Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Elektrik energetikasy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 104-nji madda)
(08.06.2019 ý. № 153-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun elektrik energetikasy babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär we pudagyň mundan beýläk kämilleşdirilmegine, innowasion energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň hem-de enjamlaryň ulanylmagy esasynda ýurduň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) elektroenergetika – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegi, özgerdilmegi, geçirilmegi, ýerlenilmegi we sarp edilmegi bilen baglylykda ýüze çykýan önümçilik we ykdysady gatnaşyklarynyň toplumyny öz içine alýan pudagy;
2) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijiler – önümçilik we (ýa-da) durmuş hajatlary üçin elektrik (ýylylyk) energiýasyny satyn alýan fiziki we ýuridik şahslar;
3) elektrik (ýylylyk) energiýasyny peýdalanmak üçin şertnama – energoüpjünçilik kärhanasynyň elektrik (ýylylyk) energiýasyny belli bir möçberde we talap edilýän hilinde bermäge, satyn alyjynyň bolsa, olary kabul etmäge hem-de baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda tölemäge borçlanýan şertnamasy;
4) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň hasaplaşyk hasaba alnyşy – hasaplaşyk hasaba alnyş enjamynyň görkezijilerine esaslanyp, energoüpjünçilik kärhanasynyň we sarp edijiniň arasynda elektrik (ýylylyk) energiýasyny peýdalanmak üçin şertnama boýunça özara hasaplaşyklary geçirmek üçin esas bolup durýan elektrik (ýylylyk) energiýasynyň hasaba alnyşy;
5) elektrik geçiriji ulgam – elektrik energiýasyny geçirmek we paýlamak üçin niýetlenip oturdylan elektrik enjamlarynyň jeminden ybarat bolan hem-de transformator, paýlaýjy we özgerdiji podstansiýalardan, elektrik geçirijilerden we birleşdiriji simlerden (kabellerden) durýan ulgam;
6) elektroenergetika ulgamynyň obýektleri – elektrik (ýylylyk) energiýasyny öndürmekde, geçirmekde we ýerlemekde gönüden-göni ulanylýan emläk obýektleri (elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri, transformator podstansiýalary, paýlaýjy nokatlar we elektrik (ýylylyk) energiýasyny geçirmegi amala aşyrmak üçin niýetlenen beýleki enjamlar);
7) elektroenergetikanyň subýektleri – energoüpjünçilik kärhanalary, Merkezi dispetçerçilik müdirligi;
8) energoüpjünçilik kärhanasy – elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegini, geçirilmegini we ýerlenilmegini amala aşyrýan kärhana;
9) hasaplaşyk hasaba alnyş enjamy – elektrik (ýylylyk) energiýasynyň göýberilen (sarp edilen) möçberini hasaplamak üçin niýetlenen, bellenen tertipde ulanylmaga rugsat berlen tehniki gurluş;
10) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy – merkezleşdirilen operatiw-dispetçerçilik dolandyryşyň şertlerinde elektrik (ýylylyk) energiýasyny öndürmegiň, özgertmegiň, geçirmegiň, ýerlemegiň we sarp etmegiň üznüksiz tehnologik dowamlylygynyň umumy düzgüni bilen özara baglanyşykly elektrik stansiýalarynyň, transformator podstansiýalarynyň we elektrik geçirijileriniň jemi;
11) tehnologik bozulma – elektroenergetika ulgamynyň durnuklylygyny ýitirmegine getirýän elektroenergetika obýektiniň iş düzgüniniň bozulmagy.
2-nji madda. Türkmenistanyň elektrik energetikasy
hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň elektrik energetikasy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň elektrik energetikasy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda
elektrik energetikasy we onuň aýratynlyklary
1. Elektrik energetikasy ykdysadyýetiň işlemeginiň we ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy bolup durýar.
2. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň elektroenergetikanyň ýurduň içine we daşyna iberilmegi üçin niýetlenen harytlyk önümi bolup durýan elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegini, özgerdilmegini, geçirilmegini, ýerlenilmegini we sarp edilmegini üpjün edýän önümçilik-tehnologik toplumyny özünde jemleýän kärhanalary elektrik energetikasynyň esasy bolup durýar.
Aýratynlykda alnan her bir elektroenergetika kärhanasy tamamlanylmadyk önümçilik dolanyşygy bolup durýar we ol aýratynlykda işlemeýär.
Elektroenergetikanyň ähli kärhanalary senagat derejeli kärhanalara degişlidir.
3. Elektrik energetikasynyň ähmiýetini we onuň işleýşini kesgitleýän aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:
1) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmeginiň we sarp edilmeginiň yzygiderli baglanyşyklylygy, sarp etmegiň ululygynyň we düzgüniniň kesgitleýji täsir etmeginde elektrik energiýasynyň öndüriliş fazasynyň onuň sarp ediliş fazasy bilen wagt babatda deň gelmegi;
2) elektrik stansiýasynda elektrik energiýasynyň öndüriliş dolanyşygynyň onuň özgerdilmegi we elektrik ulgamlary arkaly sarp edijilere ýetirilmegi bilen tamamlanmagy;
3) tamamlanylmadyk önümçiliginiň bolmazlygy we ammarda saklanylmagynyň mümkin dälligi;
4) ýylyň (çärýegiň), aýyň (gije-gündiziň), gije-gündiziň (sagatlaryň) dowamynda onuň sarp edilmeginde möwsümleýin gyşarmalaryň bolmagy bilen baglylykda, elektrik stansiýalarynda olaryň öndürilmeginiň üýtgäp durýan düzgüniniň, energetiki kuwwatlyklaryň ätiýaçlyklaryny saklamagyň zerurlygyny we olaryň öňürdiji ösüşini kesgitleýän elektrik (ýylylyk) energiýasynyň önümçiliginiň gyradeň bolmazlygy;
5) elektrik energiýasynyň öndürilmegi, özgerdilmegi, geçirilmegi, ýerlenilmegi we sarp edilmegi bilen bagly ähli harajatlaryň doly hasabynyň ýöredilmegini üpjün edýän franko-sarp ediji şertinde energiýanyň özüne düşýän gymmatynyň hasaplanylmagy.
4-nji madda. Türkmenistanyň elektroenergetikasyndaky
eýeçilik
1. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň obýektleri döwlet eýeçiligi bolup durýar.
2. Elektroenergetika kärhanalaryna emläk doly hojalyk ýöretmek hukugynda berkidilýär.
3. Elektroenergetikanyň kärhanalary emläge Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçilik edýärler, peýdalanýarlar we ygtyýarlyk edýärler.
5-nji madda. Elektroenergetikanyň obýektleriniň
ýerleşdirilmegi üçin ýerden peýdalanmagyň
düzgünleşdirilişi
Elektroenergetikanyň obýektlerini ýerleşdirmek üçin berilýän ýer bölekleriniň ölçegleri bellenilen tertipde tassyklanylýan taslama-tehniki resminamalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
2. Elektroenergetikanyň obýektleriniň ýerleşýän ýeriniň daşky gurşawyna hem-de ilata ol obýektleriň howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin ölçegleri we ulanylyş düzgüni Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde kesgitlenilýän gorag zolaklary bellenilýär.
3. Gorag zolaklarynyň çäklerindäki ýer bölekleri üçin ýerden peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýär, şunda ýer eýeleriniň, bu ýeri peýdalanýanlaryň ýa-da kärendesine alýanlaryň ony aşakdaky çäklendirmeler bilen hojalyk maksatlarynda ulanmaga hukuklary bardyr:
1) senagat we raýat gurluşygyny alyp barmak gadagan edilýär;
2) elektroenergetika obýektiniň ýolbaşçylygy bilen ylalaşmazdan islendik işleri ýerine ýetirmek gadagan edilýär.
II BAP. ELEKTROENERGETIKANYŇ
GURALYŞYNYŇ ESASLARY
6-njy madda. Elektroenergetikanyň işlemeginiň tehnologik we
ykdysady esaslary
2. Elektroenergetikanyň obýektleriniň elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegi, özgerdilmegi, geçirilmegi, ýerlenilmegi bilen baglynyşykly tehnologik aýratynlyklary bilen şertlendirilen gatnaşyklaryň ulgamy elektroenergetikanyň işlemeginiň ykdysady esasy bolup durýar.
7-nji madda. Elektrik energetikasy çygryndaky ykdysady
gatnaşyklaryň guralyşynyň esasy ýörelgeleri
Şular elektrik energetikasy çygryndaky ykdysady gatnaşyklaryň guralyşynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:
1) elektroenergetikanyň bökdençsiz we ygtybarly işlemeginiň üpjün edilmegi;
2) elektroenergetikanyň tehnologik bitewüligi;
3) elektroenergetikanyň ekologik howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;
4) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň göwnejaý hiliniň üpjün edilmegi we özüne düşýän gymmatynyň azaldylmagy esasynda elektrik (ýylylyk) energiýasyna bolan islegiň kanagatlandyrylmagynyň durnukly ulgamynyň emele getirilmegi;
5) işiň pudagyň ykdysady taýdan esaslandyrylan girdejililigini üpjün edýän hojalyk hasaplaşygy ýörelgeleri esasynda amala aşyrylmagy;
6) elektroenergetika kärhanalarynyň arasyndaky ykdysady we hukuk gatnaşyklarynyň taraplaryň hukuklaryny, borçlaryny we özara jogapkärçiligini kesgitleýän şertnamalar esasynda guralmagy;
7) elektroenergetika babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi.
III BAP. ELEKTRIK ENERGETIKASY BABATDA
DÖWLET DOLANDYRYŞY
8-nji madda. Elektrik energetikasy babatda döwlet
dolandyryşynyň esasy ugurlary
Şular elektrik energetikasy babatda döwlet dolandyryşynyň esasy ugurlary bolup durýar:
1) Türkmenistanyň elektroenergetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;
2) çäklerdäki elektrik ulgamlarynyň sarp edijilere deň derejede elýeterliliginiň üpjün edilmegi;
3) generirleýji kuwwatlyklaryň we elektrik ulgamlarynyň durkuny täzelemek, kämilleşdirmek, ösdürmek işlerine maýa goýumlarynyň çekilmegi;
4) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegi, geçirilmegi we ýerlenilmegi boýunça dolandyryşyň we hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna bazar mehanizmleriniň ornaşdyrylmagy;
5) elektroenergetikada nyrh syýasatynyň esaslarynyň kesgitlenilmegi;
6) elektroenergetikanyň deňagramlaşdyrylan ösüşiniň üpjün edilmegi;
7) elektrik energiýasynyň we ýangyç-energetika serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagy;
8) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmeginiň ygtybarlylygyna, howpsuzlygyna we tygşytlylygyna, onuň geçirilişine, paýlanylyşyna we sarp edilişine, şeýle hem elektroenergetikanyň enjamlarynyň gurluşygynyň we olaryň ulanylyşynyň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna gözegçilik edilmegi.
9-njy madda. Elektrik energetikasy babatda döwlet
düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Energetika ministrligi (mundan beýläk - Ygtyýarly edara) elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar bolup durýar.
10-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
elektrik energetikasy babatda ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektrik energetikasy babatda:
1) şulary kesgitleýär:
a) elektrik energetikasy babatda döwlet syýasatyny;
b) elektrik energetikasy babatda ykdysady özgertmeleriň esasy ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny;
ç) elektroenergetikanyň obýektleriniň maliýeleşdirilmeginiň, gurulmagynyň, ulanyşa girizilmeginiň we ulanyşdan çykarylmagynyň şertlerini we tertibini;
2) şulary tassyklaýar:
a) elektrik energetikasyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny;
b) Elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň kadalaryny;
ç) Elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň kadalaryny;
2-nji bendiň «d» kiçi bendi 08.06.2019 ý. № 153-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;
e) elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň işlenip düzülmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň tertibini;
ä) elektroenergetika ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektleriniň gurluşygy we ulanylmagy üçin bölünip berilýän ýer bölekleriniň ölçeglerini we olaryň ulanylyş teribini;
f) ýaşaýşyň üpjün edilmegine degişli obýektleriň, şeýle hem elektroenergetika ulgamynyň kadaly işleýän düzgüninde energoüpjünçilik ulgamyndan aýrylmaga degişli bolmadyk önümçiligiň tehnologik ulgamy üznüksiz bolan obýektleriniň sanawyny;
3) elektrik üpjünçilik kärhanalarynyň hyzmatlarynyň nyrh syýasatyny emele getirýär;
4) täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
11-nji madda. Ygtyýarly edaranyň elektrik energetikasy
babatda ygtyýarlyklary
Ygtyýarly edara elektrik energetikasy babatda:
1) şulary durmuşa geçirýär:
a) elektrik energetikasy babatda döwlet syýasatyny;
b) elektrik energetikasy babatda ykdysady özgertmeleriň esasy ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny;
ç) elektroenergetikany ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny;
2) şulary işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär:
a) elektroenergetikany ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň taslamalaryny;
b) Elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň kadalarynyň taslamasyny;
ç) Elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň kadalarynyň taslamasyny;
d) Türkmenistanyň sarp edijilerine göýberilýän elektrik (ýylylyk) energiýasynyň nyrhlary boýunça teklipleri;
e) Elektroenergetika ulgamynyň kärhanalarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň we işlenip taýýarlanylmagynyň tertibiniň taslamasyny;
2-nji bendiň «ä» kiçi bendi 08.06.2019 ý. № 153-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;
3) şulary tassyklaýar:
a) elektroenjamlaryň gurluşynyň kadalaryny;
b) Elektroenergetikanyň obýektleriniň ulanylyşynyň tehniki kadalaryny;
ç) Elektroenergetikanyň obýektleri ulanylan mahalyndaky howpsuzlyk tehnikasynyň kadalaryny;
d) elektroenergetikanyň subýektleriniň özara ykdysady gatnaşyklary baradaky Düzgünnamany;
e) elektroenergetikanyň gözegçiliginiň guralyşy hakynda Düzgünnamany;
ä) sarp edijiler tarapyndan özleriniň borçnamalarynyň bozulan, şeýle hem heläkçilikleriň öňüni almak ýa-da aradan aýyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegi zerur bolan ýagdaýynda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň doly ýa-da bölekleýin çäklendirilmeginiň düzgüniniň Tertibini;
f) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň merkezleşdirilen operatiw-dispetçerçilik dolandyrylyşynyň Tertibini;
g) elektroenergetika babatda kadalaşdyryjy resminamalary;
4) elektroenergetika ulgamynyň howpsuz we ygtybarly işlemegini üpjün edýär, elektroenergetikanyň gözegçiligini amala aşyrýar;
5) elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we sarp edilişiniň deňagramlylygyny emele getirmäge gatnaşýar;
6) elektroenergetika ulgamynyň işlemeginiň düzgünini belleýär;
7) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny dolandyrýar;
8) şularyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar:
a) elektroenergetika ulgamynyň obýektleriniň taslamasy düzülende, gurlanda, ulanylanda, ulanyşdan çykarylanda senagat, ýangyn we ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça kadalaryň;
b) elektroenergetika babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň;
ç) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň döwlet hil standartlarynyň taslamalarynyň;
9) elektrik energiýasyny we ýangyç-energetika serişdelerini netijeli ulanmak, şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça çäreleri işläp düzýär hem-de durmuşa geçirýär;
10) şulary amala aşyrýar:
a) generirleýji kuwwatlyklaryň we elektrik ulgamlarynyň durkuny täzelemek, kämilleşdirmek, ösdürmek boýunça çäreleri;
b) elektroenergetika babatda işi ygtyýarlylandyrmagy;
ç) elektroenergetikada tehniki we tehnologik gözegçiligi we barlagy;
d) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektroenergetika babatda administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere garamagy;
e) elektroenergetika babatda halkara hyzmatdaşlygyny;
ä) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry ygtyýarlyklary.
12-nji madda. Ygtyýarly edaranyň hukuklary
Ygtyýarly edaranyň şulara hukugy bardyr:
1) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň hem-de elektroenergetikanyň subýektleriniň elektrik energetikasy babatda hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy hakynda şikaýatlaryna garamaga;
2) hak isleg arzasy bilen kazyýete ýüz tutmaga, şeýle hem kazyýetde şu Kanunyň we elektrik energetikasy babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulmagy bilen bagly işlere garalyşyna gatnaşmaga;
3) ýerleşýän çäklerine we tabynlygyna garamazdan, Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna girýän elektrik stansiýalarynyň kuwwatlyklaryna ygtyýarlyk etmäge;
4) operatiw ýagdaýdan we elektroenergitikanyň ulgamynda ätiýaçlyklaryň bardygyndan ugur alyp, elektroenergetikanyň kuwwatlyklarynyň has netijeli we oýlanyşykly ulanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen ylalaşyp, kärhanalaryň aýratyn iş düzgünini girizmäge;
5) halkara guramalarynda elektrik energetikasynyň meseleleri babatda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmäge.
13-nji madda. Elektroenergetikanyň subýektleriniň
önümçilik-tehnologik işlerine gatyşylmagyna
ýol berilmezligi
Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, elektroenergetikanyň subýektleriniň önümçilik-tehnologik işlerine gatyşmaga hukugy ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
14-nji madda. Elektroenergetika gözegçiligi
1. Elektroenergetikanyň gözegçiligi diýlip, şu Kanunda we elektroenergetika babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen elektroenergetika babatda howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň talaplarynyň elektroenergetikanyň subýektleri we elektrik energiýasyny sarp edijiler tarapyndan bozulmagynyň duýdurylmagyna, ýüze çykarylmagyna we öňüniň alynmagyna gönükdirilen işe düşünilýär.
2. Elektroenergetikanyň gözegçiligi Ygtyýarly edaranyň gurluş düzüm birlikleri tarapyndan gözegçilik boýunça özlerine berlen ygtyýarlylygyň çäklerinde şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:
1) ýüze çykarylan bozulmalaryň netijelerini aradan aýyrmak we (ýa-da) öňüni almak, günäkär şahslary jogapkärçilige çekmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan barlaglary geçirmek we guramak, çäreleri görmek;
2) elektroenergetikanyň subýektleriniň işleriniň barşynda elektroenergetika babatda howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek.
15-nji madda. Döwletiň elektroenergetikadaky
maýa goýum syýasaty
1. Türkmenistanyň elektroenergetikadaky maýa goýum syýasaty onuň durnukly ösmegine, elektroenergetikanyň ähli ugurlaryna maýa goýumlary çekmek bilen elektrik energiýasynyň tygşytlylygynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem maýa goýumlaryň netijeliligine gözegçiligiň amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
2. Türkmenistanyň elektroenergetikadaky maýa goýum syýasaty Türkmenistanyň elektrik kuwwatlyklaryna bolan isleginiň çaklamalarynyň esasynda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşi bilen baglanyşdyrylyp işlenip düzülýän durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryna, elektroenergetikany ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär.
3. Hususy, şonuň ýaly-da çekilen, şol sanda şu aşakdaky serişdeler Türkmenistanyň elektroenergetikasyna maýa goýumlaryň çeşmesi bolup bilerler:
1) döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlary;
2) Türkmenistanyň banklarynyň karzlary;
3) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleri;
4) daşary ýurt karzlary we maýa goýumlary;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.
4. Şular Türkmenistanyň elektroenergetikasyna goýlan maýa goýumlaryny gaýtarmagyň üpjünçiligi hökmünde bolup biler:
1) Türkmenistanyň Hökümetiniň kepillendirmeleri;
2) bank kepillendirmeleri;
3) sarp edijilere goýberilýän elektrik (ýylylyk) energiýasynyň nyrh möçberleriniň maýa goýum düzümi;
4) beýleki üpjünçilik çäreleri.
IV BAP. ELEKTROENERGETIKANYŇ
OPERATIW-DISPETÇERÇILIK DOLANDYRYŞY
16-njy madda. Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik
dolandyryş ulgamy
1. Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryş ulgamy elektroenergetikanyň obýektleriniň we sarp edijileriň energiýa kabul ediji enjamlarynyň döwlet standartlary we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar tarapyndan bellenen talaplara laýyklykda elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we elektrik (ýylylyk) energiýasynyň hilini üpjün edýän tehnologik iş düzgünini merkezleşdirip dolandyrmak boýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar.
2. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň merkezleşdirilen operatiw-dispetçerçilik dolandyryşy Ygtyýarly edara tarapyndan bellenen tertipde Merkezi dispetçerçilik müdirligi (MDM) tarapyndan amala aşyrylýar.
17-nji madda. Operatiw-dispetçerçilik dolandyryşyň
esasy ýörelgeleri
Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryşy şu aşakdaky esasy ýörelgeleri öz içine alýar:
1) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilişiniň we sarp edilişiniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegini;
2) operatiw-dispetçerçilik gözegçiligi wezipesiniň aýratynlykda alnan derejeleriň arasynda paýlanylmagy, şeýle hem dolandyryşyň aşakda durýan derejeleriniň ýokarda durýan derejelerine tabynlygyny;
3) elektroenergetika subýektleriniň hem-de elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň operatiw-dispetçerçilik dolandyryşyň operatiw-dispetçerçilik buýruklaryny we görkezmelerini gürrüňsiz ýerine ýetirmegini;
4) elektroenergetikanyň howpsuz işlemeginiň üpjün edilmegine we heläkçilikli ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagyny;
5) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynda energetika kuwwatlyklarynyň kadalaşdyrylan ätiýaçlyklarynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň görülmegini;
6) elektrik energiýasynyň öndürilişiniň we sarp edilişiniň möçberiniň gysga möhletleýin we uzak möhletleýin çaklamasynyň üpjün edilmegini;
7) operatiw-dispetçerçilik dolandyryşynyň elektrik energiýasynyň öndürilmegi we paýlanylmagy üçin harajatlaryň azaldylmagynyň ölçegi boýunça elektroenergetika ulgamynyň iş düzgünleriniň amatlaşdyrylmagyna esaslanýan ykdysady netijeliliginiň üpjün edilmegini;
8) ýokarky derejedäki operatiw-dispetçerçilik buýruklarynyň we görkezmeleriniň aşakdaky derejedäki operatiw-dispetçerçilik dolandyryş üçin ýerine ýetirilmeginiň hökmanylygyny, olaryň ýerine ýetirilmeginiň adamlaryň ýaşaýşyna we saglygyna hem-de enjamyň aýawlylygyna howp döredýän halatlary muňa degişli däldir.
18-nji madda. Merkezi dispetçerçilik müdirliginiň wezipeleri
1. Merkezi dispetçerçilik müdirligi Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyndaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryş ulgamynyň ýokarky derejesi bolup durýar.
2. Merkezi dispetçerçilik müdirligi:
1) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň ygtybarly işlemeginiň bellenen görkezijileriniň berjaý edilişini üpjün edýär;
2) elektroenergetika obýektlerine we elektrik energiýasyny sarp edijilere ýerine ýetirilmegi hökmany bolan elektroenergetika ulgamynyň dispetçeriniň wezipeleriniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly operatiw-dispetçerçilik buýruklaryny we görkezmelerini berýär;
3) elektrik stansiýalaryndaky we elektrik ulgamlaryndaky enjamlaryň ulanyşdan çykarylmagyny, şeýle hem abatlaýyşdan soňra olaryň ulanyşa girizilmegini guraýar;
4) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna girýän elektrik stansiýalarynyň we elektrik ulgamlarynyň gije-gündiz işlemeginiň iň amatly tertibini işläp düzýärler;
5) elektroenergetika ulgamynyň barlag nokatlaryndaky güýjenmäniň düzgünleşdirilmegini, heläkçilige garşy ulanylýan awtomatika ulgamynyň işleýşiniň barlanyp durulmagyny amala aşyrýar;
6) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy üzňelikde işlände, elektrik togunyň ýygylygynyň düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;
7) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň we daşary ýurtlaryň elektroenergetika ulgamlarynyň ugurdaş işlemeginiň düzgüniniň dolandyrylmagyny guraýar;
8) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna elektroenergetikanyň obýektleri birikdirilende, onuň düzüminde olaryň işlemegini üpjün edýän tehnologik talaplaryň emele getirilmegine we berilmegine gatnaşýar.
19-njy madda. Heläkçilik ýagdaýlary
Heläkçilik ýagdaýlary Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň aýratyn ýerli böleklere bölünmegine, elektrik görkezijileriniň tehniki talaplaryň çäklerinden daşary üýtgemegine we sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň bozulmagyna getirýän bitewiliginiň tehnologik bozulmasynyň netijesi bolup durýar.
20-nji madda. Heläkçilik ýagdaýlaryny aradan aýyrmakda
Merkezi dispetçerçilik müdirliginiň
hereketleri
1. Heläkçilik ýagdaýlary dörän mahalynda Merkezi dispetçerçilik müdirligi elektrik stansiýalarynyň pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan ätiýaçdaky ähli generirleýji kuwwatlyklaryny, şeýle hem sarp edijileriň özbaşdak energiýa çeşmelerini ulanýar.
2. Heläkçilik ýagdaýlary aradan aýrylýan mahalynda sarp edijileriň energiýa üpjünçiligi Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan möçberdäki elektrik kuwwatlyklaryny ibermegi üpjün edýän çyzgy boýunça amala aşyrylýar. Elektrik kuwwatlyklarynyň ýetmezçilik eden mahalynda sarp edijilere elektrik energiýasyny bermek boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşylan tertip boýunça çäklendirmeler ulanylýar.
Heläkçilik ýagdaýlaryny öz wagtynda aradan aýyrmak maksady bilen elektrik kuwwatlyklaryň ýetmezçiligi duýdansyz ýüze çykan mahalynda we elektrik energiýasyny bermek boýunça çäklendirmeleriň tertibiniň girizilmegine wagt ýetmezçilik eden şertlerinde energoüpjünçilik kärhanasy öňünden ylalaşmazdan sarp edijileri elektrik üpjünçilik ulgamyndan aýyrmagy geçirmäge haklydyr.
V BAP. ENERGIÝA ÜPJÜNÇILIGI
21-nji madda. Elektrik (ýylylyk) energiýasyndan
peýdalanmak üçin şertnama
1. Elektroenergetikada elektrik (ýylylyk) energiýasy sarp edilende ýüze çykýan gatnaşyklar energoüpjünçilik kärhanasy bilen elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijiniň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan elektrik (ýylylyk) energiýasyndan peýdalanmak üçin degişli şertnama (mundan beýläk - şertnama) arkaly düzgünleşdirilýär.
2. Energoüpjünçilik kärhanasynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplary ýerine ýetiren ýagdaýynda sarp edijini elektrik (ýylylyk) ulgamlaryna çatmakdan ýüz öwürmäge hukugy ýokdur.
22-nji madda. Energoüpjünçilik kärhanasynyň
hukuklary we borçlary
1. Energoüpjünçilik kärhanasynyň şulara hukugy bardyr:
1) Elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan kadalaryna laýyklykda sarp edijini duýdurmak bilen oňa elektrik (ýylylyk) energiýasyny bermegi doly ýa-da bölekleýin çäklendirmäge, şu bendiň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan sanawa goşulan ýaşaýyş üpjünçiliginiň obýektleri, şeýle hem önümçiliginiň tehnologik ulgamy üznüksiz bolan obýektler elektroenergetika ulgamynyň kadaly işleýän düzgüninde energoüpjünçilik ulgamyndan aýrylmaga degişli däldir;
2) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň energiýany peýdalanmagyň we energiýa tygşytlylygynyň netijeli ulanylmagy boýunça işiniň meselelerine gözegçilik etmäge;
3) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda hem-de elektroenergetika babatda kadalaşdyryjy-tehniki resminamalarda göz öňünde tutulan beýleki hereketleri amala aşyrmaga.
2. Energoüpjünçilik kärhanasy şulara borçludyr:
1) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň ählisi üçin deň şertleri döretmäge;
2) sarp edijilere elektrik (ýylylyk) energiýasyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen nyrhlar boýunça goýbermäge;
3) sarp edijilere elektrik (ýylylyk) energiýasyny bermegi şertnama laýyklykda amala aşyrmaga;
4) energoüpjünçilik kärhanasynyň we sarp edijiniň arasynda baglaşylýan şertnama boýunça özara hasaplaşyklary geçirmek üçin elektrik (ýylylyk) energiýasynyň hasaplaşyk hasaba alnyşyny amala aşyrýar.
23-nji madda. Elektrik (ýylylyk) energiýasyny
sarp edijileriň hukuklary we borçlary
1. Elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň şulara hukugy bardyr:
1) elektrik (ýylylyk) energiýasyny şertnama laýyklykda almaga;
2) şertnamanyň şertlerine laýyklykda energoüpjünçilik kärhanasyndan kem ýa-da hili pes iberilen elektrik (ýylylyk) energiýasy sebäpli çekilen zyýanyň öwezini dolmagyny talap etmäge;
3) şertnamalaryň baglaşylmagy we ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly jedelli meseleleri çözmek üçin kazyýete ýüz tutmaga.
2. Elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijiler şulara borçludyr:
1) elektrik enjamlaryny we hasaplaşyk hasaba alyş abzallaryny kadalaşdyryjy-tehniki resminamalarda kesgitlenen talaplara laýyklykda göwnejaý tehniki ýagdaýda saklamaga;
2) elektrik energiýasyny sarp etmegiň şertnamada kesgitlenen düzgünini berjaý etmäge;
3) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň töleglerini şertnama laýyklykda öz wagtynda tölemäge;
4) Ygtyýarly edaranyň elektroenergetikanyň gözegçligini amala aşyrýan gurluş düzüm birlikleriniň işgärlerini hasaplaşyk hasaba alyş abzallaryna, şeýle hem kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara laýyklykda, elektrik (ýylylyk) enjamlarynyň tehniki ýagdaýyna hem-de howpsuz ulanylyşyna barlagy amala aşyrmak üçin goýbermäge.
24-nji madda. Elektroenergetikanyň obýektleriniň
goralmagynyň üpjün edilişi
1. Elektroenergetikanyň has möhüm obýektleriniň goralmagy harbylaşdyrylan ýörite gorag gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektrik ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ähli ýuridik we fiziki şahslar üçin hökmany bolan Elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň kadalaryny tassyklaýar.
25-nji madda. Daşary ykdysady iş
1. Ygtyýarly edara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady işi geçirýär.
2. Ygtyýarly edara daşary ykdysady işiň gatnaşyjysy hökmünde şulary amala aşyrýar:
1) pudagyň daşary ykdysady işiniň baş ugurlaryny işläp düzmegi;
2) elektroenergetika babatda döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegini guramagy;
3) elektroenergetika babatda halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy guramagy;
4) pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegi boýunça çäreleri;
5) elektrik energiýasyny ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegi.
3. Pudagyň daşary ykdysady işi öz-özüňi ödemek esasynda gurulýar.
4. Ygtyýarly edara daşary ýurtlaryň çäklerinde energetika degişli ýa-da beýleki obýektleri edinmäge, şeýle hem ol Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly halkara elektroenergetika birleşmeleriniň, assosiasiýalarynyň gatnaşyjysy bolmaga haklydyr.
26-njy madda. Zähmet gatnaşyklary. Işgärleriň durmuş
taýdan goraglylygy
1. Elektroenergetika kärhanalarynda zähmet gatnaşyklary, işgärleriň durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
2. Ygtyýarly edara elektroenergetika pudagynyň işgärleriniň okadylmagyny, taýýarlanylmagyny, şeýle hem olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
27-nji madda. Elektroenergetikanyň ýagdaýyna jogapkärçilik
Elektroenergetikanyň enjamlarynyň we gurluşlarynyň zaýalanmagynda ýa-da ogurlanylmagynda, elektrik (ýylylyk) ulgamlaryna özbaşdak birikdirmekde we elektroenergetikanyň önümini ogurlamakda, şeýle hem elektroenergetikanyň zyýan çekmegine, elektroenergetika obýektleriniň howpsuzlygynyň we sarp edijileriň energoüpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň peselmegine getirip biljek beýleki hereketlerde günäkär bolan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen maddy, administratiw we jenaýat jogapkärçiligini çekýärler.
VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
28-nji madda. Ygtyýarly edaranyň wezipeli adamynyň
hereketlerine (hereketsizligine) şikaýat etmek
Fiziki we ýuridik şahslaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Ygtyýarly edaranyň wezipeli adamynyň hereketlerine (hereketsizligine) şikaýat etmäge hukugy bardyr.
29-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap, üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 16-njy awgusty.
№ 104-V.