Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordenini
döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 29-madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordenini döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 8-nji fewraly.
№ 29-V.
Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeniniň
STATUTY
1. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
2. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni bilen:
döwletiň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde, goranmak ukybyny pugtalandyrmakda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin;
tabynlygyndaky harby bölümleriň harby gullukçylarynyň harby borjy göreldeli berjaý etmegini, olaryň harby gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmegini we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanmagyny üpjün eden harby bölümlere göreldeli ýolbaşçylyk etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary we harby gullukda ýokary şahsy görkezijileri üçin;
harby ylmy we tehnikany ösdürmekde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin işgärleri taýýarlamakda, uly möçberli harby okuw operasiýalaryny işläp düzmekde, harby tälimleri üstünlikli geçirmekde we goşunlaryň ýokary söweşjeň taýýarlygyny saklamakda bitiren uly hyzmatlary üçin;
Watany goramakda görkezen aýratyn edermenligi, bu işe goşan düýpli şahsy goşandy, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde, hukuk tertibini öz jany üçin töwekgellik bilen goramakda görkezen aýratyn batyrlygy we edermenligi üçin;
parahatçylykly döwürde ýörite tabşyryklary göreldeli ýerine ýetirmekde görkezen edermenligi, aýratyn gaýduwsyzlygy we mertligi üçin sylaglanylýar.
3. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň uly we ýokary ofiserler düzüminden bolan we beýleki harby gullukçylar sylaglanýar.
4. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglanylan raýatlara Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.
5. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglanan raýatlara ortaça aýlyk zähmet hakynyň otuz essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp we diňleýji hakyna ortaça aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.
Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglanan raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
6. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni döşüň çep tarapyndan Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» ordeniniň öň ýanyndan dakylýar.
7. Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni bilen merhum bolan raýatlar hem sylaglanyp bilner.
Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeniniň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň «Oguzhanyň Ýyldyzy» ordeni altyn çaýylan 925 mähekli kümüşden ýasalyp, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen üç sany üsti-üstüne birleşdirilen sekizburçlukdan ybaratdyr.
Ýerligi ýaşyl reňkli syrçalanan diametri 44 mm bolan ilkinji sekizburçlugyň daşky jähegi altyn çaýylan we burçlary diametri 35,5 mm bolan ýokarky sekizburçlugyň burçlary bilen altyn çaýylan güberçek çyzyklar arkaly gabatlaşdyrylan.
Diametri 50 mm bolan ortaky sekizburçlugyň burçlary görnüp, olar altyn çaýylan güberçek görnüşde ýasalan we onuň her burçunda togalak düwme goýlan.
Ýerligi gyzyl reňkli syrçalanan ýokarky sekizburçlukda daşky diametri 26 mm bolan iki tegelek ýerleşdirilen. Sekizburçlugyň her burçunda üç sany göwher daşy ýerleşdirilen. Daşky tegelek halka ak reňkli syrça bilen örtülip, onuň ýokarky böleginde «OGUZHANYŇ ÝYLDYZY» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa deň aralykda ýerleşdirilen alty sany göwher daşlarynyň aralarynda türkmen halysynyň bäş sany altyn çaýylan gölleri şekillendirilen.
Diametri 18,5 mm bolan içki tegelegiň ortasy oýulyp, onda çar tarapa şöhle saçýan Günüň şöhleleri şekillendirilen we olar türkmen bedewiniň üstünde eli bilen yşarat edýän Oguzhanyň keşbini şöhlelendirýär. Tegelegiň aşaky böleginde üç sany altyn çaýylan kiçi sekizburçluk ýerleşdirilen.
Orden halkajyk arkaly beýikligi 15 mm, ini 30,5 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen daşy altyn çaýylan bezeg bilen jäheklenen ýaşyl reňkli syrçaly kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňkli syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany altyn çaýylan gölleri ýerleşdirilendir.