Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Döwlet syrlary hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Döwlet syrlary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 71-nji madda)

 

(14.03.2020 ý. № 234-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmegiň, döwlet syrlaryny goramagyň, Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen döwlet syrlary çygrynda beýleki işleri amala aşyrmagyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. 

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 

1) döwlet syrlary (döwlet syrlaryny düzýän maglumatlar) – şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döwlet tarapyndan goralýan, bellenilen tertipde döwlet syrlaryna degişli edilen maglumatlar;

2) gizlinlik belligi – döwlet syrlaryny göterijä we onuň ýany bilen iberilýän resminamalara goýulýan, şol göterijide saklanýan döwlet syrlarynyň gizlinlik derejesi barada güwä geçýän bellik;

3) döwlet syrlaryna ygtyýar – Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň (eger-de başgaça görkezilmedik bolsa, mundan beýläk – raýatlar) ýa-da döwlet edaralarynyň, beýleki guramalaryň döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmagyna berlen hukuk; 

4) döwlet syrlaryna rugsat – raýatyň döwlet syrlary bilen tanyşmagy ýa-da onuň döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmagy;

5) döwlet syrlaryny göteriji – nyşanlar, şekiller, habarlar ýa-da tehniki çözgütler we ýagdaýlar görnüşinde döwlet syrlaryny özünde saklaýan, olary tanamaga we barabar etmäge (identifikasiýa) mümkinçilik berýän maddy obýekt; 

6) döwlet syrlaryny goramagyň serişdeleri – döwlet syrlaryny goramak üçin peýdalanylýan tehniki, programmalaýyn, kriptografiki (şifrleýji) we beýleki serişdeler, şeýle hem döwlet syrlaryny goramagyň netijeliligine gözegçilik serişdeleri;

7) gizlinlik derejesi – döwlet syrlarynyň goraglylygynyň çärelerini we serişdelerini kesgitleýän döwlet syrlarynyň ähmiýetliliginiň görkezijisi;

8) döwlet syrlarynyň aýan edilmegi – döwlet syrlary bilen tanyşmaga hukuk berilmedik ýuridik we fiziki şahslara olary habar bermek, bermek, geçirmek, ibermek, çap etmek ýa-da beýleki islendik ýol bilen ýetirmek;

9) döwlet syrlarynyň ýitirilmegi – döwlet syrlaryny düzýän maglumatlaryň ýitirilmegi ýa-da ogurlanmagy netijesinde olaryň kanuny eýelik edilmeginden ýa-da ulanylmagyndan çykmagy, şol sanda wagtlaýyn çykmagy. 

 

2-nji madda. Döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň

                      kanunçylygy 

1. Döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

II BAP. DÖWLET SYRLARY ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNNLEŞDIRMEK WE DOLANDYRMAK

 

3-nji madda. Döwlet syrlary çygrynda döwlet tarapyndan

                      düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala 

                      aşyrmak

Döwlet syrlary çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we dolandyrmak Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň döwlet syrlaryny goramak boýunça döwlet topary, şeýle hem Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet syrlary çygrynda: 

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) Türkmenistanyň döwlet syrlaryny goramak boýunça döwlet toparyny döredýär, şol toparyň düzgünnamasyny we düzümini tassyklaýar; 

4) maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň sanawyny, döwlet syrlaryna degişli edilmeli maglumatlaryň sanawyny tassyklaýar;

5) döwlet syrlaryny goramak hakynda gepleşikleri geçirýär we döwletara şertnamalaryna gol çekýär;

6) döwlet syrlaryny daşary ýurt döwletlerine, halkara guramalaryna bermek hakynda çözgütleri kabul edýär;

7) daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet syrlaryna ygtyýar bermegiň tertibini kesgitleýär. 

2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

                      ygtyýarlyklary 

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döwlet syrlary çygrynda: 

1) döwlet maksatnamalarynyň taslamalarynyň, maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň sanawynyň, döwlet syrlaryna degişli edilen maglumatlaryň sanawynyň işlenip düzülmegini guraýar hem-de olary Türkmenistanyň Prezidentine tassyklamaga hödürleýär, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýar;

2) döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şol sanda döwlet syrlaryny goramak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalarynyň işlenilip düzülmegini guraýar; 

3) döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň hökümetara şertnamalaryny baglaşýar, döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýar; 

4) döwlet syrlary çygrynda bilermenler toparlary hakynda düzgünnamany, aýratyn düzgünli we düzgünli desgalaryň sanawyny, aýratyn düzgünli we düzgünli desgalar hakynda düzgünnamany, döwlet syrlaryny goramak boýunça düzüm birliklerini döretmegiň we olaryň işiniň tertibini tassyklaýar;

5) döwlet syrlary çygrynda pudagara bilermenler toparyny döretmek hakynda çözgüt kabul edýär;

6) döwlet syrlarynyň aýan edilmegi ýa-da ýitirilmegi netijesinde ýetirilen ýa-da ýitirilmegi mümkin bolan zyýanyň möçberini, getiren ýa-da getirip biljek netijeleriniň agyrlygyny kesgitlemegiň tertibini belleýär;

7) eger-de şu Kanunda başgaça bellenilmedik bolsa, raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar bermegiň tertibini belleýär; 

8) şu Kanunyň düzgünlerini hasaba almak bilen raýatlar tarapyndan döwlet syrlaryna rugsadyň amala aşyrylmagynyň tertibini belleýär;

9) şu Kanunyň düzgünlerini hasaba almak bilen maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmegiň, gizlinleşdirmegiň, gizlinlikden çykarmagyň, şeýle hem döwlet syrlaryny goramagyň tertibini belleýär;

10) şu Kanunyň düzgünlerini hasaba almak bilen döwlet edaralaryna we beýleki guramalara döwlet syrlaryny bermegiň tertibini belleýär;

11) şu Kanunyň düzgünlerini hasaba almak bilen daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna döwlet syrlaryny bermegiň tertibini belleýär; 

12) döwlet syrlaryny goramagyň serişdelerini döretmek, öndürmek, abatlamak, ýerlemek, eksport we import etmek bilen bagly işleri amala aşyrmaga ýörite rugsatnamalary bermegiň tertibini belleýär;

13) döwlet syrlaryny goramagyň serişdelerini sertifikasiýalaşdyrmagyň tertibini belleýär;

14) maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralaryndan we beýleki guramalardan başga döwlet edaralaryna we beýleki guramalara döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmaga rugsatnamalary bermegiň tertibini belleýär; 

15) Türkmenistanyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda gizlinlik düzgünini üpjün etmek boýunça düzgünnamany tassyklaýar;

16) döwlet syrlary çygryndaky işi maddy-tehniki we malýe taýdan üpjün etmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň döwlet syrlaryny goramak boýunça döwlet toparynyň ygtyýarlyklary 

1. Türkmenistanyň döwlet syrlaryny goramak boýunça döwlet topary döwlet syrlary çygrynda:

1) döwlet maksatnamasyny düzmek we döwlet syrlaryny goramagy kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklipleri taýýarlamagy amala aşyrýar; 

2) döwlet syrlaryny goramak hakynda döwlet maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalaryna garaýar;

3) döwlet syrlaryny goramak boýunça döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň işini utgaşdyrýar;

4) daşary ýurt döwletlerine, halkara guramalaryna döwlet syrlaryny bermek mümkinçilikleri barada meselelere seretmek üçin döwlet syrlary çygrynda bilermenler toparyny döredýär, daşary ýurt döwletlerine, halkara guramalaryna döwlet syrlaryny bermek mümkinçilikleri barada netijenama çykarýar.

2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Türkenistanyň milli howpsuzlyk edaralarynyň 

                      ygtyýarlyklary

1. Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary döwlet syrlary çygrynda:

1) döwlet edaralaryny we beýleki guramalary kriptografiki (şifrleýji), şeýle hem ýörite aragatnaşyk serişdeleriniň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmegi guraýarlar, olary ulanmagy utgaşdyrýarlar, görkezilen serişdeleriň peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

2) döwlet syrlaryny goraýjy kriptografiki (şifrleýji) serişdeleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrmak boýunça işini amala aşyrýarlar we laýyklyk sertifikatyny berýärler;

3) maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralaryndan we beýleki guramalardan başga döwlet edaralaryna we beýleki guramalara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmaga rugsatnamalary berýärler, olaryň hereketini togtadýarlar, bes edýärler we güýjüni ýatyrýarlar;

4) döwlet syrlaryny goramagyň serişdelerini döretmek, öndürmek, abatlamak, ýerlemek bilen bagly işleri amala aşyrmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýörite rugsatnamalary berýärler, olaryň hereketini togtadýarlar, bes edýärler we güýjüni ýatyrýarlar;

5) daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň wekilleri bolup durýan raýatlar tarapyndan döwlet syrlaryna rugsadyň amala aşyrylmagyny ylalaşýarlar;

6) öz işinde döwlet syrlaryny goramagyň tehniki çäreleriniň ulanylmagyny guraýarlar, olaryň peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

7) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp düzýärler; 

8) döwlet edaralary we beýleki guramalar bilen döwlet syrlaryny goramak boýunça düzüm birliklerini döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak, şeýle hem bu birliklere işgärleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleleri ylalaşýarlar;

9) aýratyn ýagdaýlarda döwlet syryny düzýän maglumatlary gizlinleşdirmegiň möhletini uzaltmak boýunça netijenama berýärler;

10) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýatlar babatynda döwlet syrlaryna ygtyýar berilmegi, olaryň döwlet syrlary çygrynda işi amala aşyrmagy bilen bagly barlag çärelerini geçirýärler;

11) döwlet syrlaryndan habarly bolan raýatlaryň Türkmenistanyň çaginden daşary gitmäge bolan hukugyndan wagtlaýyn çäklendirilmegi barada döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralaryna we beýleki guramalara teklipleri berýärler;

12) döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralaryna we beýleki guramalara raýatlara berlen döwlet syrlaryna ygtyýary bes etmek hakynda tabşyryknama berýärler;

13) gizlinleşdirmäge degişli maglumatlaryň sanawyny, döwlet syrlaryna ygtyýar berilmäge degişli işgärleriň wezipeleriniň sanawyny ylalaşýarlar;

14) tehniki ýollar arkaly döwlet syrlarynyň ýaýramagynyň we olara rugsatsyz aralaşylmagynyň öňüni almak boýunça tehniki çäreleri ulanmagyň tertibini belleýärler we bu ugurda işi amala aşyrýarlar.

2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

 

III BAP. DÖWLET SYRLARYNY PEÝDALANMAK 

BILEN IŞI AMALA AŞYRMAK

 

8-nji madda. Döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen 

                      işi amala aşyrmagyň tertibi

1. Döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen iş maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar, şeýle hem beýleki döwlet edaralary, guramalar we raýatlar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döwlet edaralarynda, beýleki guramalarda we raýatlarda döwlet syrlaryna ygtyýaryň bolmagy döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmagyň şerti bolup durýar.

 

9-njy madda. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek

                       boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň

                       we beýleki guramalaryň ygtyýarlyklary

1. Döwlet syrlary çygrynda maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar:

1) öz işiniň çygrynda maglumatlary döwlet syrlaryna degişli edýärler, gizlinleşdirmäge degişli maglumatlaryň sanawyny işläp düzýärler we tassyklaýarlar;

2) öz işiniň çygrynda döwlet syrlarynyň goralmagyny guraýarlar we amala aşyrýarlar;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine döwlet syrlaryna degişli edilen maglumatlaryň, aýratyn düzgünli we düzgünli desgalaryň sanawyny düzmek hakynda teklipleri, şeýle hem döwlet syrlary çygrynda pudagara bilermenler toparlaryny döretmek hakynda teklipleri hödürleýärler;

4) bellenilen tertipde döwlet syrlaryny beýleki döwlet edaralaryna we guramalara berýärler;

5) döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamasy bolan halatynda daşary ýurt döwletlerine, halkara guramalaryna bellenilen tertipde gulluk syrlaryny bermek hakynda çözgüt kabul edýärler;

6) tabynlygyndaky guramalarda, şeýle hem döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmak üçin özleri tarapyndan döwlet syrlary berlen döwlet edaralarynda we beýleki guramalarda döwlet syrlarynyň goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

7) tabynlygyndaky guramalarda, şeýle hem döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmak üçin özleri tarapyndan döwlet syrlary berlen beýleki döwlet edaralarynda we gaýry guramalarda döwlet syrlaryny goramak boýunça düzüm birlikleri döretmegi, üýtgedip guramagy we ýatyrmagy ylalaşýarlar;

8) döwlet syrlaryny goramak boýunça düzüm birlikleri döredýärler, üýtgedip guraýarlar we ýatyrýarlar, olaryň işlemegini üpjün edýärler;

9) döwlet syrlarynyň goragyny üpjün etmäge jogapkär ýolbaşçylary kesgitleýärler;

10) döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmak üçin şertleri döredýärler; 

11) döwlet syrlaryna ygtyýar berilmäge degişli işgärleriň wezipeleriniň sanawyny işläp düzýärler we tassyklaýarlar;

12) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet syrlary çygrynda bilermenler toparyny döretmek hakynda çözgüt kabul edýärler;

13) döwlet syrlarynyň goragyny üpjün etmäge jogapkär ýolbaşçylaryň we döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan beýleki işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy üpjün edýärler.

2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

10-njy madda. Döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň we başga guramalaryň ygtyýarlyklary

1. Döwlet syrlary çygrynda döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralary we başga guramalar:

1) özleriniň ulanylyşynda bolan döwlet syrlarynyň goragyny guraýarlar we amala aşyrýarlar;

2) şu Kanunyň 9-njy maddasynyň birinji böleginiň 6-13-nji bentlerinde göz öňünde tutulan ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar; 

3) maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralaryna we beýleki guramalara döwlet syrlaryna degişli edilmeli maglumatlaryň sanawyny, gizlinleşdirmäge degişli edilmeli maglumatlaryň sanawlaryny, aýratyn düzgünli we düzgünli desgalaryň sanawyny düzmek, şeýle hem döwlet syrlary çygrynda bilermenler toparyny döretmek hakynda teklipleri hödürleýärler. 

 

2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

11-nji madda. Döwlet syrlary çygrynda raýatlaryň

                        hukuklary we borçlary 

1. Döwlet syrlary çygrynda raýatlaryň şulara hukugy bardyr:

1) şu Kanunda we döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan talaplary berjaý etmek arkaly döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen  işi amala aşyrmaga;

2) döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen zerur bolan möçberde tanyş bolmaga;

3) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Raýatlar şu Kanunda we döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

 

IV BAP. MAGLUMATLARYŇ DÖWLET SYRLARYNA DEGIŞLILIGI 

 

12-nji madda. Döwlet syrlaryna degişli edilip bilinýän maglumatlar

1. Döwlet syrlaryna şu maglumatlar degişli edilip bilner:

1) Syýasat çygryndaky maglumatlar:

a) daşary syýasatyň, şeýle hem daşary ykdysady işiň strategiýasy we taktikasy barada;

b) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taýýarlanmagy, baglaşylmagy, mazmuny, ýerine ýetirilmegi, togtadylmagy ýa-da hereketiniň bes edilmegi barada;

ç) ýaraglaryň we harby tehnikanyň importy barada;

d) harby ýagdaý döwründe daşary ýurt döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň mazmuny we göwrümi barada.

2) Ykdysadyýet we maliýe çygryndaky maglumatlar:

a) bolup biljek ýaragly agressiýany yzyna serpikdirmäge ykdysadyýeti taýýarlamagyň meýilnamalarynyň mazmuny barada;

b) ýaraglary, harby tehnikalary öndürmek we abatlamak boýunça döwletiň mobilizasiýa kuwwatlyklary we mümkinçilikleri barada; 

ç) döwlet goranyş buýurmasynyň meýilnamalary, ýaraglaryň, harby tehnikalaryň we beýleki harby emläkleriň satyn alynmagy barada; 

d) Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini, hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralaryny Döwlet býujetinden maliýeleşdirmegiň göwrümleri barada;

e) kesgitlenen gorag derejesi bilen döwlet tarapyndan üpjün edilýän pul belgileri, gymmatly kagyzlar we beýleki resminamalar öndürilende ulanylýan gorag ulgamyny taýýarlamagyň tehnologiýalary barada.

3) Ylym we tehnika çygryndaky maglumatlar:

a) Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny kesgitleýän ugurlar boýunça döwlet we beýleki maksatnamalarynyň, konsepsiýalarynyň mazmuny barada;

b) Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitleri üçin ylmy-barlag, tejribe-tehnologiki we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň geçirilişi barada.

4) Harby çygyrdaky maglumatlar:

a) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň gurluşynyň meýilnamalary, ýaraglary we harby tehnikalary ösdürmegiň esasy ugurlarynyň (maksatnamalarynyň) mazmuny barada;

b) ýaraglaryň we harby tehnikalaryň taktiki-tehniki häsiýetnamalary we söweşjeň ulanylyşynyň mümkinçilikleri barada;

ç) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini dolandyryş ulgamy barada;

d) strategik ýa-da dessin meýilnamalaryň, territorial goranyş meýilnamalarynyň, operasiýalary taýýarlamak we geçirmek, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini, beýleki goşunlaryny we goşun düzümlerini strategiki ýaýbaňlandyrmak boýunça söweşjeň dolandyryş resminamalaryň mazmuny, olaryň söweşjeň, mobilizasiýa taýynlygy we mobilizasiýa gorlary barada;

e) aýratyn düzgünli we düzgünli desgalaryň, harby döwürde döwleti dolandyryş nokatlarynyň niýetlenilişi, ýerleşýän ýeri, goraglylyk derejesi, gorag ulgamy ýa-da olaryň taslamalaşdyrylyşy, gurluşygy, ulanylyşy, taýýarlyk derejesi barada;

ä) döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün etmek bähbitlerinde Türkmenistanyň infrastrukturasyny peýdalanmagyň ýagdaýy barada;

f) döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün etmek bähbitlerinde Türkmenistanyň özara baglanyşykly aragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak ýa-da ony ösdürmegiň geljegi barada.

5) Razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işleri çygryndaky maglumatlar:

a) razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işiniň, şol sanda şeýle işi amala aşyrýan edaralarda hususy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleriň guralyşy, taktikasy, güýçleri, serişdeleri, desgalary, usullary we meýilnamalary barada;

b) razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar tarapyndan geçirilýän çäreleriň maliýeleşdirilişi barada;

ç) anyk adamlaryň Türkmenistanyň razwedka, kontrrazwedka edaralarynyň işgärler düzümine degişliligini açyp görkezýan maglumatlar barada;

d) razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar bilen gizlinlik esasynda hyzmatdaşlyk edýän (hyzmatdaşlyk eden) raýatlar, şeýle hem görkezilen edaralaryň wezipe sanawyndaky aýan däl wezipäni eýeleýän işgärler we şol edaralaryň guramaçylykly toparlara girizilen ýörite tabşyryklary ýerine ýetirýän (ýerine ýetiren) işgärleri barada;

e) Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň guralyşy, güýçleri, serişdeleri we usullary, Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň saglyk ýagdaýy we şahsy durmuşy barada;

ä) döwlet syrlaryny goramagyň guralyşy ýa-da hakyky ýagdaýy barada;

f) tehniki ýollar arkaly maglumatlaryň ýaýramagyndan we olara rugsatsyz aralaşylmagyndan goramak boýunça meýilleşdirilýän ýa-da geçirilýän çäreler barada.

6) Türkmenistanyň maglumat we milli howpsuzlygynyň beýleki çygyrlaryndaky maglumatlar:

a) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň, Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün edýän döwlet edaralarynyň işiniň esasy görnüşleriniň mazmuny, guralyşy ýa-da netijeleri barada;

b) goralýan şahslaryň howpsuzlygyny we goralýan desgalaryň goraglylygyny üpjün etmegiň guralyşy, güýçleri, serişdeleri we usullary barada;

ç) goralýan şahslaryň howpsuzlygyny we goralýan desgalaryň goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän çäreleriň maliýeleşdirilişi barada;

d) döwlet syrlaryny goramagyň ulgamy, usullary we serişdeleri, döwlet syrlarynyň goraglylygynyň ýagdaýlary barada;

e) şifrler, şifrleýji ulgamlar, ýörite aragatnaşygyň beýleki görnüşleri barada.

2. Syýasat, ykdysadyýet, maliýe, ylym, tehnika, harby, razwedka, kontrrazwedka, dessin-agtaryş işi çygryndaky, Türkmenistanyň maglumat we milli howpsuzlygyň beýleki çygyrlaryndaky şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulmadyk, ýöne döwlet syrlaryna degişli edilmäge degişli maglumatlaryň sanawyna girizilen beýleki maglumatlar hem döwlet syrlaryna degişli edilip bilner.

 

13-nji madda. Döwlet syrlaryna degişli edilmeýän maglumatlar

Şu maglumatlar döwlet syrlaryna degişli edilmeýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaýradylmagyna ýa-da berilmegine çäklendirmeler bellenilip bilinmejek, hemmelere elýeterli bolan, maglumatlar;

2) daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň eýeçiliginde bolan we Türkmenistana berlen maglumatlar.

 

V BAP. DÖWLET SYRLARYNYŇ TOPARLARY, OLARYŇ GIZLINLIK DEREJELERI WE GIZLINLIK BELLIKLERI

 

14-nji madda. Döwlet syrlarynyň toparlary

1. Döwlet syrlary iki topara, ýagny döwlet syrlaryna (döwlet syrlaryny düzýän maglumatlar) we gulluk syrlaryna (gulluk syrlaryny düzýän maglumatlar) bölünýär.

1) döwlet syrlary – aýan edilmegi ýa-da ýitirilmegi Türkmenistanyň milli howpsuzlygy üçin agyr netijelere getirip biljek maglumatlar;

2) gulluk syrlary – aýan edilmegi ýa-da ýitirilmegi Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna düýpli zyýan ýetirip biljek maglumatlar.

2. Gulluk syrlary döwlet syrlaryny tutuşlygyna açman, onuň düzüm bölegi bolup biler.

 

15-nji madda. Maglumatlaryň gizlinlik derejeleri we döwlet syrlaryny göterijileriň gizlinlik belligi

1. Döwlet syrlaryny düzýän maglumatlaryň gizlinlik derejesi görkezilen maglumatlaryň aýan edilmegi ýa-da ýitirilmegi netijesinde Türkmenistanyň ýa-da döwlet edaralarynyň we guramalaryň bähbitlerine ýetiren ýa-da ýetirip bilinjek zyýanyň netijeleriniň agyrlyk derejesine laýyk gelmelidir.

2. Döwlet syrlaryny düzýän maglumatlar üçin üç sany gizlinlik derejeleri bellenýär we şol derejelere laýyklykda görkezilen maglumatlary göterijilere we olaryň ýany bilen iberilýän resminamalara «aýratyn ähmiýetli», «iňňän gizlin» we «gizlin» diýen gizlinlik bellikleri goýulýar.

Döwlet syryny göterijilerde we olaryň ýany bilen iberilýän resminamalarda «aýratyn ähmiýetli» we «iňňän gizlin» gizlinlik bellikleri goýulýar.

Gulluk syryny göterijilerde we olaryň ýany bilen iberilýän resminamalarda «gizlin» gizlinlik belligi goýulýar. 

Döwlet syrlaryna degişli edilmedik maglumatlary gizlinleşdirmek üçin sanalyp geçilen gizlinlik belliklerini peýdalanmaga, şeýle hem görkezilen maglumatlara beýleki çäklendiriji bellikleriň dakylmagyna ýol berilmeýär.

 

VI BAP. MAGLUMATLARY DÖWLET SYRLARYNA 

DEGIŞLI ETMEK, GIZLINLEŞDIRMEK WE

 GIZLINLIKDEN ÇYKARMAK

 

16-njy madda. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek

1. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda goralmaga degişli bolan maglumatlary kesgitlemek arkaly amala aşyrylýar.

2. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek döwlet syrlaryna degişli edilmeli maglumatlaryň sanawyny hasaba almak bilen maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi bilen ylalaşyp, öz işiniň çygrynda gizlinleşdirmäge degişli maglumatlaryň sanawyny işläp düzýärler we tassyklaýarlar.

4. Döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen bagly bolmadyk iş amala aşyrylanda döwlet edaralary we beýleki guramalar, şeýle hem raýatlar tarapyndan alnan maglumatlaryň özleri eýeleri bolup durýan bolsalar, şol döwlet edaralary we beýleki guramalar, şeýle hem raýatlar tarapyndan şol maglumatlar maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralaryna we beýleki guramalara şertnama boýunça berlenden soňra döwlet syrlaryna degişli edilip bilner. Şeýle maglumatlary bermek hakynda şertnama Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda baglaşylýar we onuň mazmunynda bu maglumatlary bermegiň şertleri görkezilen bolmalydyr.

5. Şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen maglumatlaryň döwlet syrlaryna degişli edilmegi hakynda çözgüt kabul edilýänçä olaryň goragy döwlet edaralary we beýleki guramalar, şeýle hem raýatlar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Gizlinlik derejesini kesgitlemek we üýtgetmek

Gizlinlik derejesini kesgitlemek we üýtgetmek maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar tarapyndan öz işiniň çygrynda amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Gizlinleşdirmek

1. Gizlinleşdirmek gizlinleşdirmäge degişli maglumatlaryň sanawy esasynda maglumatlaryň ýaýradylmagyna ýa-da berilmegine çäklendirme bellemek we şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda goramagyň beýleki çärelerini ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

2. Gizlinleşdirmek geçirilende döwlet syrlaryny göterijilere we olar bilen iberilýän resminamalara gizlinlik belligi goýulýar.

 

19-njy madda. Döwlet syrlaryna degişli maglumatlary  gizlinleşdirmegiň ýörelgeleri

1. Gizlinleşdirmek kanunylyk, esaslylyk we öz wagtyndalyk ýörelgelerinde amala aşyrylýar. 

2. Kanunylyk şundan ybaratdyr, ýagny gizlinleşdirmek şu Kanuna we döwlet syrlarynyň goralyşyny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda geçirilýär. 

3. Esaslylyk şundan ybaratdyr, ýagny maglumatlary gizlinleşdirmek şolary gizlinleşdirmegiň maksadalaýyklygynyň bilermenler seljermesiniň  bahasyndan, döwletiň, jemgyýetiň we raýatlaryň durmuş taýdan möhüm bolan bähbitlerinden ugur alnyp, onuň mümkin bolan ykdysady we gaýry netijeleri arkaly amala aşyrylýar.

4. Maglumatlary gizlinleşdirmegiň öz wagtyndalygy şundan ybaratdyr, ýagny maglumatlary gizlinleşdirmek olaryň alnan (işlenip taýýarlanan) ýa-da öňünden alnan pursatyndan başlap olaryň ýaýradylmagyna bolan çäklendirmeleri bellemek arkaly amala aşyrylýar. 

 

20-nji madda. Gizlinleşdirmegiň möhleti, gizlinleşdirmegiň möhletiniň üýtgedilmegi

1. Döwlet syrlary üçin gizlinleşdirmegiň şu aşakdaky möhletleri bellenýär:

1) döwlet syrlary üçin – otuz ýyla çenli;

2) gulluk syrlary üçin – on ýyla çenli.

2. Gizlinleşdirmegiň möhleti gizlinleşdirmäniň amala aşyrylan senesinden hasaplanýar.

3. Gizlinleşdirmegiň möhletiniň üýtgedilmegi maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň çözgütleri esasynda amala aşyrylýar.

 

21-nji madda. Maglumatlary we olary göterijileri gizlinleşdirmegiň tertibi 

1. Döwlet edaralarynyň, guramalaryň we raýatlaryň işiniň dolandyryş, önümçilik, ylmy we beýleki görnüşleriniň netijesinde alnan (işlenip düzülen) maglumatlaryň döwlet edaralarynda we guramalarynda hereket edýän gizlinleşdirmäge degişli maglumatlaryň sanawlaryna laýyk gelmegi maglumatlary gizlinleşdirmek üçin esas bolup durýar.

2. Alnan (işlenip düzülen) maglumatlary hereket edýän sanawdaky maglumatlara barabar etmäge mümkinçilik bolmadyk halatynda döwlet edaralarynyň we guramalaryň wezipeli adamlary, raýatlar alnan (işlenip düzülen) maglumatlary çaklanylýan gizlinlik derejesine laýyklykda olaryň deslap gizlinleşdirilmegini üpjün etmäge we bir aý möhletde degişli sanawy tassyklan wezipeli adamyň salgysyna oňa goşmaça girizmek (üýtgetmek) boýunça teklipleri ibermäge borçludyrlar.

Sanawy tassyklan wezipeli adamlar üç aýyň dowamynda gelip gowşan tekliplere bilermenler seljermesini geçirmegi guramaga we hereket edýän sanawa goşmaça girizmek (üýtgetmek) boýunça çözgüt kabul etmäge ýa-da maglumatlara deslap goýulan gizlinlik belligini aýyrmaga borçludyrlar. 

Maglumatlary we olary göterijileri gizlinleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

3. Döwlet syryny düzýän maglumatlary gizlinleşdirmek möhleti şu Kanunyň 20-nji maddasynda görkezilen möhletlerden ýokary bolmaly däldir. Şeýle möhletler aýratyn ýagdaýlarda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň netijenamasy boýunça uzaldylyp bilner.

 

22-nji madda. Gizlinlikden çykarmak

1. Gizlinlikden çykarmak döwlet syrlarynyň ýaýradylmagyna we berilmegine goýlan çäklendirmäniň aýrylmagy we goramagyň beýleki çäreleriniň bes edilmegi arkaly amala aşyrylýar.

2. Gizlinlikden çykarmak maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň çözgütleri esasynda amala aşyrylýar. 

3. Gizlinlikden çykarylanda döwlet syrlaryny göterijileriň we olar bilen berilýän resminamalaryň gizlinlik belligi ýatyrylýar.

 

23-nji madda. Maglumatlary gizlinlikden çykarmagyň esaslary

1. Maglumatlary gizlinlikden çykarmak üçin şular esas bolup durýar: 

1) Türkmenistanda döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary açyk alyş-çalyş etmek boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny kabul etmegi;

2) obýektiw ýagdaýyň üýtgemegi netijesinde döwlet syryny düzýän maglumatlaryň mundan beýläk goralmagynyň maksadalaýyk däl bolmagy;

3) Türkmenistanyň döwlet syryny düzýän maglumatlarynyň sanawynyň üýtgemegi;

4) döwlet syryny düzýän maglumatlaryň gizlinleşdirmek möhletiniň tamamlanmagy;

5) jenaýat işi boýunça önümçilikde dessin-agtaryş işiniň netijelerini peýdalanmagyň zerurlygy.

2. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar bu edaralarda we guramalarda gizlinleşdirmäge degişli maglumatlaryň hereket edýän sanawynyň mazmunyny maglumatlary gizlinleşdirmegiň esaslary babatynda  we olaryň öň bellenilen gizlinlik derejeleriniň laýyklygyny yzygiderli, ýöne azyndan her bäş ýylda bir gezek gaýtadan seretmäge borçludyrlar.

3. Döwlet edaralarynda we guramalarda gizlinleşdirmäge degişli maglumatlaryň hereket edýän sanawyny üýtgetmek hukugy şol sanawy tassyklan ýolbaşçylara berilýär, olar maglumatlary gizlinleşdirmek boýunça kabul edýän çözgütleriniň esaslandyrylmasyna şahsy jogapkärçilik çekýärler. Gizlinleşdirmäge degişli maglumatlaryň sanawyny üýtgetmek bilen bagly görkezilen ýolbaşçylaryň çözgütleri Türkmenistanyň döwlet syrlaryny goramak boýunça döwlet topary we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi bilen ylalaşylmaga degişlidir.

 

24-nji madda. Döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary göterijileri gizlinlikden çykarmagyň tertibi

1. Döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary göterijiler gizlinleşdirilende bellenilen möhletlerinden giç bolmadyk mohletde gizlinlikden çykarylýar. Bu möhlet geçmezinden ozal, eger-de döwlet edaralarynda ýa-da guramalarda hereket edýän sanawyň düzgüni üýtgedilende, olar şonuň esasynda gizlinleşdirilen bolsalar, gizlinlikden çykarylmaga degişli bolup durýarlar.

Döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary göterijileri gizlinleşdirmegiň ilkinji bellenilen möhletlerini uzaltmak hukugy aýratyn ýagdaýlarda maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylaryna berilýär. Şunda görkezilen ýolbaşçylar tarapyndan bellenilen tertipde döredilen bilermenler toparynyň netijenamasy döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary göterijileri gizlinleşdirmegiň ilkinji bellenilen möhletlerini uzaltmak üçin esas bolup durýar.

2. Döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylaryna tabynlygyndaky wezipeli adamlar tarapyndan esassyz gizlinleşdirilen maglumatlaryň göterijilerini gizlinlikden çykarmak boýunça ygtyýarlyklar berilýär.

3. Döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary we olary göterijileri gizlinlikden çykarmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

VII BAP. DÖWLET SYRLARYNA EÝEÇILIK HUKUGY, DÖWLET SYRLARYNA EÝELIK ETMEK, ULANMAK WE YGTYÝAR ETMEK 

 

25-nji madda. Döwlet syrlaryna eýeçilik hukugy

Döwlet syrlary Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar.

 

26-njy madda. Döwlet syrlaryna eýelik etmek, ulanmak we ygtyýar etmek

1. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar öz işleriniň çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döwlet syrlaryna eýelik etmegi, ulanmagy we ygtyýar etmegi amala aşyrýarlar.

2. Döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralary we başga guramalar döwlet syrlaryny ulanmak hukugyny durmuşa geçirýärler, şeýle hem maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar tarapyndan olara berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde döwlet syrlaryna ygtyýar edýärler.

 

27-nji madda. Döwlet syrlaryny döwlet edaralaryna we

                        beýleki guramalara geçirmek

1. Döwlet syrlary döwlet edaralaryna we beýleki guramalara öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak maksady bilen ýa-da döwlet syrlaryny peýdalanyp işleri geçirmek bilen baglanyşykda şol ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýa-da şeýle işleri geçirmek üçin zerur bolan göwrümde geçirilýär.

2. Döwlet syrlaryny döwlet edaralaryna we beýleki guramalara geçirmek maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň çözgütleri esasynda amala aşyrylýar.

3. Döwlet edaralary we beýleki guramalar tarapyndan şu Kanunyň talaplaryny ýerine ýetirmek döwlet syryny düzýän maglumatlary olara geçirmek üçin hökmany şert bolup durýar.

 

28-nji madda. Döwlet syrlaryny daşary ýurt döwletlerine,  halkara guramalaryna geçirmek

1. Döwlet syrlaryny daşary ýurt döwletlerine, halkara guramalaryna geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa-da maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çykaran çözgütleri esasynda olary geçirmegiň mümkinçilikleri hakynda Türkmenistanyň döwlet syrlaryny goramak boýunça döwlet toparynyň netijenamasyny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

2. Daşary ýurt döwletlerine, halkara guramalaryna döwlet syrlaryny geçirmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň döwlet syrlaryny goramak hakynda borçnamalary bolan halatynda kabul edilýär.

3. Daşary ýurt döwletlerine, halkara guramalaryna gulluk syrlaryny geçirmek hakynda çözgüt maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň döwlet syrlaryny goramak hakynda halkara şertnamalary bolan halatynda kabul edilýär.

 

VIII BAP. DÖWLET SYRLARYNY GORAMAK

 

29-njy madda. Döwlet edaralarynda we beýleki guramalarda döwlet syrlaryny goramagy guramak

1. Döwlet edaralarynda we beýleki guramalarda döwlet syrlaryny goramagy guramak olaryň ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenilýär.

2. Döwlet syrlaryny goramak şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuk, guramaçylyk, tehniki çäreleri ulanmak, şol sanda sertifikatlaşdyrylan serişdeleri döwlet syrlaryny goramakda peýdalanmak we beýleki çäreleri görmek arkaly agyr netijeleriň ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna düýpli zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen amala aşyrylýar.

3. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynda we beýleki guramalarda döwlet syrlaryny goramak boýunça düzüm birlikleri döredilmelidir.

4. Beýleki döwlet edaralary we başga guramalar ýolbaşçylarynyň çözgütleri bilen döwlet syrlaryny goramak boýunça wezipe birliklerini döredýärler ýa-da döwlet syrlaryny berýän döwlet edaralary we beýleki guramalar bilen ylalaşyp, döwlet syrlaryny goramak boýunça wezipe birlikleri bolan döwlet edaralary we beýleki guramalar bilen döwlet syrlaryny goramak boýunça hyzmatlary etmek hakynda şertnamalary baglaşýarlar.

5. Döwlet edaralary we beýleki guramalar üýtgedilip guralan ýa-da ýatyrylan halatlarynda, şeýle hem döwlet syrlarynyň peýdalanylmagy bilen bagly iş bes edilende şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda olar özlerinde bar bolan döwlet syrlaryny goramak boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.

 

30-njy madda. Daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň döwlet syrlaryny goramak

Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda Türkmenistana daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň beren döwlet syrlaryny, şeýle hem olary peýdalanmak bilen emele gelen maglumatlary goramak şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şol sanda döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda döwlet syrlaryny beren daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň talaplaryny nazara almak bilen amala aşyrylýar.

 

IХ BAP. DÖWLET SYRLARYNA YGTYÝAR, DÖWLET SYRLARYNA RUGSAT

 

31-nji madda. Döwlet edaralaryna we beýleki guramalara döwlet syrlaryna ygtyýar bermegiň şertleri

1. Döwlet edaralaryna we beýleki guramalara döwlet syrlaryna ygtyýar olar tarapyndan şu Kanunyň hem-de döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen berilýär.

2. Şeýle hem döwlet edaralaryna we beýleki guramalara döwlet syrlaryna ygtyýar eger-de: 

1) olaryň gurluşynda döwlet syrlaryny goramak üçin hünär derejesi we sany ýeterlik bolan işgärlerden ybarat döwlet syrlaryny goramak boýunça wezipe birlikleri ýa-da olar tarapyndan döwlet syrlaryny goramak boýunça wezipe birlikleri bolan döwlet edaralary we beýleki guramalar bilen döwlet syrlaryny goramak boýunça hyzmat etmek hakynda şertnama baglaşylan bolsa; 

2) döwlet syrlaryna ygtyýar berilmäge degişli işgärleriň wezipeleriniň sanawy işlenip düzülen we tassyklanan bolsa;

3) olaryň döwlet syrlaryna ygtyýary bolan döwlet syrlaryny goramagy üpjün etmäge jogapkär ýolbaşçylary bar bolsa;

4) döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan döwler syrlaryny goramagyň beýleki çäreleri kabul edilen bolsa berilýär. 

 

32-nji madda. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň döwlet syrlaryna ygtyýary

1. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralaryna we beýleki guramalara döwlet syrlaryna ygtyýar olaryň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň sanawyna girizilmegi esasynda berilýär.

2. Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar gurluşynda döwlet syrlaryny goramak boýunça wezipe birlikleri bolan we şu Kanunyň 31-nji maddasynyň birinji böleginde, ikinji böleginiň 2-4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan şertler ýerine ýetirilen halatynda döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýarlar.

Maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynda we beýleki guramalarda döwlet syrlaryny goramagyň ýagdaýy baradaky maglumat olaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hünär synagyndan geçirilende hasaba alynýar. 

 

33-nji madda. Beýleki döwlet edaralarynyň we başga guramalaryň döwlet syrlaryna ygtyýary

1. Beýleki döwlet edaralaryna we başga guramalara döwlet syrlaryna ygtyýar Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan geçirilen barlag çäreleriniň netijesi boýunça döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmaga berlen rugsatnama esasynda berilýär. 

2. Beýleki döwlet edaralary we başga guramalar tarapyndan şu Kanunyň 31-nji maddasynda göz öňünde tutulan şertler ýerine ýetirilenden we olaryň döwlet syrlaryny goramagy üpjün etmäge jogapkär ýolbaşçylarynyň hünär synagyndan geçirilenden soň döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrmaga rugsatnama berilýär.

 

34-nji madda. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar bermegiň şertleri

1. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar, eger-de:

1) raýatlar şu Kanunda we döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we borçlary, olaryň Türkmenistanyň çäginden daşary gitmäge bolan hukugynyň wagtlaýyn çäklendirilmeginiň mümkindigi, şeýle hem döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçiligi belleýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyrylan bolsa;

2) raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýaryň berilmegi bilen baglanyşykly olar babatynda barlag çäreleriniň geçirilmegine ýazmaça razylygy bolsa;

3) raýatlar tarapyndan özleriniň şahsy maglumatlary berilse;

4) raýatlar tarapyndan döwletiň öňünde döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi barada ýazmaça borçnama kabul edilse;

5) milli howpsuzlyk edaralarynyň olara döwlet syrlaryny bermäge razylygy bolsa;

6) döwlet syrlaryna ygtyýaryň berilmegi bilen baglanyşykly raýatlar babatynda barlag çäreleri geçirilip, oňyn netije çykarylan bolsa berilýär.

2. Şu Kanunyň 36-njy maddasynda görkezilen Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet syrlaryna ygtyýar milli howpsuzlyk edaralary bilen ylalaşyk bolmazdan we döwlet syrlaryna ygtyýaryň berilmegi bilen baglanyşykly olar babatynda barlag çäreleri geçirilmezden berilýär.

3. Razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan edaralara gizlinlik esasda ýardam berýän raýatlara, şeýle hem görkezilen edaralaryň wezipe sanawyndaky aýan däl wezipäni eýeleýän işgär bolup durýan Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet syrlaryna ygtyýar milli howpsuzlyk edaralary bilen ylalaşylmazdan berilýär.

4. Döwlet syrlaryna ygtyýaryň berilmegi bilen baglanyşykly raýatlar babatynda barlag çäreleri razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan edaralar tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde geçirilýär.

 

35-nji madda. Raýatlaryň döwlet syrlaryna ygtyýary

1. Döwlet syrlaryna ygtyýar:

1) Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň işgärleri bolup durýan Türkmenistanyň raýatlaryna – döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylarynyň işgäriň iş (gulluk) ýeri boýunça ýerine ýetirýän borçlaryny nazara almak bilen olaryň kabul edýän çözgüdi esasynda;

2) Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň işgärleri bolup durmaýan Türkmenistanyň raýatlaryna – olary döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen bagly işleri geçirmäge çekmek hakynda döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylarynyň çözgüdi esasynda;

3) şu Kanunyň 36-njy maddasynda görkezilen Türkmenistanyň raýatlaryna – olaryň degişli wezipelere saýlanylmagy (bellenilmegi), olaryň ygtyýarlyklarynyň ykrar edilmegi hakyndaky çözgüt esasynda;

4) döwlet syrlaryna ygtyýary bolmadyk jenaýat, raýat, arbitraž, administratiw işleri boýunça önümçilige gatnaşyjylara – degişlilikde jenaýat, raýat, arbitraž, administratiw işleri boýunça önümçiligi alyp barýan edaralaryň çözgütleri esasynda;

5) daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna (döwlet syrlaryny peýdalanmagy göz öňünde tutýan baglaşylan şertnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň wekilleri bolup durýan raýatlar muňa girmeýär) – olara döwlet syrlaryna ygtyýary bermek barada milli howpsuzlyk edaralarynyň netijenamasyny nazara almak bilen olaryň hünär endiklerini we derejelerini Türkmenistanyň bähbitleri üçin peýdalanmak hakynda çykarylan çözgüt esasynda;

6) razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan edaralara gizlinlik esasda ýardam berýän raýatlara, şeýle hem görkezilen edaralaryň wezipe sanawyndaky aýan däl wezipäni eýeleýän işgäri bolup durýan Türkmenistanyň raýatlaryna – razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan edaralar tarapyndan kabul edilýän çözgüt esasynda berilýär.

2. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar bermek hakynda çözgüt şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kabul edilýär.

 

36-njy madda. Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet 

                         syrlaryna ygtyýaryň olaryň wezipä 

                         saýlanylmagy (bellenilmegi) bilen

                         bagly berilmegi

1. Wezipä saýlanylmagy (bellenilmegi) bilen bagly döwlet syrlaryna ygtyýar şulara berilýär:

1) Türkmenistanyň Prezidentine;

2) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna we onuň orunbasaryna;

3) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna;

4) welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine;

5) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyna;

6) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň başlygyna;

7) Türkmenistanyň Baş prokuroryna.

2. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan sanawa laýyklykda öz ygtyýarlyklarynyň we gulluk borçlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň beýleki wezipeli adamlary hem döwlet syrlaryna ygtyýary resmileşdirmezden döwlet syrlaryna goýberilýär. 

 

37-nji madda. Döwlet syrlaryna ygtyýaryň görnüşleri 

Gizlinlik derejesine baglylykda döwlet syrlaryna ygtyýaryň üç görnüşi bellenýär:

1) 1-nji görnüş – «Aýratyn ähmiýetli» gizlinlik derejesi bolan döwlet syrlaryna ygtyýar;

2) 2-nji görnüş – «Iňňän gizlin» gizlinlik derejesi bolan döwlet syrlaryna ygtyýar;

3) 3-nji görnüş – «Gizlin» gizlinlik derejesi bolan gulluk syrlaryna ygtyýar.

 

38-nji madda. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar bermekden ýüz döndermek üçin esaslar 

1. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar bermekden ýüz döndermek üçin şular esas bolup durýar: 

1) döwlet syrlaryna ygtyýar bermegiň şertleriniň ýerine ýetirilmezligi;

2) kazyýet tarapyndan raýatyň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilmegi;

3) raýatda döwlet syrlary bilen bagly işi ýerine ýetirmäge päsgel berýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan sanawa laýyklykda keseliniň bolmagy.

2. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar bermekden şu halatlarda ýüz dönderilip bilner:

1) raýat babatynda jenaýat işiniň gozgalmagy ýa-da beýleki raýatlar babatynda ýa-da jenaýatyň alamatlary ýüze çykarylan waka boýunça gozgalan jenaýat işi boýunça güman edilýän ýa-da aýyplanýan hökmünde çekilmegi;

2) raýat tarapyndan döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen bagly jenaýat, raýat, arbitraž ýa-da administratiw işleri boýunça önümçiligiň bolmagy; 

3) raýatda bilkastlaýyn jenaýat edendigi üçin aýrylmadyk ýa-da öz-özünden aýrylmadyk iş kesilenlik aýbynyň bolmagy;

4) raýatyň Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşamak üçin resminamalary resmileşdirmegi;

5) resmileşdirilýän adamda barlag çäreleriniň netijesinde Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna wehim döredýän hereketleriň ýüze çykarylmagy;

6) raýatyň barlag çärelerinden boýun gaçyrmagy ýa-da özi we ýakyn garyndaşlary barada görnetin ýalan maglumatlary habar bermegi.

3. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kabul edilýär we bu barada ýokarda durýan döwlet edaralaryna (guramalara) ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner. 

 

39-njy madda. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýaryň

                         bes edilmegi 

1. Raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýar şu halatlarda bes edilýär:

1) raýatlar tarapyndan döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralary we beýleki guramalar bilen zähmet gatnaşyklarynyň bes edilmegi; 

2) döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen bagly iş geçirilende raýatlaryň gatnaşmagynyň tamamlanmagy ýa-da şeýle işleri geçirmegiň bes edilmegi;

3) şu Kanunyň 36-njy maddasynda görkezilen Türkmenistanyň raýatlarynyň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegi;

4) jenaýat, raýat, arbitraž ýa-da administratiw işleri boýunça önümçiligi alyp barýan edaranyň çözgüdi boýunça döwlet syrlaryna ygtyýar berlen raýatlaryň jenaýat, raýat, arbitraž ýa-da administratiw işleri boýunça önümçilige gatnaşmagynyň tamamlanmagy;

5) Türkmenistanyň bähbitleri üçin raýatlaryň hünär endiklerini we derejelerini peýdalanmagyň tamamlanmagy;

6) razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar bilen raýatlaryň gizlinlik esasynda hyzmatdaşlyk etmeginiň ýa-da görkezilen edaralaryň wezipe sanawyndaky aýan däl wezipäni eýeleýän işgäriň borçlaryny ýerine ýetirmeginiň tamamlanmagy;

7) döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen bagly işler geçirilende, döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen iş amala aşyrylanda ýa-da iş (gulluk) ýeri boýunça raýatlaryň ýerine ýetirýän borçlaryndan boşadylmagy; 

8) şu Kanunyň 38-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan esaslaryň ýüze çykmagy;

9) milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralaryna we beýleki guramalara raýatlara döwlet syrlaryna ygtyýary bes etmek hakynda tabşyryknama berilmegi.

2. Raýatyň döwlet syrlaryna ygtyýarynyň bes edilmegi zähmet şertnamasynyň taraplaryň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça ýatyrylmagyna goşmaça esas bolup durýar.

3. Döwlet syrlaryna ygtyýaryň bes edilmegi, eger-de raýatlar döwlet syrlary hakynda habarly bolsalar, olary döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmeginden, şol sanda olaryň Türkmenistanyň çäginden daşary gitmäge bolan hukugyndan mümkin bolan wagtaýyn çäklendirmelerden boşatmaýar.

4. Döwlet syrlaryna ygtyýaryň bes edilmegi hakynda çözgüt şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kabul edilýär we bu barada ýokarda durýan döwlet edaralaryna (guramalara) ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

40-njy madda. Raýatlara döwlet syrlaryna rugsat bermek 

1. Raýatlara döwlet syrlaryna rugsat bermek raýatlar tarapyndan şu Kanun hem-de döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ýeterlik derejede tanyşylanyndan soňra olara berlen döwlet syrlaryna ygtyýaryň esasynda amala aşyrylýar.

2. Döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň ýalbaşçylary raýatlara döwlet syrlaryna rugsadyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýärler, şunda raýatlaryň diňe wezipe borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen bagly zerur bolan döwlet syrlaryna we onuň hem zerur bolan möçberlerine rugsat berilýär.

3. «Aýratyn ähmiýetli», «Iňňän gizlin» we «Gizlin» gizlinlik derejeleri bolan döwlet syrlaryna rugsat 1-nji görnüşli döwlet syrlaryna ygtyýaryň barlygynda amala aşyrylýar.

4. «Iňňän gizlin» we «Gizlin» gizlinlik derejeleri bolan döwlet syrlaryna rugsat 2-nji görnüşli döwlet syrlaryna ygtyýaryň barlygynda amala aşyrylýar.

5. «Gizlin» gizlinlik derejesi bolan döwlet syrlaryna rugsat 3-nji görnüşli döwlet syrlaryna ygtyýaryň barlygynda amala aşyrylýar.

6. Döwlet syrlaryna rugsat aşakdaky halatlarda amala aşyrylýar: 

1) Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna – olaryň iş (gulluk) ýerleri boýunça borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe ýa-da olaryň döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen bagly işleriň geçirilmegine çekilmekleri bilen baglanyşykly;

2) şu Kanunyň 36-njy maddasynda görkezilen Türkmenistanyň raýatlaryna – olaryň degişli wezipä saýlanylmagy (bellenilmegi) bilen baglanyşykly, olar tarapyndan ygtyýarlyklarynyň amala aşyrylýan döwri;

3) jenaýat, raýat, arbitraž, administratiw işler boýunça önümçilige gatnaşyjylara – Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda;

4) daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary (döwlet syrlaryny peýdalanmagy göz öňünde tutýan baglaşylan şertnamalary durmuşa geçirilişine gatnaşýan daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bolup durýan raýatlar muňa girmeýär) –olaryň hünär endikleri we derejeleri Türkmenistanyň bähbitleri üçin peýdalanylýan döwri;

5) daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bolup durýan döwlet syrlaryny peýdalanmagy göz öňünde tutýan baglaşylan şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan raýatlara döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň barlygynda we milli howpsuzlyk edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça – olaryň döwlet syrlaryny peýdalanmagyny göz öňünde tutýan baglaşylan şertnamalaryň durmuşa geçirilişine gatnaşýan döwri;

6) razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işlerini amala aşyrýan edaralar bilen gizlinlik esasda hyzmatdaşlyk edýän raýatlary, şeýle hem görkezilen edaralaryň wezipe sanawyndaky aýan däl wezipäni eýeleýän işgärleri – olaryň gizlinlik esasda hyzmatdaşlyk edýän ýa-da şol edaralaryň wezipe sanawyndaky aýan däl wezipäni eýeleýän işgärleriň borçlaryny ýerine ýetirýän döwri.

 

Х BAP. DÖWLET SYRLARY ÇYGRYNDA DÖWLET EDARALARYNYŇ, BEÝLEKI GURAMALARYŇ WE RAÝATLARYŇ HUKUKLARYNY WE KANUNY 

BÄHBITLERINI GORAMAK

 

41-nji madda. Döwlet syrlary çygrynda döwlet edaralarynyň, beýleki guramalaryň we raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak

1. Döwlet syrlary çygrynda döwlet edaralarynyň, beýleki guramalaryň we raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir.

 

42-nji madda. Döwlet syrlaryny düzýän maglumatlar bilen habarly edilen raýatlaryň hukuklaryny çäklendirmek

1. Döwlet syrlaryna goýberilen ýa-da öň goýberilen raýatlar özüniň ýazmaça razylygy bilen öz hukuklaryndan wagtlaýyn çäklendirilip bilner.

2. Çäklendirmeler aşakdakylara degişli bolup biler:

1) döwlet syrlary bolup durýan maglumatlar bilen olaryň gizlinleşdirmek möhletiniň gutarmagyna çenli işiň bütin döwri üçin, zähmet şertnamasy bes edilen (ýatyrylan) halatynda bolsa, görkezilen maglumatlaryň syrlylyk möhletleriniň gutarmagyna çenli, ýöne 5 ýyldan köp bolmadyk möhlete – daşary ýurda gitmäge bolan hukugy;

2) döwlet syrlary bolup durýan islendik görnüşdäki maglumatlary ýaýratmaga we şeýle maglumatlary düzýän açyşlary we oýlap tapyşlary peýdalanmaga bolan hukugy;

3) döwlet syrlaryna ygtyýar resmileşdirilýän döwürde barlag çärelerini geçirmek bilen baglanyşykda şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine bolan hukugy.

 

ХI BAP. DÖWLET SYRLARY ÇYGRYNDA

GÖZEGÇILIK WE JOGAPKÄRÇILIK. DÖWLET

SYRLARYNY GORAMAK BOÝUNÇA ÇÄRELERIŇ MALIÝELEŞDIRILMEGI

 

43-nji madda. Döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik

Döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçiligi amala aşyrýarlar.

 

44-nji madda. Döwlet syrlary çygrynda döwlet gözegçiligi

Döwlet syrlary çygrynda döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

45-nji madda. Döwlet syrlarynyň goralyşyna gözegçilik

Döwlet syrlarynyň goralyşyna gözegçilik maglumatlary döwlet syrlaryna degişli etmek boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki guramalar, döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralary we beýleki guramalar tarapyndan ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

46-njy madda. Döwlet syrlary çygrynda jogapkärçilik

1. Döwlet syrlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Döwlet syrlaryny peýdalanmak bilen işi amala aşyrýan döwlet edaralarynda we beýleki guramalarda döwlet syrlarynyň goralyşyny guramak boýunça jogapkärçilik olaryň ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenilýär.

 

47-nji madda. Döwlet syrlaryny goramak boýunça çäreleriň maliýeleşdirilmegi

Döwlet syrlaryny goramak boýunça çäreleriň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

ХII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

48-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk şu Kanuna laýyk getirilýänçä oňa garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

3. 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen «Döwlet syrlaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 37-nji madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 3-nji maýy.

№ 71-V.