Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» 

medalyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 36-madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmeli.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

 

 

Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 1-nji marty.

№ 36-V.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

 

1. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

 

2. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde bitirilen uly hyzmatlar üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

 

3. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen:

Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bitiren uly hyzmatlary;

Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde we aýawly saklamakda, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we ýaýratmakda bitiren uly hyzmatlary;

ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda bitiren uly hyzmatlary, ajaýyp döredijilik üstünlikleri, ýokary ussatlygy, dünýäniň ösen medeniýetiniň genji-hazynasyna giren ruhy gymmatlyklary, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary; 

Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmekde goşan uly şahsy goşantlary we çeken önjeýli zähmetleri;

ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary;

Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda bitiren uly hyzmatlary, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

4. Türkmenistan bilen medeni we beýleki dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde aýratyn hyzmatlar görkezen daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanylyp bilner.

 

5. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly we şahadatnama gowşurylýar.

 

6. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanan adamlara ortaça aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenýär we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp we diňleýji hakyna ortaça aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak bellenýär.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly burçlary ýitileşdirilen sekizburçluk görnüşindedir. Ol burçlaryň arasy altyn çaýylan ýarym aýlaw bilen birikdirilip, ol aýlawlarda Gün şöhleleri görnüşinde çyzyklar şekillendirilen. Medalyň umumy diametri 42 mm. 

Sekizburçlugyň her burçunda göwher daşlarynyň üçüsi bar we onda umumy diametri 33,5 mm bolan güberçek iki tegelek biri-biriniň üstünde ýerleşdirilen. Ýerligi ýaşyl reňkli syrçalanan daşky tegelegiň ýokarky böleginde «MAGTYMGULY PYRAGY» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun şahalary şekillendirilen.

Diametri 25,5 mm bolan içki tegelegiň reňkleri utgaşdyrylan, onda Ýer şarynyň şekilinde Magtymguly Pyragynyň eline galam alyp oturan milli lybasdaky şekili we milli ýazuw esbaplary güberçek görnüşde şekillendirilip ýerleşdirilen. Tegelege altyn çaýylan we ol ýalpyldadylan. Milli ýazuw esbaplary ak reňkde şekillendirilen. 

Medal halkajyk arkaly beýikligi 20,8 mm, ini 30,6 mm bolan gönüburçly daşy altyn çaýylan bezeg bilen jäheklenen ýaşyl reňkli syrçaly kolodka birleşdirilýär. Kolodka Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan şekil görnüşinde syrçalanyp ýerine ýetirilen.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.