Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar
etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky
Konwensiýa goşulmak hakynda
(Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 18-nji madda)
1958-nji ýylyň 10-njy iýunynda Nýu-Ýork şäherinde kabul edilen Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa şu aşakdaky şertleri beýan etmek bilen goşulmaly:
«Türkmenistan diňe agza döwletiň çäginde kabul edilen arbitraž çözgütleriniň ykrar edilmegini we ýerine ýetirilmegini üpjün eder,
Türkmenistan Konwensiýany diňe milli kanunçylyga laýyklykda täjirçilik jedeller diýlip hasaplanýan jedeller babatynda ulanar,
Türkmenistan diňe Konwensiýa özi üçin güýje girenden soň çykarylan kazyýet kararlary babatynda ulanar.».
Türkmenistanyň Serdar
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2022-nji ýylyň 17-nji apreli.
№ 463-VI.