Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet

ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 136-njy madda)

 

(18.08.2015 ý. № 269-V, 26.03.2016 ý. № 375-V, 04.11.2017 ý. № 633-V, 14.03.2020 ý. № 232-VI, 18.12.2021 ý. № 441-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII, 25.11.2023 ý. № 72-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda ýerine ýetiriş önümçiligini ýöretmegiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, şeýle hem kazyýet ýerine ýetirijileriniň  hukuk ýagdaýyny kesgitleýär

 

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine

     ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda

     kanunçylyk

1. Türkmenistanyň ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de ýerine ýetiriş önümçiligini we kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar. 

 

2-nji madda. Ýerine ýetiriji edaralar

Kazyýet we ygtyýarly edaralaryň (wezipeli adamlaryň) kararlarynyň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň, onuň welaýat kazyýetlerindäki, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetlerindäki bölümleriniň, şeýle-de etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet ýerine ýetirijileriniň üstüne ýüklenýär. 

 

3-nji madda.Ýerine ýetiriş önümçiliginiň wezipeleri

Ýerine ýetiriş önümçiliginiň wezipeleri raýat, arbitraž we administratiw işler boýunça çözgütleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň, jenaýat işleri boýunça hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň emläkden töleg tutup almak meselesi boýunça degişli böleginiň hökmany we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, şeýle hem şu Kanunda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda beýleki edaralaryň çözgütleriniň we kararlarynyň, daşary ýurt döwletleriň kazyýetleriniň, arbitražlarynyň kararlarynyň Türkmenistanyň kanunçylgynyň hereket edýän kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegi bolup durýar.

 

4-nji madda.Ýerine ýetiriş önümçiligi barada

    kanunçylygynyň hereket edýän çygry

1. Ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça ýerine ýetiriş hereketleri ýerine ýetiriş hereketleriniň ýerine ýetirilýän wagtynda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň ýerine ýetiriş resminamalary boýunça ýerine ýetiriş önümçiligi, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan başga kada gelip çykmaýan bolsa, Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 

 

5-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň dili

1. Türkmenistanda kazyýet ýerine ýetiriş önümçiligi döwlet dilinde ýöredilýär.

2. Kazyýet ýerine ýetiriş önümçiliginiň ýöredilýän dilini bilmeýän taraplar üçin ene dilinde ýa-da başga bilýän dilinde düşündiriş bermek, towakganama bildirmek, şikaýat etmek we ýerine ýetiriş önümçiligi bilen tanyşmak hem-de şu Kanunda kesgitlenen tertipde terjimeçiniň hyzmatyndan peýdalanmak hukugy üpjün edilýär.

 

6-njy madda.Ýerine ýetiriş resminamalarynyň görnüşleri

1. Şu aşakdakylar ýerine ýetiriş önümçiligine degişli resminamalardyr:

1) кazyýetleriň (kazylaryň) çözgütleri, hökümleri, kesgitnamalary we kararlary esasynda, şeýle hem kazyýetler tarapyndan tassyklanylan barlyşyk ylalaşyklary, bitaraplar kazyýetleriniň çözgütleri, halkara kazyýetleriniň we arbitraž kazyýetleriniň hem-de daşary ýurt döwletleriň kazyýetleriniň çözgütleri esasynda berilýän ýerine ýetiriş namalary;

2) notarial hereketleri amala aşyrýan edaralaryň ýerine ýetiriş ýazgylary;

3) Türkmenistanyň kazyýetleriniň arbitraž işleri boýunça buýruklary;

4) töleýji tarapyndan möhletinde tölenmedik we akseptlenen töleg tabşyrygy;

5) zähmet jedelleri baradaky toparlaryň çözgütleri ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň guramasynyň kararlary esasynda berilýän şahadatnamalar;

6) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlaryň pul tölegleri hakyndaky kararlary;

7) tölegleri raýatlardan jedelsiz tertipde töledip almak hakynda administratiw edaralar we wezipeli adamlar tarapyndan berilýän kararlar;

8) administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge ygtyýarly edaralaryň wezipeli adamlarynyň kararlary;

9) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýatlardan, kärhanalardan, edaralardan, guramalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan ýetirilen zyýany töledip almak hakynda Geňeşiň kararlary;

10) ýaşaýyş jaýyny baş-başdaklyk edip eýelän ýa-da ýykylmak howpy abanýan jaýlarda ýaşaýan raýatlary mejbury göçürmek baradaky prokuroryň kararlary;

11) notarial tertipde tassyklanylan aliment tölemek hakynda şertnamalar;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýerine ýetirilmäge degişli beýleki resminamalar.

2. Resminamalaryň ýerine ýetirilmäge degişlidigi ýa-da degişli däldigi barada mesele ýüze çykanda, şol mesele kazynyň kesgitnamasy bilen çözülýär.

3. Ýerine ýetiriş resminamasynyň asyl nusgasy ýitirilen halatynda, şu Kanunda bellenilen tertipde şu namany beren edara tarapyndan berilýän onuň öwezligi ýerine ýetirmek üçin esas bolup durýar.

 

7-nji madda. Ýerine ýetiriş namasynyň mazmuny

1.Ýerine ýetiriş namasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) ýerine ýetiriş namasyny beren kazyýetiň ady;

2) ýerine ýetirilmäge degişli iş;

3) çözgüdiň çykarylan senesi;

4) çözgüdiň netijesi (sözme-söz görkezilýär);

5) çözgüdiň kanuny güýje giren senesi;

6) ýerine ýetiriş namasynyň berlen senesi;

7) algydaryň we bergidaryň ady, atasynyň ady, familiýasy, doglan ýeri we senesi, olaryň salgylary, işleýän ýa-da okaýan ýeri, pensiýa alýan ýeri, eger-de olar ýuridik şahslar bolup durýan bolsalar, onda hasaplaşyk hasaplarynyň maglumatlary, bank maglumatlary, eger-de zyýan jenaýatyň netijesinde ýetirilen bolsa, onda bergidaryň iş kesilen maddasy görkezilýär, aliment töledip almak hakyndaky işler boýunça aliment tölenilmeli çaganyň ady, doglan güni, aýy we ýyly görkezilmelidir. 

2. Ýerine ýetiriş namasyna bellenilen tertipde kazy we kazynyň kömekçisi (ýa-da kanselýariýa müdiri, ýa-da kazyýetiň kätibi) tarapyndan gol çekilýär we kazyýetiň möhüri bilen tassyklanylýаr.

3. Beýleki edaralar we wezipeli adamlar tarapyndan berlen ýerine ýetiriş resminamalarynyň mazmuny Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

4. Eger-de ýerine ýetirilmäge degişli çözgüt şübhe döredýän bolsa, kazyýet ýerine ýetirijisi işe sereden kazyýetiň şol çözgüdi düşündirmegini haýyş etmäge haklydyr. Kazyýet ýerine ýetirijisi beýleki ýerine ýetirilmäge degişli ýerine ýetiriş resminamalary boýunça hem olary beren edaralardan we wezipeli adamlardan düşündirilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

 

II bölüm. KAZYÝET ÝERINE ÝETIRIJILERI

 

8-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisi

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi – döwlet gullugynda durýan we  kazyýet namalaryny hem-de beýleki edaralaryň namalaryny ýerine ýetirmek boýunça kanun esasynda onuň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirýän wezipeli adamdyr.

Kazyýet ýerine ýetirijisi öz başlangyjy boýunça ýerine ýetiriş resminamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmäge haklydyr, algydaryň arzasy boýunça bolsa şeýle çäreleri görmäge borçludyr.

2. Kazyýet ýerine ýetirijileri kazyýetleriň düzüminde durýarlar we şu aşakdakylar tarapyndan wezipä bellenýärler:

1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijileri, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň uly kazyýet ýerine ýetirijileri – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň müdiriniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan;

2) Türkmenistanyň Arbitraž, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher hem-de etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet ýerine ýetirijileri – şol kazyýetleriň başlyklarynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen ylalaşylyp, degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan.

3. Kazyýetlerde iki we şondan köp kazyýet ýerine ýetirijisi bolan ýagdaýynda olaryň biri uly kazyýet ýerine ýetirijisi diýlip bellenilýär we beýleki kazyýet ýerine ýetirijileriniň işine ýolbaşçylyk edýär.

 

9-njy madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işine

                         gözegçilik etmek

Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirligi, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň bölümleri we degişli kazyýetler gözegçilik edýärler.

 

10-njy madda. Kazyýet ýerine ýetirijisine bildirilýän talaplar

1. Türkmenistanyň raýaty bolup durýan, ýigrimi üç ýaşyna ýeten, ýokary ýuridik bilimi bolan, Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelýän, özüniň iş we şahsy sypatlary boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmäge ukyply we hünär synagyndan geçen adam kazyýet ýerine ýetirijisi wezipesine bellenip bilner.

2. Kazyýet ýerine ýetirijileri ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanan bir nusgadaky geýim, tapawutlandyryş nyşanlary bilen üpjün edilýär. Kazyýet ýerine ýetirijileri özlerine berlen hünär derejesine laýyklykda tapawutlandyryş nyşanlary dakylan lybaslary bellenilen tertipde geýýärler.

 

11-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň maddy

                          üpjünçiligi we durmuş goraglylygy

1. Kazyýet ýerine ýetirijilerine Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hünär derejeleri berilýär.

2. Kazyýet ýerine ýetirijilerine hünär derejelerini bermegiň tertibi we onuň üçin goşmaça tölegleriň möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

         3. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň maddy üpjünçiligi Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

         4. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň kanuny talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da onuň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik döredilmegi, gulluk işi bilen baglanyşykly kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň masgaralanylmagy, haýbat atylmagy, güýç ulanylmagy ýa-da janyna, saglygyna, emlägine kast edilmegi, gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel berýän beýleki hereketler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

5. Eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhananyň, edaranyň, guramanyň binasyna, jaýyna ýa-da çägine, şeýle-de bergidaryň emläginiň saklanýan ýaşaýyş jaýyna ýa-da beýleki binalara gulluk şahadatnаmasyny görkezmek bilen girmegine ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisiniň beýleki kanuny işine päsgel berlende, kazyýet ýerine ýetirijisi bu hakda ykrarnama düzýär we resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli adamlary jogapkärçilige çekmek meselesini çözmek üçin ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylýan ýerindäki kazyýete berýär.

         6. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç kazyýet ýerine ýetirijilerini abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

         7. Ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça hasapda duran  kazyýet ýerine ýetirijisiniň gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda wepat bolan halatynda, wepat bolanyň maşgala agzalarynyň biriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ýaşaýyş jaý meýdanyny almak üçin hasapda durmaga hukugy bardyr.

 

12-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň 

                        utgaşdyryp işlemegi

         Kazyýet ýerine ýetirijileri mugallymçylyk we ylmy-barlag işinden başga hak tölenýän beýleki iş bilen meşgul bolup bilmezler.

 

13-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuklary

Kazyýet ýerine ýetirijileriniň şulara hukugy bardyr:

1) ýerine ýetirilmäge degişli meseleler boýunça kararlar çykarmaga; 

2) administratiw hukuk bozulmalary hakynda teswirnamalary düzmäge;

3) ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmagyň barşynda, şol sanda ýerine ýetirmegiň möhletini yza süýşürmek ýa-da ýerine ýetirmegiň usulyny we tertibini üýtgetmek bilen möhletlere bölmek, şeýle hem aliment töletmek, çaga almak, adamyň janyna we saglygyna zelel ýetirmek, döwlete zyýan ýetirmek we emläk bilen bagly beýleki işler boýunça jogap berijini, bergidary gözlemek hakynda kazyýete teklipleri girizmäge; 

4) önümçilikde bolan ýerine ýetiriş resminamalary boýunça raýatlary we wezipeli adamlary çagyrmaga;

5) eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralarda, kärhanalarda, guramalarda, şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar tarapyndan ýerine ýetiriş resminamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;

6) aýry-aýry ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmagyň meseleleri boýunça tabşyryklar bermäge;

7) bergidarlaryň, şeýle hem olarda bergidara degişli bolan emlägiň bardygyny tassyklaýan maglumatlar bolan ýagdaýynda beýleki adamlaryň eýeleýän ýa-da olara degişli bolan ýaşaýyş jaýlaryna güwäleriň, ýaşaýyş jaý ulanyş edaralarynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda girmäge, zerur halatynda bolsa ýaşaýyş jaýlary we desgalary mejbury açmaga, gözden geçirilişi geçirmäge; 

8) ýerine ýetiriş resminamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary we beýleki wezipeli adamlary tarapyndan gaýragoýulmasyz kabul edilmäge;

9) ýüze çykarylan emlägi surata düşürmäge we wideoýazgysyny  geçirmäge;

10) bergidarlaryň banklarda bar bolan pul serişdelerini we gymmatly kagyzlaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen  tertipde gozgamasyz etmäge;

11) şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmek bilen emlägiň degişliligi aýdyňlaşdyrylýança ony wagtlaýyn gozgamasyz etmäge;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bergidaryň emlägini gozgamasyz etmäge, emläk ýazgysynyň sanawyny düzmäge, möhürlemäge, almaga, şeýle emlägi saklamak üçin bermäge we ýerlemäge;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde algydaryň we bergidaryň ulagyny alnan emlägi daşamak üçin, ony saklamak üçin – kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň jaýlaryndan peýdalanmaga;

14) kazyýet namalaryny ýerine ýetirmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan adamlary jogapkärçilige çekmek hakynda degişli edaralara teklipnamalary girizmäge;

15) ýerine ýetiriş resminamalary ýerine ýetirilende zerurlyk ýüze çykanda, aýry-aýry ýerine ýetiriş hereketlerini geçirmegi beýleki etraplaryň ýa-da etrap hukukly şäherleriň kazyýet ýerine ýetirijilerine tabşyrmaga;

16) ýerine ýetiriş önümçiligi hakynda kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki hereketleri amala aşyrmaga.

 

14-nji madda.Ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylanda

                        uly kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuklary

1. Şu Kanunyň 13-nji maddasynda göz öňünde tutulanlardan başga uly kazyýet ýerine ýetirijisiniň hukuklary şulardan ybaratdyr:

1) degişli kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guraýar we oňa ýolbaşçylyk edýär;

2) ýerine ýetiriş resminamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegi boýunça degişli işleri alyp barýar;

3) kazyýet ýerine ýetirijisiniň kararlaryny we namalaryny tassyklaýar;

4) kazyýetiň çözgütleri esasynda bergidary, onuň emlägini ýa-da çagasyny, şeýle-de jogap berijini gözlemegi guraýar;

5) töletdirilen pul serişdelerini algydarlaryň arasynda bölmek meselesini çözýär;

6) şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki hukuklardan peýdalanýar.

2. Uly kazyýet ýerine ýetirijisiniň üstüne şu Kanunyň 15-nji maddasynda göz öňünde tutulan borçlar ýüklenýär.

 

15-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň borçlary

Kazyýet ýerine ýetirijisi şu aşakdakylara borçludyr:

1) hak islegini üpjün etmek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyny we kararyny ýerine ýetirmäge;

2) taraplara ýa-da olaryň wekillerine ýerine ýetiriş önümçiliginiň materiallary bilen tanyşmak, olardan göçürmeler etmek, nusgalar almak mümkinçiligini döretmäge; 

3) ýerine ýetiriş önümçiligi we taraplaryň ýüz tutmalary babatda arzalara seretmäge we olar boýunça çözgütleri kabul etmäge;

4) ýerine ýetirişiň barşynda taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge;

5) özüne berlen hukuklary şu Kanuna laýyklykda peýdalanmaga, öz işinde fiziki hem-de ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň kemsidilmegine ýol bermezlige; 

6) ýerine ýetiriş önümçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hereketleri amala aşyrmaga.

 

16-njy madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň hereketleri

                          barada şikaýat etmek we teklipnama getirmek

1. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň çözgüdi ýеrinе ýеtirmеk boýunça hеrеkеtlеri ýa-da şonuň ýaly hеrеkеtlеri etmеkdеn ýüz döndеrmеgi barada algydar ýa-da bеrgidar tarapyndan şikaýat edilip bilner, şeýle-de prokuror tarapyndan teklipnama getirilip bilnеr.

Şikaýat ýa-da teklipnama kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan şikaýat edilýän hereketler edilеndеn soň ýa-da hеrеkеtleriň wagty wе ýеri hakynda mälim edilmеdik adamlara habar berlenden soň on günüň dowamynda kazyýet ýerine ýetirijisi haýsy kazyýetiň ýanynda işleýän bolsa, şol kazyýete ýa-da tabynlylyk tertibinde ýokarda durýan edara berlip bilner.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň hеrеkеtlеri baradaky şikaýata ýa-da teklipnama Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda kazyýet mеjlisindе garalýar. Mеjlisiň boljak wagty wе ýеri hakynda algydara, bеrgidara wе teklipnama getiren prokurora habar bеrilýär, ýönе olaryň mеjlisdе bolmazlygy şikaýata ýa-da teklipnama seretmek üçin päsgеlçilik bolup bilmеz.

3. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň hеrеkеtlеri babatdaky mеsеlе boýunça kazyýetiň çykaran kеsgitnamasy barada hususy şikaýat wе hususy teklipnama bildirilip bilnеr.

 

17-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň karary

1. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyranda kabul eden çözgütleri (ýerine ýetiriş önümçiligini togtatmak, yzyna gaýtarmak we ş.m) ýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplarynyň we beýleki şahslaryň bähbitlerine degýän bolsa, kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş önümçiligine goşulýan degişli karar çykarýar.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň kararynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

– kararyň çykarylan senesi we ýeri;

– karary çykaran adamyň wezipesi, familiýasy, ady we         atasynyň ady;

– karar çykarylýan ýerine ýetiriş önümçiligi;

– seredilýän meseläniň mazmuny;

– kazyýet ýerine ýetirijisiniň ulanan kanunyna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna salgylanma bilen çözgüdi kabul etmek üçin esas;

– seredilýän mesele boýunça netije;

– karara şikaýat etmegiň ýa-da teklipnama getirmegiň tertibi we möhleti.

3. Ýerine ýetiriş önümçiligini gozgamakdan ýüz döndermek hakyndaky kararda ýerine ýetiriş resminamasynyň ady we belgisi görkezilýär.

4. Kazyýet ýerine ýetirijisi öz başlangyjy ýa-da ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýanyň arzasy boýunça, kararda goýberilen hasap ýa-da beýleki ýalňyşlyklary özüniň karary bilen düzedip biler. 

5.Kazyýet ýerine ýetirijisiniň karary degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň, onuň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň hem-de onuň bölümleriniň müdirleriniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, olaryň orunbasarlarynyň hem-de degişli bölümleriniň müdirleriniň karary bilen, şeýle-de şikaýat edilende ýa-da teklipnama getirilende degişli kazyýet tarapyndan ýatyrylyp bilner.

 

18-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň kararyna

                         şikaýat etmek we teklipnama getirmek

1. Ýerine ýetiriş namalary boýunça kazyýet ýerine ýetirijisiniň kararyna, ol barada habar edilenden soňra on günüň dowamynda kazyýet ýerine ýetirijisi haýsy kazyýetiň ýanynda işleýän bolsa şol kazyýete, ýa-da tabynlylyk tertibinde algydar ýa-da bergidar tarapyndan ýokarda durýan edara şikaýat edilip bilner.

2.Kazyýet ýerine ýetirijisiniň kararyna şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde prokuror tarapyndan teklipnama getirilip bilner.

 

19-njy madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň talaplaryny

                          ýerine ýetirmegiň hökmanylygy

1. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bildirýän talaplarynyň Türkmenistanyň çägindäki fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisine ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumat, resminamalar we olaryň nusgalary kazyýet ýerine ýetirijisiniň talap etmegi boýunça bellenilen tertipde mugt berilmäge degişlidir. 

3. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi, şeýle hem onuň ygtyýarlyklarynyň amala aşyrylmagyna päsgelçiligiň döredilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

 

20-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň durmuş

                         taýdan goraglylygy

1. Döwlet kazyýet ýerine ýetirijileriniň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisi wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda aradan çykan halatynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde kesgitlenen tertipde we möçberde birwagtlaýyn kömek puly tölenýär.

3. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda saglygyna, emläklerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde kazyýet ýerine ýetirijileri jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlaryndan (taksiden başga) mugt peýdalanýarlar, şeýle hemgulluk saparlaryna gitmek üçin howa, demir ýol, deňiz, derýa ulag serişdesine ýol peteklerini nobatsyz  satyn almaga hukugy bardyr.

 

21-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň jogapkärçiligi

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan hukuk bozulmalara ýol berilmegi ýa-da wezipe ygtyýarlyklarynyň talaba laýyk ýerine ýetirilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň bikanun ýerine ýetiriş hereketleri netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde dolunmaga degişlidir. 

 

22-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet

       ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik

       etmek boýunça müdirliginiň ygtyýarlyklary

         1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirligi (mundan beýläk – müdirlik) öz işini şu Kanuna we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň buýrugy bilen tassyklanan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar.

2. Müdirligiň işgärlerini höweslendirmegiň we düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmegiň tertibi şu Kanuna we Düzgünnama laýyklykda bellenilýär.

3. Müdirlik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetiriş önümçilikleriniň hasabynyň ýöredilmegini we saklanylmagyny üpjün edýär. Ýerine ýetiriş resminamalaryny we ýerine ýetiriş önümçiliginiň beýleki resminamalaryny almak diňe kazyýetiň çözgüdi esasynda ýa-da Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň talaplaryna laýyklykda mümkindir.

4. Ýerine ýetiriş önümçiligini açmagyň, alyp barmagyň, hasabyny ýöretmegiň we saklamagyň tertibi şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň buýrugy bilen tassyklanan Gollanma bilen kesgitlenilýär.

5. Müdirligiň işgärleri ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşanlarynda kazyýet ýerine ýetirijileri üçin göz öňünde tutulan hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

23-nji madda. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we

                         döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň 

                         kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we

                         gözegçilik etmek boýunça bölümleri

1. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça bölümleri:

1) degişli kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramagy we gözegçilik etmegi amala aşyrýarlar;

2) buýruklaryň, usuly maslahatlaryň we görkezmeleriň ýerine ýetirilmegini guraýarlar;

3) kazyýet ýerine ýetirijileriniň hereketleri barada fiziki we ýuridik şahslaryň şikaýatlaryna we arzalaryna garaýarlar;

4) bölümiň işi boýunça statistik hasabatyň we arhiw işiniň ýöredilmegini guraýarlar;

5) şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrýarlar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki işi amala aşyrýarlar.

2. Bölümiň işgärleri ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşanlarynda kazyýet ýerine ýetirijileri üçin göz öňünde tutulan hukuklardan we ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

24-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini 

      maliýeleşdirmek we olaryň maddy-tehniki 

       üpjünçiligi

1. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini maliýeleşdirmek we olaryň maddy-tehniki üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Кazyýet ýerine ýetirijileri bellenen tertipde ýörite ulag serişdeleri bilen üpjün edilýär.

 

25-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň şahadatnamasy

Türkmenistanyň kazyýet ýerine ýetirijilerine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanylýan nusgada gulluk şahadatnamalary berilýär.

 

III bölüm. ÝERINE ÝETIRIŞ ÖNÜMÇILIGI

 

I BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ ÖNÜMÇILIGINIŇ

    MÖHLETLERI

 

26-njy madda. Ýerine ýetiriş namasyny bermek

1. Ýerine ýetiriş namasy karar kanuny güýje girenden soň kazyýet tarapyndanalgydara berilýär ýa-da onuň haýyşy boýunça ýerine ýetirilmegi üçin kazyýete gös-göni iberilýär, ýerine ýetiriş namasynyň haýal etmän ýerine ýetirilmäge degişli halatlary muňa girmeýär.

2. Emlägi muzdsuz almak, döwletiň haýryna pul serişdelerini töledip almak, jenaýatyň edilmegi bilen baglylykda eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň emlägine ýetirilen zyýany töledip almak, aliment töletmek, maýyplyk, hünär keseli ýa-da onuň zähmet borçlaryny ýerine ýetirende saglygyna ýetirilen başga zeper, şeýle hem ekleýjiniň aradan çykmagy bilen ýetirilen zeleliň öwezini dolmak, işgäri işden bikanun boşatmak ýa-da başga işe geçirmek, işgäri işe ýa-da wezipä dikeltmek hakyndaky kazyýet namalarynyň ýerine ýetirilmezliginde günäkär bolan wezipeli adamlardan pul serişdelerini töledip almak babatdaky halatlarda ýerine ýetiriş namany kazyýet ýerine ýetirijisi öz başlangyjy boýunça ýerine ýetirmek üçin iberýär, bu hakda degişlilikde maliýe edaralaryna ýa-da algydara habar berýär.

3. Her bir çözgüt boýunça bir ýerine ýetiriş namasy berilýär. Eger-de ýerine ýetiriş namasy boýunça ýerine ýetirmegiň dürli ýerlerde amala aşyrylmagy zerur bolsa ýa-da çözgüt birnäçe hak isleýjileriň bähbitleri babatda ýa-da birnäçe jogap berijiniň garşysyna çykarylan bolsa, onda kazyýet hak isleýjiniň haýyşy boýunça birnäçe ýerine ýetiriş namasyny berip biler, şunda ol ýerine ýetiriş namasy boýunça ýerine ýetirilmeli ýeri ýa-da şol ýerine ýetiriş namasy boýunça çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеli bölеgini takyk görkеzmеlidir. 

4. Algydaryň haýyşy boýunça raýdaş jogap bеrijilеrdеn pul tölеdip almak hakyndaky höküm ýa-da çözgüt esasynda olaryň sanyna laýyklykda birnäçе ýerine ýetiriş namasy bеrlip bilnеr. Hеr bir ýerine ýetiriş namasynda berginiň umumy möçberi görkеzilmеlidir wе ähli raýdaş jogap bеrijilеr sanalyp gеçilmеlidir hеm-dе olaryň her biriniň jogapkärçiligi görkеzilmеlidir.

 

27-nji madda. Ýerine ýetiriş resminamalaryny ýerine

       ýetirmek üçin bermegiň möhletleri

1. Ýerine ýetiriş resminamalary şu aşakdaky möhletlerde mejbury ýerine ýetirmek üçin berlip bilner:

1) kazyýetiň çözgütleri esasynda berilýän kazyýetleriň ýerine ýetiriş namalary we buýruklary – üç ýylyň dowamynda;

2) kazyýetleriň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça çykarylan kararlary – eger başga möhletler bellenilmedik bolsa, bir ýylyň dowamynda;

3) administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlere garamaga ygtyýarly edaralaryň (wezipeli adamlaryň) kararlaryny mejbury ýerine ýetirmek hakynda kazyýetleriň kararlary – bir ýylyň dowamynda;

4) prokurorlaryň kararlary, arbitraž işleri boýunça buýruklar – üç aýyň dowamynda;

5) şu Kanunyň 6-njy maddasynda sanalyp geçilen beýleki kararlary we ýerine ýetiriş resminamalaryny bermegiň möhletleri Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

2. Görkezilen möhletler aşakdaky tertipde hasaplanylýar:

1) emläk tutumlary baradaky kazyýet çözgütleri esasynda berlen ýerine ýetiriş namalary ýerine ýetirilende – kazyýet çözgüdi kanuny güýje girenden ýa-da kazyýet çözgüdini ýerine ýetirmegiň möhleti gaýra goýlanda ýa-da möhletlere bölünende bellenilen möhlet gutarandan soňra yz ýanyndaky günden, haçan-da kazyýet çözgüdi haýal etmän ýerine ýetirilmäge degişli bolan halatlarda bolsa – ol çykarylandan soňra yz ýanyndaky günden; 

2) administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işler boýunça çykarylan  kararlar boýunça we galan ähli ýerine ýetiriş resminamalary boýunça – olar berlenden soňra yz ýanyndaky günden.

3. Yzygiderli tölegleri töletmek hakynda kararlar (aliment töletmek, maýyplyk ýa-da saglyga başga zeper ýetirmek bilen ýetirilen zeleliň öwezini dolmak we beýlekiler) ýerine ýetiriş resminamalary tölegleriň edilmäge degişli ähli wagtyň dowamynda güýjüni saklaýarlar. Bu halatlarda möhletler her bir töleg üçin aýratynlykda hasaplanylýar.

 

28-nji madda. Ýеrinе ýеtirmek üçin berlen ýerine ýetiriş

       resminamasynyň möhlеtiniň arasynyň kеsilmеgi       

1. Ýerine ýetiriş resminamasy ýеrinе ýеtirmek üçin berlende möhlеtiň geçmeginiň şu halatlarda arasy kеsilýär:

 ýerine ýetiriş resminamasy ýеrinе ýеtirmek üçin berlende;

 çözgüt bеrgidar tarapyndan bölekleýin ýеrinе ýеtirilende.

2. Möhlеtiň gеçmеginiň arasy kеsilеndеn soň möhlеtiň geçmegi täzеdеn başlanýar,şunda arasy kеsilmеzdеn öň gеçеn wagt täzе möhlеtiň hasabyna goşulmaýar.

3. Doly ýa-da bölekleýin töletmek mümkinçiligi bolmansoň ýerine ýetiriş resminamasy algydara gaýtarylan halatynda täzе möhlеt şol resminamanyň algydara gaýtarylyp bеrlеn günündеn hasaplanyp başlanylýar.

 

29-njy madda. Ýerine ýetiriş resminamasyny ýеrinе ýеtirmäge

        bermek üçin gеçirilеn möhlеti dikеltmеk

1. Ýerine ýetiriş resminamasyny ýеrinе ýеtirmäge bermek üçin möhlеti gеçirеn algydar gеçirilеn möhlеti dikеltmеk hakyndaky arza bilen çözgüdi çykaran kazyýete ýa-da ýеrinе ýеtirilmеli ýеrindäki kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Arza iş ýörediş kanunçylygynda kesgitlenen tertipde kazyýetiň mеjlisindе garalýar. Mеjlisiň geçiriljek wagty wе ýеri hakynda işе gatnaşýan adamlara habar bеrilýär, ýönе olaryň mеjlisе gеlmеzligi gеçirilеn möhlеti dikеltmеk hakyndaky mеsеläni çözmеk üçin päsgеlçilik bolup bilmеz. Gеçirilеn möhlеti dikеltmеk mеsеlеsi boýunça kazyýetiň çykaran kesgitnamasyna şikaýat ýa-da teklipnama getirilip bilnеr.

2. Ýerine ýetiriş resminamasyny ýеrinе ýеtirmäge bermek üçin möhlеtiň geçirilmeginiň sebäpleri kazyýet tarapyndan esasly diýlip ykrar edilen halatynda, möhlеt dikеldilip bilnеr.

 

30-njy madda. Ýerine ýetirilmäge degişli resminamany

        önümçilige kabul etmek

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi kanunda bellenilen talaplara laýyk gelýän ýerine ýetiriş resminama özüne gelip gowşandan soň, üç gije-gündizden gijä galman ýerine ýetiriş önümçiligini gozgaýar we bu hakda karar çykarýar.

2. Şol bir wagtda kazyýet ýerine ýetirijisi şu Kanunda göz öňünde tutulan ýerine ýetiriş resminamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça çäreler görýär.

3. Şunda kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş resminamasyny meýletin ýerine ýetirmek üçin bergidaryň esaslandyrylan ýazmaça arzasy boýunça ýerine ýetiriş önümçiliginiň gozgalan gününden başlap bäş gün möhlet belleýär, haýal etmän ýerine ýetirilmäge degişli ýerine ýetiriş resminamalary muňa degişli däldir.

4. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýerine ýetiriş önümçiligi gozgalan pursadyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tölegiň möhleti gijikdirilendigi üçin jerime (puşmana) tölegleri hasaplanylmaýar.

 

II BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ ÖNÜMÇILIGINE

              GATNAŞYJYLAR

 

31-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan

       taraplar we beýleki şahslar

1. Ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan taraplar diýlip algydar we bergidar hasap edilýär. Ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan şahslar diýlip taraplar we olaryň wekilleri hasap edilýär. Wekiliň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda resmileşdirilýär.

2. Peýdasyna ýa-da bähbitlerine ýerine ýetiriş resminamasy berlen fiziki ýa-da ýuridik şahs algydar bolup durýar.

3. Ýerine ýetiriş resminamasynda göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmäge borçly bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs bergidar bolup durýar. 

4.Ýerine ýetiriş önümçiligine algydarlaryň ýa-da bergidarlaryň birnäçesi gatnaşyp biler. Olaryň her biri ýerine ýetiriş önümçiligine özbaşdak gatnaşýar ýa-da ýerine ýetiriş önümçiliginde öz bähbitlerine wekilçilik etmegi başga gatnaşyja tabşyryp biler, haçan-da ýerine ýetiriş resminamasy boýunça bergidaryň üstüne diňe onuň özüniň amala aşyryp biljek borçnamalarynyň ýüklenen halatlary muňa girmeýär.

5. Zerur halatlarda kazyýetleriň we beýleki edaralaryň kararlarynyň ýerine ýetirilmeginiň gyşarnyksyzlygyny üpjün etmek maksady bilen  içeri işler edaralarynyň işgärleri, lukmanlar we beýleki degişli edaralaryň işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bu işe çekilip bilner. 

 

32-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan 

       taraplaryň hukuklary we borçlary

1. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplary ýerine ýetiriş önümçiliginiň materiallary bilen tanyşmaga, olardan göçürmeler etmäge, nusgalaryny almaga, goşmaça materiallary bermäge, towakganama bilen ýüzlenmäge, ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga, ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylmagynyň barşynda dilden we ýazmaça düşündirişler bermäge, ýerine ýetiriş önümçiliginiň barşynda döreýän ähli meseleler boýunça öz delillerini getirmäge we pikirini aýtmaga, ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan beýleki adamlaryň towakganamalaryna we delillerine garşylyk bildirmäge, ynanmazlyk bildirmäge, ýerine ýetiriş önümçiliginiň meseleleri boýunça kazyýet ýerine ýetirijisiniň hereketlerine ýa-da kararlaryna şikaýat etmäge hukuklydyrlar. 

2. Ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan taraplar özlerine berlen ähli hukuklardan peýdalanýarlar, şeýle hem ýerine ýetiriş önümçiligi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

 

33-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiliginde hukuk

       oruntutarlyk

1. Bergidary ýa-da algydary çalşyrmak zerurlygy ýüze çykan halatynda (raýatyň aradan çykmagy, ýuridik şahsyň üýtgedilip guralmagy, talabyň başga birine berilmegi, berginiň başga birine geçirilmegi) kazyýet ýerine ýetirijisi bergidary ýa-da algydary onuň hukuk oruntutaryna çalşyrmak hakynda kesgitnama çykarmak baradaky teklip bilen çözgüdi çykaran kazyýete teklipnama ibermelidir.

2. Hukuk oruntutar üçin onuň ýerine ýetiriş önümçiligine girmeginden öň amala aşyrylan ähli hereketler olaryň bergidar we algydar üçin hökmany bolandaky ýaly derejede hökmanydyr. 

3. Eger bergidaryň hukuk oruntutary mirasdar bolsa, onda ol kabul edip alan miras paýynyň möçberinde jogap berýär.

 

34-nji madda. Taraplaryň wekilleriniň ýerine ýetiriş

       önümçiligine gatnaşmagy

1. Fiziki şahslaryň hut özleri ýa-da öz wekilleriniň üsti bilen ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşyp bilerler. Fiziki şahsyň ýerine ýetiriş önümçiligine hut özüniň gatnaşmagy ony wekil edinmek hukugyndan mahrum etmeýär. Eger-de bergidaryň üstüne ýerine ýetiriş resminamasy boýunça onuň diňe hut özüniň ýerine ýetirip biljek borçlary ýüklenen bolsa, onda wekiliniň üsti bilen hereket etmäge bergidaryň haky ýokdur.

2. Ýerine ýetiriş önümçiligine guramalaryň gatnaşmagy olaryň edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar, olar Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem esaslandyryjy resminamalary bilen özlerine berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde ýa-da görkezilen edaralaryň wekilleriniň üsti bilen hereket edýärler.

3. Wekiliň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda berlen we resmileşdirilen ynanç haty bilen tassyklanylýar.

4. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň tarapynyň wekili onuň adyndan ýerine ýetiriş önümçiligi bilen baglanyşykly ähli hereketleri amala aşyrmaga haklydyr.

5. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň tarapynyň wekiline beren ynanç hatynda şu aşakdaky hereketleri amala aşyrmak üçin onuň ygtyýarlyklary ýörite görkezilmelidir:

1) ýerine ýetiriş resminamasyny bermek we yzyna almak;

2) ygtyýarlyklary başga şahsa bermek (başga birine ynanmak);

3) kazyýet ýerine ýetirijisiniň hereketlerine şikaýat etmek;

4) berlen emlägi (şol sanda pul serişdelerini) almak;

5) barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak.

6. On sekiz ýaşyna ýetmedik ýa-da biriniň hossarlygynda ýa-da howandarlygynda durýan adamlar ýerine ýetiriş önümçiliginde wekiller bolup bilmezler.

7. Kazylar, sülçiler, prokurorlar, deputatlar, ýerine ýetiriş önümçilik edaralarynyň we kazyýetleriň işgärleri ýerine ýetiriş önümçiliginde wekiller bolup bilmezler, olaryň ýerine ýetiriş önümçiligine kanuny wekiller hökmünde gatnaşan halatlary muňa girmeýär.

8. Eger şahs bu iş boýunça bähbitleri wekilçilik edýäniň bähbitlerine çapraz gelýän şahslara hukuk kömegini berýän ýa-da öň beren bolsa, şeýle hem eger ol ýerine ýetiriş önümçilik edarasynyň işgäri bilen garyndaşlyk gatnaşyklarynda durýan bolsa, wekil bolup bilmez.

 

35-nji madda. Kanuny wekiller

1. Kämillik ýaşyna ýetmedik şahslaryň, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýip ykrar edilen ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen şahslaryň hukuklaryny we kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini ýerine ýetiriş önümçiliginde kanuny wekiller – ata-eneler, perzentlige alyjylar, hossarlar ýa-da howandarlar goraýarlar, bular özleriniň ygtyýarlylyklaryny tassyklaýan resminamalary getirip kazyýet ýerine ýetirijisine görkezýärler. Kanuny wekiller wekilçiligi edilýänleriniň adyndan ähli hereketleri amala aşyrýarlar, olary amala aşyrmaga bolan hukuk kanunda göz öňünde tutulan çäklendirmeler bilen wekilçiligi edilýänlere degişlidir.

2. Kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen adamyň gatnaşýan ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça onuň wekili hökmünde nam-nyşansyz giden adamyň emlägi dolandyrylmaga berlen we Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde wekiller diýlip bellenilen  şahslar wekil hökmünde çykyş edýärler.

3. Eger ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça mirasdaryň wekili hökmünde wesýetnamany ýerine ýetiriji ýa-damirasy ynançly dolandyryjy gatnaşýan bolsa, onda öleniň ýa-da bellenilen tertipde ölen diýlip yglan edilen adamyň mirasdaryna habar edilýär.

4. Kanuny wekiller özleri tarapyndan wekil hökmünde saýlanan başga adama ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşmagy tabşyryp bilerler.

 

36-njy madda. Ýerine ýetiriş önümçiligine terjimeçiniň

        gatnaşmagy

1.Ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylanda ýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplary öz başlangyjy boýunça ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisiniň teklibi boýunça terjimeçini çagyryp bilerler.

2. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň netijesine gyzyklanmaýan bolsa, kämillik ýaşyna ýeten, kämillik ukyby bolan, terjime etmek üçin bilinmegi zerur bolan dili bilýän islendik adam terjimeçi bolup biler.

3.Terjimeçiniň hyzmatyna mätäç adama ony çagyrmaga kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan kesgitli wagt berilýär. Eger ol berlen möhletde terjimeçiniň gatnaşmagyny üpjün edip bilmese, terjimeçi kazyýet ýerine ýetirijisiniň karary bilen bellenilýär.

4. Terjimeçiniň özüniň ýerine ýetiren işi üçin hak almaga hukugy bardyr. Oňa tölenen hak ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmak boýunça çykdajylara degişlidir. 

5. Görnetin nädogry terjime eden halatynda terjimeçi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär. Bu hakda oňa kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan ýazmaça duýdurylýar.

 

37-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligine güwäleriň

       gatnaşmagy

1. Ýerine ýetiriş hereketleri güwäleriň azyndan ikisiniň gatnaşmagynda amala aşyrylyp bilner.

2. Güwäleriň gatnaşmagy şu aşakdaky halatlarda hökmanydyr:

1) algydaryň ýa-da bergidaryň talap etmegi boýunça;

2) jaýa salmak ýa-da jaýdan çykarmak hakynda kararlar ýa-da bergidaryň emlägini gozgamasyz etmek, almak we bermek, onuň ýaşaýyş jaýyny, otaglaryny we zat saklanylýan jaýlaryny açmak, gözden geçirişi geçirmekbilen baglanyşykly hereketler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hereketler ýerine ýetirilende.

3. Ýerine ýetiriş hereketleriniň netijesine gyzyklanmaýan islendik kämillik ýaşyna ýeten, kämillik ukyby bolan adamlar güwäler hökmünde  gatnaşdyrylyp bilner.

4. Taraplaryň, kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýakyn garyndaşlary we kazyýetiň işgäri güwä hökmünde gatnaşyp bilmezler.

5. Güwäleriň gatnaşýan ýerine ýetiriş hereketlerine başlanmazdan öň kazyýet ýerine ýetirijisi güwäniň ýerine ýetiriş hereketine gatnaşmagynyň tertibini  düşündirýär.

6. Güwä özüniň haýsy ýerine ýetiriş hereketlerini geçirmek üçin çagyrylandygyny bilmäge haklydyr.

7. Güwä geçirilen ýerine ýetiriş hereketleri babatynda bellikler etmäge haklydyr. Güwäniň bellikleri degişli ykrarnama girizilmäge degişlidir.

8. Güwä gatnaşan ýerine ýetiriş hereketleriniň geçirilişiniň hakykat ýüzünde bolanlygyny, mazmunyny we netijelerini tassyklaýar.

9. Güwäniň özüniň güwä hökmünde ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy bilen baglanyşyklylykda çeken çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyna bolan hukugy bardyr.

10. Güwälere tölenilýän pul möçberleri ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmak boýunça çykdajylara degişlidir.

 

38-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligine bilermeniň

       (hünärmeniň) gatnaşmagy

1. Ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylanda ýüze çykýan, ýörite bilimi talap edýän meseleleriň düşündirilmegi üçin kazyýet ýerine ýetirijisiýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplarynyň towakganamasy boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça bilermeni (hünärmeni) belläp biler. Zerur bolanda bilermenleriň (hünärmenleriň) birnäçesi bellenilip bilner. Kazyýet ýerine ýetirijisi bu hakda karar çykarýar.

2. Bilermen (hünärmen) diýlip ýerine ýetiriş hereketleriniň netijesine bähbidi bolmadyk, netijenama bermek üçin zerur bolan ýörite bilimi bolan adam bellenilip bilner. 

3. Bilermen (hünärmen) ýerine ýetiriş önümçiliginiň materiallary bilen tanyşmaga, netijenama bermek üçin zerur bolan goşmaça materiallary talap etmäge, ýerine ýetiriş hereketlerine gatnaşmaga we ýerine ýetiren işi üçin hak almaga haklydyr. Bilermeniň (hünärmeniň) ýerine ýetiren işi üçin tölenenhak we beýleki çykdajylar – ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmak boýunça çykdajylara degişlidir.

4. Hünärmengörnetin nädogry düşündiriş berendigi üçin, öz borçlaryny ýerine ýetirmekden ýa-da çakylyk boýunça gelmekden bilkastlaýyn ýüz dönderendigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilik hakynda duýdurylýar.

5. Bilermen görnetin nädogry netijenama berendigi üçin, öz borçlaryny ýerine ýetirmekden ýa-da çakylyk boýunça gelmekden bilkastlaýyn ýüz dönderendigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilik hakynda duýdurylýar.

 

39-njy madda. Ýerine ýetiriş önümçiliginde ynanmazlyk

        bildirmek 

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi, terjimeçi, bilermen (hünärmen), güwä, eger olar ýerine ýetiriş önümçiliginiň netijesine gös-göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýan bolsalar ýa-da olaryň tarapgöýsüzligine şübhe döredýän, taraplar, olaryň wekilleri bilen garyndaşlyk gatnaşygynda bolsalar we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşyp  bilmezler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlar ynanmazlyk bildirmek üçin esaslar bolanda öz-özüne ynanmazlyk bildirmäge borçludyrlar. Ynanmazlyk bildirmek ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylyp başlanmazyndan öň delillendirilmelidir we ýazmaça görnüşde bildirilmelidir. Eger ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylyp başlanandan soň onuň üçin esas dörese we ol hakda mälim bolsa, ýerine ýetirmegiň barşynda ynanmazlyk bildirmäge ýol berilýär. 

3. Kazyýet ýerine ýetirijisine ynanmazlyk bildirmek hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär, ol hakda delillendirilen karar çykarylýar.

4. Kazyýet ýerine ýetirijisine ynanmazlyk bildirilmegi kanagatlandyrylanda we kazyýetde başga kazyýet ýerine ýetirijisi bolmadyk ýagdaýynda, ýerine ýetirmek başga kazyýete berilýär.

5. Terjimeçä ýa-da bilermene (hünärmene) ynanmazlyk bildirmek hakyndaky mesele kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan çözülýär we bu hakda kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan delillendirilen karar çykarylýar.

6. Kazyýetýerine ýetirijisine ynanmazlyk bildirmekden ýüz döndermek hakyndaky kararbellenen tertipde kazyýete şikaýat edilip ýa-da teklipnama getirilip bilner. Şikaýat etmek ýa-da teklipnama getirmek ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylmagyny togtatmaýar.

 

III BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ ÖNÜMÇILIGINDE HABAR

       BERMEK WE ÇAGYRMAK

 

40-njy madda. Ýerine ýetiriş önümçiliginde habar 

        bermek we çagyrmak

1. Ýerine ýetiriş önümçilige gatnaşyjylara ýerine ýetiriş hereketleri ýa-da mejbury ýerine ýetiriş çäreleri hakynda habar berilýär, ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýanyna ýa-da ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylýan ýerine çagyryş haty bilen çagyrylýar. Habar ýa-da çagyryş haty gowşurylandygy hakynda habarnamasy bolan buýurmaly hat ýa-da telegramma arkaly iberilýär. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjylary towakganama bilen mälim eden halatynda beýleki aragatnaşyk serişdelerini peýdalanmak bilen habarly edilýär.

2. Haçan-da ýerine ýetiriş resminamasy haýal etmän ýerine ýetirilmäge degişli bolan halatlarynda, şeýle hem emläk gozgamasyz edilende we üpjün etmegiň beýleki çäreleri görlende kazyýet ýerine ýetirijisi bu hakda ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjylaryna deslapdan habar bermezden ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmaga we mejbury ýerine ýetiriş çärelerini görmäge haklydyr.

3. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjysyna gönükdirilen habar, eger ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjysy ýa-da onuň wekili başga salgyny görkezmedik bolsa, ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen salgy boýunça iberilýär. Habar ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjysynyň iş ýerine iberilip bilner.

4. Eger poçta arkaly iberilen habar görkezilen salgyda gowuşmaly eýesiniň ýoklugy bilen baglylykda gaýtarylsa, kazyýet ýerine ýetirijisi fiziki şahsyň hakyky bolýan ýeri boýunça ýa-da ýuridik şahsyň ýuridik salgysy boýunça habary iberýär, haçan-da ýuridik salgynyň ýa-da adamyň bolýan ýeriniň we ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen salgynyň gabat gelen halatlary muňa degişli däldir.

5. Habar gurama tarapyndan görkezilen salgy boýunça ýazmaça görnüşde iberilip bilner. Gurama gönükdirilen habar onuň ýuridik salgysy boýunça ýa-da onuň wekilliginiň ýa-da şahamçasynyň ýuridik salgysy boýunça iberilýär.

6. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýanyna gelmekden boýun gaçyrýan adamlar kazyýet ýerine ýetirijisiniň kazy tarapyndan tassyklanan kararynyň esasynda mejbury getirilmäge sezewar edilip bilner.

 

41-nji madda. Çagyryş hatyny, habary eltmek we çagyryş 

       hatyny gowşurmak

1. Çagyryş haty ýa-da habar poçta arkaly ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisiniň olary eltmegi tabşyran adamy tarapyndan eltilýär we kazyýet ýerine ýetirijisine gaýtarylmaga degişli bolan habarnamaly böleginde gowuşmaly eýesiniň hut özüne gol çekdirilip gowşurylýar. Eger çagyryş haty ýa-da habar aragatnaşygyň başga görnüşi bilen eltilýän bolsa, olary gowuşmaly eýesine eltmegiň senesi we wagty bellenilen usul arkaly bellenilýär. Gurama gönükdirilen çagyryş haty ýa-da habar guramanyň işgärine gowşurylýar, ol işgär öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, wezipesini, alnan senesini we wagtyny görkezmek bilen çagyryş hatynyň ýa-da habaryň gowşurylandygy hakynda habarnamada gol çekýär.

2. Eger çagyryş hatyny ýa-da habary elten adam raýaty onuň ýaşaýan ýa-da işleýän salgysyndan tapmasa, onda çagyryş haty ýa-da habar onuň bilen bile ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň haýsy-da bolsa birine gowşurylýar, olar bolmadyk halatynda bolsa – gowuşmaly eýesiniň ýaşaýan ýerindäki ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasyna ýa-da onuň işleýän ýa-da okaýan ýeriniň ýolbaşçylygyna gowşurylýar. Çagyryş hatyny ýa-da habary kabul eden adam çagyryş hatynyň, habaryň gowşurylandygy hakynda habarnamada gol çekmäge we familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, şeýle hem gowuşmaly eýesine bolan gatnaşygyny ýa-da eýeleýän wezipesini görkezmäge borçludyr. Çagyryş hatyny ýa-da habary kabul eden adam ilkinji mümkin bolan pursadynda haýal etmän olary gowuşmaly eýesine gowşurmaga borçludyr.

3. Çagyrylýan bolmadyk mahalynda çagyryş hatyny ýa-da habary eltýän adam gowşurylandygy hakynda, çagyrylýanyň nirä gidendigi we onuň gaýdyp gelmegine haçan garaşylýandygy hakynda habarnamada belleýär ýa-da şeýle maglumatlaryň ýokdugy hakynda bellik edýär.

 

42-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň alnyp barylýan

       wagtynda salgynyň üýtgemegi

Ýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplary ýerine ýetiriş önümçiliginiň alnyp barylýan wagtynda öz salgysynyň üýtgändigi hakynda kazyýet ýerine ýetirijisine habar bermäge borçludyrlar. Şeýle habar bolmadyk halatynda çagyryş haty ýa-da habar kazyýet ýerine ýetirijisine mälim bolan soňky salgysy boýunça iberilýär we çagyrylýan şu salgyda ýaşamaýan ýa-da bolmaýan şertinde hem eltilen diýlip hasap edilýär.

 

43-nji madda. Çagyryş hatyny, habary kabul etmekden 

       ýüz döndermegiň ýa-da olary almak üçin

       gelmezligiň netijeleri

1. Çagyrylýan çagyryş hatyny ýa-da habary kabul etmekden ýüz dönderen ýagdaýynda, eltýän adam olarda degişli bellik edýär, şondan soň çagyryş haty ýa-da habar kazyýet ýerine ýetirijisine gaýtarylýar.

2. Şu ýagdaýlarda ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan adamlar habar berlen diýlip hasap edilýär, eger:

1) çagyrylýan çagyryş hatyny ýa-da habary almakdan ýüz dönderen bolsa;

2) poçta habaryny alandygyna garamazdan çagyrylýan çagyryş haty ýa-da habary almak üçin gelmedik bolsa;

3) çagyryş haty ýa-da habar çagyrylýan bilen bile ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten ýakyn garyndaşlarynyň haýsydyr birine gowşurylan bolsa.

 

IV BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ RESMINAMALARYNY

       ÝERINE ÝETIRMEGIŇ TERTIBI

 

44-nji madda. Ýerine ýetiriş resminamalaryny meýletin

        ýerine ýetirmek 

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş resminamasyny ýеrinе ýеtirmägе girişmеk bilen, onuň bäş senenama gününiň dowamynda mеýletin ýеrinе ýеtirilmеginiň zerurlygy hakynda bеrgidara ýazmaça görnüşde tеklibini ibеrýär, eger-de ýerine ýetiriş resminamasyny haýal etmän ýerine ýetirmeli bolan halatynda bolsa kazyýet namasyny haýal etmän mеýletin ýеrinе ýеtirmеk hakynda bеrgidara ýazmaça görnüşde tеklibini ibеrýär.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisi, eger-de kazyýet namasy bellenen möhletlerde meýletin ýerine ýetirilmese, ýerine ýetirilmek boýunça çykdajylar bergidara töletdirilip, ýerine ýetirmek babatda mejbury çäreleriň görüljekdigi hakynda bergidara duýdurýar.

3. Zerur halatlarda, bergidar emlägi gizlemek üçin çäreleri görüp biler diýip çaklamaga esaslar bar bolanda, meýletin ýerine ýetirmek hakyndaky teklibi gowşurmak bilen bir wagtda kazyýet ýerine ýetirijisi bergidaryň emlägini ýazgy etmäge we ony gozgamasyz etmäge borçludyr. Teklip bergidara ony alan wagtyny görkezmek bilen gol çekdirilip gowşurylýar.

 

45-nji madda. Mеjbury ýеrinе ýеtiriş çärеlеri

         1. Degişli ýerine ýetiriş resminamalaryny mеýlеtin ýеrinе ýеtirmеk üçin şu Kanuna laýyklykda bеrgidara bеrilýän möhlеt geçenden soň şol resminamalar mеjbury ýеrinе ýеtirilýär.

2. Şular mеjbury ýеrinе ýеtiriş çärеlеri bolup durýar:

         1) emlägi gozgamasyz etmеk wе ýerlemek arkaly tölеgi bеrgidaryň emlägindеn tutup almak;

2) tölеgi bеrgidaryň zähmet hakyndan, pеnsiýasyndan, talyp hakyndan wе girdеjilеriniň bеýlеki çeşmelerinden tutup almak;

3) tölеgi bеrgidaryň beýleki fiziki we ýuridik şahslarda bolan pul serişdelerinden wе emlägindеn, şol sanda debitor bergisinden tutup almak;

4) kazyýetiň çözgüdindе görkеzilеn bеlli bir emlägi bеrgidardan almak wе algydara bеrmеk;

5) bergidaryňözünde ýa-da beýleki fiziki ýa-da ýuridik şahslarda bar bolan pul serişdelerinden we gymmat bahaly kagyzlaryny goşmak bilen emlägini gozgamasyz etmek (şol sanda karz edaralarynda we bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrýan guramalarda, şeýle hem ätiýaçlandyryş guramalarynda bar bolan pul serişdelerinden we gymmat bahaly kagyzlaryny);

6) bergidaryň özünde ýa-da beýleki fiziki ýa-da ýuridik şahslarda bar bolan emlägini almak; 

7) bergidary belli bir hereketleri amala aşyrmaga ýa-da amala aşyrmakdan ýüz  döndermäge borçly etmek;

8) bergidaraeýeçilik hukugy esasynda özüne degişli bolan pul serişdelerinden, gymmat bahaly kagyzlaryndan we emläginden peýdalanmagy gadagan etmek ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan bellenilen çäklerde olaryň peýdalanylmagy babatynda görkezme bermek; 

9) bergidaryň emlägini möhürlemek;

10) hukuk belleýji resminamalary almak;

11) başgaadamlara pul serişdelerini, gymmat bahaly kagyzlary we beýleki emlägi bergidara bermegi ýa-da ol babatdaky gaýry borçnamalary ýerine ýetirmegi gadagan etmek; 

12) ýerine ýetiriş resminamasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün edýän beýleki çäreler. 

3. Ýerine ýetiriş resminamalary ýerine ýetirilende kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş resminamalary bilen tanyşdyrmak üçin bergidarlary çagyrmaga, şeýle hem taraplardan we ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan adamlardan ýerine ýetiriş önümçiligini amala aşyrmak üçin zerur bolan dilden we ýazmaça maglumatlary we habarlary almaga haklydyr.

4. Zerur halatlarda mejbury ýerine ýetiriş çäresiniň biri beýleki bir çäre bilen çalşyrylyp bilner.

5. Mejbury ýerine ýetiriş çäresiniň birini beýleki biri bilen çalşyrmak hakyndaky mesele kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan ýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplarynyň arz etmegi boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça seredilýär. Mejbury ýerine ýetiriş çäresiniň birini beýleki biri bilen çalşyrmak hakyndaky meseläniň seredilmegi öň bellenilen mejbury ýerine ýetiriş çäreleriniň ulanylmagyny togtatmaýar.

 

46-njy madda. Bergidaryň Türkmenistandan çykmagy üçin

        wagtlaýyn çäklendirmeler

1. Ýerine ýetiriş resminamasyndaky talaplar esassyz sebäplere görä bergidar tarapyndan bellenilen möhletde ýerine ýetirilmese, kazyýet ýerine ýetirijisi döwlete ýetirilen zyýan bilen bagly ýerine ýetiriş resminamalary boýunça öz başlangyjy bilen, gaýry halatlarda algydaryň arzasy boýunça bergidaryň Türkmenistandan çykmagy üçin wagtlaýyn çäklendirme girizmek hakynda kazyýete teklip bilen ýüz tutýar.

2. Görkezilen kararyň göçürilen nusgasy maglumat üçin bergidara, ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň  Döwlet migrasiýa  gullugyna we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynа iberilýär.

 

V BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ ÖNÜMÇILIGINIŇ

                       UMUMY ŞERTLERI

 

47-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň hеrеkеtlеriniň 

       umumy şеrtlеri

         1. Ýerine ýetiriş hereketleri bеrgidaryň ýaşaýan ýa-da işlеýän ýеrindäki ýa-da onuň emläginiň ýеrlеşýän ýеrindäki kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Egеr ýuridik şahs bеrgidar bolup durýan bolsa, onda ýerine ýetiriş onuň edarasynyň ýa-da emläginiň ýеrlеşýän ýеrindе amala aşyrylýar. Zerur halatlarda kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş hereketlerini özüne degişli tabyn çäkleriň daşynda, ýöne bir etrabyň ýa-da şäheriň çäklerinde amala aşyryp biler.

3. Eger bergidar başga kazyýetiň ygtyýarlyklaryna degişli bolan çägine çykyp giden bolsa we onuň salgysy kazyýet ýerine ýetirijisine mälim bolan bolsa, kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş resminamasyny bergidaryň täze  mälim bolan ýaşaýan ýerine iberýär, bu hakda algydara habar berýär.

4. Kazyýet ýerine ýetirijisi çözgüdi ýеrinе ýеtirmеk bilen bagly hеrеkеtlеri amala aşyran mahalynda algydaryň wе bеrgidaryň onuň ýanynda bolmaga hеm-dе ony ýеrinе ýеtirmek bilеn baglanyşykly bolan zеrur düşündirişlеri ondan almaga haky bardyr.

 

48-nji madda. Ýerine ýetiriş hereketlerini ýerine ýetirmegi

        gaýra goýmak, möhletlere bölmеk, onuň

        usulyny wе tеrtibini üýtgеtmеk

Ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylmagyna päsgel berýän ýagdaýlar bar bolanda kazyýet ýerine ýetirijisi öz başlangyjy boýunça ýa-da algydaryň arzasy boýunça olaryň ýerine ýetirilmegini on güne çenli möhlete gaýra goýup biler, bu hakda degişli karar çykarylýar. Karar uly kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan tassyklanylýar. Ýerine ýetiriş hereketleriniň gaýra goýulýandygy hakynda kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjylaryna habar bermäge borçludyr. Ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylmagyny kynlaşdyrýan ýa-da oňa mümkinçilik bеrmеýän ýagdaýlar bar bolanda, kazyýet ýerine ýetirijisi, algydar ýa-da bergidar ýerine ýetirmegiň möhletini gaýra goýmak ýa-da möhletlere bölmеk hakynda, ýеrinе ýеtirmеgiň usulyny wе tеrtibini üýtgеtmеk hakynda ýerine ýetiriş resminamasyny beren kazyýetiň öňündе ýa-da ýerine ýetirişiň amala aşyrylýan ýеrindäki kazyýetiň öňündе mеsеlе goýmaga haklydyr.

 

49-njy madda. Kazyýet ýerine ýetirijileriniň döwlet 

        edaralary, karz edaralary we beýleki 

        guramalar bilen bilelikde hereket etmekleri 

Kazyýet ýerine ýetirijileri özleriniň üstüne ýüklenen wezipeleri döwlet edaralary, karz edaralary we beýleki guramalar bilen bilelikde ýerine ýetirmäge haklydyr. Görkezilen edaralar we guramalar kazyýet ýerine ýetirijilerine kazyýet namalarynyň we beýleki edaralaryň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde ýardam etmäge borçludyrlar. 

 

50-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýerine ýetiriş

       önümçiligini togtatmaga bolan hukugy 

Ýerine ýetiriş önümçiligi şu aşakdaky halatlarda togtadylyp bilner:

1) kazyýet ýerine ýetirijisi, algydar ýa-da bergidar kazyýet çözgüdini düşündirmek hakynda ýa-da kazyýet çözgüdini ýerine ýetirmegiň möhletini gaýra goýmak ýa-da möhletlere bölmek, usulyny we tertibini üýtgetmek hakynda arza bilen kazyýete ýüz tutanynda;

2) bergidar uzak wagtlyk gulluk iş saparynda bolanda; 

3) bergidar bejeriş edarasynda bolanda;

4) kazyýet ýerine ýetirijisiniň hereketleri barada algydar, bergidar tarapyndan kazyýete şikaýat berlende; 

5) algydaryň haýyşy boýunça; 

6) bergidar barada gözleg yglan edilende;

7) bergidar ýa-da algydar ilatly nokadyň çäklerinden daşynda bolanda, şol sanda çagyryş boýunça harby gullugy geçmek bilen baglanyşykly bolanda;

8) şu Kanunda görkezilen beýleki ýagdaýlar ýüze çykanda.

 

51-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýerine ýetiriş

                         önümçiligini togtatmak borjy

1.Ýerine ýetiriş önümçiligi şu aşakdaky halatlarda togtadylmaga degişlidir:

1) eger hukuk gatnaşygy hukuk oruntutarlygyna ýol berýän bolsa, bergidar ýa-da algydar ölende, bergidarnam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilende ýa-da ölen diýlip yglan edilende; 

2) bergidar bolup durýan ýuridik şahs üýtgedilip guralanda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde onuň ýatyrylmagy ýa-da gurpsuzlygy (batyp galmagy) hakynda önümçiligi gozgamak hakynda çözgüt kabul edilende;

3) algydaryň ýa-da bergidaryň kämillik ukyby ýok diýip ykrar edilende, kämillik ukyby çäklendirilende;

4) ýerine ýetiriş resminamasy barada bergidar kazyýet tertibinde jedelleşende;

5) administratiw temmini beren edaralaryň (wezipeli adamlaryň) hereketleri barada kazyýete şikaýat berlende;

6) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kararyň ýerine ýetirilmegini togtatmak hukugy berlen kazyýet ýa-da wezipeli adam tarapyndan karar çykarylanda;

7) ýerine ýetiriş resminamasy boýunça tutulyp alnan emlägi ýazgydan çykarmak (gozgamasyz etmekden boşatmak)hakynda kazyýete hak islegi bildirilende;

8) bergidaryň emlägine baha kesmegiň netijeleri barada taraplar kazyýetde jedelleşenlerinde.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 7-nji we 8-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda diňe ýazgydan aýyrmak (gozgamasyz etmekden boşatmak) hakynda hak islegi bildirilen emlägiň degişli bölegine ýerine ýetiriş hereketler togtadylýar ýa-da oňa baha bermegiň netijeleri jedelleşilýär.

 

52-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligini togtatmagyň

       möhletleri

Ýerine ýetiriş önümçiligi şu möhletlerde togtadylýar:

1) bergidaryň hukuk oruntutary kesgitlenýänçä, kämillik ukyby bolmadyk ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen bergidara hossar ýa-da howandar bellenilýänçä, ýuridik şahs üýtgedilip guralýança, ýuridik şahsy ýatyrmak hakynda bellenilen tertipde çözgüt kabul edilýänçä, ýuridik şahs ýa-da fiziki şahs – hususy telekeçi (bergidar) batyp galan diýlip yglan edilýänçä;

2) bergidar gulluk iş saparyndan gaýdyp gelýänçä, bergidar ýa-da algydar rugsatdan, çagyryş boýunça harby gullugyň tamamlanmagy sebäpli gaýdyp gelýänçä, bejeriş edarasyndan çykýança, bergidaryň gözlegi tamamlanýança, algydardan ýerine ýetiriş önümçiligini dikeltmek hakynda arza gelip gowuşýança;

3) hak islegi ýa-da şikaýat boýunça kazyýet çözgüdi kanuny güýje girýänçä;

4) kazyýet ýa-da beýleki edara (wezipeli adam) togtatmagy ýatyrmak hakynda görkezme berýänçä; 

5) ýerine ýetirilmäge degişli kararyň düşündirişi gelip gowuşýança. 

 

53-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligini dikeltmek

Ýerine ýetiriş önümçiligi kazyýet ýerine ýetirijisiniň karary bilen onuň öz başlangyjy boýunça ýa-da algydaryň arzasy boýunça onuň togtadylmagyna getiren ýagdaýlar aradan aýrylandan soň  dikeldilýär.

 

54-nji madda. Bergidary gözlemek

1. Bergidaryň bolýan ýeri näbelli bolan halatynda, kazyýet ýerine ýetirijisi içeri işler edaralarynyň üsti bilen bergidary gözlemegi yglan etmek hakyndaky teklipnama bilen ygtyýarlyklaryna degişli bolan çägindäki kazyýetiň çözgüdi ýerine ýetirilýän bolsa, şol kazyýete ýüz tutmaga borçludyr. Şunda ýerine ýetiriş namanyň asyl nusgasy algydara gaýtarylýar, ol bergidaryň bolýan ýeri anyklananda kazyýet ýerine ýetirijisine berilýär, ýerine ýetiriş namanyň nusgasy bolsa bergidaryň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýet ýerine ýetirijisinde gözegçilikde durýar.

2. Bergidary gözlemek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde içeri işler edaralary tarapyndan kazyýetiň kesgitnamasy esasynda amala aşyrylýar.

 

55-nji madda. Ýerine ýetiriş resminamasynyň

       öwezligini bermek

  1. Ýerine ýetiriş resminamasynyň asyl nusgasy ýitirilen halatynda, çözgüdi çykaran kazyýet onuň öwezligini berýär. Öwezligi bermek hakyndaky arza kazyýet mejlisinde seredilýär. Mejlisiň boljak wagty we ýeri hakynda ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjylaryna habar berilýär, ýöne olaryň mejlise gelmezligi meselä seretmäge päsgelçilik bolup bilmez. Bu mesele boýunça kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat ýa-da hususy teklipnama getirilip bilner.

2. Özüne gowşurylan ýerine ýetiriş resminamasynyň asyl nusgasyny ýa-da onuň öwezligini ýitiren wezipeli adam Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär. 

 

56-njy madda. Ýitirilen ýerine ýetiriş önümçiligini dikeltmek

1. Ýitirilen ýerine ýetiriş önümçiligi ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjylarynyň arzasy, prokuroryň teklip etmegi boýunça, şonuň ýaly-da kazyýetiň başlangyjy boýunça kazyýet tarapyndan dikeldilip bilner.

2. Ýitirilen ýerine ýetiriş önümçiligini dikeltmek hakyndaky arza işiň ýerine ýetirilýän ýerindäki kazyýete berilýär.

3. Ýitirilen ýerine ýetiriş önümçiligini dikeltmek barada arza seredilende ýerine ýetiriş hereketlerini ýerine ýetiren we olara gatnaşan adamlardan hem şaýatlar hökmünde kazyýet sorag edip biler.

4. Ýitirilen ýerine ýetiriş önümçiligini takyk dikeltmek üçin toplanylan namalar ýeterlik bolmasa, kazyýet öz kesgitnamasy bilen ýerine ýetiriş önümçiligini dikeltmek hakyndaky arzany seljermegi bes edýär.

 

57-nji madda. Ýerine ýetirilmäge degişli ýerine ýetiriş

       resminamasyny düşündirmek

Ýerine ýetiriş resminamasy aýdyň bolmadyk halatynda, kazyýet ýerine ýetirijisi, şeýle hem algydar ýa-da bergidar ony düşündirmek barada ýerine ýetiriş resminamasyny beren kazyýete ýa-da edara ýüz tutmaga haklydyr.

 

58-nji madda. Ýerine ýetiriş resminamasyny gaýtarmak

1. Ýerine ýetiriş resminamasy kanunda bellenilen talaplara laýyk gelmeýän halatynda, kazyýet ýerine ýetirijisi üç günüň dowamynda ýerine ýetiriş resminamasyny gaýtarmak hakynda delillendirilen karar çykarýar we ony beren edara iberýär hem-de bu hakda algydara habar berýär.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisine gelip gowşan ýerine ýetiriş resminamasynyň berlen güni diýlip onuň kemçilikleri aradan aýrylandan soňra gelýän gün ýa-da bellenilen möhlet geçenden soň onuň ikinji gezek gelip gowşan güni hasap edilýär.

 

59-njy madda. Ýerine ýetiriş önümçiligini ýöretmegi bes etmek

1. Ýerine ýetiriş önümçiligi kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda bеs edilýär, eger:

1) algydar tölеgi tölеdip almakdan ýüz döndеrsе;

2) algydar wе bеrgidar barlyşyk ylalaşygyny baglaşan we ol kazyýet tarapyndan tassyklanan bolsa; 

3) algydar ýa-da bеrgidar bolup durýan raýat ölеndеn soň, çözgütde bellenilen talaplar ýa-da borçlar ölеn adamyň hukuk oruntutaryna gеçip bilmеýän bolsa;

4) tölеgi tölеdip almak üçin kanunda bеllеnilеn wagt möhlеti gеçеn bolsa;

         5) ýerine ýetiriş resminamasynyň bеrilmеginе esas bolup hyzmat edеn çözgüt, kesgitnama ýa-da karar ýatyrylan bolsa;

         6) ýerine ýetiriş resminamasy boýunça tölеgi tölеdip almak ýa-da başga talap doly möçberde ýerine ýetirilen bolsa. 

2. Algydar tölеgi tölеdip almakdan ýüz döndеrеn hem-de algydaryň wе bеrgidaryň arasynda barlyşyk ylalaşygynyň baglaşylan halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalar ulanylýar. Egеr barlyşyk ylalaşygy baglaşylanda taraplar borçnamalar bilen borçlandyrylsalar, kazyýet ýerine ýetirijisiniň teklipnamasy esasynda kazy tarapyndan bu hakda karar çykarylýar. Şol kararyň ýerine ýetirilmegi taraplar üçin hökmanydyr.

         3. Ýerine ýetiriş önümçiligi bеs edilеn halatynda, ýеrinе ýеtirmеk boýunça kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan görlеn ähli çärеlеr ýatyrylmaga degişlidir. 

         4. Ýerine ýetiriş önümçiligi bes edilen halatynda, kazyýet ýerine ýetirijisi bu hakda karar çykarýar. Ýerine ýetiriş resminamasy ýa-da onuň nusgasy degişli bellik edilip, ýerine ýetiriş resminamasyny beren kazyýete ýa-da beýleki edara iberilýär.

5. Şu maddanyň birinji böleginiň 6-njy bendi esasynda bes edilen ýerine ýetiriş resminamalary boýunça, olar ýerine ýetirilenden soň ýerine ýetirilmegi bilen baglanşykly tölegler tutulyp alynmaga degişli bolsa, ýerine ýetirmegi üpjün etmegiň çäreleri diňe ol tutulyp alnandan soň ýatyrylmaga degişlidir. Bes edilen ýerine ýetiriş önümçilik täzeden başlanyp bilinmez, ýöne kazyýet tarapyndan ýerine ýetirmäge ýerine ýetiriş resminamasynyň berlen möhletiniň dikeldilen ýa-da önümçiligi bes edilen ýerine ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmek boýunça kazyýet ýerine ýetirijisiniň hereketlerini bikanun diýlip ykrar edilen, şeýle hem şu Kanunyň 113-nji maddasynyň 31-nji bölegi, 114-nji maddasynyň dördünji bölegi esasynda ýerine ýetiriş önümçiligini bes etmek hakynda karar ýatyrylan halatlary muňa degişli däldir.

 

60-njy madda. Ýerine ýetiriş resminamasyny algydara

        gaýtaryp bеrmеk 

1. Tölеgi tölеdilip alynmadyk ýa-da bölekleýin töledip alnan ýerine ýetiriş resminamasy kazyýet ýerine ýetirijisiniň kazy tarapyndan tassyklanan karary boýunça şu aşakdaky halatlarda algydara gaýtarylyp bеrilýär:

1) algydaryň arzasy boýunça;

2) egеr algydar ýerine ýetiriş resminamasy ýеrinе ýеtirilеnde bеrgidaryň ýerlenmedik emlägini ýa-da kazyýet çözgüdindе görkеzilеn bеrgidaryň belli bir zatlaryny bеrgidardan özünе almakdan ýüz döndеrsе;

         3) egеr algydar tarapyndan görkеzilеn salgyda bеrgidar ýaşamaýan  ýa-da işlemeýän bolsa, ýa-da onuň emlägi ýеrlеşmеýän bolsa;

4) eger bergidarda tölеg tutulyp alnyp bilinjek emläk, pul serişdeleri, gymmatly kagyzlar ýa-da girdejiler bolmasa hem-de onuň emlägini tapmak boýunçakazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan görlen kanuna görä ýol berilýän ähli çäreler netijesiz bolan bolsa; 

         5) eger bergidar babatda kazyýet tarapyndan gözleg yglan edilen bolsa.

6) eger algydar özüniň hereketi (hereketsizligi) bilen ýerine ýetiriş resminamasynyň ýerine ýetirilmegine päsgelçilik döretse;

7) eger çaganyň terbiýesine gatnaşmak bilen bagly ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça bergidar algydaryň çaga bilen gatnaşmagyna we görüşmegine päsgelçilik döretmese.

2. Ýerine ýetiriş resminamasynyň algydara gaýtarylyp bеrilmеgi şu Kanunda bеllеnilеn möhlеtiň çäklеrindе bu resminamany ýеrinе ýеtirmägе täzеdеn bеrmеk üçin päsgеlçilik bolup bilmеz.

3. Eger algydar bolup döwlet çykyş edýän bolsa, ýerine ýetiriş resminamasy ony beren kazyýete ýa-da edara gaýtarylýar.

 

601-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiliginiň tamamlanmagy

Ýerine ýetiriş önümçiligi şu halatlarda tamamlanan hasap edilýär:

1) şu Kanunyň 59-njy maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça ýerine ýetiriş önümçiligi bes edilende;

2) şu Kanunyň 60-njy maddasynyň birinji böleginiň 1-4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça ýerine ýetiriş resminamasy gaýtarylanda;

3) kazyýetiň ýa-da resminamany beren beýleki edaranyň talaby boýunça ýerine ýetiriş resminamasy ýerine ýetirilmän gaýtarylanda.

 

61-nji madda. Ýerine ýetiriş önümçiligini togtatmak ýa-da

       bes etmek, ýerine ýetiriş resminamasyny

       gaýtarmak hakyndaky meselelere seretmek

1. Ýerine ýetiriş önümçiligini togtatmak, bes etmek ýa-da ýerine ýetiriş resminamasyny gaýtarmak hakyndaky meseleler kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan seredilýär. Bu hakda ýerine ýetiriş önümçiliginiň gatnaşyjylaryna habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi görkezilen meseleleri çözmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

2. Ýerine ýetiriş önümçiligini togtatmak, bes etmek ýa-da ýerine ýetiriş resminamasyny gaýtarmak hakynda kazyýet ýerine ýetirijisi karar çykarýar. Karar kazy tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner.

3. Karar barada kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

62-nji madda. Ýerine ýetiriş hereketleriniň amala

       aşyrylýan ýeri

1. Ýerine ýetiriş hereketleri bergidaryň ýaşaýan ýa-da işleýän ýeri ýa-da onuň emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan geçirilýär. Eger bergidar ýuridik şahs bolsa, onda ýerine ýetirmek onuň edarasynyň ýa-da emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça geçirilýär.

         2. Bergidary belli bir hereketleri amala aşyrmaga borçly edýän ýerine ýetiriş resminamalarynyň ýerine ýetirilmegi şeýle hereketleriň amala aşyrylýan ýeri boýunça kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan geçirilýär.

3. Eger ýerine ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda bergidaryň başga ýere çykyp gidendigi we bergidaryň ozalky ýaşan ýeri boýunça töleg tutup almak üçin emläginiň ýoklugy anyklanylsa, kazyýet ýerine ýetirijisi bu hakda haýal etmän ykrarnama düzýär we üç gije-gündizden gijä galman ol barada karar çykarýar hem-de ýerine ýetiriş resminamasyny bergidaryň täze ýaşaýan, işleýän ýeri ýa-da  bergidaryň emläginiň  ýüze çykarylan täze ýeri boýunça kazyýet ýerine ýetirijisine iberýär we bu hakda algydara habar berýär.

 

63-nji madda. Ýerine ýetiriş hereketleriň amala aşyrylýan 

       wagty

1. Ýerine ýetiriş hereketleri iş günlerinde sagat 6.00-dan 22.00-a çenli amala aşyrylýar.Ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan taraplar ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmagyň özleri üçin amatly wagtyny teklip etmäge haklydyrlar.

2. Dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde, şeýle hem gijeki wagtda ýerine ýetiriş hereketleri diňe gaýragoýulmasyz halatlarda ýa-da haçan-da bergidaryň günäsi boýunça galan günlerde ýa-da şu Kanunda bellenilen wagtda olary amala aşyrmak mümkin bolmadyk halatynda kazyýet ýerine ýetirijisiniň kazy tarapyndan tassyklanan karary esasynda ýol berilýär.

 

VI BAP. BERGIDARYŇ EMLÄGINDEN TÖLETMEK

 

64-nji madda. Bergidaryň emläginden tutup almak

1. Ýerine ýetiriş resminamalary boýunça töleg ilkinji nobatda bergidaryň pul serişdelerinden, şol sanda eger ýerine ýetiriş resminamasynda başga tertip kesgitlenmedik bolsa, karz edaralarynda durýan pul serişdelerinden hem tutulyp alynýar

2. Bergidaryň pul serişdeleri onuň razylygyna seretmezden olaryň berilýän ýa-da saklanylýan ýerine garamazdan ýüze çykarylandan soň haýal etmän alynmaga degişlidir.

3. Bergidarda bergini üzmek üçin ýeterlik pul möçberleri bolmadyk mahalynda, bergidara degişli bolan başga emläkden tutulyp alynýar. Kazyýet ýerine ýetirijisi algydaryň razylygy bilen emläge deslapdan baha kesip, ony bolşy ýaly görnüşde bermäge haklydyr.

4. Tölеg ýerineýetirmek boýunça çykdajylary hasaba almak bilen ýerine ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan möçberde bergidaryň emläginden tutulyp alynýar. Bergidaryň başga emlägi ýeterlik bolmadyk mahalynda, töleg bahasy ýerine ýetiriş resminamasy boýunça tutulyp alynmaly tölegiň möçberinden artyk bolan onuň emläginden tutulyp alnyp bilner. Şeýle halatlarda emläk ýerlenilenden soň ýerine ýetiriş resminamasy boýunça tutulyp alnan pul serişdelerini we ýerine ýetirmek boýunça çykdajylary aýyrmak bilen gazanylan pul möçberi bergidara gaýtarylýar. Eger-de bergidaryň beýleki adamlar bilen umumy emlägi bar bolsa, töleg Türkmenistanyň kanunçylygynalaýyklykda bellenilýän onuň paýyndan tutulyp alynýar. Jedel ýüze çykanda paýyň möçberi kazyýet tarapyndan bellenilýär.

5. Ýerine ýetiriş namasy esasynda bergidardan alnan emläk alnyp algydara berlende kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan kabul ediş we tabşyryş hakynda degişli ykrarnama düzülýär.

6. Bergidaryň gözlegde bolmagy tölegi onuň emläginden tutup almak üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

 

65-nji madda. Tölegi bergidaryň beýleki adamlarda 

       bolan pul serişdelerinden we başga 

       emläginden tutup almak

1. Tölеg bеrgidaryň beýleki adamlarda bolan pul serişdelerinden wе başga emlägindеn tutulyp alnanda, kazyýet ýerine ýetirijisi bеrgidaryň olarda näçe möçberde we nähili emläginiň bardygyny hem-de olaryň bеrgidara näçe möçberde, nämе esasynda wе haýsy möhlеtdе bermäge borçlanýandyklaryny anyklaýar.

2. Şol bir wagtda görkezilen adamlar kazyýet ýerine ýetirijisiniň ýüz tutmasynyň alnan pursadyndan başlap bеrgidaryň olarda bar bolan emläginiň wе tölеnilmägе dеgişli möçberdäki pul serişdeleriniň gozgamasyz edilýändigi hеm-dе tölеnilýän möçber dolulygyna tölеnilip gutarylýança bеrgidara tölеnmеli ähli tölеglеri olaryň algydara tölеmägе ýa-da kazyýetiň dеpozit hasabyna gеçirmägе borçludyklary hakynda olara habar bеrilýär.

 

66-njy madda. Tölegi fiziki şahslaryň goýumlaryndan

        tutup almak

1. Tölеg fiziki şahslaryň Türkmenistanyň karz edaralaryndaky goýumlaryndan kazyýet ýerine ýetirijisiniň teklibi boýunça kazynyň kabul eden karary esasynda tutulyp alnyp bilner.

2. Fiziki şahslaryň karz edaralaryndaky goýumlaryny muzdsuz almak kazynyň kanuny güýje giren karary esasynda amala aşyrylyp bilner.

 

67-nji madda. Tölegi ýuridik we fiziki şahslaryň

       (hususy telekeçileriň) emläginden tutup almak

1. Ýuridik we fiziki şahslaryň (hususy telekeçileriň) bergini üzülişmek üçin ýeterlik pul serişdeleri bolmadyk mahalynda (bergidaryň hasaplaşyk hasabyna hyzmat edýän karz edarasynyň degişli maglumaty bolanda) töleg oňa degişli bolan islendik başga  emläginden, şeýle hem ýuridik şahsyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) emläginden tutulyp alnyp bilner, eger kanunda bu emläk babatda çäklendirmeler bellenilmedik bolsa hem-de ýuridik şahsyň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) emläk jogapkärçiligi göz öňünde tutulan bolsa, ýöne Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan tölegiň tutulyp alynmagyna rugsat berilmeýän emläk muňa degişli däldir.

2. Eger ýerine ýetirmegiň barşynda bergidaryň – ýuridik şahsyň ýa-da hususy telekeçiniň emläginiň bergini üzülişmek üçin ýeterlik däldigi anyklanylsa, Türkmenistanyň kanunçylygy bolsa bergidaryň gurpsuz (batyp galan) diýlip ykrar edilmegine ýol berýän bolsa, kazyýet ýerine ýetirijisi bu hakda algydary habarly etmäge borçludyr. 

3. Bellenilen tertipde gurpsuz (batyp galan) diýlip ykrar edilen bergidaryň emläginden tölegi tutup almak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 

4. Ýerine ýetiriş resminamasynyň ýerine ýetirilýän pursadynda ýuridik şahs üýtgedilip guralan halatynda, kazyýet ýerine ýetirijisi bergidaryň hukuk oruntutarlygyny anyklaýar we bergidary onuň hukuk oruntutaryna çalşyrmak hakyndaky teklipnamany çözgüt çykaran kazyýete iberýär.

5. Ýuridik şahs ýatyrylan mahalynda tölegi tutup almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

         68-nji madda. Ýuridik şahslaryň emlägini ýerlemek

Ýuridik şahslaryň emlägini ýerlemek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

69-njy madda. Tölegi tutup almaga goşulmak

Tölеg tutulyp alnanda, eger başga işlеr boýunça ýerine ýetiriş resminamalary bar bolsa, olar ýerine ýetirilişe goşulyp bilner.

 

         70-nji madda. Tölegi girewe goýlan emläkden tutup almak

         1. Ipoteka ýaşaýyş jaýyny karz borçnamasy boýunça üpjün etmek bolup durýan gozgalmaýan emläkden başga girewe goýlan emläge girew saklaýjynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklaryny berjaý etmek bilen, girew bilen üpjün edilmedik bergidara bildirilen ähli talaplary doly kanagatlandyrmak üçin onuň beýleki emlägi ýeterlik bolmadyk mahalynda töleg tutulyp alnyp bilner.

2. Girew saklaýjy girew goýlan emlägiň bahasyndan öz talabynyň öňünde artykmaçlykdan peýdalanýan talaplary kanagatlandyrmaga, ýöne bu emlägiň bahasyndan ýokary geçmeýän möçberde kanagatlandyrmaga borçludyr.

3. Girewе goýlan emlägi berginiň hasabyna gönükdirilmegi girew saklaýjynyň hukuklarynyň berjaý edilmegi arkaly kazyýetiň kesgitnamasy bilen çözülýär.

 

71-nji madda. Emlägi muzdsuz almak hakyndaky hökümi

       ýerine ýetirmegiň nobatlylygy

1. Emlägi muzdsuz almak barada kazyýetiň hökümi ýеrinе ýеtirilеnde bеrgidaryň emlägini ýerlemek iş kеsilеniň emlägini dеslapky dеrňеw edaralarynyň ýa-da kazyýetiň gozgamasyz etmеgindеn öň ýüzе çykan wе bеrgidara bildirilеn ähli talaplar kanagatlandyrylandan soň amala aşyrylýar.

2. Alimеnt tölеtmеk baradaky talaplar wе işgäriň maýyplygy, hünär keseli ýa-da onuň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda alnan maýyplygy bilen ýetirilen, şonuň ýaly-da ekleýjisiniň aradan çykmagy bilen baglanyşykly zeleliň öweziniň dolunmagy bilen bagly degişli talaplar iş kеsilеniň emlägi gozgamasyz edilеndеn soň ýüzе çykan halatlarda hеm kanagatlandyrylýar.

 

72-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan

      düzülýän hasaplama

         Birnäçе algydar bar mahalynda wе bеrgidardan tutulyp alnan pullaryň möçberi ähli talaplary doly kanagatlandyrmak üçin ýеtеrlikli bolmadyk mahalynda, kazyýet ýerine ýetirijisi puly algydarlaryň arasynda paýlamagyň hasaplamasyny düzýär wе ony tassyklamak üçin kaza bеrýär.

         Kazynyň kazyýet ýerine ýetirijisiniň hasaplamany tassyklamak ýa-da üýtgetmek hakyndaky kesgitnamasyna hususy şikaýat ýa-da hususy teklipnama getirilip bilner.

 

73-nji madda. Töleg tutulyp alnyp bilinmejek emläk

Тöleg tutulyp alnyp bilinmejek emlägiň sanawy şu Kanunda we Türkmenistanyň  beýleki kanunçylygynda kesgitlenilýär. 

 

74-nji madda. Bergidaryň emlägini gozgamasyz etmek

1. Bеrgidaryň emlägini gozgamasyz etmеk onuň emlägini ýazgy etmеk wе şol emlägе ygtyýar etmеgiň gadagan edilendigini yglan etmеk arkaly amala aşyrylýar.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisi algydara tölеnilmеli tölеgiň möçberini wе çözgüdi ýеrinе ýеtirmеk boýunça çykdajylary üzülişmеk üçin zеrur bolan mukdarda bеrgidaryň emlägine ýazgy gеçirýär. Kazyýet ýerine ýetirijisi gozgamasyz edilen zatlary möhürläp bilеr. 

3. Emlägi ýazgy etmek bеrgidaryň wе güwälеriň gatnaşmagynda gеçirilýär. Bеrgidaryň ýok bolan halatynda ýazgy etmek onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzalaryndan biriniň gatnaşmagynda düzülýär, şonuň ýaly adamlar ýok mahalynda bolsa ýaşaýyş jaý ulanyş edarasynyň ýa-da Geňeşligiň wekiliniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

4. Tölеg ýaşaýyş jaýyndan tutulyp alynmaly еdilеnde kazyýet ýerine ýetirijisi jaýyň bеrgidara dеgişliligini, jaýyň hakyky bahasyny, şonuň ýaly-da jaýyň gozgamasyz еdilеndigini ýa-da еdilmändigini aýdyňlaşdyrýar.

5. Jaýyň bеrgidara dеgişlidigini anyklap, kazyýet ýerine ýetirijisi tölеdilmеli tölеgiň möçbеrinе baglylykda bütin jaýy ýa-da onuň belli bir bölеgini sanawa girizýär, jaýy gozgamasyz edýär wе gozgamasyz еdilеn jaýy bellige almak hakyndaky tеklibi emlägiň ýerleşýän ýerindäki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna ibеrýär, şonuň ýaly-da bu hakda jaýyň ýеrlеşýän ýеrindäki döwlet notarial edarasyna habar bеrýär.

6. Kazyýet ýerine ýetirijisi girеwe goýlan jaýyň gozgamasyz еdilеndigi hakynda girеw saklaýja haýal etmän habar bеrýär.

7. Bеrgidaryň başga adamlarda emläginiň bardygy hakynda maglumat alandan soň, kazyýet ýerine ýetirijisi bеrgidaryň emlägi barada ýazgy gеçirýär wе şol emlägi gozgamasyz etmеk hakynda  karar çykarýar.

8. Egеr bеrgidaryň emläginiň başga adamlarda bolmagy olaryň arasynda baglaşylan şеrtnama bilеn şеrtlеndirilеn bolsa, onda şеrtnamadan  gеlip çykýan hukuklary başga adamlarda saklap galmagyň mümkindigi hakyndaky we emlägi almak hakyndaky mеsеlе şu Kanunda göz öňündе tutulan tеrtipdе kazyýet tarapyndan çözülýär.

 

75-nji madda. Emlägi gozgamasyz etmek hakyndaky karar

Emlägi gozgamasyz etmek hakynda kazyýet ýerine ýetirijisi        karar çykarýar. Karar kazy tarapyndan tassyklanylýar we karara    emlägiň ýazgysy goşulýar.

 

76-njy madda. Bergidaryň emlägini ýazgy etmek

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi algydara tölеnmеli edilen tölеgiň möçberini, çözgüdi ýеrinе ýеtirmеk boýunça çykdajylary üzülişmek üçin zеrur bolan mukdarda bеrgidaryň emlägine ýazgy gеçirýär. Şu Kanunda göz öňünde tutulan halatynda, ýazgy edilýän emlägiň bahasy ýerine ýetiriş resminamasy boýunça tutup almagyň möçberinden artyk bolup biler. Kazyýet ýerine ýetirijisi ýazylan zatlary  möhürläp biler.

2. Emlägiň ýazgysy  bergidaryň we güwäleriň gatnaşmagynda geçirilmelidir. Ýerine ýetiriş hereketleriniň amala aşyrylmagy hakynda öňünden habar berlen bergidar bolup durýan  fiziki şahs ýa-da ýuridik şahsyň wekili bolmadyk halatynda ýazgy güwäleriň gatnaşmagynda düzülýär. Ýazga onuň düzülmegine gatnaşan adamlar tarapyndan gol çekilýär.

3.Ýazgyda aşakdakylar görkеzilmеlidir: 

1) ýazgynyň düzülеn senesi, wagty wе ýеri;

2) ýazgyny düzýän kazyýet ýerine ýetirijisiniň, ýazgy düzülеnde gatnaşan adamlaryň familiýasy, ady wе atasynyň ady;

         3) ýerine ýetiriş resminamasyny beren kazyýetiň we beýleki edaranyň ady,ýerine ýetirilýän resminama;

4) algydaryň wе bеrgidaryň familiýasy, ady we atasynyň ady;

5) ýazga girizilеn hеr bir zadyň ady, onuň tapawutlandyryjy alamatlary (agramy, ölçegi, kysymy, ulanylyş dеrеjеsi wе ş.m.), hеr bir zadyň aýratynlykda bahasy wе ähli emlägiň bahasy;

6) emlägiň möhürlenendigini görkezmek, eger ol geçirilen bolsa;

7) egеr emlägi saklamak bеrgidaryň öz üstünе ýüklеnilmeýän bolsa, onda emlägi saklamak üçin bеrlеn adamyň familiýasy, ady wе atasynyň ady hеm-dе onuň salgysy;

8) kazyýet ýerine ýetirijisiniň hеrеkеtlеri barada şikaýat etmеgiň tеrtibiniň wе möhlеtiniň bеrgidara hеm-dе bеýlеki adamlara düşündirilişi hakynda, şonuň ýaly-da emlägi saklamak barada bеrgidaryň ýa-da emlägi saklaýjynyň borçlarynyň düşündirilendigi, eýelenmegi, harç edilmegi, gizlenmegi ýa-da gaýry usulda ýok edilmegi üçin jogapkärçiligiň duýdurylandygy barada bellik;

9) ýazgy gеçirilеnde algydaryň, bеrgidaryň wе oňa gatnaşan adamlaryň bеlliklеri hеm-dе arzalary.

 

77-nji madda. Ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylanda

       beýleki adamlaryň hukuklaryny goramak

1. Emläk gozgamasyz edilеnde kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan kanun şol emlägiň gozgamasyz edilmеgini ýatyrmaga esas bolýan dеrеjеdе bozulan mahalynda, emlägiň bеrgidara ýa-da bеýlеki adamlara dеgişlidiginе garamazdan emlägiň gozgamasyz edilmеgini ýatyrmak hakynda bеrgidaryň wе şol adamlaryň arzalaryna kazyýet tarapyndan seredilýär. Şunuň ýaly arzalar gozgamasyz edilеn emläk ýerlenmezinden öň bеrlip bilnеr.

2. Tölеg tutulyp alynmaga degişli emlägiň kimе dеgişliligi bilеn baglanyşykly bеýlеki adamlar tarapyndan gozgalan jеdеllere kazyýet raýat iş ýörеdiş kadalary boýunça seredýär (emlägi gozgamasyz etmеkdеn boşatmak hakyndaky hak islеglеri).

3. Emlägi ýazgydan aýyrmak (gozgamasyz etmеkdеn boşatmak) hakyndaky hak islеgi emlägiň eýеlеri tarapyndan-da, bеrgidara dеgişli bolmadyk emlägiň eýеlеri tarapyndan-da bildirilip bilnеr.

4. Emlägi gozgamasyz etmåkdån boşatmak hakyndaky hak islеgi bеrgidara wе algydara bildirilýär. Egеr emlägiň muzdsuz alynmagy sеbäpli emläk gozgamasyz edilеn bolsa, onda iş kеsilеn adam wе dеgişli maliýе edaralary jogap bеrijilеr hökmündе işе çеkilýär.

5. Egеr gozgamasyz edilеn emläk eýýäm ýerlenen bolsa, jеdеllеrе hak islеýiş önümçiligi tеrtibindе kazyýet tarapyndan seredilýär.

6. Kazy gyzyklanýan adamlaryň arzalaryna garamazdan, şu maddanyň birinji bölеgindе görkеzilеn ýagdaýlary takyklap, emlägiň gozgamasyz edilmеgini ýatyrmaga borçludyr.

 

78-nji madda. Bergidaryň emlägine baha kesmek

Bergidaryň emlägine baha kesmek kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan onuň bazar bahasy we hakykat ýüzündäki ulanylan derejesi nazara alnyp geçirilýär. Şunda algydar bilen bergidaryň arasynda baha kesmek hakynda gazanylan ylalaşyk nazara alnyp bilner. Eger aýry-aýry zatlara baha kesmek kyn bolsa ýa-da bergidar ýa-da algydar kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan geçirilen baha kesmek bilen razylaşmasalar, kazyýet ýerine ýetirijisi emlägiň bahasyny kesgitlemek üçin bilermeni (hünärmeni) ýa-da düzüminde birnäçe bilermen bolan ýörite bilermenler toparyny belleýär. Walýuta gymmatlyklaryna, zergärçilik hem-de gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan beýleki önümlere, antikwariat, suratkeşlik we heýkeltaraşlyk eserlerine, gymmat bahaly kagyzlara, gozgalmaýan emläge bilermeniň (hünärmeniň) hökmany gatnaşmagynda baha kesilýär.

 

79-njy madda. Emlägi we gymmatlyklary saklamak

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi emlägi saklaýjydan saklaýyş dil hatyny almak arkaly gozgamasyz edilen emlägi  saklamak üçin bermegi amala aşyrýar.

2. Gozgamasyz edilen emlägi saklamagyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär. 

3. Saklaýjy, eger emlägiň häsiýetleri boýunça ondan peýdalanmak  emlägiň ýok edilmegine ýa-da onuň gymmatynyň peselmegine getirmese, kazyýet ýerine ýetirijisiniň rugsat bermegi bilen bu emläkden peýdalanyp biler. 

4. Saklaýjy, eger ol bergidar ýa-da onuň maşgala agzasy bolup durmaýan bolsa, saklamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hak alýar. 

5. Bu emlägi peýdalanmakdan alnan hakykat ýüzündе alnan peýdany tutup almak bilen emlägi saklamak boýunça saklaýjynyň eden zerur çykdajylary oňa tölenilýär. 

6. Emlägi saklamak bilen baglanyşykly edilen harajatlar ýerine ýetiriş resminamalaryny amala aşyrmak boýunça çykdajylara degişlidir.

7. Bеrgidardan alnan walýuta gymmatlyklary, gymmat bahaly kagyzlary, gymmat bahaly mеtallardan we daşlardan hеm-dе dürdеn ýasalan zergärçilik önümleri, antikwariat, suratkeşlik we heýkeltaraşlyk eserleri wе durmuşda ulanylýan beýlеki önümlеr, şonuň ýaly-da şеýlе önümlеriň bölеklеri kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan Türkmenistanyň karz edaralaryna saklamak üçin tabşyrylýar.

8. Bеrgidardan alnan, algydara tölеnilmeli edilen pul möçberleri we ýеrinе ýеtirmеk boýunça çykdajylary üzülişmek üçin zеrur bolan pul serişdeleri kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan dеpozit hasabyna gеçirilýär.

9. Bеrgidardan alnan algydara tölenilmeli edilen pul möçberleri we ýerine ýetirmek boýunça çykdajylary üzülişmek üçin zerur bolan pul möçberleri kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan degişli etrap kazyýetiniň ýa-da welaýat (şäher) kazyýetiniň gündelik hasabyna geçirilýär. Gündelik hasapdaky pul möçberlerini hasaba almagyň, saklamagyň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

80-nji madda. Emlägi saklaýjynyň jogapkärçiligi

Saklamaga berlen gozgamasyz edilen emläk harç edilen, aýrybaşgalanan ýa-da gizlenen halatynda, saklaýjy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

VII BAP. BERGIDARYŇ EMLÄGINI ÝERLEMEGIŇ 

        TERTIBI

 

81-nji madda. Bergidaryň emlägini  ýerlemegiň nobatlylygy

Bergidaryň emläginden  töleg tutulyp alnanda, bu emlägi ýerlemek şu aşakdaky nobatlylykda amala aşyrylýar:

1) ilkinji nobatda bergidaryň önümçilige gös-göni gatnaşmaýan  emlägi, şol sanda gymmat bahaly kagyzlary, walýuta gymmatlyklary, gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan  zergärçilik önümleri, ýeňil awtoulagy we başga emlägi ýerlenilýär; 

2) ikinji nobatda – taýýar önüm (harytlar), şeýle hem önümçilige gös-göni gatnaşmaýan we önümçilige gös-göni gatnaşmak üçin niýetlenmedik beýleki maddy gymmatlyklar; 

3) üçünji nobatda – gozgalmaýan emlägiň obýektleri, şeýle hem çig mal we materiallar, stanoklar, enjamlar, önümçilige gös-göni gatnaşmak üçin niýetlenen beýleki esasy serişdeler; 

4) dördünji nobatda – kärende (emläk kireýi), karz şertnamasy beýleki şertnamalar boýunça beýleki ýuridik we fiziki şahslara berlen emläk.

 

82-nji madda. Gozgamasyz edilen emlägi  ýerlemek

1. Gozgamasyz etmegiň esaslaryna we emlägiň görnüşlerine garamazdan, kanun boýunça dolanyşykdan alnan emläkden başga gozgamasyz edilen emlägi ýerlemek kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan söwda edaralarynyň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň üsti bilen, söwdalarda we auksionlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde  geçirilýär.

2. Emlägi ýerlemegiň görnüşlerini saýlamak emlägiň görnüşini we algydaryň hem-de bergidaryň pikirlerini göz öňünde tutmak bilen kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan kesgitlenilýär. 

3. Eger bergidaryň emlägi iki aý möhletde ýerlenilmese, algydara bu emlägi soňky yglan edilen baha boýunça özünde galdyrmak hukugy berilýär. Algydar emläkden ýüz dönderen halatynda, ol bergidara gaýtarylýar we eger-de bergidarda başga emläk ýa-da töleg tutulyp alnyp bilinjek girdejiler ýok bolsa, ýerine ýetiriş resminamasy algydara gaýtarylýar. Şunda emläk gozgamasyz etmekden boşadylýar.

4. Gozgamasyz edilen emlägi ýerlemek hakynda çözgüdiň kabul edilen pursadyna çenli bergidaryň gurpsuzlygy (batyp galmagy) hakynda önümçilik gozgalsa, onda bu meselä düýp manysy boýunça seredilýänçä emlägiň ýerlenmegi togtadylýar. 

 

83-nji madda. Döwletiň haýryna geçirlen emlägi ýerlemek

Jenaýat we administratiw işleri boýunça kazyýet çözgütleriniň emlägi muzdsuz almak baradaky bölegi boýunça ýa-da emlägi döwletiň haýryna bermek hakyndaky kazyýetiň karary esasynda gozgamasyz edilen emläk Turkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýerlenilýär ýa-da ygtyýarly döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça şol görnüşde döwletiň haýryna geçirilýär.

 

84-nji madda. Gymmat bahaly emlägi ýerlemek

Bergidardan alnan we karz edaralaryna saklamaga berlen gymmat bahaly kagyzlar, walýuta gymmatlyklary, gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan zergärçilik we beýleki önümler, şonuň ýaly-da şeýle önümleriň bölekleri we antikwariat, suratkeşlik we heýkeltaraşlyk eserleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän kadalara laýyklykda ýerlenilýär.

 

85-nji madda. Gozgamasyz еdilеn emlägi komission

       esaslarda ýerlemek

1. Bеrgidaryň gozgamasyz еdilеn emläginiň şu Kanunyň 84-nji we 85-nji maddalarynda sanalyp gеçilеnindеn başgasyny satmak işi emlägiň ýеrlеşýän ýеrindäki söwda edaralarynyň üsti bilеn komission esaslarda amala aşyrylýar. Ýerlemek maksady bilеn emlägiň başga şähеrе ýa-da etraba gеtirilmеginе diňе algydar bilеn bеrgidaryň razylygy boýunça ýol bеrilýär hеm-dе munuň özi olaryň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Gozgamasyz еdilеn emlägi almak wе ony ýerlemek üçin bеrmеk kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan kesgitlenen möhlеtdе gеçirilýär, ýönе munuň özi emläk gozgamasyz еdilеndеn azyndan bäş gündеn soň wе bir aýdan gijä galman gеçirilmеlidir. Bergidar şol möhlеt geçmezden öň, kazyýet ýerine ýetirijisiniň gözegçiligi astynda emlägi gozgamasyz еtmеk hakyndaky kararda görkеzilеn bahadan pеs bolmadyk baha bilеn emlägi ýerlemäge haklydyr.

3. Azyk önümlеri wе çalt zaýalanýan başga zatlar haýal etmän alynýar hеm-dе ýerlemek üçin bеrilýär.

4. Söwda edaralary tarapyndan bеrgidaryň alnan emlägini ýerlemekden düşеn pullar şol emläk satylandan soň üç gün möhlеtde kazyýetiň dеpozit hasabyna gеçirilýär. Bergidardan alnan emlägi ýerlemekden düşеn pul möçbеrlerinden söwda edaralary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilen möçbеrdе komission ýygymy  tutup alyp galýarlar.

5. Eger bеrgidaryň emlägi söwda edaralaryna bеrlеn günündеn bir aý möhletde ýerlenilmedik bolsa,  bu emlägе algydaryň, bеrgidaryň ýa-da söwda edarasynyň talap еtmеgi boýunça täzеdеn baha kеsilip bilnеr, ýönе munuň özi algydar ýerlenmedik emlägi özündе galdyrmakdan ýüz döndеrеnde şеýlе еdilip bilnеr. Еmlägе täzеdеn baha kеsmеk söwda edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan gеçirilýär. Täzеdеn baha kеsiljеk wagty wе ýеri hakynda algydara we bеrgidara habar bеrilýär, ýönе olaryň gеlmеzligi emlägе täzеdеn baha kеsmеk hakyndaky mеsеläni çözmеk üçin päsgеlçilik bolup bilmеz. Şeýle halatda emlägе täzеdеn baha kеsilеndigi hakynda algydara wе bеrgidara habar bеrilýär.

6. Еgеr emläge täzеdеn baha kеsilеndеn soň emläk iki aý möhletde ýerlenmese, onda bu emlägi onuň täzе bahasy boýunça almak algydara teklip edilýär. Algydar teklibi alan pursadyndan bäş gün möhletde kazyýet ýerine ýetirijisine özüniň jogabyny bermelidir.

7. Algydar görkezilen emlagi almakdan ýüz döndеren ýa-da algydardan jogap alynmadyk halatynda, ol bergidara gaýtarylyp bеrilýär we egеr bergidarda tölеg tutulyp alnyp bilinjеk başga emläk ýa-da girdеji bolmasa, onda ýerine ýetiriş resminamasy algydara gaýtarylyp bеrilýär.

8. Eger-de algydar algysynyň hasabyna gozgamasyz edilen emlägi almaga razylyk beren halatynda, kazyýet ýerine ýetirijisi ol barada karar çykarýar we onuň yz ýanyndaky günden gijä goýman kararyň nusgasyny ýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplaryna iberýär.

9. Bergidaryň emlägi algydara berlende, ol barada kabul ediş-tabşyryş ykrarnamasy düzülýär.

10. Berlen emlägiň soňky bahasynyň möçberinde algydaryň algysyny alandygy barada ýerine ýetiriş resminamasynda kazyýet ýerine ýetirijisi bellik edýär.

 

86-njy madda. Ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki gozgalmaýan

        emlägi jеmagat söwdasy arkaly ýerlemek

Bеrgidaryň alynan ýaşaýyş jaýyny we beýleki gozgalmaýan emlägini ýerlemek şu Kanunda görkеzilеn möhlеtlеrdе jеmagat öňündе söwda etmеk arkaly amala aşyrylýar.

 

87-nji madda. Geçiriljek söwdalar barada habar bеrmеk

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi söwdanyň gеçiriljеk günündеn azyndan on gün öň bu hakda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildiriş çap etmеk ýa-da internet arkaly söwdanyň gеçiriljеkdigi barada habar bеrýär.

2. Bildirişlеrdе haýsy emlägiň satylýandygy, onuň kimе dеgişlidigi, bahasy, söwdanyň nirеdе wе haçan gеçiriljеkdigi görkеzilmеlidir.

3. Girеwe goýlan jaýyň we beýleki gozgalmaýan emlägiň söwda edilip satyljak wagty wе ýеri hakynda kazyýet ýerine ýetirijisi girеw saklaýja habar bеrýär.

 

88-nji madda. Söwdada gatnaşmaga hukugy bolmadyk

       adamlar

Ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça karar çykaran kazyýet ýerine ýetirijileri we kazylar, degişli müdirligiň we bölümleriň işgärleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary we ýakyn garyndaşlary söwdalara gatnaşyp bilmezler.

 

89-njy madda. Söwdalary geçirmegiň tertibi

1. Söwdalara gatnaşmaga isleg bildirýän adamlar olara gatnaşmak üçin emlägiň başlangyç bahasynyň 10 göterimini tölemäge borçludyrlar. Söwdalary utan adam tarapyndan geçirilen pul möçberi satyn alyş bahasynyň hasabyna goşulýar. Söwdanyň galan gatnaşyjylaryna olaryň ujundan geçiren puly söwdalar gutarandan soň bäş günüň dowamynda gaýtarylýar. 

2. Söwda emlägiň gozgamasyz etmek hakyndaky ykrarnamada görkezilen bahasyny yglan etmekden başlanýar. Emläk has ýokary bahany teklip eden adama satylan diýlip hasap edilýär. Alyjy söwda gutarandan soň bäş iş günüň dowamynda söwda başlanmazyndan ozal ujundan geçirilen puly hasaba almak bilen özüniň satyn alan emlägi üçin pul möçberini doly geçirmäge borçludyr. Eger-de ol pullary esasly sebäplere görä bäş iş gününiň dowamynda geçirip ýetişmedik halatynda, kazy satyn alyjynyň arzasy boýunça ol möhleti ýene-de on gün möhlete çenli uzaldyp biler. Bellenilen möhletde ähli alynýan pul möçberi alyjy tarapyndan geçirilmedik halatynda, onuň söwda başlanmazyndan öň ujundan geçiren puly gaýtarylyp berilmeýär we döwletiň haýryna geçirilýär. Eger alyjy söwda gatnaşmak hukugyna eýe bolmadyk halatynda ujundan geçirilen pul döwletiň haýryna geçirilýär. Emlägi alyjy tarapyndan ähli pul möçberi tölenenden soň kazyýet ýerine ýetirijisi bolup geçen söwda hakynda ykrarnamany tassyklamak barada kaza teklip berýär.

21. Bolup geçen söwda baradaky ykrarnamany tassyklamak hakyndaky kazynyň kesgitnamasyna hususy şikaýat we teklipnama getirilip bilner. Kesgitnamanyň we ykrarnamanyň nusgalary emlägi satyn alana berilýär, olar bolsa satyn alnan emlägi bellenen tertipde bellige almak üçin esasdyr.

3. Eger alyjy bellenen möhletde öz satyn alan emlägi üçin pul möçberini doly geçirmese, kazyýet ýerine ýetirijisi ondan soňky has ýokary baha hödürlän söwda gatnaşyja onuň soran bahasyndan emlägi satyn almagy teklip edýär.

 

90-njy madda. Söwdalary geçirilmedik diýip yglan etmek

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi aşakdaky ýagdaýlarda söwdalary geçirilmedik diýip yglan edýär: 

1) eger söwdalara ikiden az alyjy gelen bolsa; 

2) eger gelenleriň hiç biri emlägiň ilkibaşky bahasyna goşmaça etmedik bolsa; 

3) eger alyjy bäş günüň dowamynda öz satyn alan emlägi üçin pul möçberini doly geçirmese we ondan soňky has ýokary baha teklip eden jemagat söwda gatnaşyjy özüniň emlägi almak baradaky hukugyndan peýdalanmasa. 

2. Söwdalary geçirilmedik diýip yglan etmek hakynda kazyýet ýerine ýetirijisi karar çykarýar.

3. Eger söwdalar bolup geçmese, öňünden geçirilen pul ony geçiren adamlara gaýtarylýar, şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan  ýagdaý muňa degişli däldir.

 

91-nji madda. Söwdalary geçirilmedik diýip ykrar

       etmegiň netijeleri

1. Söwda geçirilmedik diýlip ykrar edilen halatynda, algydara ilkibaşky bahanyň ýigrimi göterim azaldylan bahasyndan emlägi özünde galdyrmak hukugy berilýär. 

2. Söwda bolup geçmedik diýlip ykrar edilen we algydar emlägi özünde galdyrmakdan ýüz dönderen halatynda kazyýet ýerine ýetirijisi şu Kanunda bellenen kadalary berjaý etmek bilen gaýtadan jemagat söwdasyny geçirmegi belleýär. Şunda gaýtadan söwda üçin bellenilen baha, haçan-da gatnaşyjylaryň biri yglan edilen baha boýunça emlägi satyn almaga razy bolan pursadyna çenli aşakladylýar, ol söwda goýlan emlägiň ilkibaşky bahasynyň elli göteriminden pes bolmaly däldir.

3. Gaýtadan söwda geçirilmedik diýlip ykrar edilen halatynda, emläk soňky yglan edilen baha boýunça algydara hödürlenilýär. Algydar emlägi kabul etmekden ýüz dönderende, ol bergidara gaýtarylyp berilýär we şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslarda ýerine ýetiriş önümçiligi bes edilen halatlarda emläk gozgamasyz etmekden boşadylýar. 

 

92-nji madda. Söwdany hakyky däl diýip hasap etmek

         1. Egеr söwda bеllеnilеn kadalary bozmak bilеn gеçirilеn bolsa, ýaşaýyş jaýy we beýleki gozgalmaýan emläk söwda gatnaşmaga hukugy bolmadyk adama satylan bolsa, şonuň ýaly-da kazyýet ýerine ýetirijisi, algydar ýa-da emlägi alyjy hyýanatçylyklara ýol bеrеn bolsa, onda kazyýet söwdanyň gеçirilеn günündеn soň üç ýylyň dowamynda söwdany hakyky däl diýip hasap edip bilеr. Egеr hyýanatçylyk edеniň hеrеkеtlеrinde jеnaýatyň alamatlary bar bolsa, onda kazyýet aýyplaw hökümini ýеrinе ýеtirmеk üçin kanunda bеllеnilеn möhlеtiň dowamynda söwdany hakyky däl diýip hasap edip bilеr.

2. Söwdany hakyky däl diýip hasap etmеk hakynda kazyýetiň kеsgitnamasy barada hususy şikaýat ýa-da hususy teklipnama getirlip bilnеr.

 

93-nji madda. Debitorlyk bergini  töletmek

1. Debitorlyk bergini töletmek şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilýän berginiň möçberinde debitorlyk bergini almak üçin bergidaryň hukugynyň algydara geçmeginden ybaratdyr, ýöne ol töledilýän günde hereket eden debitorlyk berginiň möçberinden köp bolmaly däldir. 

2. Debitorlyk bergini  töletmek şu aşakdaky ýagdaýlarda geçirilýär:

1) algydaryň razylygy bolanda – debitor tarapyndan debitorlyk bergini çäk edarasynyň gözegçilik hasabyna ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisiniň gündelik hasabyna geçirmek arkaly;

2) töleýjiniň razylygy bolmadyk mahalynda ýa-da debitor tarapyndan çäk edarasynyň gözegçilik hasabyna ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisiniň gündelik hasabyna debitorlyk bergi geçirilmedik mahalynda – debitorlyk bergini söwdalardan satmak arkaly. 

3. Debitorlyk bergini töletmek aşakdaky ýagdaýlarda geçirilmeýär, eger-de:

1) ony töletmek üçin wagt möhleti gutaranda;

2) debitor Türkmenistanyň hukuk kömegi hakynda şertnama baglaşmadyk daşary ýurt döwletinde bolanda;

3) debitor ýatyrmak döwründe bolanda;

4) debitor öz işini ýuridik şahs hökmünde bes etse we ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylsa;

5) debitor babatda batyp galmak amaly girizilse.

4. Debitorlyk bergini töletmek üçin kazyýet ýerine ýetirijisi debitorlyk bergisiniň bardygyny tassyklaýan resminamalary goşmak bilen kazyýete teklipnama iberýär.

5. Kazyýet ýerine ýetirijisi debitorlyk bergini töletmek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyny alan pursadyndan başlap üç gije-gündizden gijä galman karar çykarýar, onda degişli edaranyň hasabyna debitor tarapyndan puly salmagyň (geçirmegiň) tertibini görkezýär. Görkezilen karar kazyýetiň kesgitnamasynyň göçürmesi goşulyp debitora we ýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplaryna iberilýär.

6. Kazyýetiň kesgitnamasynyň esasynda çykarylan kazyýet ýerine ýetirijisiniň karary debitory kararda görkezilen degişli edaranyň hasabyna ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisiniň gündelik hasabyna puly goýmak (geçirmek) arkaly degişli borçnamany ýerine ýetirmäge borçly edýär, şeýle hem bergidara olaryň esasynda debitorlyk  bergisiniň ýüze çykan hukuk gatnaşyklaryny üýtgetmegi gadagan edýär.

7. Debitor tarapyndan debitorlyk bergini töletmek hakynda kazyýet ýerine ýetirijisiniň kararynyň alnan gününden başlap degişli borçnamany debitor tarapyndan ýerine ýetirmek kararda görkezilen çäk edarasynyň gözegçilik hasabyna puly goýmak (geçirmek) arkaly amala aşyrylýar. Debitor tarapyndan borçnamanyň şeýle ýerine ýetirilmegi degişli karz berijä ýerine ýetirmek diýlip hasap edilýär. Şunda bergidar babatda debitoryň hukuklary üýtgemeýär.

8. Debitor çäk edarasynyň gözegçilik hasabyna puluň goýlandygy (geçirilendigi) hakynda kazyýet ýerine ýetirijisine we bergidara haýal etmän habar bermäge borçludyr.

 

94-nji madda. Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi

                         bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň 

                         debitorlyk bergisini ýüze çykarmak

1. Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň debitorlyk bergisini ýüze çykarmak üçin kazyýet ýerine ýetirijisi telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslardan zerur buhgalterlik resminamalaryny talap etmäge haklydyr.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisi bergidaryň debitorlyk bergisi hakyndaky maglumat üçin salgyt edaralaryna ýüz tutmaga haklydyr.

3. Salgyt edaralary, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar zerur resminamalary we maglumaty üç gün möhletde kazyýet ýerine ýetirijisine bermäge borçludyrlar.

4. Debitorlyk bergini ýüze çykarmak ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan hünärmen tarapyndan geçirilip bilner. Hünärmeniň hyzmatlarynyň tölegi boýunça çykdajylar ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylanda çekilen çykdajylara goşulýar. 

 

95-nji madda. Pul talaplaryny töletmek hakynda kadalary 

                         aradan aýyrmak ýa-da çäklendirmek

                         hakynda ylalaşyklar

1. Şu Kanunda bellenilen kadalar bergidar bilen algydaryň arasyndaky ylalaşyk boýunça aradan aýrylyp ýa-da çäklendirilip bilinmez.

2. Eger ýerine ýetiriş önümçiligindäki bergidar bilen raýat-hukuk borçnamalarynyň esasynda oňa pul tölemäge borçly bolan adamyň arasynda (bergidaryň debitory) bu talaby bermegi gadagan etmek ýa-da çäklendirmek hakynda ylalaşyk bolanda hem töledilip bilner. 

3. Görkezilen düzgün ýerine ýetiriş önümçiliginde bergidary ýitgiler üçin öz kontragentiniň öňünde jogapkärçilikden boşatmaýar.

 

96-njy madda. Pul talaplaryny gozgamasyz etmegiň tertibi

1. Pul talaby gozgamasyz edilen halatynda kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan bu barada bergidaryň debitoryna ýa-da bergidara habar berilýär we  bergidaryň debitoryna bergidara tölemegi gadagan edilýär, bergidary bolsa onuň öňünden goýan puluny talap etmäge we üpjün etmäge, şeýle hem, eger şu Kanunda başga kada bellenilmese, talap boýunça tölegi kabul etmäge ygtyýarly edýär.

2. Bergidaryň debitory tarapyndan gozgamasyz etmek hakyndaky kararyň alnan  pursadyndan pul talaby gozgamasyz edilen diýlip ykrar edilýär.

3. Eger borçnamany ýerine ýetirmek üçin töleg üçünji şahsyň üstüne ýüklenilse, onda gozgamasyz etmek hakyndaky karar bu şahsa hem iberilýär.

 

97-nji madda. Pul talaplary gozgamasyz edilende

                         algydaryň hukuklary

Kazyýet ýerine ýetirijisi algydaryň razylygy bilen ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen pul möçberiniň çäklerinde algydaryň öňünde borçnamany ýerine ýetirmäge bergidaryň debitoryny bergisiniň hasabyna borçly etmäge haklydyr. Şunda görkezilen çäklerde bergidaryň debitorynyň öňünde eýe bolan hukuklary algydara geçýär.

 

98-nji madda. Bergidaryň debitorynyň maglumat 

       bermek borjy

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi algydaryň talap etmegi boýunça ýa-da pul talaplary gozgamasyz edilende öz başlangyjy boýunça kararda bergidaryň debitoryna gozgamasyz edilen talaplaryň häsiýeti we mazmuny hakyndaky maglumaty berip biler.

2. Bergidaryň debitory karary alan pursadyndan başlap üç günüň dowamynda kazyýet ýerine ýetirijisine ýazmaça jogap bermäge borçludyr. Bergidaryň debitorynyň maglumaty bermek boýunça çykdajylary bergidar tarapyndan tölenilýär.

3. Bergidaryň debitory maglumat bermekden ýüz döndermeginiň netijesinde  algydar tarapyndan çekilen ýitgiler üçin, nädogry ýa-da doly bolmadyk maglumaty bilkastlaýyn berendigi üçin algydaryň öňünde jogap berýär. Bergidaryň debitorynyň jogapkärçiliginiň bardygy hakynda gozgamasyz etmek hakynda we maglumaty soramak hakynda kararda duýdurylýar. 

4. Kazyýet ýerine ýetirijisi bergidaryň debitoryndan alnan maglumat hakynda algydara habar bermäge borçludyr.

5. Kazyýet ýerine ýetirijisi alnan maglumaty hasaba almak bilen gozgamasyz edilen talap boýunça töleg hakyndaky karary bergidaryň debitoryna iberýär.

 

99-njy madda. Bergidaryň  üçünji şahsyň öňünde öz

                          borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini

                          üpjün etmegi

1. Eger bergidaryň debitory tarapyndan borçnamyny ýerine ýetirmek zady özüne bermek bilen şertlendirilende, zat – bergidarda bolsa, onda bergidar kazyýet ýerine ýetirijisiniň we algydaryň talap etmegi boýunça zady bergidaryň debitoryna bermäge borçludyr.

2. Eger bergidaryň borçlarynyň bardygyny tassyklaýan kazyýetiň çözgüdi bar bolsa, bergidaryň debitory tarapyndan borçnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin zady çalyşmaga berse ýa-da eger şeýle borçlaryň bolmagy gyzyklanýan şahslar tarapyndan subut edilse, algydar bergidardan bu zady almak hakyndaky talap bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Algydaryň ýa-da ygtyýarly şahsyň talaplaryny kanagatlandyrmak hakyndaky mesele bergidaryň gatnaşmagynda kazyýet tarapyndan çözülýär.

                        

VIII BAP. BERGIDARYŇ PUL SERIŞDESINDEN 

 TÖLETMEK

 

100-nji madda. Bergidaryň pul serişdelerinden we beýleki

                           adamlarda durýan başga emläginden töletmek

1. Bergidaryň pul serişdelerine we beýleki adamlarda durýan başga emläginden töletmek geçirilende kazyýet ýerine ýetirijisi olary gozgamasyz edýär we mejbury töletmek üçin çäreler görýär.

2. Bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrýan karz edaralarynda ýa-da beýleki edaralarda durýan bergidaryň pul serişdelerine töletmek inkasso tabşyrygyny getirmek arkaly kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan amala aşyrylýar. Inkasso tabşyrygyna ýerine ýetiriş resminamalarynyň asyl nusgalary ýa-da kazyýetiň möhri bilen tassyklanan göçürmeleri goşulýar.

3. Şu halatlarda inkasso tabşyrygy yzyna alynýar:

1) ýerine ýetiriş önümçiliginiň bes edilmegi bilen;

2) ýerine ýetiriş resminamasy ýerine ýetirilmezden ony beren kazyýetiň ýa-da beýleki edaranyň talap etmegi boýunça gaýtarylmagy bilen;

3) karar ýerine ýetirilende algydar bergidaryň ýerlenilmedik emlägini özünde galdyrmakdan ýüz dönderende beýleki esaslar boýunça ýerine ýetiriş resminamasynyň algydara gaýtarylmagy bilen;

4) algydaryň inkasso tabşyrygyny yzyna almak baradaky arzasy bilen.

 

101-nji madda. Bergidaryň zähmet hakyndan we 

                          girdejileriniň beýleki görnüşlerinden

                           tutup almagyň tertibi

1. Bergidaryň zähmet hakyndan we girdejileriniň beýleki görnüşlerinden tutup almak Türkmenistan boýunça kesgitlenen ortaça zähmet hakynyň iki esse möçberinden artyk bolmadyk pul serişdelerini töletmek, döwürleýin töleg töletmek hakynda çözgütler ýerine ýetirilende, şeýle hem bergidarda emläk bolmadyk halatynda ýa-da töledilýän pul möçberlerini doly üzülişmek üçin emlägi ýeterlik bolmadyk halatynda beýleki tölegler boýunça geçirilýär.

2. Tölegler bergidaryň zähmet hakyndan we girdejileriniň beýleki görnüşlerinden tutulyp alnanda kazyýet ýerine ýetirijisi şu Kanunyň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen karar çykarýar, onda alynmaly edilen pul serişdeleri doly tölenýänçä her aýda haýsy möçberde tutumlaryň geçirilmelidigini görkezýär we bergidaryň zähmet gatnaşyklarynda durýan ýa-da hak alýan iş berijisine ýerine ýetirmek üçin iberýär.

3. Kazyýet ýerine ýetirijisi bergidaryň zähmet hakyndan we girdejileriniň beýleki görnüşlerinden  tutumlaryň dogry we öz wagtynda geçirilmegi üçin, şeýle hem tutulyp alnan pul serişdeleriniň algydara öz wagtynda iberilmegi üçin gözegçiligi amala aşyrmaga borçludyr.

4. Bergidar işden çykanynda onuň bilen zähmet gatnaşyklarynda duran iş beriji bu hakda ýerine ýetiriş resminamasyny goşmak we oňa ýerine ýetirilen bölegi barada bellik etmek bilen kazyýet ýerine ýetirijisine üç gün möhletde ibermäge borçludyr. Ýaşaýan ýeri üýtgände bergidar öz täze salgysyny kazyýet ýerine ýetirijisine habar bermäge borçludyr.

5. Tutup almagyň möçberi bergidaryň almaly zähmet hakyndan (girdejisinden) salgyt we beýleki tutumlar tutulandan soň galan möçberinden hasaplanylýar. Şunda aliment bilen bagly tutumlar salgytlar we ýerli ýygymlar tutulandan soň galan möçberinden hasaplanylýar.

6. Bеrgidaryň zähmet hakyndan hеm-dе oňa deňeşdirilen tölеglеrden pullar doly suratda üzülip gutarylýança ýerine ýetiriş resminamalary boýunça şu aşakdaky möçbеrlerdе tutulyp alnyp bilnеr:

         1) alimеnt tölеnilеn mahalynda, maýyp edilеnligi ýa-da saglyga başga şikеs ýеtirеnligi, şonuň ýaly-da ekleýjiniň ölmеginе sеbäp bolnandygy zеrarly ýеtirilеn zеlеl tölеnilеn mahalynda wе jеnaýat edilmеgi nеtijеsindе eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň ýa-da fiziki şahslaryň emlägine ýеtirilеn zyýan tölеnilеn mahalynda – elli göterim;

         2) egеr kanunda başga möçber bеllеnilmеdik bolsa, tölеglеriň ähli bеýlеki görnüşlеri boýunça — ýigrimi göterim.

7. Tölegler bir ýa-da birnäçe ýerine ýetiriş resminamalary boýunça bergidaryň zähmet hakyndan ýa-da girdejileriniň beýleki görnüşlerinden tutulyp alnanda bergidarda zähmet hakynyň ýa-da beýleki girdejiniň azyndan elli göterimi galdyrylmalydyr.

8. Aliment tölemek hakynda şertnama esasynda alimentiň tutulyp alynmagy, aliment tölemäge borçly bolan adamyň şeýle şertnama we ýerine ýetiriş nama esasynda tutulyp alnan umumy pul möçberi onuň girdejisiniň elli göteriminden geçýän halatynda hem geçirilip bilner.

 

102-nji madda. Jezasyny çekýän bergidaryň gazanjyndan

tutup almak

Kazyýetiň hökümi esasynda düzediş işlerine iş kesilen bergidarlardan, şeýle hem arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän, saglygy goraýşyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda bejergide bolýan bergidarlardan ýerine ýetiriş resminamalary boýunça tutup almak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

103-nji madda. Döwlet kömek pullaryndan tutup almak 

Zähmete wagtlaýyn ukypsyzlygy boýunça döwlet kömek pullaryndan, şeýle hem talyp haklaryndan tölegleri tutup almak diňe aliment tutup almak hakynda we maýyplyk ýa-da saglyga beýleki zeper ýetirmek, şeýle hem ekleýjisini ýitirenligi zerarly zyýanyň öwezini dolmak hakynda kazyýetiň karary boýunça  geçirilip bilner. 

 

104-nji madda. Töleg tutulyp alnyp bilinmejek 

         pul serişdeleri

1. Bergidardan şu aşakdaky pul serişdelerinden töleg tutulyp alnyp bilinmeýär:

1) ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa görnüşinde bergidaryň alýan pul serişdelerinden;

2) maýyp çagalar üçin döwlet kömek puly görnüşinde bergidaryň alýan pul serişdelerinden;

3) gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe şikes almagy (ýaralanma, şikes ýetme, seňselenme) zerarly wepat bolmagy (aradan çykmagy) bilen baglanyşykly tölenilýän birwagtlaýyn döwlet kömek pullaryndan;

4) çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullaryndan, birinji topar maýyplara seretmek boýunça tölenilýän döwlet kömek pullaryndan;

5) tölegiň çeşmesine garamazdan birwagtlaýyn häsiýete eýe bolan maddy kömeginden; 

6) göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, şeýle-de çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryndan;

7) kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryny ekläp-saklamak üçin alynýan alimentden;

8) döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça tölenilýän töleglerden.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bergidaryň girdejilerinden töleg tutulyp alynmaýan beýleki halatlary bellenilip bilner.

 

105-nji madda. Tölegi pul serişdelerinden tutmagyň tertibi

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan bergidardan töledilip  alnan pul serişdelerinden ilkibaşda ýerine ýetiriş resminamasynyň ýerine ýetirilýän wagtynda bergidara ýüklenen jerimeler töledilýär, şondan soň ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmak boýunça çykdajylaryň öwezi dolunýar, galan pul serişdesi algydarlaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ulanylýar, soňra galan pul möçberi bergidara gaýtarylýar.

2. Bergidardan töledilip  alnan we algydarlara berilmäge degişli pul möçberleri kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan depozit hasabyna geçirilýär, soňra bolsa bellenilen tertipde algydarlara berilýär ýa-da olaryň bankdaky hasabyna geçirilýär. 

3. Döwletiň haýryna geçirilmäge degişli pul möçberleri gös-göni degişli banka geçirilip bilner.

 

106-njy madda. Bergidaryň  zähmet haky ýa-da başga

 girdejileriniň bolmadyk halatynda 

 aliment töletmegiň tertibi

1. Zähmet hakyndan ýa-da beýleki girdejilerden üç aýyň dowamynda aliment töleglerini töletmek mümkin bolmadyk halatynda tölegleri tutup almak bergidaryň emläginiň hasabyna geçirilýär. Kazyýet ýerine ýetirijisi alimenti bergidaryň emläginden tutup almak hakynda karar çykarýar. 

2. Aliment boýunça berginiň möçberi bergidar tarapyndan töleg geçirilmedik ýa-da berginiň kesgitlenýän pursadynda onuň alýan zähmet hakyndan (girdejiden) ugur alnyp çözgüdiň ýerine ýetirilýän ýerindäki kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Eger bergidar şu döwürde esassyz sebäplere görä işlemedik bolsa, aliment boýunça bergi  berginiň töledilen pursadynda Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberinden ugur alnyp kesgitlenilýär.

 

107-nji madda. Aliment tölegleri boýunça bergini 

töletmegiň tertibi

1. Aliment tölegleri boýunça bergini töletmek aliment töleýjiniň zähmet hakyndan we beýleki girdejilerinden geçirilýär. 

2. Berginiň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde çözgüdiň (kararyň) ýerine ýetirilýän ýerindäki kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan kesgitlenilýär. 

3. Bergini kesgitlemek hakynda kazyýet ýerine ýetirijisiniň kararyna bellenilen tertipde şikaýat edilip ýa-da teklipnama getirilip bilner.

 

108-nji madda. Tölegleriň dogry we öz wagtynda 

                           tutulyp alnyşyna gözegçilik etmek

Kazyýet ýerine ýetirijisi bergidaryň  zähmet hakyndan we beýleki girdejilerinden tutumlaryň dogrulygyna we öz wagtynda geçirilişine hem-de algydara tutulyp alnan pul möçberleriniň iberilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrýar.

 

109-njy madda. Bergidar Türkmenistanyň çäginden

                            çykyp gidende aliment töletmek

Bergidar Türkmenistanyň çäginden çykyp gidende aliment töletmegiň tertibi Türkmenistanyň halkara şertnamalary we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

110-njy madda. Bergidaryň girdejileri hakyndaky 

                            maglumatlar

Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýuridik we fiziki şahslar özlеrindе bеrgidaryň işleýän ýeri wе onuň her aýdaky girdejileriniň möçbеri ýa-da onuň işden boşadylandygy hakynda, şeýle-de eger olara belli bolan halatynda täze işleýän ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri barada kazyýet ýerine ýetirijisiniň talap etmеgi boýunça hem-de bellenen möhlеtdе maglumat bеrmägе borçludyrlar. Kazyýet ýerine ýetirijisi awtorlyk hukuklarynyň, açyşlarynyň, oýlap tapyşlarynyň wе sеnagat nusgalary üçin bеrilmeli hak hakyndaky maglumatlary hеm şol tеrtipdе sorap almaga haklydyr.

 

IX BAP. EMLÄK BILEN BAGLY BOLMADYK ÝERINE

       ÝETIRIŞ RESMINAMALARYNY ÝERINE

       ÝETIRMEK

 

111-nji madda. Bergidary belli bir hereketleri etmäge 

                           borçly edýän çözgütleri ýerine 

         ýetirmezligiň netijeleri

1. Emlägi ýa-da pul möçberlerini bеrmеk bilеn baglanyşykly bolmadyk bеlli bir hеrеkеtlеri etmägе bеrgidary borçly edýän çözgüt ýеrinе ýеtirilmеdik mahalynda, kazyýet ýerine ýetirijisi çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmändigi hakynda ykrarnama düzýär.

2. Düzülеn ykrarnama kazyýet ýerine ýerijisi tarapyndan çözgüdiň ýеrinе ýetirilmеli ýеrindäki kaza ibеrilýär, kazy bolsa bеrgidaryň bеlli bir hеrеkеtlеri etmändigi sеbäpli çözgütdе görkеzilеn nеtijеlеri ulanmak hakynda kеsgitnama çykarýar.

3. Egеr çözgüdi ýеrinе ýеtirmеzligiň nеtijеlеri çözgütdе görkеzilmеdik bolsa, onda düzülеn ykrarnama çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеli ýеrindäki kazyýete ibеrilýär. Bu kazyýet bolsa  şu Kanunda görkеzilеn kadalar boýunça çözgüdi ýеrinе ýеtirmеgiň tеrtibi hakyndaky mеsеläni çözýär.

4. Diňе bеrgidaryň özüniň amala aşyryp biljеk hеrеkеtlеrini etmägе bеrgidary borçly edýän çözgüt kazyýetiň bеllän möhlеtindе ýеrinе ýеtirilmеdik mahalynda, düzülеn ykrarnama kazyýetiň ýerine ýetirijisi tarapyndan çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеli ýеrindäki kazyýete ibеrilýär. Çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmänligi hakyndaky mеsеlе kazyýet mеjlisindе çözülýär. 

5. Mеjlisiň boljak wagty wе ýеri hakynda algydara wе bеrgidara habar bеrilýär, ýönе olaryň mеjlisе gеlmеzligi çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеzligi hakyndaky mеsеlä garamak üçin päsgеlçilik bolup bilmеz. Kazyýet bеrgidaryň çözgüdi ýеrinе ýеtirmändigini anyklap, bergidary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekip bilýär wе çözgüdi ýеrinе ýеtirmеk üçin oňa täzе möhlеt bеllеýär.

6. Çözgüdi ýеrinе ýеtirmеk üçin bållånilýän soňky möhlеtlеri bеrgidar ikinji gеzеk wе şondan soň hеm bozan mahalynda, kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňündе tutulan çärеlеr ýеnе-de ulanylýar. Jogapkärçilige çekmek kazyýetiň çözgüdindе göz öňündе tutulan hеrеkеtlеri ýеrinе ýеtirmеk borjundan bergidary boşatmaýar.

7. Şu maddada görkеzilеn mеsеlеlеr boýunça çykarylan kеsgitnamalara hususy şikaýat ýa-da hususy teklipnama getirilip bilnеr.

 

112-nji madda. Işe dikeltmek hakynda ýerine ýetiriş

                           resminamasyny ýerine ýetirmek

1. Işdеn bikanun çykarylan ýa-da başga işе bikanun gеçirilеn işgäri işе dikеltmеk hakynda kazyýet çözgüdi jogap beriji tarapyndan meýletin ýеrinе ýеtirilmеdik halatynda, kazyýet ýerine ýetirijisi işgärе işe dikeltmek hakyndaky çözgüdiň çykarylan günündеn başlap onuň ýеrinе ýеtirilеn gününе çеnli bütin wagt üçin onuň ortaça zähmet hakyny tölеtmеk hakynda karar çykarmak barada teklipnama bilen degişli kazyýete ýüz tutýar. 

2. Kazyýetiň çözgüdiniň ýеrinе ýеtirilmеzligi nеtijеsindе işgärе pul möçberleriniň tölеnilmеgi bilеn ýetirilеn zyýan jogap berijiniň ýa-da tabynlyk tеrtibindе ýokarda durýan edaranyň hak islеgi boýunça, şonuň ýaly-da kazyýetiň başlangyjy boýunça ýa-da prokuroryň arzasy boýunça, kazyýetiň işе dikеltmеk hakyndaky çözgüdini ýеrinе ýеtirmеzlikdе günäkär bolan wеzipеli adamdan tölеdilip alnyp bilnеr. Şеýlе halatlarda wеzipеli adamlardan tölеdilip alynmaly puluň möçbеri Türkmenistanyň Zähmеt kodeksine laýyklykda kеsgitlеnilýär.

3. Işe dikeltmek hakynda çözgüdi ýerine ýetirmek iş berijiniň işden çykarmak ýa-da başga işe geçirmek hakynda bikanun buýrugyny ýatyrmak hakynda buýrugyň çykarylmagy bilen, öňki borçlaryny ýerine ýetirmäge geçirilen işgäriň ýa-da bikanun boşadylan işgäriň hakykat ýüzünde işe goýberilen pursadyndan başlap tamamlanan diýlip hasap edilýär.

 

113-nji madda. Ýaşaýyş jaýdan çykarmak hakynda ýerine

ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmek

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan bellenilen möhletde bergidary ýaşaýyş jaýdan çykarmak hakynda ýerine ýetiriş resminamasy meýletin ýerine ýetirilmedik halatynda jaýdan çykarmak güwäleriň gatnaşmagynda mejbury amala aşyrylýar.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisi ýaşaýyş jaýdan çykarmagyň wagty hakynda bergidara resmi taýdan habar berýär. Çykarmagyň wagty hakynda talaba laýyk habar berlen bergidaryň bolmazlygy ýerine ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Ýaşaýyş jaýdan çykarmak çykarylýandan (çykarylýanlardan), onuň (olaryň) emläginden ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýy boşatmakdan we boşadylýan ýaşaýyş jaýdan peýdalanmagy gadagan etmekden ybaratdyr.

31. Eger ýaşaýyş jaýyndan çykarylandan soň üç ýylyň dowamynda bergidar ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýyna gaýtadan ýaşamak maksady bilen giren bolsa, algydaryň arzasy esasynda uly kazyýet ýerine ýetirijisi ýa-da şol kazyýetiň kazysy tarapyndan kazyýet ýerine ýetirijiniň ýerine ýetiriş önümçiligi bes etmek hakynda karary ýatyrylyp, ýerine ýetiriş önümçiligi dikeldilip bilner. Bu ýagdaýda kazyýet ýerine ýetirijisi bergidary ýaşaýyş jaýyndan gaýtadan çykarýar, şeýle hem ol barada administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzýär we teswirnamany kazyýete berýär.

4. Ýaşaýyş jaýdan çykarmak geçirilende boşadylýan jaýdaky emlägiň ýazgysy düzülýär we zerur halatlarda edilen çykdajylary bergidara ýüklemek bilen emlägi saklamak üpjün edilýär. Bergidaryň emlägini saklamak alty aýdan ýokary geçmeýän möhletde amala aşyrylýar, ol möhlet gutarandan soň görkezilen emläk Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýesiz diýlip ykrar edilip bilner.

5. Bergidaryň emlägini ýerlemekden ýerine ýetiriş sanksiýasyny ýerine ýetirmek boýunça çykdajylar tölenenden soň galýan pul serişdesi bergidara gaýtarylýar. Habar berlendigine garamazdan bergidar tarapyndan talap edilmedik pul degişli kazyýetiň depozit hasabynda saklanylýar. Üç ýylyň geçmegi bilen görkezilen pullar döwletiň haýryna geçirilýär.

 

114-nji madda. Ýaşaýyş  jaýyna girizmek hakynda ýerine

                           ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmek

1. Ýaşaýyş jaýyna girizmek kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýyna algydaryň päsgelçiliksiz girmeginiň we ýaşamagynyň üpjün edilmegini öz içine alýar.

2. Kazyýet ýerine ýetirijisi jaýa girizmegiň wagty hakynda algydara we bergidara resmi taýdan habar berýär. Jaýa girizmegiň wagty hakynda degişli tertipde habar berlen bergidaryň bolmazlygy ýerine ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Algydary jaýa girizmek ykrarnama bilen resmileşdirilýär we güwäleriň gatnaşmagynda geçirilýär.

4. Eger ýaşaýyş jaýyna girizilenden soň üç ýylyň dowamynda bergidar algydaryň ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýynda ýaşamagyna (bolmagyna) gaýtadan päsgelçilik döredýän bolsa, algydaryň arzasy esasynda uly kazyýet ýerine ýetirijisi ýa-da şol kazyýetiň kazysy tarapyndan kazyýet ýerine ýetirijiniň ýerine ýetiriş önümçiligi bes etmek hakynda karary ýatyrylyp, ýerine ýetiriş önümçiligi dikeldilip bilner. Bu ýagdaýda kazyýet ýerine ýetirijisi gaýtadan ýaşaýyş jaýyna algydaryň girizilmegini üpjün edýär, şeýle hem bergidar barada administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzýär we teswirnamany kazyýete berýär.

5. Eger algydaryň ýerine ýetiriş resminamasynda görkezilen ýaşaýyş jaýynda ýaşamagyna (bolmagyna) päsgelçilik şol jaýda ýaşaýan beýleki adamlar tarapyndan döredilýän bolsa, ýerine ýetiriş önümçiligi dikeldilmäge degişli däldir. Bu ýagdaýda algydaryň ýaşaýyş jaýyna girizmek meselesine kazyýet tertibinde seredilýär.

 

X BAP. TÖLETDIRILEN PUL SERIŞDELERINI

     ALGYDARLARYŇ ARASYNDA PAÝLAMAK

     

115-nji madda. Algydarlaryň talaplaryny

kanagatlandyrmagyň nobatlylygy

1. Bеrgidardan tölеdilip alnan pul möçberi ýеrinе ýеtiriş resminamalary boýunça ähli talaplary kanagatlandyrmak üçin ýеtеrlik bolmadyk mahalynda bu möçber algydarlaryň arasynda aşakda bеllеnеn nobatlylyk tеrtibindе paýlanylýar:

1) alimеnt tölеtmеk baradaky talaplar, işçilеriň wе gullukçylaryň zähmеt hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan talaplar, daýhan birleşigiň agzalarynyň daýhan birleşikde zähmеt çеkmеgi bilеn baglanyşykly talaplar, adwokatlaryň bеrеn ýuridik kömеginiň hakynyň tölеnilmеgi baradaky talaplar, esеrlеriniň pеýdalanylandygy, awtorlyk şahadatnamasy bеrlen açyş, oýlap tapyş wе sеnagat nusgasy üçin awtorlaryň almaga dеgişli hakynyň tölеnilmеgi baradaky talaplar, maýyp bolandygy ýa-da saglyga başga şikеs ýеtirilеndigi zеrarly ýеtirilеn zеlеliň öwеziniň tölеnilmеgi baradaky, şеýlе hеm ekleýjisiniň ölmеgi sеbäpli bildirilýän talaplar birinji nobatda kanagatlandyrylýar.

         2) salgytlar wе Türkmenistanyň döwlet býujеtinе gеçirilýän salgyt däl tölеglеr baradaky talaplar, hökmany ätiýaçlandyryş boýunça döwlеt ätiýaçlandyryş edaralarynyň talaplary, jеnaýat edilmеgi ýa-da administratiw hukuk bozulmagy zеrarly eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslara ýеtirilеn zyýanyň öwеziniň dolunmagy baradaky talaplar ikinji nobatda kanagatlandyrylýar.

         3) girеwe goýlan emlägiň bahasyndan tölеtmеk hakynda girеw bilеn üpjün edilеn talaplar üçünji nobatda kanagatlandyrylýar.

         4) eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň girеw bilеn üpjün edilmеdik talaplary dördünji nobatda kanagatlandyrylýar.

         2. Ähli bеýlеki talaplar ýokarda görkezilen tertipdäki nobatdan soň kanagatlandyrylýar.

3. Ýokarda görkеzilеn talaplar doly kanagatlandyrylandan soň ätiýaçlandyryş baradaky talaplar hеm-dе jеnaýat edilmеgi ýa-da administratiw hukuk bozulmalary zеrarly raýatlaryň emläginе ýеtirilеn zyýanyň öwеziniň tölеnilmеgi barada olaryň talaplary kanagatlandyrylýar.

4. Indiki nobatdaky talaplar ondan öňdäki nobatdaky talaplar doly üzülеndеn soň kanagatlandyrylýar. Tölеdilip alnan möçber bir nobatdaky ähli talaplary doly kanagatlandyrmak üçin ýеtеrlik bolmadyk mahalynda bu talaplar hеr algydaryň almaga dеgişli möçberinde deň ölçeg esasda kanagatlandyrylýar.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda dеmir ýol, dеňiz, dеrýa, howa  ulaglary, aragatnaşyk edaralarynyň wе karz edaralarynyň işi bilеn baglanyşykly tölеgi tölеtmеk baradaky talaplary artyk hukuklylyk ýagdaýynda kanagatlandyrmak hakyndaky kadalar bеllеnip bilnеr. Aýry-aýry halatlarda Türkmеnistanyň kanunçylygynda gaýry talaplary hem artyk hukuklylyk ýagdaýynda kanagatlandyrmak hakyndaky kadalar bеllеnip bilnеr.

6. Karz edaralarynda bergidaryň hasaplaryndan tölegi töledip almak baradaky talaplary kanagatlandyrmagyň nobatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

 

         XI BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ HEREKETLERINI

                          AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA

                          ÇYKDAJYLAR WE OLARYŇ ÖWEZINI

                          DOLMAGYŇ TERTIBI

 

         116-njy madda. Ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmak 

                            boýunça çykdajylar

1. Ýerine ýetiriş hereketlerini guramak we geçirmek üçin sarp edilen Türkmenistanyň döwlet býujеtiniň serişdeleri hem-de ýerine ýetiriş önümçiliginiň taraplarynyň serişdeleri ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmak boýunça çykdajylar bolup durýarlar. 

2. Ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmak boýunça çykdajylara şu aşakdaky hereketler üçin harçlanan serişdeler degişlidir:

1) bergidaryň emlägini ýüze çykarmaga, gözden geçirmäge, baha kesmäge; 

2) bergidaryň emläginiň ýazgy we gozgamasyz edilmegini, şeýle emlägiň daşalmagyny we saklanylmagyny guramaga we geçirmäge;

3) gozgamasyz edilen emlägi ýerlemäge;

4) ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyrmaga bellenilen tertipde  çekilen terjimeçileriň, hünärmenleriň we beýleki adamlaryň tölegi üçin; 

5) algydara tutulyp alnan pul möçberlerini poçta boýunça geçirmäge (ibermäge);

6) gündelik hasapdan töledilen pul serişdelerini bermek bilen baglanyşykly bank çykdajylaryna;

7) bergidary gözlemäge; 

 

8) kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş hereketlerini amala aşyranda jemgyýetçilik ulagynyň ähli görnüşlerinde  gitmegine (taksiden başga);

9) ýerine ýetiriş resminamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda  beýleki zerur hereketlere.

3. Tölegi emläkden tutup almak baradaky ýerine ýetiriş resminamalary boýunça mejbury ýerine ýetirmek hereketleri geçirilende bergidardan  Türkmenistanyň Döwlet býujetine, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslaryň haýryna tutulyp alnan ýa-da töledilen puluň 5 (bäş) göterimi möçberinde şol bergidaryň hasabyndan kazyýet ýerine ýetirijisine sylag tölegi tölenýär.

4. Sanalyp geçilen çykdajylar we tölegler kazynyň kesgitnamasy boýunça döwletiň haýryna ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisiniň haýryna bergidardan tutulyp alynýar.

 

         117-nji madda. Ýerine ýetiriş hereketleriň amala 

                           aşyrylmagy bilen bagly çykdajylaryň 

                           öwezini dolmagyň tertibi

1. Ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylanda çekilen çykdajylar bergidardan  tutulyp alynýar. 

2. Ýerine ýetiriş resminamasynyň berilmegine esas bolan kazyýetiň  ýa-da beýleki edaranyň kararynyň ýatyrylmagy zerarly ýerine ýetiriş önümçiligiň bes edilmegine algydaryň sebäp bolmagyndan başga halatlarda, ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylanda çekilen çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujet serişdeleriniň hasabyna geçirilmäge degişlidir.

3. Algydaryň bergidardan alnan zatlary almakdan esassyz ýüz döndermegi zerarly ýerine ýetiriş önümçiligi bes edilende, ýerine ýetiriş hereketleri amala aşyrylanda çekilen çykdajylar algydardan tutulyp alynýar. 

4. Türkmenistanyň Döwlet býujet serişdeleriniň hasabyna çekilen çykdajylary töletmek we olary çeken edara ýa-da adama öwezini dolmak ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisine sylag tölegini töletmek boýunça kazyýet ýerine ýetirijisiniň teklipnamasynyň we geçirilen harajatlary tassyklaýan resminamalaryň esasynda kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar. 

5. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň teklipnamasyna kazyýet tarapyndan seretmek bergidara we algydara habar bermek arkaly amala aşyrylýar, ýöne olaryň gelmezligi işe seredilmegine päsgelçilik döretmeýär. Kazyýetiň kesgitnamasynyň nusgasy üç gün möhletde bergidara we algydara iberilýär. Kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat ýa-da hususy teklipnama getirilip bilner.

6. Kanuny güýje giren kazyýet kararynyň ýerine ýetirilendigi bilen  bagly kazyýet ýerine ýetirijisine tölenen sylag tölegi gözegçilik tertibinde kazyýet kararynyň üýtgedilen ýa-da ýatyrylan halatynda yzyna gaýtarylyp alynmaýar we töledilmäge degişli däldir.

 

118-nji madda. Çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna

         öwürmеk

1. Ýerinе ýеtirilеn nama ýatyrylan mahalynda wе işе täzеdеn garalandan soň hak islеgini kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek ýa-da bölekleýin kanagatlandyrmak hakynda çözgüt çykarylan mahalynda, ýa-da iş ýörеtmеgi bеs etmеk ýa-da hak islеgini garaman galdyrmak hakynda kеsgitnama çykarylan mahalynda, ýatyrylan çözgüt boýunça hak islеýjiniň pеýdasyna bergidardan tölеdilip alnan ähli zat oňa gaýtarylyp bеrilmеlidir (çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk).

2. Emlägi bolşy ýaly görnüşdе gaýtaryp bеrmеk mümkin bolmadyk mahalynda, kazyýetiň çözgüdindе, kеsgitnamasynda, kararynda bu emlägiň gymmatyny pul bilеn tölеmеk göz öňündе tutulyp bilnеr.

 

119-njy madda. Depozit pul serişdelerini hasaba

 almagyň we olary algydarlara

 bermegiň tertibi

1. Bankdaky depozit hasaplaryny gözegçilik etmek üçin we olarda saklanýan pul serişdeleriniň degişliligini kesgitlemek üçin kazyýet ýerine ýetirijileri banklaryň degişli maglumatlary boýunça depozit pullaryň hasabyny alyp barmaga borçludyrlar.

2. Birnäçe kazyýet ýerine ýetirijileri bolan etrap (şäher) kazyýetlerinde depozit pul serişdelerini hasaba alýan bir kitap bir ýyl möhlet bilen açylýar we ol hasaba alýan kitaby uly kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan ýöredilýär. Kitap belgilenen, bagjyklanan we kazyýetiň möhri bilen tassyklanmalydyr.

3. Algydarlara kazyýet çözgütleri boýunça degişli pul serişdelerini bermek babatda ähli işler, diňe depozit hasabynyň üsti bilen etrap (şäher) kazyýetiň başlygynyň adyna ýazylan çeki ýa-da degişli pul serişdelerini edaralaryň we guramalaryň geçirmegi üçin töleg tabşyryklary ýazyp bermek ýoly bilen amala aşyrylyp bilner. Depozit hasabyndan pul serişdeleri poçtanyň üsti bilen geçirilende, tabşyryk ýazylýar we oňa ähli algydarlaryň salgylary we geçirilmeli pul serişdeleri görkezilen sanaw goşulýar.

4. Hut öz adyna ýazylan çekler algydaryň özüne ýa-da onuň puly almaga ynanan şahsyýetiniň adyna ýazylan ynanç haty bolan adama pasportyny ýa-da onuň şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasy bolan  ýagdaýynda berilýär we bu barada çekiň arka ýüzünde ýörite bellik edilip, resminamanyň belgisi, onuň berlen senesi we kim tarapyndan berlenligi görkezilýär. Çeke we tabşyryga etrap (şäher) kazyýetiniň başlygy ýa-da orunbasary, ýa-da kazysy (birinji gol), şeýle hem kazyýet ýerine ýetirijisi (ikinji gol) gol çekýär.

5. Çeki berýäniň adyna, şeýle hem kazyýet ýerine ýetirijisiniň we bölümleriň, müdirligiň beýleki işgärleriniň adyna çekiň göçürmesini bermek gadagandyr, oňa diňe kazyýet ýerine ýetirijisine sylag tölegi gowşurylmaly bolanda ýol berilýär.

6. Depozit pul jemlerini hasaba alýan kitap açylanda, onuň içine etrap (şäher) kazyýetiniň bankynyň depozit hasabynda hasaba alýan kitabynyň açylan gününde galan ähli pul serişdeleri ýazylýar. Bankdan şahsy hasabyň göçürmesi alnan ýagdaýynda onuň gelşine görä ýazgy girizilýär. Depozit jemlerini hasaba alýan kitap aýda bir gezekden az bolmadyk möhletde, etrap (şäher) kazyýetiniň başlygy ýa-da kazysy tarapyndan bankyň depozit hasabyndan alnan göçürme bilen gelen we berlen pul serişdelerini deňeşdirmek we sanatmak ýoly bilen barlanýar we şonuň netijesinde her aýyň 1-ne galan pul müşderiler bilen hasaplaşmak üçin bankyň edara tarapyndan açylan hasabyndan alnan göçürme boýunça depozit jemlerine gabat gelmelidir.

7. Depozit jemleriniň galyndysynyň barlagy boýunça bölümleriň, müdirligiň ýolbaşçylary hasaba alýan kitabyna “barlandy” diýen ýazgyny ýazýar we bu ýazgyny öz goly bilen tassyklaýar.

8. Bankyň depozit hasabynda täze ýylyň ýanwar aýynyň 1-ne galan pul serişdeleri her bir galan pul serişdeleri aýratynlykda doly ady bilen we kime degişlidigi görkezilip täze kitaba geçirilýär.

9. Bankda depozit hasaby etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň adyna açylýar.

10. Etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň depozit hasabyna goýlan pul serişdeleri şu aşakdaky tertipde saklanýar:

1) raýatlara berilmäge degişli depozit pul serişdeleri – üç ýylyň  dowamynda;

2) öz işini hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrýan döwlet kärhanalaryna we guramalaryna, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryna geçirmäge degişli depozit pul serişdeleri – bir ýylyň dowamynda;

3) Türkmenistanyň Döwlet býujetindеn we ýerli býujetden maliýeleşdirilýän edaralara geçirilmäge degişli depozit jemleri, eger-de şol  pul serişdeleri şol ýylyň dekabr aýynyň 31-ne çenli goýlan bolsa, çözülmedik kazyýet işleri boýunça kazyýet çözgüdiniň çykarylan ýylynyň dekabr aýynyň 31-ne çenli saklanýar. 

11. Eger-de depozitine pul serişdeleri ýa-da gymmatlyklar geçen gurama ýa-da şahs serhetden daşarda (daşary ýurt döwletinde) bolsa, onda bu bellenen möhletler, şol gurama  ýa-da şahs öz atlaryna depozit goýlan pullary we gymmatlyklary peýdalanmaga rugsat berýän görkezmäni alanyndan soň başlanýar. Görkezilen möhletlerden soň, çözülmedik kazyýet işleri boýunça depozite goýlan pul serişdeleri kazyýetiň çözgüdi çykaran gününden başlap hasaplanyp alynýar, galan ýagdaýlarda – depozit pul jemleri goýlanyň adyna şol şahsa ýa-da gurama habarnama iberilen gününden başlap hasaplanyp alynýar.

12. Bu düzgün girewe goýlan zatlara, raýat hak islegini üpjün edýän tertipde depozit hasabyna goýlan pul serişdelerine we karzdarlaryň arasynda paýlaşylmaga degişli pul serişdelerine degişli däldir. 

13. Bu pul serişdelerini saklamagyň möhleti, hak islegini şahsa bu pul serişdelerini degişliligi boýunça bermek hakynda kazynyň beren görkezmesi baradaky habarnama iberilen gününden başlap hasaplanyp berilýär.

14. Depozit hasabynyň ýolbaşçysy bolan etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlygyndan ýa-da orunbasaryndan, ýa-da kazysyndan (ýeke kazy bolsa), welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň degişli müdirliginiň müdirinden ýa-da orunbasaryndan başga hiç kim depozit hasabyndan pul serişdelerini çykarmak ýa-da bermek barada görkezmäni berip bilmeýär.

 

XII BAP. KAZYÝETLERIŇ WE BEÝLEKI 

EDARALARYŇ, DAŞARY ÝURT RAÝATLARY, 

RAÝATLYGY BOLMADYK ADAMLAR WE

DAŞARY ÝURT EDARALARY BABATDAKY 

KARARLARYNY ÝERINE ÝETIRMEK

 

120-nji madda. Kazyýetleriň we beýleki edaralaryň,

daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk

adamlar we daşary ýurt edaralary

babatdaky kararlaryny ýerine ýetirmek

Kazyýetleriň we beýleki edaralaryň daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we daşary ýurt guramalary babatdaky kararlaryny ýerine ýetirmek şu Kanuna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

121-nji madda. Halkara we daşary ýurt kazyýetleriniň,

arbitražlarynyň çözgütlerini ýerine ýetirmek

Türkmenistanda halkara we daşary ýurt kazyýetleriniň, şeýle hem arbitražlarynyň çözgütlerini ýerine ýetirmek Türkmenistanyň degişli halkara şertnamalarynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

122-nji madda. Töledilip alnan pul serişdelerini daşary ýurt

döwletine ibermegiň tertibi

1. Daşary ýurt döwletleri bilen  raýat we jenaýat işleri boýunça hukuk kömeklerini bermek baradaky şertnamalara laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde  daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň we arbitražlarynyň çözgütleriniň mejbury ýerine ýetirilişi baradaky kesgitnama bergidaryň ýaşaýan ýerindäki kazyýet tarapyndan çykarylýar. Daşary ýurt döwletiniň kazyýetiniň we arbitražynyň kanuny güýje giren çözgüdi, şeýle-de Türkmenistanyň kazyýetiniň ony mejbury suratda ýerine ýetirmäge rugsat berýändigi hakyndaky kesgitnamasy esasynda ýerine ýetiriş resminamasy bergidaryň ýaşaýan ýerindäki kazyýetiň kazyýet ýerine ýetirijisine şu Kanunda bellenen kadalar boýunça ýerine ýetirmek üçin iberilýär.

2. Kazyýet çözgütleriniň we Türkmenistanyň hukuk kömegini bermek baradaky şertnama baglaşan döwletleriniň ýustisiýa edaralarynyň olara deň bolan ykrarnamalarynyň, şeýle hem daşary ýurtda ýaşaýan raýatlaryň peýdasyna Türkmenistanyň kazyýetiniň çözgütleriniň esasynda töledilen pul Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bergidaryň aýlyk zähmet hakyndan tutup alynýar.

3. Kazyýetiň depozit hasabyna bergidardan alnan pullar gelip gowşan halatynda, olary algydarlara geçirmek işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Töleg tabşyrygynda bu pullary hasapdan aýyrmak we olary algydaryň salgysyna ibermek üçin depozit  hasaby görkezilýär.

4. Türkmenistanyň kazyýetleriniň çözgütleri boýunça ýuridik we fiziki şahslaryndan daşary ýurt döwletinde ýaşaýan adamlaryň peýdasyna alynýan pul serişdeleri, algydarlara bu pul serişdelerini daşary ýurt döwletine ibermäge ýa-da olary Türkmenistanyň karz edaralarynda açylan algydarlaryň hasabyna goýmaga rugsat edilýänçä kazyýetiň depozit hasabynda saklanýar. Degişli rugsat berlenden soň görkezilen pul serişdelerini daşary ýurt döwletine ibermek bellenilen tertipde Türkmenistanyň degişli bankynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

 

XIII BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ ÖNÜMÇILIGI HAKYNDAKY

         KANUNÇYLYGYŇ BOZULMAGY ÜÇIN 

         JOGAPKÄRÇILIK

 

123-nji madda. Ýerine ýetiriş resminamasynyň ýerine

                          ýetirilmezligi üçin  jogapkärçilik

1. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan şu Kanunyň we ýerine ýetiriş resminamasynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

2. Bergidaryň jogapkärçilige çekilmegi ony ýerine ýetiriş resminamasynda göz öňünde tutulan hereketleri ýerine ýetirmek  borjundan boşatmaýar.

 

IV bölüm. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

124-nji madda. Ýerine ýetiriş resminamalary boýunça 

                           töleg töledilip alnyp bilinmejek emlägiň

                          görnüşleriniň sanawy

1. Ýerine ýetiriş resminamalary boýunça bergidaryň şahsy eýeçilik hukugy esasynda degişli bolup durýan ýa-da onuň umumy eýeçilikdäki paýy bolup durýan hem-de bergidar üçin we onuň ekläp-saklamagynda durýan adamlar üçin zerur bolan emlägiň we zatlaryň şu aşakdaky görnüşleri töleg töledilip alynmaga degişli däldir:

1) bergidaryň we onuň maşgalasynyň hemişelik ýaşaýan ýeke-täk ýaşaýyş jaýy, öýi ýa-da onuň aýry-aýry bölekleri;

2) esasy käri oba hojalygy bolup durýan adamlar üçin hojalyk maksatly gurluşyklar we maşgala agzalarynyň üpjünçiligini kanagatlandyrmak üçin zerur bolan mukdardaky öý mallary, şeýle hem mallary üçin ot-iýmler;

3) oba hojalyk ekinleriniň nobatdaky ekişi üçin zerur bolan tohumlar;

4) öý goş-golamlary, gap-çanaklar, geýimler;

5) geýim, aýakgap, içki geýimler, ýorgan-düşekler, ulanyşdaky aşhana we naharhana enjamlary; 

6) bergidaryň we onuň maşgala agzalaryna aýratyn zerur bolan mebel, şol sanda bir sowadyjy (holodilnik) we bir kondisioner;

7) keçeler, iki haly, iki palas;

8) çagalara degişli ähli zatlar.

2. Eger bergidaryň esasy käri oba hojalygy bolup durýan bolsa, bergidar we onuň maşgalasy üçin täze hasyla çenli zerur bolan mukdardaky azyk önümleri. 

3. Bergidaryň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň professional kärlerini dowam etdirmek üçin zerur bolan zatlar (şol sanda gollanmalar we kitaplar).

 

125-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji  iýulyndan güýje girýär.       

2. Şu Kanun güýje girýänçä Türkmenistanyň Ministrler Kabineti degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmeli we kabul etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 135-V.