaplaryna laýyk gelmegini takyklamak maksatlary bilen amala aşyrylýar. 

2. Kosmos işi babatda taslamalaryň döwlet bilermen seljermesiniň esasynda kosmos işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly şu aşakdaky esasy meseleler boýunça çözgütler kabul edilýär:

1) kosmos işi babatda taslamany Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasyna goşmak;

2) kosmos işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama bermek;

3) kosmos tehnikasynyň görnüşleri üçin, şeýle hem kosmos tehnikasy döredilende we ulanylanda peýdalanylýan enjam üçin sertifikatlary bermek;

4) kosmos işi amala aşyrylanda bolup geçen wakalaryň sebäplerini anyklamak. 

3. Kosmos işi babatda taslamalaryň döwlet bilermen seljermesini geçirmek üçin bilermen toparlary döredilýär, olary döretmegiň we işini guramagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

Bilermen toparlarynyň düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Kosmos işi babatda taslamalaryň döwlet bilermen seljermesi tarapyndan oňyn netijenamasy bolmazdan bu taslamalary durmuşa geçirmek gadagandyr.

 

IV BAP. KOSMOS TEHNIKASYNA BOLAN

UMUMY TALAPLAR

 

20-nji madda. Kosmos işiniň obýektleriniň döwlet

       tarapyndan hasaba alynmagy

1. Kosmos işiniň obýektleri döwlet tarapyndan hökmany hasaba alynmagyna we Türkmenistanyň kosmos işiniň obýektleriniň Döwlet sanawyna girizilmegine degişlidir.

2. Döwlet tarapyndan hasaba almak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan kosmos işiniň obýektlerini döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik ýa-da fiziki şahslaryna degişli bolan kosmos işiniň obýektlerine degişlidir.

3. Daşary döwletleriň ýuridik şahslary ýa-da halkara guramalary bilen bilelikde döredilen kosmos işiniň obýektleri Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda hasaba alynýar.

4. Kosmos işiniň obýektleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän tertipde we möçberlerde döwlet pajy alynýar.

5. Kosmos tehnikasyny ulanmak arkaly işiň amala aşyrylmagyna bolan hukuk onuň döwlet tarapyndan hasaba alnan pursadyndan ýüze çykýar we kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berlen döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakynda şahadatnama bilen tassyklanylýar.

6. Kosmos işiniň obýektleri şu aşakdaky halatlarda kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kosmos işiniň obýektleriniň Döwlet sanawyndan çykarylyp bilner:

1) kosmos işiniň obýektleri fiziki taýdan ýok bolanda (heläk bolanda);

2) kosmos işiniň obýektleri bellenilen tertipde daşary ýurt döwletine ýa-da halkara guramasyna berlende. 

Şunda kosmos işiniň obýektiniň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakynda şahadatnama güýjüni ýitirýär.

 

21-nji madda. Kosmos tehnikasynyň ulanylmagyna

       ygtyýarlyk, kosmos tehnikasynyň 

       ulanylmagyna çäklendirmeler we

       gadagan edilmeler

1. Kosmos tehnikasynyň ulanylmagyna onuň laýyklyk sertifikaty bolan mahalynda ýol berilýär. 

2. Kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy şu aşakdaky halatlarda kosmos tehnikasynyň ulanylmagyny çäklendirip ýa-da gadagan edip biler:

1) laýyklyk sertifikaty ýok mahalynda ýa-da onuň ygtyýarlyk möhleti tamamlananda;

2) kosmos işiniň obýekti şu Kanunyň we kosmos işi babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň bozulmagy bilen ulanylanda;

3) kosmos işiniň obýekti bu obýekte bolan ulanyş-tehniki resminamasynda bellenilen talaplaryň bozulmagy bilen ulanylanda.

 

22-nji madda. Kosmos obýektleri

1. Türkmenistanda hasaba alnan kosmos obýektleriniň Türkmenistana degişliligini tassyklaýan belgilenmesi bolmalydyr.

2. Türkmenistanda hasaba alnan kosmos obýektleri Ýerde bolan wagtynda, uçuşyň islendik tapgyrynda ýa-da kosmos giňişliginde bolan mahalynda Türkmenistanyň ýurisdiksiýasy astynda durýarlar.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başga zat göz öňünde tutulmasa, Türkmenistanda bellige alnan kosmos obýektlerine bolan eýeçilik hukuklary bu obýektler Ýerde bolan wagtynda, uçuşyň islendik tapgyrynda ýa-da kosmos giňişliginde bolan wagtynda eldegrilmesiz bolup galýarlar.

 

23-nji madda. Kosmos obýektleriniň belgilenilişi

Türkmenistanda hasaba alnan, kosmos giňişligine goýberilýän kosmos obýektleriniň halkara standartlaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýän belgilenmesi bolmalydyr.

 

24-nji madda. Kosmos obýektleriniň dolandyrylyşy

1. Türkmenistanda hasaba alnan kosmos obýektlerini olar goýberilenden uçuşyň tamamlanmagyna çenli ähli tapgyrlarda dolandyrmagy kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we bu obýektleriň ulanylmagyna jogapkär guramalar amala aşyrýarlar.

2. Türkmenistanda bellige alnan kosmos obýektlerini goýbermek kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän, öňünden bellenilen ýerlerde geçirilýär.

3. Kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy Türkmenistanda bellige alnan kosmos obýektleriniň goýberilýändigi hakynda Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň degişli edaralaryna, şeýle-de zerur bolan mahalynda dahylly daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna hem habar berýär.

4. Türkmenistanda bellige alnan kosmos obýektlerini Türkmenistanyň çäklerinden daşarda goýbermek ýa-da bolmagyny bes etmek dahylly daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary bilen ylalaşylyp amala aşyrylýar.

 

25-nji madda. Ulanyşdan galan kosmos obýektleriniň

       gaýtadan peýdalanylmagy

Ulanyşdan galan, Türkmenistanda bellige alnan kosmos obýektleri kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we  Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kesgitlenilýän tertipde gaýtadan peýdalanylmaga degişlidir.

 

26-njy madda. Türkmenistanda hasaba alnan kosmos

        obýektleriniň kärendesine berilmegi

Türkmenistanda hasaba alnan kosmos obýektlerini kosmos işiniň halkara ýa-da daşary ýurtly gatnaşyjysyna kärendesine bermegiň tertibi, eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

27-nji madda. Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň

       obýektleri

1. Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerine şular degişlidir:

1) kosmos barlaglarynyň ylmy-synag binýady;

2) kosmos obýektlerini dolandyrmagyň ýerüsti toplumlary;

3) kosmos obýektlerine maglumat bermek we kosmos obýektlerinden maglumaty kabul etmek, ony gaýtadan işläp taýýarlamak, ýaýratmak we saklamak üçin ýerüsti toplumlary;

4) kosmos tehnikasyny saklamagyň binýatlary;

5) kosmos işi amala aşyrylanda ulanylýan beýleki ýerüsti desgalar we tehnika.

2. Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini bölüp bermek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň haýsydyr bir döwletiň ýurisdiksiýasynyň çäklerinden daşarda ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini peýdalanmak boýunça işi şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

28-nji madda. Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň

        obýektleriniň işgärleri 

1. Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärlerine kosmos tehnikasynyň synaglary, saklanylmagy we ulanylmagy boýunça borçlary, şonuň ýaly-da ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işleýşiniň tehnologik düzgünini üpjün etmek boýunça gaýry borçlary ýerine ýetirýän hünärmenler degişlidir.

2. Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärleriniň zähmet borçlary kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp şeýle obýektleri ulanýan guramalar tarapyndan kesgitlenilýär.

Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hünär talaplaryna laýyk gelmegi üçin hünär synagyna degişlidirler.

3. Ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärleriniň zähmetine hak tölemegiň görnüşleri, ulgamlary, möçberi kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.

4. Hünärleri zähmetiň zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) şertleri bilen baglanyşykly ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärleriniň hataryndan bolan şahslara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goşmaça ýeňillikler berilýär.

 

V BAP. KOSMOS IŞINIŇ YKDYSADY ESASLARY

 

29-njy madda. Kosmos işiniň maliýeleşdirilmegi

1. Kosmos işini maliýeleşdirmek kosmos tehnikasyny işläp taýýarlamak, öndürmek we getirmek üçin döwlet buýurmasyny döretmek arkaly Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

2. Kosmos işi babatda işleriň buýrujysy we ýerine ýetirijisi maliýeleşdirmegiň býujetden daşary çeşmelerini, şol sanda, eger munuň özi kosmos işi babatda taslamanyň maksatlaryna ters gelmese, öz serişdelerini we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge haklydyr.

3. Kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

4. Kosmos işine salgyt salmak Türkmenistanyň Salgyt kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Halkara kosmos işiniň amala aşyrylmagy, şol sanda Türkmenistanyň halkara kosmos forumlaryna gatnaşmagyny, Türkmenistanyň halkara guramalarda hemişelik wekilçilik etmegini maliýeleşdirmek üçin çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulýar. 

 

30-njy madda. Kosmos tehnikasyny peýdalanmak

1. Kosmos tehnikasyny peýdalanmak onuň eýesi tarapyndan ýa-da eýesi ýa-da bolmasa eýesi tarapyndan eýelik etmäge ygtyýarly edilen şahs tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kosmos tehnikasyny peýdalanmaga bolan hukuk berlen şahs tarapyndan amala aşyrylýar. 

2. Döwlet eýeçiligi bolup durýan kosmos tehnikasynyň düzüm bölekleri, eger munuň özi şeýle tehnikanyň işlemeginiň tehnologik düzgünini bozmasa, bir ýa-da birnäçe kärhanalaryň (guramalaryň) hojalyk ygtyýarynda ýa-da dessin dolandyryşynda bolup biler.

3. Döwlet eýeçiligi bolup durýan kosmos tehnikasy kosmos işi amala aşyrylanda peýdalanmak üçin Türkmenistanyň dahylly ýuridik we fiziki şahslaryna şertnamalaýyn esasda berlip bilner. Şunda Türkmenistanyň Milli kosmos maksatnamasyna girýän taslamalar ileri tutulýar.

4. Ulanyşdan aýrylan kosmos tehnikasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde esasy işi kosmos işiniň netijelerini bilimi, ylymy we medeniýeti ösdürmek maksady bilen peýdalanmaga gönükdirilen edaralara, guramalara berlip bilner.

 

31-nji madda. Kosmos işi babatda intellektual eýeçilik

Kosmos tehnikasy we kosmos tehnologiýalary işlenilip taýýarlanylanda alnan intellektual işiň netijeleriniň hukuk goragy, şeýle hem kosmos işiniň barşynda döredilen intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan hukuklaryň peýdalanylmagy intellektual          eýeçilik babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VI BAP. KOSMOS IŞINIŇ HOWPSUZLYGY

 

32-nji madda. Kosmos işiniň howpsuzlygynyň

       üpjün edilmegi

1. Türkmenistanda kosmos işi ilatyň saglygyny we daşky gurşawyň goragyny, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek arkaly ýuridik we fiziki şahslaryň emläginiň goraglylygyny üpjün etmek şertinde amala aşyrylýar. 

2. Kosmos işiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işlere umumy ýolbaşçylyk etmek kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň üstüne ýüklenilýär.

Kosmos işiniň howpsuzlyk çärelerini ýerine ýetirmek kosmos işini amala aşyrýan degişli ýuridik we fiziki şahslaryň üstüne ýüklenilýär.

3. Kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy dahylly ýuridik we fiziki şahslaryň talap etmegi boýunça kosmos işi amala aşyrylanda ýüze çykýan howp hakyndaky maglumaty bermäge borçludyr.

Ilatyň we gurşap alýan gurşawyň howpsuzlygyna howp abanan mahalynda kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bu hakda şobada degişli döwlet häkimiýet edaralaryna, şeýle hem gyzyklanýan guramalara we raýatlara habar berýär.

4. Kosmos işi babatda iş bilen meşgullanýan işgäre, olar zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda şikes ýetirilmegi, hünär keseli bilen kesellemegi ýa-da saglygyna başga zeper ýetirilmegi bilen çeken zyýanynyň öweziniň dolunmagy iş beriji tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Kosmos işini amala aşyrmagyň netijesinde ýüze çykan raýatlaryň saglygyna, daşky gurşawa, ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine, döwletiň emlägine ýetiren zyýanynyň (zeleliň) öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

33-nji madda. Ekologik gözegçilik we kosmos işiniň

       täsirine sezewar bolan çäklerde ilatyň

       saglyk ýagdaýyna gözegçilik

1. Kosmos işi amala aşyrylanda daşky gurşawyň we tebigy serişdeleriň döwlet monitoringi daşky gurşawy goramak babatda ygtyýarly döwlet edarasy we meteorologiýa babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär. 

2. Kosmos işine gatnaşyjylar Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygynda bellenilen tertipde daşky gurşawyň gözegçiligini amala aşyrmaga borçludyrlar.

3. Kosmos işi amala aşyrylanda daşky gurşawy we ilatyň saglygyny goramak babatda döwlet gözegçiligi daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we saglygy goraýyş babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. 

 

34-nji madda. Kosmos işi amala aşyrylanda 

       hadysalary derňemek

Kosmos işi amala aşyrylanda ýüze çykýan hadysalar, şeýle hem betbagtçylyklar we weýrançylyklar derňelmäge degişlidir, onuň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär. 

 

35-nji madda. Kosmos işiniň ätiýaçlandyrylmagy

1. Kosmos tehnikasyny peýdalanýan ýa-da buýurmasy boýunça kosmos tehnikasy döredilýän we peýdalanylýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektleriniň işgärleriniň şahsy ätiýaçlandyrylmagyny, şeýle hem beýleki adamlaryň ömrüne, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagyny amala aşyrýarlar.

2. Kosmos işini amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar kosmos tehnikasynyň meýletin ätiýaçlandyrylmagyny (kosmos tehnikasynyň ýitgileriniň, ýetmezçilikleriniň ýa-da zeper ýetmeleriniň töwekgelçiliklerini) geçirip bilerler. 

 

36-njy madda. Kosmos işinde gadagan etmeler we

        çäklendirmeler

1. Kosmos işi amala aşyrylanda şular gadagandyr:

1) raýatlaryň ömrüne we saglygyna gös-göni howpuň döredilmegi;

2) köpçülikleýin gyryş ýaragynyň orbita çykarylmagy, kosmos giňişliginde ýerleşdirilmegi ýa-da şeýle ýaragyň synag edilmegi;

3) daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän kosmos tehnikasynyň peýdalanylmagy;

4) kosmos giňişliginiň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça halkara ölçegleriniň we standartlarynyň bozulmagy;

5) halkara hukugynyň ýörelgelerine we kadalaryna garşy gelýän, kosmos işi bilen baglanyşykly beýleki hereketleri amala aşyrmak.

2. Raýatlaryň ömrüne ýa-da saglygyna howp, daşky gurşawa maddy zyýan ýa-da zelel ýetirmek howpuny döredýän ýagdaýlar gelip ýeten mahalynda aýratyn kosmos taslamasynyň çäklerindäki iş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäklendirilýär ýa-da gadagan edilýär.

 

VII BAP. KOSMOS IŞI BABATDA HALKARA

HYZMATDAŞLYGY

 

37-nji madda. Kosmos işi babatda Türkmenistanyň

       halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk

       esaslary

1. Kosmos işi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we ölçeglerini berjaý etmegiň esasynda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginde halkara kosmos işi bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

3. Kosmos işi babatda edilen halkara hyzmatlarynyň hasaplaşyklarynyň tertibi halkara ylalaşyklaryň esasynda we halkara kosmos guramalarynyň hem-de Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň maslahatlaryny hasaba almak bilen bellenilýär.

4. Türkmenistan kosmos işi babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, şeýle hem kosmos giňişligini barlamagyň we peýdalanmagyň halkara-hukuk meseleleriniň çözülmegine ýardam edýär.

5. Türkmenistan kosmos işi babatda öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

6. Kosmos işi babatda halkara taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýan Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kosmos işini amala aşyrýan daşary ýurt guramalary we raýatlary bilen şertnamalary baglaşýarlar.

 

38-nji madda. Türkmenistanda kosmos işini amala

       aşyrýan daşary ýurt guramalarynyň we

       raýatlarynyň hukuk düzgüni

1. Türkmenistanyň ýurisdiksiýasy astynda kosmos işini amala aşyrýan daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary üçin bellenilen hukuk düzgüninden degişli döwlet tarapyndan bu düzgüniň Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna berilýän derejede peýdalanýarlar.

2. Türkmenistanyň çäginde kosmos işini amala aşyrýan daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslar kosmos tehnikasynyň, şeýle hem  kosmos işi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň ätiýaçlandyrmasyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirýärler. 

 

39-njy madda. Kosmos işi babatda halkara jedellerini

        çözmek

Türkmenistanyň çäginde ýa-da onuň çäginden daşarda Türkmenistanyň ýurisdiksiýasy astynda amala aşyrylýan kosmos işi babatda halkara hyzmatdaşlygynyň barşynda ýüze çykýan jedeller, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başga zat kesgitlenilmese, Türkmenistanyň kazyýetlerinde garalmaga degişlidir.

 

VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

40-njy madda. Kosmos işi babatda döwlet gözegçiligi

Kosmos işi babatda döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kosmos işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

41-nji madda. Kosmos işi hakynda Türkmenistanyň

       kanunçylygynyň bozulandygy üçin

       jogapkärçilik 

Kosmos işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

42-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

    Prezidenti                                                     Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 21-nji noýabry.

№ 307-V.