Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin

Döwlet býujeti hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 133-madda)

 

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 102800,8 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 106200,8 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 20701,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 24101,5 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda 

Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň ahyrky derejesini 3400,0 mln. manat möçberde bellemeli.

2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary býujet ýetmezçiliginiň üstüni ýapmak üçin çeşme bolup durýar diýip bellemeli.

 

3-nji madda

Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 92817,0 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 96217,0 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 10717,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 14117,7 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

4-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2015-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

 

Goşulan baha üçin

salgytdan

Peýdadan alynýan

salgytdan

Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

 

Aşgabat şäheri

25%

25,84%

25%

Ahal welaýaty

95%

95%

95%

Balkan welaýaty

37%

37%

37%

Daşoguz welaýaty

95%

95%

95%

Lebap welaýaty

96%

95,04%

96%

Mary welaýaty 

79%

80,57%

79%

 

5-nji madda 

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 2072,5 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Ahal welaýaty

330,1

 mln. manat
Daşoguz welaýaty

1742,4

 mln. manat

 

6-njy madda 

Ýerli býujetleri 12056,2 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri

2362,8 

mln. manat
Ahal welaýaty

1745,0 

mln. manat
Balkan welaýaty

1469,3 

mln. manat
Daşoguz welaýaty

2074,3 

mln. manat
Lebap welaýaty

2184,5 

mln. manat
Mary welaýaty

2220,3 

mln. manat

 

7-nji madda 

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

 

8-nji madda 

Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary 2015-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň                             Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 132-V.