Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşanynyň ýazgysyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşanynyň

ýazgysyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 147-nji madda)

 

(11.07.2023 ý. № 40-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşanynyň Ýazgysyny rejelenen görnüşde tassyklamaly (goşulýar).

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.

№ 146-V.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşanynyň 

ÝAZGYSY

(rejelenen görnüşi)

 

(11.07.2023 ý. № 40-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşany tegelek görnüşde bolup, ol biri-birine galtaşýan iki sany inedördüliň burçlary bilen emele gelen dogry sekizburçly ýyldyzy emele getirýär. Ýyldyz altyndan ýerine ýetirilen we dürli ululykdaky göwher daşlarynyň 128-si bilen bezelen Gün şöhleleriniň 48-sinden ybaratdyr. Nyşanyň umumy diametri - 60 mm.

Nyşanyň merkezinde merkezden çykýan Gün şöhleleriniň suduryndaky içki tegelegiň merkezi böleginde Türkmenistanyň altyn reňkli kartasy, töwereginde bolsa altyn ýarym aýyň we ýyldyzlaryň bäşisiniň şekilleri bar. Diametri 5 mm bolan her bir ýyldyza göwher daşy oturdylan. 

Töwerek boýunça ini 3 mm zolakda zümerret daşlarynyň 50-si halkalaýyn ýerleşdirilýär. Zümerret daşlary ýerleşdirilen zolagy hem goşmak bilen tegelegiň umumy diametri - 37,5 mm.

Nyşanyň arka tarapynda «Altyn Aý» Türkmenistanyň nyşany» diýen ýazgy we oýulyp ýazylan tertip belgisi bar. 

Nyşan halkajyk arkaly ini 30 mm, beýikligi bolsa 23 mm bolan kolodka bilen birleşdirilýär. Kolodkanyň ýokarky böleginde ini 30 mm, beýikligi bolsa 9,5 mm bolan gönüburçly çarçuwada «TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY» diýen ýazgy bar. Kolodkanyň bu bölegi gyzyl reňk bilen syrçalanan. Ini 26 mm, beýikligi bolsa 13,5 mm bolan ýerligi ýaşyl reňk bilen syrçalanan aşaky bäşburçly bölekde ýaýrap gidýän altyn reňkli zeýtun şahalarynyň ikisi şekillendirilen. 

Türkmenistanyň «Altyn Aý» nyşany we onuň kolodkasy 750 mähekli altyndan ýasalýar.