Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenini döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenini 

döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 30-madda)

 

 

1-nji madda. Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordenini döretmeli. 

2-nji madda. Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň Statutyny we Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň «Gurbansoltan eje» ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1–2,    10-njy madda); 

2001-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda kabul edilen «Döwlet sylaglary we hormatly atlar baradaky meseleler boýunça Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 3–4, 40-njy madda);

2007-nji ýylyň 13-nji iýulynda kabul edilen «Döwlet sylaglary barada Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň VII bölümini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 3, 55-nji madda);

2009-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda kabul edilen «Döwlet sylaglary barada Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň IV bölümini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4,     69-njy madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                   Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji fewraly.

№ 30-V.

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň

STATUTY

 

1. Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen:

ýurduň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan aýratyn goşandy;

Türkmenistanyň Prezidentiniň özgertmeleri geçirmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, bu işde gazanan uly üstünlikleri;

senagatda, oba hojalygynda, aragatnaşykda we beýleki pudaklarda ylmyň gazananlaryny, önümçiligiň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmak bilen gazanan ýokary önümçilik-ykdysady görkezijileri;

ilata lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde, keselleri anyklamakda we bejermekde häzirki zaman usullary işläp düzmekde we ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde gazanan üstünlikleri;

berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna gönükdirilen bilim ulgamyny häzirki zaman talaplara laýyklykda kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde, hünärmenleri taýýarlamakda, ýaş nesli türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary;

ylmyň dürli pudaklarynda Türkmenistana ýokary abraý getiren ylmy açyşlary we ylmy-barlag işlerinde gazanan ýokary görkezijileri;

türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewiligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy;

medeniýeti, edebiýaty, sungaty, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri;

medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda bitiren hyzmaty we çeken önjeýli zähmeti;

halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary;

aýratyn önjeýli döwlet, haýyr-sahawat we jemgyýetçilik işi; 

eneligi we çagalygy goramak işinde gazanan üstünlikleri üçin Türkmenistanyň raýatlary bolan zenanlar sylaglanylýar.

 

2. Türkmenistan bilen iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn hyzmatlar görkezen daşary ýurtlaryň raýatlary bolan zenanlar hem Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylyp bilner.

 

3. Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylan zenanlara Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.

 

4. Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanan raýatlara ortaça aýlyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp we diňleýji hakyna ortaça aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

5. Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň boýundan asmak üçin altyn çaýylan kümüş zynjyry bardyr.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni umumy diametri 42 mm bolan üç sany tegelekden ybaratdyr.

Gün şöhleleri görnüşinde altyn çaýylan çyzyklar bilen bezelen daşky tegelegiň ýüzünde 8 sany gyzyl reňkli rubin daşy deň aralykda ýerleşdirilen.

Gyzyl reňkli syrça bilen örtülen diametri 31,5 mm bolan ortaky tegelegiň ýokarky böleginde «ZENAN KALBY» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary ýerleşdirilen.

Diametri 23 mm bolan içki tegelegiň reňkleri utgaşdyrylan we kölegelendirilen gupba şekilli güberçegi zenan elindäki bägüli, milli nagşy we altyn çaýylan çemeni özünde jemleýär. Tegelege altyn çaýylan we ol ýalpyldadylan. Zenan elindäki bägül we onuň çep tarapyndaky milli nagyş ak reňkde şekillendirilen.

Orden ýürek şekilinde ýasalan ýörite halka bilen boýna dakylýan zynjyra birikdirilýär. Zynjyr altyn çaýylan kümüşden ýasalyp, uzynlygy 75 sm. Ýürek şekilli halkanyň ýokarsynda göwher daşy we zynjyr içinden geçirilýän diametri 5 mm-e deň bolan ýörite turbajyk ýerleşdirilen.

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni we zynjyry altyn çaýylan 925 mähekli kümüşden ýasalýar.