Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ýerasty baýlyklar hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Ýerasty baýlyklar hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 161-madda)

 

(05.01.2018 ý. № 685-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek, peýdalanmak we goramak, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de mineral-çig mal binýady döretmäge we giňeltmäge, döwletiň we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýerasty baýlyklardan peýdalanmak babatda bähbitleriniň, şeýle hem ýerasty baýlyklardan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ýerasty baýlyklar – toprakly gatlakdan aşakda ýerleşen, onuň ýok ýerinde bolsa, ýer üstünden aşakda we geologik taýdan öwrenmek hem-de özleşdirmek üçin baryp bolýan çuňluklara çenli ýaýylyp gidýän suw obýektleriniň düýbinde  ýerleşýän ýer gabygynyň bölegi; 

2) buraw guýusy – silindr görnüşde bolan we çuňlugy diametrine garanyňda ep-esli ululygy bilen häsiýetlendirilýän dag-magdan gazysy; 

3) mineral-çig mal binýadyny üznüksiz öndürme – dag-magdan kärhanalarynyň we senagatyň beýleki pudaklarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gazylyp çykarylan gorlarynyň üstüniň ýetirilmegine gönükdirilen çäreler toplumy (şol sanda geologiýa - barlag işlerini geçirmek);

4) ýerasty baýlyklar hakynda geologik maglumat – geologiýa, geohimiýa, geofizika, gidrogeologiýa, geomorfologiýa, tektonika barlaglary barada maglumatlary, dag-magdan gazylarynyň, buraw guýularynyň tehniki resminamasyny, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çaklanylýan gor serişdeleri we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagynyň balans gorlary, ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň çägindäki işleriň we obýektleriň meýdançalary barada maglumatlary özünde saklaýan materiallaryň jemi;

5) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek – çäkleri sebitleýin geologik taýdan öwrenmegi, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemegi, baha bermegi we barlamagy, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň mukdaryny we hilini hem-de olaryň içindäki peýdaly düzüm böleklerini kesgitlemegi, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň tehnologik häsiýetlerini we ýataklaryň ykdysady taýdan gymmatlygyny, şeýle hem desgalary gurmak hem-de ýerasty baýlyklaryň beýleki häsiýetlerini öwrenmek üçin inžener-geologik gözlegleri öz içine alýan ýer gabygynyň geologik gurluşynyň aýratynlyklaryny aýdyňlaşdyrmak boýunça ýörite barlag işleriniň toplumy;

6) dag-magdan gazysy – gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gözlemegiň, barlamagyň, taýýarlamagyň we gazyp çykarmagyň netijesinde, şeýle hem ýerasty desgalar gurlan mahalynda döredilen ýer gabygyndaky emeli boşluk;

7) dag-magdan bölünip berilýän ýer – gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak, ýerasty baýlyklaryň geotermal gorlaryny peýdalanmak, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary gurmak we (ýa-da) ulanmak üçin ýerasty baýlyklaryny peýdalanyja berilýän geometriýalaşdyrylan bölek ýa-da ýerasty baýlyklaryň ýer bölegi;

8) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň döwlet seljermesi – ýerasty baýlyklardan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny hasaplamak üçin amala aşyrylýan mineral-çig malyň kondisiýalarynyň, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny tassyklamak maksady bilen senagat taýdan özleşdirmek üçin ýatagyň taýýarlyklylygyny kesgitlemek bilen utgaşdyrylýan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanan gorlaryny hasaplamagyň materiallarynyň döwlet seljermesi;

9) kondisiýa – ýerasty baýlyklardaky gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň mukdaryna we hiline, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň senagat taýdan peýdalanylmagy üçin ýaramlylygyny kesgitleýän, ýataklary özleşdirmegiň dag-geologik we beýleki şertlerine bildirilýän ykdysady taýdan esaslandyrylan talaplaryň jemi;

10) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň döwlet balansy – gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklar boýunça gorlarynyň mukdary, hili, öwreniliş derejesi we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň görnüşleri boýunça mineral-çig mal binýadynyň ýagdaýyny hasaba almak maksady bilen olaryň senagat taýdan özleşdirilişiniň derejesi baradaky maglumatlaryň ulgamlaşdyrylan ýygyndysy;

11) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak – tebigy görnüşinde ýa-da ilkinji gezek işläp taýýarlanylandan (arassalanandan, baýlaşdyrylandan) soň senagat we beýleki hojalyk taýdan peýdalanmak maksady bilen ýerasty baýlyklardan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykaryp alma;

12) umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar –gurluşyk materiallaryny öndürmek hem-de hojalyk hajatlary üçin olary tebigy görnüşinde ýa-da sähelçe işlenilen we arassalanylan ýagdaýynda ulanylýan bozulan we (ýa-da) tebigy ýagdaýyndaky giňden ýaýran minerallar we dag jynslary;

13) ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň öz hususy hajatlary üçin umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary we ýerasty suwlary gazyp çykarmagy – gazylyp alnan umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar ýa-da ýerasty suwlar babatda soňra geleşik etmezlik şerti bilen, döwlet eýeçiliginde ýa-da kärende hukugynda duran ýer böleginde amala aşyrylýan gazylyp çykarylyş;

14) dag-magdan kärhanasy – gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak we ulanylyş taýdan barlamak, ilkinji gezek işläp taýýarlamak (arassalamak, baýlaşdyrmak), ýerasty baýlyklaryň geotermal gorlaryny peýdalanmak maksady bilen ýerasty baýlyklardan peýdalanmagy amala aşyrmak üçin zerur bolan desgalaryň toplumy;

15) dag-magdan kärhanasyny temmeleme – dag-magdan we onuň bilen baglanyşykly işleri wagtlaýyn togtatmagy, dag-magdan gazylaryny hem-de dag-magdan kärhanasynyň beýleki desgalaryny geljekde ulanmaga ýa-da başga bir maksatly peýdalanmaga ýararly ýagdaýda gorap saklamagy üpjün edýän çäreler toplumy;

16) dag-magdan gazylaryny temmeleme – ýerasty we açyk dag-magdan gazylaryna barylmagyny wagtlaýynça aradan aýyrýan hem-de dag-magdan gazylaryny, buraw guýularyny we beýleki ýerasty desgalary, geljekde olary ulanmaga ýararly ýagdaýa getirmek mümkinçiligini üpjün etmek boýunça çäreleriň hökmany amala aşyrylmagyna gönükdirilen çäreler toplumy;

17) dag-magdan kärhanasyny ýapmak – dag-magdan gazylaryny petiklemek, dag-magdan kärhanasynyň olary geljekde ulanmak, ilatyň saglygyny we daşky gurşawy goramak, jaýlaryň hem-de desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiligini aradan aýyrýan jaýlaryny, desgalaryny, enjamlaryny ýykmak we söküp aýyrmak boýunça çäreler toplumy;

18) dag-magdan gazylaryny petiklemek  ýerasty we açyk dag-magdan gazylaryny peýdalanmak mümkinçiligini aradan aýyrýan çäreleri hökmany amala aşyrmaga gönükdirilen çäreler toplumy;

19) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagy – mukdar we hil babatda we ýatagynyň şertleri boýunça  hereket edýän ykdysady şertlerde tehnikanyň we tehnologiýanyň häzirki ýagdaýynda senagat taýdan işlenip boljak gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň tebigy ýygnanmasy;

20) mineralogik, paleontologik we beýleki geologik kolleksiýa materiallary – ylmy, çeper-bezeg we beýleki maksatly kolleksiýalary döretmek we üstüni ýetirmek üçin, şeýle hem çeperçilik hem-de beýleki senetçilik ugurlary üçin material hökmünde peýdalanylyp bilinjek materiallaryň, dag jynslarynyň we baýlyklarynyň, floranyň we faunanyň daşa öwrülen galyndylarynyň nusgalary;

21) mineral-çig mal – süýji, bejeriş, geotermal suwlary we uglewodorod-çig maly hasaba almazdan, ýeriň üstüne çykarylyp alnan, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň düzüminde bar bolan dag jynsy, magdan-çig maly;

22) mineral-çig mal binýady – ýerasty baýlyklaryndaky gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanylyp tapylan hem-de deslapky bahalandyrylan gorlarynyň we gor serişdeleriniň jemi;

23) ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy – ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmak hukugyna eýe bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

24) tejribe-senagat taýdan gazyp çykarma – ýerasty baýlyklaryň degişli ýer böleginiň geologik gurluşy, özleşdirmegiň dag-geologik şertleri, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň mukdary we mineral düzümi, magdanlary gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy, dag-magdan enjamyny saýlamak we ýatagy ulanmagyň usuly barada bar bolan maglumaty anyklamak we goşmaça maglumaty almak maksady bilen, bahalandyryş işleriniň tapgyrynda geçirilýän, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarma;

25) esasy gazylyp alynýan peýdaly baýlyk ýatagyň senagat taýdan ähmiýetini, ýatagy peýdalanmagyň esasy ugruny kesgitleýän we başlangyç çig malda has ýokary düzümi ýa-da ýatagyň gorlarynda has ýokary udel agramy bar bolan gazylyp alynýan peýdaly baýlyk;

26) ýerasty baýlyklary rejeli peýdalanmak – gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary has doly çykaryp almagy we ýerasty baýlyklaryň beýleki gorlaryny netijeli peýdalanmagy, ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işler geçirilen mahalynda ýerasty baýlyklaryň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny, bellenilen işleriň zyýanly täsirini peseltmegi, şeýle hem ýerasty baýlyklar peýdalanylan mahalynda daşky tebigy gurşawyň beýleki düzüm böleklerini (komponentlerini) goramagy üpjün edýän, hukuk, guramaçylyk, tehniki, tebigaty goraýyş we beýleki çäreleriň toplumy;

27) gorag didiwany – ilatly nokatlaryň, düýpli desgalaryň we oba hojalyk obýektleriniň çäklerindäki döwlet tebigy goraghanalarynyň, milli tebigy seýilgähleriň, döwlet tebigy, taryhy we medeni ýadygärlikleriň çäklerinde hem-de beýleki aýratyn goralýan tebigy çäklerde, iri suw obýektleriniň goralýan zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän ýerasty baýlyklardaky gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary, şeýle hem dag-magdan gazylarynyň we ýerüsti desgalaryň goralyp saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen ýatagy peýdalanmagyň gidişinde ýerasty baýlyklardan çykarylyp alynmadyk ýa-da wagtlaýyn çykarylmadyk gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň magdan ýatagynyň (gatlagynyň) bir bölegi;

28) mineral-çig maly gaýtadan işlemek – mineral-çig malyň düzüminden peýdaly düzüm böleklerini çykaryp almak bilen bagly işler;

29) gözleg-barlag işleri – gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny açmak, olaryň senagat taýdan ähmiýetine baha bermek maksady bilen geçirilýän işleriň toplumy;

30) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar – ýerasty baýlyklaryň gaty, suwuk ýa-da gaz görnüşli ýagdaýda bolan hem-de olaryň himiki düzümi we fiziki häsiýetleri olary maddy önümçilik ulgamynda netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýän tebigy mineral emele gelmeler, uglewodorodlar we ýerasty suwlar;

31) ugurdaş gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar – biri-birine bagly we esasy gazylyp alynýan peýdaly baýlyk bilen bile gazylyp çykarylýan, esasy gazylyp alynýan peýdaly baýlyk işlenilen mahalynda olaryň gazylyp çykarylmagy hem-de işlenilmegi düşewüntli we olaryň hojalyk taýdan peýdalanylmagy ykdysady taýdan maksada laýyk bolup durýan mineral toplumlary (dag jynslary, magdanlar, ýerasty suwlar, duzly suwlar, ugurdaş nebit gazy, gaz kondensady), minerallar, metallar we beýleki himiki elementler hem-de olaryň birleşmeleri;

32) barlag (geologiýa - barlag işleri) – barlanan mahalynda ýüze çykarylan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny geologik taýdan jikme-jik öwrenmek, olaryň gorlaryna we hiline baha bermek bilen baglanyşykly işler;

33) ýataklary işläp geçmek – gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak maksady bilen geçirilýän özara baglanyşykly dag-magdan işleriniň toplumy;

34) hapalanmagyň hasabyna azalmak – gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar gazylyp çykarylan mahalynda oňa boş jisimleri ýa-da kondisiýa laýyk gelmeýän çig maly goşmagyň netijesinde peýdaly düzüm böleginiň mukdaryny azaltma;

35) tehnogen mineral emele gelmeler – ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň dag-magdan gazyp çykaryjy, dag-magdan baýlaşdyryjy, metallurgiýa we önümçilikleriň beýleki görnüşleriniň galyndylary bolup durýan hem-de senagat taýdan peýdalanmaga ýaramly bolan, özünde peýdaly düzüm böleklerini saklaýan mineral emele gelmeleriň, dag jynslarynyň, suwuklyklaryň we garyndylaryň ýygnanmasy;

36) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň serhetüsti ýatagy – ýanaşyk döwletleriň döwlet serhedini kesip geçýän, şonda gazylyp alynýan peýdaly baýlyk çäklendirilen, ýerasty baýlyklaryň ýer bölegi;

37) serhetüsti geologik gurluş – olarda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýanaşyk döwletler üçin bir umumy serhetüsti ýataklary ýatan ýa-da ýatyp bilýän, döwlet serhediniň üstünden geçýän geologik emele gelmeler;

38) ýerasty baýlyklaryň ýer bölegi – ýerasty baýlyklaryň döwlet kadastrynda we dag-magdan bölünip berilýän ýeriň bölünip berlendigini tassyklaýan ykrarnamada şöhlelendirilýän häsiýetnamalary bar bolan, kesgitli giňişlik serhetleri bolan, ýerasty baýlyklaryň bir bölegi;

39) uglewodorod gor serişdeleri – çig nebit we tebigy gaz, şeýle hem olardan öndürilýän ýa-da olar bilen bile gazylyp çykarylan düzüm bölekler; 

40) nebit işleri – «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we şu Kanun esasynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyrylýan uglewodorod serişdelerini agtarmak hem-de gazyp çykarmak boýunça ähli işler.

 

2-nji madda. Ýerasty baýlyklar hakynda Türkmenistanyň

                      kanunçylygy

1. Ýerasty baýlyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanylan mahalynda, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýüze çykýan atmosfera howasyny, ýerleri, suwlary, ösümlik we haýwanat dünýäsini, suwuň biologik serişdelerini goramak bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

3. Nebit işleriniň ýerine ýetirilişiniň dowamynda ýüze çykýan gatnaşyklar, eger şu Kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär. 

4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri

1. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak, Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň bähbitlerini goramagy üpjün etmek, şeýle hem ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň hukuklaryny we tebigy serişdeleri goramak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.

2. Ýurduň ykdysady taýdan ösüşini we Türkmenistanyň halkynyň abadançylygyny üpjün etmek üçin hukuk kepilliklerini bellemek we şertleri döretmek, ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatda kanunçylygy berkitmek, mineral-çig mal binýadyň üznüksiz öndürilmegini üpjün etmek, maýa goýumlaryny çekmek, ýerasty baýlyklary, daşky gurşawy rejeli, toplumlaýyn peýdalanmak we goralmagyny üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmek, hem-de ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri howpsuz alyp barmak şu Kanunyň wezipeleri bolup durýar.

 

4-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň we 

                        goramagyň esasy ýörelgeleri 

Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak şu aşakdaky esasy ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar:

1) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegiň doly ýeterlikliligi we toplumlaýynlygy;

2) ýerasty baýlyklary rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de olary goramak;

3) ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda kadalaşdyrmak;

4) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň tölegliligi;

5) işler amala aşyrylan we ilatyň jany we saglygy, raýatlaryň, şol sanda şahsy telekeçileriň we ýuridik şahslaryň emlägi, şeýle hem döwletiň eýeçiligine degişli emläk goralan mahalynda tehniki howpsuzlygy üpjün etmek;

6) ýerasty baýlyklara, daşky gurşawa we ilatyň saglygyna zyýanly täsiriň öňüni almak.

 

5-nji madda. Ýerasty baýlyklara bolan eýeçilik hukugy

1. Türkmenistanyň ähli çägindäki, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki tebigy ýagdaýyndaky ýerasty baýlyklar we olaryň serişdeleri, Türkmenistanyň halkynyň umumymilli gazananlary we  aýratyn döwlet eýeçiliginde bolup durýar hem-de döwlet tarapyndan diňe peýdalanmaga berilýär.

2. Döwletiň ýerasty baýlyklara bolan eýeçilik hukugyny göni ýa-da gytaklaýyn görnüşde bozýan ylalaşyklar ýa-da hereketler hakyky däl bolup durýarlar.

3. Ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri satyn almagyň, satmagyň, sowgat etmegiň, miras galdyrmagyň, goýum goýmagyň ýa-da başga görnüşde aýrybaşgalamagyň närsesi bolup bilmeýärler.

4. Ýerasty baýlyklara we olaryň serişdelerine erk etmek, şeýle hem ýerasty baýlyklary peýdalanjyny kesgitlemek hukugy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine degişlidir.

 

II BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARY PEÝDALANMAK WE

GORAMAK BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY WE

GÖZEGÇILIGI

 

6-njy madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de 

 goramak babatda döwlet dolandyryşyny we 

 gözegçiligini amala aşyrýan edaralar 

1. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda döwlet dolandyryşy we gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

2) ýerasty baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna hem-de goralyşyna, ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň howpsuz alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

3) tebigaty goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

4) nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

5) nebiti gazyp çykarmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

6) gazy gazyp çykarmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

7) gurluşyk materiallary senagaty babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

8) himiýa senagaty babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy.

 

7-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de 

      goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler 

     Kabinetiniň ygtyýarlylygy

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär we durmuşa geçirýär, ýerasty baýlyklary geologik taýdan toplumlaýyn öwrenilmegini üpjün edýär, döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek arkaly, gazyp çykarmagyň we üznüksiz öndürmegiň depginlerini peýdalanmagyň, mineral-çig mal binýady giňeltmegiň strategiýasyny kesgitleýär;

2) ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýär;

3) ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatda monopoliýa garşy syýasaty alyp barýar;

4) ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatda döwlet maýa goýum syýasatyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

5) ýerasty baýlyklary tölegli peýdalanmak ulgamynyň işlenip taýýarlanylmagyny we kämilleşdirilmegini, mineral serişdeleriň, çig malyň we haryt önümleriniň bazarlarynyň ýagdaýynyň öwrenilmegini utgaşdyrýar;

6) şu Kanuna laýyklykda ýerasty baýlyklary rejeli we howpsuz peýdalanmak hem-de goramak babatdaky meseleleri düzgünleşdirýär;

7) ýerasty baýlyklar barada geologik we beýleki maglumatyň goragyny we ulgamlaşdyrylmagyny üpjün edýän edaralaryň ulgamyny döredýär;

8) ýerasty baýlyklaryň ýagdaýyna döwlet monitoringini alyp barmagyň tertibini belleýär;

9) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň gorlaryny we serişdelerini toparlara bölmegiň taslamalaryny tassyklaýar;

10) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça döwlet topary (mundan beýläk - gorlar boýunça Topar):

1) mineral-çig mala kondisiýalaryň taslamalarynyň tehniki-ykdysady esaslarynyň döwlet geologik-ykdysady seljermesini guraýar;

2) ýerasty baýlyklaryndaky gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny hasaplamak we olary döwlet balansynda hasaba almak üçin kondisiýalary tassyklaýar, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmaga ýaramly ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň materiallaryny we ölçeg möçberlerini tassyklaýar, olaryň döwlet hasabyna alynmagy üçin maglumaty berýär;

3) ýerasty baýlyklar, ýataklary geologik taýdan öwrenmegiň netijeleri boýunça gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary, çäkleriň, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň serişdelerine baha bermegiň materiallary barada geologik maglumatyň döwlet seljermesini guraýar, bu materiallara gyzyklanma bildirýän ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň gatnaşmagynda seredýär;

4) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň gorlarynyň we serişdeleriniň hereket edýän toparlara bölmelere laýyklykda ýerasty baýlyklaryndaky gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny tassyklaýar, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak,   senagat taýdan işlemek ýa-da başga maksatlar bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary gurmak üçin teklip edilýän ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň geljegi barlyk ýa-da geljegi ýokluk derejesini kesgitleýär;

5) ulanyş işleriniň netijeleri we peýdalanmagyň şertlerine täzeden garamagyň zerurlygy boýunça gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryna gaýtadan baha goýulmagy  bilen baglylykda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary we ýerasty baýlyklaryň başga häsiýetleri barada geologik maglumatyň materiallarynyň seljermesini ýerine ýetirýär;

6) ýerasty baýlyklaryndaky gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň ýagdaýyna döwlet monitoringini alyp barýar;

7) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň täjirçilik taýdan açylandygy, ýataklaryň taslamalaşdyrylmaga, baha berilmäge we barlanylmaga, işlenilmäge taýýarlyklylygy, ýataklaryň enjamlaşdyrylandygy we olaryň synag ulanylyşyna hem-de senagat taýdan işlemäge girizilendigi barada netijenama berýär;

8) gyzyklanma bildirýän kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň gatnaşmagynda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň gorlaryny we serişdelerini toparlara bölmeleriň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

9) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň döwlet balansyny düzmek üçin gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň  tassyklanan gorlary hakynda geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna maglumat berýär;

10) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň (umumy ýaýranlaryndan başga) gorlaryny döwlet balansyndan hasapdan aýyrmagyň maksadalaýyklygy we olara geologik, mukdar we ykdysady taýdan gaýtadan baha goýmagyň zerurlygy barada netijenamalary berýär;

11) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär. 

 

8-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de

      goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet

     edaralarynyň ygtyýarlylygy

1. Geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy: 

1) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň geçirilmegini, Türkmenistanyň çäklerindäki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek we barlamak boýunça geologiýa- barlag işlerini amala aşyrýar;

2) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleri döwlet tarapyndan bellige almagy amala aşyrýar;

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary gurmak üçin peýdalanylýan ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrýar;

4) islendik maksatlar üçin peýdalanylýan, dag-magdan gazylarynyň koordinatlaryny, profillerini we kartalaryny, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň we ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň kartalaryny goşmak bilen, ýöne, olar bilen çäkli geologiýa-geofizika taýdan öwrenilenliginiň kartasyny düzýär;

5) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň döwlet hasaba alnyşynyň we döwlet sanawynyň (reýestriniň) alnyp barlyşynyň tertibini belleýär;

6) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň, şol sanda ýerasty suwlaryň döwlet balansyny alyp barýar;

7) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň we ýüze çykmalarynyň, şol sanda ýerasty suwlaryň döwlet kadastryny alyp barýar;

8) ýerasty baýlyklaryň ýagdaýyna döwlet monitoringini alyp barýar;

9) gaty görnüşdäki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek we barlamak maksady bilen gözleýiş we baha beriş guýularyny gazmak işlerini amala aşyrýar;

10) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek we geologiýa- barlag işleri barada Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet geologik gözegçiligini amala aşyrýar;

11) ýerasty suwlaryň ýataklarynyň azalmakdan we hapalanmakdan goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

12) ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga rugsatnama berýär;

13) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär. 

2. Ýerasty baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna hem-de goralyşyna, ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň howpsuz alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) hemme fiziki we ýuridik şahslar – ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar tarapyndan ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak barada, şeýle hem ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri howpsuz alyp barmak barada Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

2) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny (gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň umumy ýaýranlaryndan başga) özleşdirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dag-magdan bölünip berilýän ýerleri berýär;

3) dag we dag-magdan işleriniň howpsuz alnyp barlyşyna, ilata, daşky gurşawa, jaýlara, binalara we beýleki desgalara ýaramaz täsiriniň öňüni almak we ýok etmek maksady bilen dag-magdan önümçiliginiň we desgalarynyň taslamalaşdyrylyşyna, şeýle hem ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň geçirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär.

3. Tebigaty goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly ähli işler geçirilen mahalynda, şol sanda nebitiň, gazyň ýa-da beýleki maddalaryň we materiallaryň ýer astynda saklanylan, önümçiligiň zyýanly maddalarynyň we galyndylarynyň gömülen, akdyrylýan hapa suwlaryň dökülen mahalynda ýerasty baýlyklaryň hapalanmagynyň öňüni almak böleginde ýerasty baýlyklaryň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerasty baýlyklaryň döwlet kadastryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

3) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär. 

4. Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) Türkmenistanyň çäkleriniň nebitgaz we mineral-çig mal serişdeleri bilen üpjünçiligine seljermäni we olaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň obýektlerinde daşky gurşawy goramak babatda ekologik kadalaryň we düzgünleriň ýerine ýetirilişine seljermäni amala aşyrýar;

3) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär. 

5. Nebiti gazyp çykarmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we nebiti hem-de ugurdaş nebit gazyny gazyp çykarmagy amala aşyrýar;

2) nebiti gazyp çykarmagyň meýilleşdirilen derejelerine ýetmek üçin ulanyş buraw guýularyny, şeýle hem zerur ýagdaýlarda, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagynyň ýa-da onuň bölekleriniň  gözlegi tamamlanylandan soň, kerni çykaryp almak bilen ulanyş-barlag guýularyny gazmagy amala aşyrýar;

3) buraw guýularyny ulanmagy, barlamagy, ýerasty we düýpli bejermegi, şeýle hem nebitiň gazylyp çykarylyşyny güýçlendirmegi amala aşyrýar;

4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär.

6. Gazy gazyp çykarmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) gazly we gazkondensatly ýataklary özleşdirmegi amala aşyrýar;

2) gazy gaýtadan işlemek, gazy hem-de gazyň gaýtadan işlenilen önümlerini eksport etmek, gerekli enjamlary we materiallary satyn almak, daşary ykdysady işde marketing boýunça işleri guraýar we amala aşyrýar;

3) gazy we gaz kondensadyny gazyp çykarmak boýunça önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmegiň we artdyrmagyň, tebigy gazy taýýarlamagyň, gaýtadan işlemegiň we daşamagyň, şeýle hem gazy hem-de gazyň gaýtadan işlenilen önümleriniň eksportynyň uzak möhletleýin we gysga möhletleýin maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;

4) tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly önüm öndürmegi, şeýle hem onuň saklanylmagyny amala aşyrýar;

5) tebigy gazy, onuň gaýtadan işlenilen önümlerini we gaz kondensadyny sarp edijilere hem-de Türkmenistanyň çäklerinden daşyna daşamagy amala aşyrýar;

6) gaz kondensadyny, tebigy gazy we onuň gaýtadan işlenilen önümlerini Türkmenistanyň sarp edijilerine ýerlemegi, şeýle hem tebigy gazy we onuň gaýtadan işlenilen önümleriniň eksportyny amala aşyrýar;

7) tebigy gazy gazyp çykarmagyň meýilleşdirilen derejelerine ýetmek üçin ulanyş guýularyny, şeýle hem zerur ýagdaýlarda, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagynyň ýa-da onuň bölekleriniň  gözlegi tamamlanylandan soň, kerni çykaryp almak bilen ulanyş-barlag guýularyny gazmagy amala aşyrýar;

8) buraw guýularyny ulanmagy, barlamagy, ýerasty we düýpli bejermegi, şeýle hem gazyň gazylyp çykarylyşyny güýçlendirmegi amala aşyrýar;

9) öňdebaryjy usullary ulanmak bilen geofiziki işleriň geçirilmegini amala aşyrýar;

10) nebitgaz çüwdürimleriniň emele gelmeleriniň öňüni almak we olar dörän mahalynda netijelerini ýok etmek boýunça işleri, nebitgaz pudagynyň obýektlerinde gaz halas ediş işlerini ýerine ýetirýär;

11) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär.

7. Gurluşyk materiallary senagaty babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegi we gazyp çykarmagy amala aşyrýar;

2) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär.

8. Himiýa senagaty babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) himiýa önümini öndürmek üçin gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegi we gazyp çykarmagy amala aşyrýar;

2) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär.

 

9-njy madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de

      goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň

      ygtyýarlylygy

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) özüniň garamagyndaky çäklerdäki ýerasty baýlyklaryň bölekleri peýdalanylmaga berlen mahalynda, ilatyň ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan bähbitleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine gatnaşýar; 

2) ýerden peýdalanyjylardan ýer böleklerini almazdan ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleri geçirmek üçin ýer böleklerini peýdalanmaga rugsat berýär; 

3) Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygynda bellenilen tertipde, ýerasty baýlyklary peýdalanmak maksady bilen ýer bölegini bölüp berýär;

4) eger özüniň garamagyndaky çäklerdäki ýerasty baýlyklaryň ýer böleklerini peýdalanyş ilatyň saglygyna we daşky gurşawa zyýanly täsirini ýa-da zelel ýetirip biljek halatynda, bu peýdalanyşa çäklendirmeleri girizýär;

5) özüniň garamagyndaky çäklerdäki ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegiň we mineral-çig mal binýady ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;

6) ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatdaky taslamalaryň jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň geçirilmegini guraýar;

7) ýerasty baýlyklardan özbaşdak peýdalanylmagyny we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýerleşýän meýdanlarynda özbaşdak gurmagy bes etmek barada çözgütleri kabul edýär;

8) ýerasty baýlyklardan peýdalanmak meseleleri boýunça ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň hukuklarynyň we raýatlaryň bähbitleriniň goragyny öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde üpjün edýär;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özüniň ygtyýarlylygyna degişli beýleki meseleleri çözýär.

2. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde şu maddanyň 1-nji böleginde bellenilen ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda wezipeleri we ygtyýarlylyklary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen özara gatnaşykda amala aşyrýarlar.

 

10-njy madda. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň 

                       ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak 

                       boýunça çärelere gatnaşmagy

1. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda öz işlerini amala aşyran mahalynda şu aşakdakylara gatnaşýarlar:

1) ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň taýýarlanyş tapgyrlarynda olary ara alyp maslahatlaşmaga we olary düzüjilere özleriniň belliklerini bermäge;

2) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek meseleleri boýunça jemgyýetçilik ekologiýa seljermesiniň geçirilmegine başlangyç bilen çykyş etmäge we guramaga hem-de jemgyýetçilik diňlemelerini geçirmäge;

3) ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda jemgyýetçilik ekologiýa gözegçiligini amala aşyrmaga; 

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak boýunça çärelere gatnaşýarlar.

2. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda öz işlerini amala aşyran mahalynda şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň meýilnamasy we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýetirip biljek ýaramaz täsiri barada dogry maglumaty döwlet edaralaryndan we guramalaryndan almaga;

2) ýerasty baýlyklar barada Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde raýatlaryň saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zeleliň öwezini dolmak barada hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga, fiziki we ýuridik şahslary jogapkärçilige çekmek barada meseleleri goýmaga;

3) ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralaryna, hukuk goraýjy we kazyýet edaralaryna teklipler, arzalar we şikaýatlar bilen ýüz tutmaga, şeýle hem daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek baradaky çözgütleriň administratiw ýa-da kazyýet tertibinde ýatyrylmagyny talap etmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki hukuklara eýe bolmaga.

 

III BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARDAN PEÝDALANMAK

 

11-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň 

                      görnüşleri

1. Ýerasty baýlyklar peýdalanmaga şu aşakdakylar üçin berilýär:

1) aýratyn dag-geologiýa we beýleki ölçeg möçberlerini anyklamak, mineral-çig maly gazyp çykarmagyň netijeli usullaryny saýlamak maksady bilen bu işleri geçirmegiň taslamasynyň esasynda amala aşyrylyp bilinjek, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary geologik taýdan öwrenmek, şol sanda tejribe-senagat taýdan gazyp çykarmak üçin;

2) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak, şol sanda dag-magdan gazyp çykaryjy we olar bilen baglanyşykly gaýtadan işläp öndürýän önümçilikleriň galyndylaryny peýdalanmak üçin;

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary (maddalary, ýörite enjamlary we önümçiligiň galyndylaryny saklamak üçin desgalary) gurmak we ulanmak, ýeriň ýylylygyny peýdalanmak, hapa suwlary dökmek hem-de beýleki hajatlar üçin;

4) ylmy, medeni, estetika, sanitariýa-sagaldyş we başga ähmiýeti bar bolan (ylmy we okuw öwreniş meýdany, geologiýa goraghanalary, tebigy çäkli goraghanalar, tebigy muzeýler we tebigy ýadygärlikler, gowaklar we beýleki tebigy hem-de tehnogen (emeli) ýerasty boşluklar) aýratyn goralýan tebigy geologiýa obýektlerini emele getirmek üçin;

5) mineralogik we paleontologik hem-de beýleki geologiýa kolleksiýa materiallaryny ýygnamak üçin.

2. Radioaktiw çig maly gazyp çykarmak we radioaktiw galyndylary hem-de zäherleýji maddalary gömmek üçin ýerasty baýlyklardan peýdalanmak doly döwlet gözegçiligi astynda amala aşyrylýar.

3. Ýerasty baýlyklar gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary bir wagtda geologik taýdan öwrenmek we gazyp çykarmak üçin peýdalanmaga berlip bilinýär (utgaşdyryp peýdalanma).

 

12-nji madda. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar 

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan fiziki we ýuridik şahslar ýerasty baýlyklarynyň  peýdalanyjylary bolup bilerler.

 

13-nji madda. Ýerasty baýlyklaryň ýer böleklerinden 

                      peýdalanmagyň möhletleri

1. Ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri belli bir möhlete ýa-da möhleti çäklendirilmän peýdalanmaga berilýär.

2. Ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri belli bir möhlete peýdalanmaga şu aşakdakylar üçin berilýär: 

1) geologik taýdan öwrenmek – 6 ýyla çenli möhlete (Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda geologik taýdan öwrenmegiň möhleti her biriniň dowamlylygy iki ýyla çenli bolan döwre iki gezek uzaldylyp bilinýär);

2) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak – 20 ýyla çenli möhlete (Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň, ýatagy özleşdirmegiň taslamasynyň şertlerine laýyklykda ygtyýarnamanyň hereketiniň möhleti bäş ýyl uzaldylyp bilinýär);

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary geologik taýdan öwrenmek we gazyp çykarmak (utgaşdyryp peýdalanma) – 25 ýyla çenli möhlete.

3. Ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri möhleti çäklendirilmän  peýdalanmaga şu aşakdakylar üçin berilýär:

1) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary gurmak we ulanmak;

2) galyndylary gömmek bilen baglanyşykly ýerasty desgalary gurmak we ulanmak;

3) nebit we gaz saklanýan ammarlaryny gurmak we ulanmak;

4) aýratyn goralýan tebigy geologiýa obýektlerini emele getirmek we beýleki maksatlar üçin.

4. Zerurlyk ýüze çykan mahalynda ýerasty baýlyklaryň ýer böleklerinden wagtlaýyn peýdalanmagyň möhleti uzaldylyp bilner.

Ýerleriň rekultiwasiýasyny geçirmek üçin, şeýle hem ýerasty baýlyklar peýdalanylan mahalynda bozulan daşky gurşawyň beýleki düzüm böleklerini geljekde peýdalanmaga ýaramly ýagdaýa getirmek üçin zerur bolan wagtyň möhleti, ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň möhletine goşulýar.

 

14-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmaga bermek

1. Şu Kanunyň maksatlary üçin ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy ygtyýarnamanyň esasynda ýüze çykýar.

Ygtyýarnamada dag-magdan bölünip berilýän ýeriň çäklerinde (gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagyny özleşdirmegiň çuňlugyna çäklendirme bilen) işleri geçirmäge ygtyýar edilýän meýdanyň araçäkleri bellenilýär. 

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek üçin ýerasty baýlyklar, dag-magdan bölünip berilýän ýeri tassyklaýan ygtyýarnamanyň we ykrarnamanyň (dag-magdan bölüp berme ykrarnamasy) esasynda, geometriýalaşdyrylan blok bolup durýan, dag-magdan bölünip berilýän ýer görnüşinde (gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagyny özleşdirmegiň çuňlugyna çäklendirme bilen) peýdalanmaga berilýär.

3. Dag-magdan bölüp berme ykrarnamasy dag-magdan bölünip berilýän ýeriň çäklerini tassyklaýar we ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy tarapyndan berlen taslamanyň esasynda berilýär.

4. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek we dag-magdan kärhanasyny gurmak üçin ýer bölegini bölüp bermek Türkmenistanyň ýer kanunçylygynda bellenilen tertipde dag-magdan bölünip berilýän ýer alnandan soňra resmileşdirilýär.

5. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän şertlerde, ýerasty baýlyklaryň ýer böleklerini fiziki we ýuridik şahslara peýdalanmaga bermäge bolan hukuklara eýedirler.

 

15-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga 

                      çäklendirmeler

1.Ýerasty baýlyklaryň aýratyn ýer böleklerinden peýdalanmak şu aşakdaky maksatlar bilen çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner:

1) ekologiýa taýdan durnuklylygy gorap saklamak we daşky gurşawy goramak;

2) milli howpsuzlygy üpjün etmek;

3) aýratyn goralýan tebigy geologiýa obýektlerini gorap saklamak.

2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak şu aşakdaky çäklerde çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner:

1) ilatly ýerleriň, senagat, ulag we aragatnaşyk obýektleriniň hem-de infrastrukturanyň beýleki obýektleriniň çäklerinde;

2) suw obýektleriniň sanitariýa taýdan goralyş zolaklarynyň, suw obýektleriniň ýakalary boýunça zolaklary bölüp bermek üçin bölünip berlen ýerleriň çäklerinde;

3) aýratyn döwlet ähmiýeti, ylmy, medeni ýa-da bejeriş gymmaty bar bolan obýektleriniň çäklerinde.

3. Aýratyn goralýan çäklerde ýerasty baýlyklardan peýdalanmak «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak babatda

                       ygtyýarlylandyrma

1.Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak babatda ygtyýarlylandyrma ygtyýarlylandyrmak barada Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen halatlarda, ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga bolan hukugyň wagtlaýyn togtadylan ýa-da bes edilen mahalynda, ygtyýarnamanyň ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga bolan hereketi wagtlaýyn togtadylmaga ýa-da bes edilmäge degişlidir.

3. Ygtyýarnamany bermäge hukugy bar bolan, ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň lisenziýat tarapyndan birnäçe gezek bozulan ýa-da gödek bozulan halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda hem  ygtyýarnamanyň hereketini wagtlaýyn togtadyp bilýärler.

4. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga bolan hukugyň we ygtyýarnamanyň hereketiniň wagtlaýyn togtadylmagy, dag-magdan gazylaryny, binalary, desgalary hem-de enjamlary adamlar we daşky gurşaw üçin abat, howpsuz ýagdaýda saklamak boýunça işlerden başga, işiň esasy görnüşiniň we, adatça, onuň bilen baglanyşykly kömekçi işleriň wagtlaýyn bes edilmegini aňladýar. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň wagtlaýyn togtadylan mahalynda ygtyýarnama ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň özünde saklanyp galýar.

5. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, ygtyýarnamanyň hereketini wagtlaýyn togtatmak barada karar kabul etmek bilen, ygtyýarnamanyň hereketiniň wagtlaýyn togtadylmagyna getiren düzgün bozmalaryň, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy tarapyndan aradan aýrylmagy üçin möhlet bellemäge borçludyrlar. Bellenilen möhlet alty aýdan geçmeli däldir.

Eger ygtyýarnamanyň eýesi bellenilen möhletde görkezilen düzgün bozulmalary aradan aýyrmadyk bolsa, ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmaga haklydyr.

6. Ygtyýarnamanyň hereketiniň wagtlaýyn togtadylmagyna getiren düzgün bozulmalar aradan aýrylandan soň, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan degişli döwlet edarasyna ygtyýarnamanyň hereketini  dikeltmek barada arza berýär.

Ygtyýarnamanyň hereketini wagtlaýyn togtadan ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, şu aşakdaky wagtda:

1) ygtyýarnamanyň hereketiniň wagtlaýyn togtadylmagyna sebäp bolan düzgün bozulmalaryň, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy tarapyndan aradan aýrylmagyna arzany alan gününden başlap on iş gününiň dowamynda barlag geçirýärler;

2) ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek barada ýa-da onuň hereketini dikeltmekden ýüz döndermek hakynda barlagyň netijeleri esasynda soňky üç iş gününiň dowamynda karar kabul edýärler we ýerasty baýlyklaryny peýdalanyja ýazmaça habar berýärler.

7. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň we ygtyýarnamanyň hereketiniň bes edilmegi, munuň özi ygtyýarnamanyň eýesiniň bellenilen möhletlerde işiniň esasy görnüşini we ygtyýarnamada görkezilen önümleri almagy temmeleýändigini, ygtyýarnamany beren edaralaryň görkezmesi boýunça ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen baglanyşykly dag-magdan gazylarynyň we infrastrukturanyň obýektleriniň temmelenmegi ýa-da ýapylmagy boýunça işleri başlaýandygyny aňladýar.

Temmeleme ýa-da petiklemek boýunça işler ygtyýarnamany beren edaralar tarapyndan petiklemek ýa-da temmelemek baradaky ykrarnama gol çekilenden soň tamamlanan hasap edilýär. Temmeleme ýa-da petiklemek boýunça işler tamamlanandan soňra ýerasty baýlyklary peýdalanyjy ähli hukuklaryny ýitirýär, ol ygtyýarnama laýyklykda bar bolan ähli borçlaryndan boşadylýar. Ygtyýarnama ýatyrylýar.

8. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi we ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy Türkmenistanyň ygtyýarlandyrmak baradaky kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýetiň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar. 

 

17-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak babatda

                        işiň şertnamalaýyn şertleri

1. Şu Kanunyň 11-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň görnüşleri, ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga şertnamalaryň baglaşylmagy esasynda amala aşyrylýar.

2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin şertnamalaryň görnüşleri we olaryň şertleri şu Kanunyň düzgünlerine hem-de ýerasty baýlyklardan peýdalanmak we goramak babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taraplar tarapyndan kesgitlenilýär. 

3. Şu Kanuna laýyklykda geologiýa-barlag işleri we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak boýunça işler amala aşyrylan mahalynda şertnamalaryň şu aşakdaky görnüşleri ulanylýar:

1) önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama;

2) konsession (kärende) şertnama;

3) serwis hyzmatlaryny etmäge şertnama (töwekgelçilikli ýa-da töwekgelçiliksiz);

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki şertnamalar.

4. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak boýunça işleriň anyk görnüşleriniň häsiýetine we beýleki ýagdaýlara baglylykda şertnamalaryň bellenilen we beýleki görnüşleriniň utgaşdyrylmagyna ýol berilýär.

 

18-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň 

                         standartlaşdyrylmagy we sertifikatlaşdyrylmagy 

Ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň standartlaşdyrylmagy we sertifikatlaşdyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

19-njy madda. Şahsy hojalyk we durmuş hajatlaryny

                          kanagatlandyrmak üçin ýerasty baýlyklardan

                         peýdalanmagyň aýratynlyklary

1. Ýer eýeleri we ýer böleklerini peýdalanyjylar özleriniň bölekleriniň çäklerinde, öz garaýşy boýunça, şu aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) partlaýyş işlerini ulanmazdan, döwlet balansynda hasapda durmaýan we bäş metrden çuň bolmadyk çuňluga çenli ýerleşýän, umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary hojalyk we durmuş zerurlyklary üçin peýdalanmaga;

2) öz hajatlary üçin ýerasty desgalaryň gurluşygyny bäş metre çenli çuňluga, ýöne içimlik maksatlary üçin ýaramly birinji suwly gorizontyň derejesinden çuň bolmadyk çuňluga amala aşyrmaga;

3) merkezleşdirilen suw üpjünçiliginiň çeşmesi bolup durmaýan birinji suwly gorizontyň ýüzüne çenli çuňluga, durmuş hajatlary üçin ulanylýan guýularyň we buraw guýularynyň gurluşygyny hem-de ulanylmagyny amala aşyrmaga.

2. Ýer eýeleri we ýer böleklerinden peýdalanyjylar ýerasty baýlyklara, daşky gurşawa we taryhy-medeni obýektlere zyýan ýetirilen halatynda, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak düzgünleriniň bozulan, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda özlerine degişli ýer bölekleriniň çäklerinde öz hajatlary üçin umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary we ýerasty suwlary gazyp çykarmak hukugyndan mahrum edilip bilner.

 

20-nji madda. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň 

                       hukuklary we borçlary

1.Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) ygtyýarnamada we şertnamada bellige alnan şertlere laýyklykda öz ygtyýaryna berlen ýerasty baýlyklarynyň böleginiň çäklerinde ýerasty baýlyklardan peýdalanmak boýunça islendik kanuny hereketleri özbaşdak berjaý etmäge;

2) özüniň işiniň netijelerini, şol sanda eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, gazylyp çykarylan mineral we gidromineral çig maly öz garaýşy boýunça peýdalanmaga;

3) eger ygtyýarnamada başgaça bellenilmedik bolsa, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmagyň we öz güýji bilen mineral-çig maly gaýtadan işlemegiň barşynda alnan tehnogen mineral emele gelmeleri peýdalanmaga;

4) ygtyýarnama laýyklykda öz ygtyýaryna berlen dag-magdan bölünip berilmesiniň çäklerinde öz serişdeleriniň hasabyna ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegi goşmaça rugsat almazdan geçirmäge;

5) mineral-çig mala we onuň gaýtadan işlenen önümlerine konýukturanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmagyň ykdysady taýdan maksada laýyk bolmaýan mahalynda, şeýle hem ygtyýarnamanyň berlen mahalyndaky ýagdaýlardan düýpli tapawutlanýan ýagdaýlaryň ýüze çykan mahalynda, ýerasty baýlyklaryň ýer böleginden peýdalanmagyň şertlerine täzeden garalmagy barada haýyşnama bilen ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna ýüz tutmaga;

6) şu Kanunyň 13-nji maddasynda bellenilen, ýerasty baýlyklaryň ýer böleginden peýdalanmagyň möhletini uzaltmaga bolan hukugyndan peýdalanmaga;

7) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan, başga hukuklara eýe bolmaga.

2. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen ylalaşmagy boýunça şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmagyň tehnologiýasy boýunça çözgütleri kabul etmäge;

2) tehniki taslamalara, dag-magdan işlerini ösdürmegiň meýilnamalaryna, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň taslamalaryna bellenilen tertipde üýtgetmeler girizmäge;

3) öz ygtyýaryna berlen ýerasty baýlyklaryň ýer böleginde, zerur bolan halatynda bolsa, oňa bellenilen tertipde berlen beýleki ýer böleklerinde hem, ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri amala aşyrmak üçin zerur bolan önümçilik we durmuş ulgamynyň obýektlerini gurmaga;

4) öz ygtyýaryna berlen bölekde bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşda hem önümçilik infrastrukturanyň obýektlerinden şertnamalaýyn esasda peýdalanmaga;

5) ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň aýratyn görnüşlerini ýa-da toplumyny ýerine ýetirijileri şertnamalaýyn esasda çekmäge;

6) şu Kanun bilen bellenilen şertleri berjaý etmek bilen, öz hukuklaryny ýa-da özüniň hukuklarynyň bir bölegini başga adamlara geçirmäge.

3. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy şu aşakdakylara borçludyr:

1) öz ygtyýaryna berlen ýerasty baýlyklaryň ýer bölegini, ol haýsy maksat üçin berlen bolsa, şol maksada laýyklykda peýdalanmaga;

2) ýerasty baýlyklary peýdalanmak we mineral hem-de gidromineral çig maly gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly işleri alyp barmagyň tehnologiýasy boýunça kadalary we düzgünleri berjaý etmäge;

3) dag-magdan işlerini ösdürmegiň tehniki taslamalarynyň we meýilnamalarynyň talaplaryny berjaý etmäge;

4) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk, ýerasty baýlyklardan başga maksatlar üçin peýdalanmagyň barşynda geologik, markşeýder we beýleki resminamany alyp barmaga hem-de onuň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmäge;

5) çykaryp alynýan we ýerasty baýlyklarynda galdyrylýan esasy hem-de olar bilen ýanaşyk ýatan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň we ugurdaş peýdaly düzüm bölekleriniň gorlarynyň, şeýle hem mineral we gidromineral çig malyň gaýtadan işlenen önümleriniň hem-de tehnogen mineral emele gelmeleriniň mukdaryny we hilini hasaba almagy alyp barmaga;

6) gazylyp çykarylýan, emma wagtlaýynça peýdalanylmaýan ugurdaş gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary hem-de ugurdaş peýdaly düzüm bölekleri gorap saklamaga;

7) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar gazylyp çykarylan hem-de mineral we gidromineral çig malyň gaýtadan işlenilen mahalynda ýitgi kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

8) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň baý bölekleriniň saýlanyp özleşdirilmegine ýol bermezlige;

9) geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna esasy hem-de olar bilen ýanaşyk ýatan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň we ugurdaş peýdaly düzüm bölekleriniň gorlarynyň ýagdaýy we hereketi barada maglumatlary, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň we ýüze çykmalarynyň hem-de tehnogen mineral emele gelmeleriniň döwlet kadastryny alyp barmak üçin beýleki maglumatlary bermäge;

10) ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna gazylyp çykarylan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň möçberleri hakynda maglumatlary bermäge;

11) gözegçilik we gözegçilik barlagy edaralarynyň wekilleriniň öz gulluk wezipelerini ýerine ýetirýän mahalynda zerur bolan resminamalary, maglumatlary bermäge we iş ýerlerine barmaga elýeterliligi üpjün etmäge hem-de olar tarapyndan ýüze çykarylan düzgün bozulmalary öz wagtynda aradan aýyrmaga;

12) ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň täsir ediş zolagynda işgärleriň (personalyň) we ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

13) ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň howpsuz alnyp barylmagyny, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleriň görülmegini, betbagtçylyklary (awariýalary) ýok etmegiň meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmäge;

14) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak boýunça kärhanalary we ýerasty desgalary ýapmagyň we temmelemegiň  bellenilen tertibini berjaý etmäge;

15) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklary özleşdirilen mahalynda we başga maksatlar üçin peýdalanylyp bilinjek barlag dag-magdan gazylarynyň we buraw guýularynyň goralyp saklanylmagyny, şeýle hem geljekde ulanmak üçin degişli bolmadyk dag-magdan gazylarynyň we buraw guýularynyň bellenilen tertipde ýapylmagyny üpjün etmäge;

16) üýşmekleriň eňňitlerini we hennekleriň (karýerleriň) ýapylaryny meýilleşdirmek ýa-da ýapgytlaşdyrmak (terrasirlemek) boýunça işleriň, şeýle hem eroziýa garşy çäreleriň geçirilmegini üpjün etmäge;

17) ýerasty baýlyklary, atmosfera howasyny, ýer we suw serişdelerini, topraklary, tokaýlary, ösümlik we haýwanat dünýäsini hem-de daşky gurşawyň obýektlerini, jaýlary we binalary ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň zyýanly täsirinden goramak boýunça, şeýle hem ýerasty baýlyklardan peýdalanylan mahalynda bozulan ýer böleklerini we beýleki tebigy obýektleri, geljekde peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga (rekultiwasiýa);

18) ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga bolan hukuk üçin tölegi öz wagtynda tölemäge, mineral-çig mal binýadyň üznüksiz öndürilmegine we beýleki hökmany töleglere serişde geçirmelerini geçirmäge;

19) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan başga borçlary alyp barmaga.

 

21-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugyny

                      bes etmegiň tertibi

1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

1) döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň alnan halatynda, bu hakynda ýerasty baýlyklaryny peýdalanyja ýazmaça habar bermek bilen bir wagtda ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy haýal etmän bes edilýär;

2) eger ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň, şertnamanyň şertleriniň we şertnamalaýyn borçnamalaryň  birnäçe gezek bozulan ýa-da gödek bozulan halatynda, ygtyýarnamany alan we ýerasty baýlyklardan peýdalanan mahaly ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy tarapyndan şübheli maglumatlaryň berlen ýagdaýynyň kesgitlenen halatlarynda, şeýle hem eger ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň ygtyýarnamany alan pursadyndan başlap iki ýylyň dowamynda ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga başlamadyk halatynda. Şeýle ýagdaýlarda ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugyny bes etmek barada çözgüt, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyja goýberilen düzgün bozulmalar we olary aradan aýyrmak boýunça çäreleri onuň görmändigi barada ýazmaça habar berlen gününden üç aý geçenden soň kazyýet tarapyndan kabul edilip bilner;

3) eger ýerasty baýlyklar peýdalanmaga berlen dag-magdan kärhanasynyň ýa-da hojalyk işiniň beýleki subýektiniň ýapylan halatynda, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna ýazmaça habar berlen gününden alty aý geçenden soň amala aşyrylyp bilner.

2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň wagtyndan öň bes edilen mahalynda dag-magdan kärhanasyny ýapmak ýa-da temmelemek, şu Kanunyň 31-nji maddasynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

3. Eger ygtyýarnamanyň eýesiniň ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugyndan ýüz dönderen halatynda we ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň günäsi bar bolan mahalynda ýa-da onuň başlangyjy boýunça şu maddanyň 1-nji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen sebäpler boýunça ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bes edilen bolsa, dag-magdan kärhanasynyň temmelenmegine ýa-da ýapylmagyna gerek bolan çykdajylary ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy çekýär.

Eger ýerasty baýlyklaryň bölekleriniň döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin alnan halatynda hem-de eger dag-magdan kärhanasyny ýapmagyň başyny başlaýjy döwlet bolup durýan şertlerinde ýerasty baýlyklardan peýdalanma bes edilen  (wagtlaýyn togtadylan) bolsa, dag-magdan kärhanasynyň temmelenmegine ýa-da ýapylmagyna gerek bolan çykdajylary döwlet çekýär.

Ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin alnan halatynda ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bes edilen mahalynda ygtyýarnamanyň hereketiniň galan möhletinde alynmaly doly alynmadyk girdeji sebäpli ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň çeken çykdajylarynyň we zyýanynyň öwezi dolunýar.

Zyýanyň möçberi we onuň öwezini dolmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

22-nji madda. Ýerasty baýlyklaryň ýanaşyk ýerlerini

                      peýdalanyjylaryň özara gatnaşyklaryny

                      düzgünleşdirme 

1. Ýerasty baýlyklaryň ýanaşyk ýer böleklerini peýdalanyjylaryň özara gatnaşyklary şertnamalar bilen düzgünleşdirilýär. Iki ýa-da şondan-da köp dag-magdan bölünip berlen ýerleriň arasynda bar bolan ýeriň ýa-da ýerasty baýlyklaryň ýer böleginiň boş bölegi, dag-magdan bölüp berme ykrarnamasyny beren döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça serhetleşýän ýerasty baýlyklaryny peýdalanyja berlip bilner.

2. Betbagtçylyklary we onuň netijelerini ýok etmegiň zerurlygy bilen baglanyşykly ýagdaýlardan başga halatlarda, dag-magdan gazylarynyň başga biriniň dag-magdan bölünip berlen ýeriniň serhetlerine girmegine ýol berilmeýär. 

3. Goňşulykdaky ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň başga biriniň dag-magdan bölünip berlen ýeriniň çäklerine girendigine şübhe dörän mahalynda onuň dag-magdan gazylarynyň gözden geçirilmegi, dag-magdan bölüp berme ykrarnamasyny bermek barada çözgüt kabul eden döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň 

                      hukuklaryny gorama

1. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyja şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda onuň hukuklarynyň goragy kepillendirilýär.

2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna girizilýän, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň ýagdaýyny erbetleşdirýän üýtgetmeler we goşmaçalar, şol üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň kabul edilmezinden öň berlen we baglaşylan ygtyýarnamalara hem-de şertnamalara (ähtnamalara) ulanylmaýar.

3. Şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň işine döwlet edaralarynyň gatyşmagyna ýol berilmeýär. 

4. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar tarapyndan ýerasty baýlyklaryň özlerine berlen ýer böleklerinde gurlan binalar we desgalar, şeýle hem olar tarapyndan edinilen tehnologik enjamlar ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň eýeçiligini düzýärler hem-de diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we ygtyýarnamada şertleşilen şertlerde döwletiň ýa-da başga ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň ygtyýaryna geçirilip bilner.

5. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň esassyz bes edilen ýa-da wagtlaýyn togtadylan mahalynda işleriň wagtlaýyn togtadylmagy bilen bagly ýetirilen zyýanyň öwezi, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugyny bes etmek ýa-da wagtlaýyn togtatmak barada çözgüt kabul eden döwlet edaralary tarapyndan dolunýar.

 

24-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylan mahalynda 

                      monopoliýa garşy talaplar

Döwlet edaralarynyň, şeýle hem ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň islendiginiň şu aşakdakylara gönükdirilen hereketleri gadagan edilýär ýa-da bellenilen tertipde hukuksyz diýlip ykrar edilýär:

1) ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugyny almak üçin bäsleşiklere gatnaşmaga bolan elýeterliligi çäklendirmäge;

2) ýerasty baýlyklary peýdalanmakda agdyklyk edýän ýagdaýy eýeleýän, hojalyk subýektleri bilen bäsdeşlik edýän gurluşlary döredýän ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň hukuklarynyň kemsidilmegine;

3) ulag we infrastrukturanyň obýektlerine elýeterliligiň berilmeginde ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň hukuklarynyň kemsidilmegine.

 

IV BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARY REJELI, HOWPSUZ

PEÝDALANMAK WE GORAMAK BOÝUNÇA

TALAPLAR

 

25-nji madda. Ýerasty baýlyklary goramagyň wezipeleri

Ýerasty baýlyklary goramak şu aşakdaky wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady, tehnologik, ekologik we beýleki çäreleriň ulgamyny öz içine alýar:

1) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň we ugurdaş düzüm bölekleriň çykarylyp alynmagynyň dolulygyny, olaryň rejeli we toplumlaýyn peýdalanylmagyny üpjün etmek;

2) tebigy landşaftlary gorap saklamak we bozulan ýerleriň, beýleki geomorfologik gurluşlaryň rekultiwasiýasyny geçirmek;

3) tehnogen taýdan täsir etmek bilen baglanyşykly süýşgünleriň, suw basmalarynyň, topragyň çökmeleriniň, çölleşmeginiň, ýerleriň şorlaşmagynyň, silleriň, topragyň eroziýasynyň, hapalanmagynyň, ýer titremeleriniň öňüni almak we olaryň daşky gurşawa ýaramaz täsirini kemeltmek maksady bilen ýerasty baýlyklaryň ýokarky bölekleriniň tebigy häsiýetlerini gorap saklamak.

 

26-njy madda. Ýerasty baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna 

                       we goralmagyna bolan esasy talaplar

1. Ýerasty baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna we goralmagyna bolan esasy talaplar, şu aşakdakylar bolup durýar:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny, ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek, peýdalanmak we goramak babatda bellenen tertipde tassyklanylan standartlary (düzgünleri, kadalary) berjaý etmek;

2) ýerasty baýlyklaryň geologik taýdan doly we toplumlaýyn öwrenilmegini üpjün etmek;

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmaga berlen, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň barlygyna we (ýa-da) ýoklugyna ýa-da ýerasty baýlyklaryň ýer böleginiň häsiýetlerine baha bermegi üpjün edýän, ýerasty baýlyklaryň geologik taýdan öňe ilerledilip öwrenilmegini geçirmek;

4) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanylýan ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň döwlet seljermesini geçirmek we döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrmak;

5) ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň ähli tapgyrlarynda ýerasty baýlyklaryň serişdeleriniň rejeli we toplumlaýyn peýdalanylmagyny üpjün etmek;

6) çykaryp alynýan we ýerasty baýlyklarynda galdyrylýan esasy hem-de olar bilen ýanaşyk ýatan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň we olaryň düzüminde bar bolan ugurdaş peýdaly düzüm bölekleriň, mineral-çig malyň gaýtadan işlenen önümleriniň, önümçiligiň galyndylarynyň hem-de ýitgileriň dogry hasaba alynmagyny amala aşyrmak;

7) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň azalmakdan, hapalanmakdan, suw basmakdan, suwlulandyrmakdan, ýangynlardan we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň hilini hem-de ýataklaryň senagat gymmatyny peseldýän ýa-da olaryň özleşdirilmegini kynlaşdyrýan beýleki ýagdaýlardan goragyny üpjün etmek;

8) ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň goralyp saklanylmagyna, ulanyşdaky we temmelenen dag-magdan gazylarynyň hem-de ýerasty desgalaryň goralyp saklanylmagyna, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak;

9) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak boýunça kärhanalary hem-de ýerasty desgalary temmelemegiň we ýapmagyň düzgünlerini berjaý etmek;

10) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýerleşýän meýdanlarynda özbaşdak gurmagyň öňüni almak we bu meýdanlary beýleki maksatlar üçin peýdalanmagyň bellenilen düzgünlerini berjaý etmek;

11) ýerasty baýlyklarynda ýerleşýän ýataklaryň, gatlaklaryň, obýektleriň we desgalaryň üstünde zyýanly maddalaryň we zäherli galyndylaryň saklanylmagynyň öňüni almak;

12) suw üpjünçilik maksatlary üçin peýdalanylýan ýerasty suwlaryň ýatan ýerlerinde, senagat we jemagat galyndylarynyň ýygnanmagynyň öňüni almak;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan, ýerasty baýlyklary rejeli peýdalanmagyň we goramagyň beýleki talaplaryny berjaý etmek.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde göz öňünde tutulan talaplaryň bozulan halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerasty baýlyklardan peýdalanmak çäklendirilip, wagtlaýyn togtadylyp ýa-da gadagan edilip bilner.

 

27-nji madda. Ýerasty baýlyklar peýdalanylan mahalynda 

                      bildirilýän umumy ekologik talaplar

1. Ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň ähli görnüşlerinde, daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ekologiýa talaplary ileri tutulýan tertipde berjaý edilmelidir.

2. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak boýunça işleri geçirmek üçin, tebigaty goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan berilýän hem-de meýilleşdirilen hojalyk we beýleki işleri durmuşa geçirmek boýunça çözgüdi kabul etmegiň maksada laýyklygy barada netijeleri öz içine alýan döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy hökmany şert bolup durýar.

3. Ýerasty baýlyklar peýdalanylan mahalynda bildirilýän umumy ekologik talaplar şu aşakdakylar bolup durýar:

1) ýerasty baýlyklary Türkmenistanyň ekologiýa babatda kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda peýdalanmak;

2) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň ýörite usullaryny ulanmak arkaly ýer üstüni gorap saklamak;

3) ýerleriň tehnogen taýdan çölleşmeginiň öňüni almak;

4) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar barlanylan, gazylyp çykarylan mahalynda, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanylmagy we gazylyp çykarylmagy bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty desgalar gurlan we ulanylan mahalynda howply tehnogen ýagdaýlaryň ýüze çykmalarynyň öňüni almaga gönükdirilen duýduryş çärelerini ulanmak;

5) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny ulanmagy we özleşdirmegi kynlaşdyrýan suw basmadan, ýangynlardan we başga tebigy ýagdaýlardan ýerasty baýlyklaryň goragyny üpjün etmek;

6) ýerasty baýlyklaryň, ylaýta-da nebitiň, gazyň ýa-da beýleki maddalaryň we materiallaryň ýer astynda saklanylan, zyýanly maddalaryň we galyndylaryň gömülen mahalynda hapalanmagynyň öňüni almak;

7) ýerasty baýlyklary peýdalanmak boýunça işleri wagtlaýyn togtatmagyň, bes etmegiň, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň obýektlerini temmelemegiň we ýapmagyň bellenilen tertibini berjaý etmek;

8) önümçiligiň galyndylary hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gaýtadan işlenilip alnan önümleri ammara goýlan we ýerleşdirilen mahalynda ekologiýanyň we sanitariýa-epidemiologiýanyň talaplaryny üpjün etmek;

9) topragyň ýel eroziýasynyň, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň üstünden aýrylan gerekmejek jynslaryň üýşmekleriniň we önümçiligiň galyndylarynyň, olaryň okislenmeginiň hem-de öz-özünden ýanmagynyň öňüni almak;

10) sorujy we süýji suwly gatlaklaryň hapalanmagyna ýol bermezlik üçin olary üzňeleşdirmek;

11) ýerasty suwlaryň azalmagynyň we hapalanmagynyň öňüni almak.

 

28-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen 

                       baglanyşykly işleriň howpsuz alnyp 

                       barylmagyna bildirilýän esasy talaplar

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak boýunça kärhanalary, dürli maksatly ýerasty desgalary gurmaga we ulanmaga, ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegi geçirmäge diňe bellenilen kärhanalaryň işgärleriniň we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň täsir ediş zolagyndaky ilatyň janynyň we saglygynyň howpsuzlygy üpjün edilen mahalynda ygtyýar berilýär.

2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri geçirmegiň howpsuz şertlerini üpjün etmäge bolan jogapkärçilik, kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýa-da eýeleriniň üstüne ýüklenilýär.

Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň geçirilýän zolagynda ilatyň janyna we saglygyna gönüden-göni howp dörän mahalynda haýal etmän işleri wagtlaýyn togtatmaga we bu barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna hem-de degişli döwlet edaralaryna habar bermäge borçludyr.

3. Ýerasty baýlyklary peýdalanyjylar şu Kanunyň,  Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen baglanyşykly işleriň howpsuz alnyp barylmagy boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.

 

29-njy madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň 

                       ýataklarynyň ýerleşen meýdanlarynda we 

                       gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp 

                       çykarmak bilen baglanyşygy bolmadyk ýerasty 

                       baýlyklaryň ýer böleklerinde gurmagyň şertleri

1. Geljekki gurma işleri alnyp baryljak meýdançalaryň astyndaky ýerasty baýlyklarynda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýokdugy hakynda geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň netijenamasy alynýança ilatly ýerleri, senagat toplumlaryny we başga hojalyk obýektlerini taslamalaşdyrmak we gurmak gadagan edilýär. 

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýerleşen meýdanlarynda senagat we oba hojalyk kärhanalaryny, ilatly nokatlary, binalary, desgalary we beýleki hojalyk obýektlerini gurmak (durkuny täzelemek), olaryň ýataklarynyň bar ýerlerinde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary ýerleşdirmek gadagan edilýär.

3. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýerleşen meýdanlarynda gurma işlerini alyp barmak, şeýle hem bu meýdanlarda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary ýerleşdirmek, aýratyn ýagdaýlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsat bermegi boýunça, şu aşakdaky şertler berjaý edilen mahalynda ygtyýar berilýär:

1) ýerasty baýlyklaryndan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny çykaryp almak mümkinçiligini üpjün etmek;

2) ýerasty baýlyklaryndan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny çykaryp almak mümkinçiliginiň ýok mahalynda olary çykaryp almak bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmak.

4. Gurlan çäkleriň astynda ýerleşýän gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny çykaryp almagyň ýa-da gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýerleşen meýdanlarynda gurlan obýektleri gorap saklamagyň maksada laýyklygy tehniki-ykdysady hasaplamalar we esaslandyrmak arkaly bellenilýär.

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýerleşen meýdanlarynda özbaşdak gurma işleriniň alnyp barlan we (ýa-da) ýerasty desgalary bina edilen halatynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda edilen çykdajylaryň öwezi dolunmazdan ýerasty baýlyklara we daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

5. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýerleşen meýdanlarynda özbaşdak gurma işlerini alyp barmakda we bu meýdanlarda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary ýerleşdirmekde, şeýle hem gurma işlerini alyp barmaga rugsat berlen şertleri bozmakda günäkär fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. 

 

30-njy madda. Aýratyn ylmy, taryhy ýa-da medeni 

                       gymmatlyk bolup durýan ýerasty baýlyklaryň 

                       ýer böleklerini goramak

1. Aýratyn ylmy, taryhy ýa-da medeni gymmatlyk bolup durýan seýrek geologik tapyndylar, mineralogik emele gelmeler, palentologik obýektler, ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet tebigy goraghanalary,  çäkli goraghanalar ýa-da tebigy döwlet ýadygärlikleri diýlip yglan edilip bilner. Bellenilen çäklerdäki ýa-da obýektleriň bellenilen çäklerindäki hojalyk we beýleki işler aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Ýerasty baýlyklar peýdalanylan mahalynda ylym ýa-da medeniýet üçin ähmiýeti bolan seýrek geologik we mineralogik emele gelmeleriň, meteoritleriň, palentologiýa, arheologiýa we beýleki obýektleriň ýüze çykarylan halatynda, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar degişli  meýdançada işleri wagtlaýyn togtatmaga, olaryň goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge we bu barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna hem-de degişli döwlet edaralaryna habar bermäge borçludyrlar.

 

31-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen 

                      baglanyşykly kärhanalary temmelemek we 

                      ýapmak

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak we ýerasty baýlyklary peýdalanmak, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki maksatlar üçin kärhanalary temmelemek we ýapmak şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

1) ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň möhleti geçende;

2) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň balans gorlaryny artdyrmagyň geljeginiň we balansdan daşary gorlary gazyp çykarmaga çekmegiň mümkinçiliginiň ýok mahalynda, olaryň balans gorlary doly özleşdirilende;

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagynyň ýa-da onuň böleginiň mundan beýläk özleşdirilmeginiň, şeýle hem ýerasty baýlyklardan beýleki maksatlar üçin peýdalanylmagynyň ykdysady taýdan maksada laýyk däldiginde;

4) olaryň öňüni almak tehniki taýdan mümkin bolmadyk, dag-magdan gazylaryna suw basma, ýangyn we ýumrulma howpy abananda;

5) ýerasty baýlyklary, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki maksatlar üçin peýdalanmak zerurlygy ýok bolanda.

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak we ýerasty baýlyklary gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki maksatlar üçin peýdalanmak boýunça dag-magdan kärhanasyny temmelemek we ýapmak, ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylan ýörite taslama boýunça, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly kärhanalar temmelenen ýa-da ýapylan mahalynda, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy şu aşakdakylara borçludyr:

1) işleriň tamamlanýan pursadyna geologiýa we markşeýder resminamalaryny ýerine ýetirmäge hem-de ony ykrarnama boýunça geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna saklamaga bermäge;

2) dag-magdan gazylaryny ilatyň, binalaryň we desgalaryň howpsuzlygyny, daşky gurşawyň goragyny, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň goralyp saklanylmagyny üpjün edýän ýagdaýa getirmäge;

3) ýer üstüni geljekde hojalyk taýdan peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirmek boýunça işleri geçirmäge (rekultiwasiýa);

4) dag-magdan toplumynyň ýagdaýyna (durnuklylygy, opurylmak mümkinçiligi) bilermen baha bermesini geçirmäge. 

4. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy dag-magdan kärhanalaryny ýapmak ýa-da temmelemek ýagdaýynyň tamamlanmagyna çenli ýerasty baýlyklary peýdalanmak boýunça ähli borçlary ýerine ýetirýär we şertnama hem-de şu Kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

5. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk dag-magdan kärhanasyny ýa-da ýerasty desgalary ýapmak ýa-da temmelemek, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ýapylmagy ýa-da temmelenmegi barada ykrarnama ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan degişli döwlet edaralary tarapyndan gol çekilenden soňra tamamlanan hasap edilýär.

6. Dag-magdan kärhanasynyň doly ýa-da bölekleýin ýapylan ýa-da temmelenen mahalynda dag-magdan gazylary ilatyň, binalaryň we desgalaryň howpsuzlygyny, daşky gurşawyň goragyny, temmelenen mahalynda bolsa ‒ gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň, dag-magdan gazylarynyň temmelemegiň ähli döwrüne şonuň ýaly-da goralyp saklanylmagyny üpjün edýän ýagdaýa getirilmelidir. 

 

V BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARY GEOLOGIK

TAÝDAN ÖWRENME

 

32-nji madda. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan 

                       öwrenmegiň maksatlary we wezipeleri

1. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek ýerasty baýlyklar barada zerur we dogry maglumatlary almak hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryna baha bermek, olaryň döremeginiň we ýerleşmeginiň kanunylyklygyny kesgitlemek, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň we ýerasty baýlyklary gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmagyň dag-tehniki we beýleki şertlerini bellemek maksady bilen geçirilýär.

2. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegiň wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýar:

1) ýerasty baýlyklary toplumlaýyn öwrenmek;

2) ýerasty baýlyklardan rejeli, netijeli we howpsuz peýdalanmagy üpjün edýän maglumaty almak;

3) mineral-çig mal binýady ösdürmek;

4) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmak we mineral-çig mal binýady üznüksiz öndürmek;

5) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryna geologik-ykdysady taýdan baha bermek.

 

33-nji madda. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmäge

                       bildirilýän esasy talaplar

Ýerasty baýlyklar geologik taýdan öwrenilen mahalynda şu aşakdakylar üpjün edilmelidir:

1) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň rejeli, ylmy taýdan esaslandyrylan ugury we netijeliligi;

2) ýerasty baýlyklaryň geologik gurluşy, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň gidrogeologik, tehnologik, dag-tehnik, ekologik we beýleki şertleri, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary gurmak we ulanmak barada maglumatyň hakykatlygy we zerur bolan dolulygy;

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň esasy we olar bilen ýanaşyk ýatan gorlarynyň hem-de olaryň düzüminde bar bolan ugurdaş düzüm bölekleriniň hilini we mukdaryny kesgitlemegiň hakykylygy;

4) magdanlaryň tehnologik häsiýetleriniň öwrenilenligi, mineral- çig maly gaýtadan işlemegiň az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy;

5) ýerasty baýlyklary, barlag dag-magdan gazylaryny we buraw guýularyny, dag jynslarynyň we magdanlaryň nusgalaryny, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň geljekki geologik taýdan öwrenilen we özleşdirilen mahalynda peýdalanylyp bilinjek, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň nusgalyklarynyň nusgalaryny, şeýle hem ýerasty baýlyklaryň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanylan mahalynda, geologik taýdan öwrenmegiň barşynda alynýan, geologik we beýleki resminamalaryň aýalyp saklanylmagy;

6) tehnogen emele gelmeleriň mukdar we hil häsiýetnamalarynyň hakykylygy;

7) ýerasty baýlyklaryndan çykarylyp alynýan, olaryň daşky gurşawa zyýanly täsirini aradan aýyrýan dag jynslarynyň we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýerleşdirilmegi.

 

34-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň 

                       barlanylan ýataklaryny senagat  taýdan

                       özleşdirmek üçin taýýarlama we berme

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagy ýa-da olaryň bölekleri boýunça gorlary, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça Topar tarapyndan tassyklanan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanylan ýataklary ýa-da olaryň bölekleri senagat taýdan özleşdirilmäge degişlidir.

2. Garaşsyz halkara auditorlyk guramasy tarapyndan baha berlen, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary, döwlet seljermesiniň geçirilmegine we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça Topar tarapyndan tassyklanylmaga degişlidir.

3. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagyny barlamak işlerini geçiren edara we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlary boýunça Topar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geologik we beýleki maglumatlaryň dogrulygyna jogapkärçilik çekýärler.

4. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary baýlaşdyrmagyň we gaýtadan işlemegiň netijeli tehnologik shemasy işlenilip taýýarlanylmadyk, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanylan ýataklary temmelenmäge degişlidir we senagat taýdan özleşdirilmäge berilmeýär.

5. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

35-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň 

                       ýataklaryny ilkinji açyjylar

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny ilkinji açyjylar diýlip, öňden belli bolmadyk senagat taýdan gymmatlygy bar bolan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagyny açan we (ýa-da) barlag işlerini geçiren, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň öňden belli bolan ýatagynda, onuň senagat taýdan gymmatlygyny düýpli ýokarlandyrýan, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň goşmaça gorlaryny ýa-da täze gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary ýüze çykaran fiziki şahslar ykrar edilýär.

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny ilkinji açyjylaryň sylaglanmaga hukugy bardyr.

3. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny ilkinji açyjylary sylaglamagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

36-njy madda. Ýerasty baýlyklar barada geologik maglumat

1. Ýerasty baýlyklar barada geologik maglumat ýerasty baýlyklaryň geologik gurluşy, ondaky bar bolan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň we ýerasty baýlyklaryň beýleki serişdeleriniň hili we mukdary, olary gazyp çykarmagyň ýa-da peýdalanmagyň şertleri hakynda, ýerasty baýlyklarynda bolup geçýän hadysalar we ýagdaýlar barada, material (kagyz), elektron ýa-da beýleki göterijilerde ýazylan geologik hasabatlarda, kartalarda, tekstleýin we grafiki resminamalarda hem-de materiallarda bar bolan maglumatlary öz içine alýar. 

Ýerasty baýlyklar baradaky geologik maglumaty işläp taýýarlamagyň netijeleri intellektual eýeçiligiň närsesi bolup durýar. Onuň peýdalanylmagy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Ýerasty baýlyklar barada geologik maglumat maliýeleşdirilmeginiň çeşmesine garamazdan, hökmany tertipde geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasyna saklamaga, ulgamlaşdyrmaga we umumylaşdyrmaga muzdsuz berilýär.

Ýerasty baýlyklar barada geologik maglumatyň düzümi, ony bermegiň möhletleri we tertibi geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

Ýerasty baýlyklar barada geologik maglumat ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegi, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmagy, ýerasty baýlyklary gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmagy amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan berilýär.

3. Geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy ýerasty baýlyklar barada geologik maglumatyň toplanmagyny, onuň ulgamlaşdyrylmagyny, umumylaşdyrmagy we peýdalanmagy şu aşakdaky maksatlar üçin amala aşyrýar:

1) ýurduň mineral-çig mal binýadynyň häzirki we geljegi bar bolanlyk ýagdaýyna baha bermegi esaslandyrmak;

2) geologiýa-barlag işleriniň ugurlaryny we strategiýasyny esaslandyrmak;

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň döwlet balanslaryny alyp barmak;

4) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleri hasaba almak;

5) soranylýan ýer böleginiň çäklerinde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanylan ýatagynyň bardygy barada ýa-da ýokdugy hakynda netijenama bermek;

6) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmagy we olaryň ilkinji işläp bejermesini (arassalamagy, baýlaşdyrmagy) amala aşyrýan dag-magdan kärhanalaryny taslamalaşdyrmak we döretmek;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki maksatlar üçin.

4. Geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynda saklanylýan ýerasty baýlyklar barada geologik maglumat, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ýaýradylmaga degişli däldir.

5. Geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň gurluşynda ýerasty baýlyklar barada geologik maglumatlary toplamak, olary ulgamlaşdyrylmak, umumylaşdyrmak boýunça işleri Türkmenistanyň Geologiýa gaznasy amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy we ony döretmegiň, onuň maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

37-nji madda. Ýerasty baýlyklar barada geologik maglumata 

                       bolan hukuk eýeçiligi

1. Ýerasty baýlyklaryň geologik gurluşy, olarda bar bolan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň ululygy, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň  geologik ölçeg möçberleri, olary özleşdirmegiň şertleri hakynda, şeýle hem geologik hasabatlarda, kartalarda we beýleki materiallarda bar bolan ýerasty baýlyklaryň beýleki aýratynlyklary barada maglumat döwlet eýeçiligi bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň wezipeli adamlary olaryň ýerasty baýlyklar barada berýän geologik maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar we olaryň aýalyp saklanylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

Ýerasty baýlyklar ýa-da olaryň bölekleri barada ähli geologik maglumatyň ýaşyrynlyk möhleti, şeýle hem ýerasty baýlyklar baradaky geologik maglumaty ýerasty baýlyklary peýdalanyjynyň eýeçiliginden döwlet eýeçiligine bermegiň mümkinçiligi we şertleri şertnama (ähtnama) bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň geologiýa-barlag işlerini öz serişdeleriniň hasabyna geçiren ýerasty baýlyklary peýdalanyjynyň razylygy bolmazdan, ygtyýarnamada bellenilen möhletiň dowamynda ýerasty baýlyklar baradaky geologik maglumaty täjirçilik maksatlary üçin peýdalanmaga haky ýokdur.

3. Döwlet eýeçiligi bolup durýan ýerasty baýlyklar baradaky geologik maglumaty okuw, ylmy, täjirçilik we beýleki maksatlar üçin peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň öz serişdeleriniň hasabyna alnan we şu maddanyň 2-nji bölegine laýyklykda onuň Türkmenistanyň Geologiýa gaznasyna geçiren ýerasty baýlyklar baradaky geologik maglumatyny okuw, ylmy, täjirçilik we beýleki maksatlar üçin peýdalanmaga, işleriň geçirilmegi netijesinde bu maglumat alnan, işleriň geçirilmegine ygtyýarnama eýelik ediji bilen ylalaşylmagy boýunça ýol berilýär.

5. Şertnamanyň (ähtnamanyň) hereketi bes edilen mahalynda ýerasty baýlyklar barada bar bolan ähli geologik maglumat ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjy tarapyndan döwlet eýeçiligine muzdsuz geçirilýär.

6. Ýerasty baýlyklar barada geologik we beýleki maglumata bolan eýeçilik hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde goralýar.

7. Ýerasty baýlyklar barada geologik maglumatdan peýdalanmak tölegli esasda amala aşyrylýar. Ýerasty baýlyklar barada geologik maglumatdan peýdalanmagyň töleginiň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

 

 

 

VI BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARDAN

PEÝDALANMAGYŇ WE MINERAL-ÇIG MAL

BINÝADYŇ ÝAGDAÝYNYŇ DÖWLET HASABA ALNYŞY

 

38-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň we 

                         mineral-çig mal binýadyň ýagdaýynyň döwlet 

                         hasaba alnyşyny alyp barmak 

1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň döwlet hasaba alnyşy ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň hemme tapgyrlarynda Türkmenistanyň mineral-çig mal binýadyny ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamagyň esasy bolup durýar we ýerasty baýlyklar geologik taýdan öwrenilen, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar gazylyp çykarylan we mineral-çig mal gaýtadan işlenilen, ýerasty baýlyklardan beýleki maksatlar üçin peýdalanylan, önümçiligiň galyndylary peýdalanylan mahalynda geçirilýär.

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak üçin, şeýle hem başga wezipeleri çözmek üçin ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek we peýdalanmak boýunça işleri meýilnamalaşdyrmagy üpjün etmek maksady bilen:

1) Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak we beýleki maksatlar üçin ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek we peýdalanmak boýunça işler döwlet tarapyndan bellige alynýar we hasaby ýöredilýär; 

2) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň döwlet seljermesi, baha berme we gorlaryny tassyklama gorlar boýunça Topar tarapyndan geçirilýär;

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň döwlet balansy alnyp barylýar;

4) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň we ýüze çykmalarynyň hem-de tehnogen mineral emele gelmeleriň döwlet kadastrlary alnyp barylýar;

5) mineralogik, paleontoligik we beýleki seýrek duş gelýän tebigy geologik obýektleriň döwlet hasaba alnyşy alnyp barylýar; 

6) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny hasapdan aýyrmak geçirilýär;

7) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanylýan ýerasty baýlyklaryň döwlet hasaba alnyşy alnyp barylýar. 

3. Türkmenistanyň ýerasty baýlyklaryndan peýdalanmagyň döwlet hasaba alnyşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

39-njy madda. Ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek

                        boýunça işleri döwlet tarapyndan bellige almak

Türkmenistanyň çäginde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň serhetüsti ýataklarynda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak we beýleki maksatlar üçin ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek hem-de peýdalanmak boýunça geçirilýän işler, diňe olar geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan döwlet belligine alnandan soň amala aşyrylýar.

 

40-njy madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatda

                        döwlet seljermesi

1. Ýerasty baýlyklary rejeli toplumlaýyn peýdalanmak üçin şertleri döretmek, ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň tölegini, peýdalanmaga berilýän ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň araçäklerini kesgitlemek maksady bilen, döwlet kärhanalary we (ýa-da) halkara kompaniýalary (şereketleri) tarapyndan baha berlen, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanylan ýataklarynyň gorlary döwlet seljermesiniň geçirilmegine we gorlar boýunça Topar tarapyndan tassyklanylmagyna degişlidir.

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak üçin ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň berilmegine diňe gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryna döwlet seljermesi geçirilenden soňra rugsat berilýär. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanylan gorlary barada döwlet seljermesiniň netijenamasy olary döwlet hasabyna (balansyna) almak üçin esas bolup durýar.

Döwlet seljermesi gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny geologik taýdan öwrenmegiň islendik tapgyrynda geçirilip bilner.

3. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk ýerasty desgalary gurmak we ulanmak üçin ýaramly ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri hakynda geologik maglumat hem döwlet seljermesine degişlidir. Ýerasty baýlyklaryň şunuň ýaly ýer böleklerini peýdalanmaga berilmegine diňe ýerasty baýlyklar barada geologik maglumatyň döwlet seljermesi geçirilenden soň rugsat berilýär.

4. Döwlet seljermesini geçirmegiň we gorlar boýunça Topar tarapyndan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň tassyklanylmagynyň tertibi, şeýle hem döwlet seljermesini geçirmek üçin tölegiň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

41-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň 

                       gorlarynyň döwlet balansy

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň döwlet balansy mineral-çig mal binýadynyň ýagdaýyny hasaba almak maksady bilen alnyp barylýar. Ol senagat ähmiýeti bar bolan (şol sanda goralýan didiwanlarda) ýataklar boýunça gazylyp alynýan peýdaly baýlygyň her bir görnüşiniň mukdary, hili barada we gorlarynyň öwreniş derejesi barada, olaryň ýerleşişi hakynda, senagat taýdan özleşdiriliş derejesi, gazylyp çykarylyşy, ýitgiler, hapalanmagyň hasabyna azalmagy barada  hem-de senagatyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň barlanylan gorlary bilen üpjünligi hakynda maglumatlary öz içine almalydyr.

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň döwlet balansy her ýylda düzülýär we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny özleşdirmegi  we mineral-çig maly gaýtadan işlemegi amala aşyrýan, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň Türkmenistanyň Geologiýa gaznasyna berýän hasabatynyň esasynda alnyp barylýar. 

 

42-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň 

                       ýataklarynyň we ýüze çykmalarynyň döwlet 

                       kadastry

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň we ýüze çykmalarynyň döwlet kadastry ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegiň döwlet we pudaklaýyn maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny toplumlaýyn peýdalanylmagyny, olary gazyp çykarmak boýunça kärhanalaryň oýlanyşykly ýerleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem beýleki hojalyk wezipelerini çözmek maksady bilen alnyp barylýar.

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň we ýüze çykmalarynyň döwlet kadastry, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň her bir ýatagy boýunça, esasy we olar bilen ýanaşyk ýatan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň hem-de olaryň düzüminde bar bolan peýdaly düzüm bölekleriniň mukdaryny we hilini, ýatagy özleşdirmegiň, dag-tehnik, gidrogeologik, ekologik we beýleki şertlerini hem-de onuň geologik-ykdysady baha berilmegini häsiýetlendirýän maglumatlary, şeýle hem gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň her bir ýüze çykmasy boýunça maglumatlary öz içine alýar.

3.Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň we ýüze çykmalarynyň döwlet kadastry, ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegi, esasy we ugurdaş gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny  barlamagy hem-de özleşdirmegi amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan berilýän, ýerasty baýlyklar barada geologik maglumatyň esasynda Türkmenistanyň Geologiýa gaznasy tarapyndan düzülýär we alnyp barylýar.

 

43-nji madda. Tehnogen mineral emele gelmeleriň döwlet

                       kadastry

1. Hemme tehnogen mineral emele gelmeler (gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar gazylyp çykarylan we gaýtadan işlenilen mahalyndaky galyndylar) şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda ýerasty baýlyklary hem-de daşky gurşawy rejeli peýdalanmak we goramak maksatlary üçin pasportlaşdyrylmaga we hasaba alynmaga degişlidir.

2. Tehnogen mineral emele gelmeleriň döwlet kadastry tehnogen mineral emele gelmeleriniň hil we mukdar taýdan görkezijilerini, gorap saklamagyň dag-tehnik, ekologik şertlerini görkezmek bilen, olaryň kysymy we görnüşi häsiýetlendirilen gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gazylyp çykarylýan ýerlerinde ammara ýerleşdirilen obýektleriň her biri boýunça maglumatlary öz içine almalydyr.

3. Tehnogen mineral emele gelmeleriň döwlet kadastry, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň hasabat maglumatlarynyň esasynda, Türkmenistanyň Geologiýa gaznasy tarapyndan alnyp barylýar.

 

44-nji madda. Mineralogik, paleontologik we beýleki seýrek 

                       duş gelýän geologik tebigy obýektleriň hem-de 

                       materiallaryň döwlet hasaba alnyşy 

1. Şu aşakdaky mineralogik, paleontologik we beýleki seýrek duş gelýän geologik tebigyobýektler döwlet hasaba alnyşyna degişlidir:

1) ýataklary ýüze çykarmak üçin gözleg ähmiýeti bar bolan ýa-da öwrenijilik we estetiki gymmatlyk bolup durýan mineralogik, litologik, petrografik materiallar;

2) seýrek, adaty bolmadyk fiziki häsiýetleri bolan minerallar, dag jynslary we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar, iri kristallar we olaryň ösüntgileri;

3) seýrek duş gelýän dag jynslary we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň görnüşleri, olaryň dag-magdan gazylaryndaky özboluşly ýüze çykyşy ýa-da adaty bolmadyk ýüze çykmalary;

4) biostratigrafiýa we geologik geçmişiň fiziki-geografik ýagdaýyny gaýtadan döretmek üçin möhüm ähmiýeti bar bolan paleontolik galyndylar;

5) stratotipi bolan tebigy we emeli geologik üsti açylmalar, şeýle hem seýrek ýa-da anyk sebit üçin mahsus bolmadyk geologik kesimler;

6) olaryň çäklerinde dag jynslary ýer gabygynyň düzüminiň, gurluşynyň we ösüşiniň tipomorf aýratynlyklaryny görkezýän ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri.

2. Döwlet hasabatynda duran mineralogik, paleontologik we beýleki seýrek duş gelýän geologik tebigy obýektler we materiallar, «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda goralmaga degişlidir. 

3. Mineralogik, paleontologik we beýleki seýrek duş gelýän geologik tebigy obýektleriň we materiallaryň döwlet hasaba alnyşy geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

45-nji madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň 

                       gorlaryny hasapdan aýyrma

1. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmagyň barşynda öçürilen ýa-da soňraky geologiýa taýdan öwrenilen ýa-da ýataklar özleşdirilen mahalynda tassyk bolmadyk, senagat taýdan ähmiýetini ýitiren gorlary, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlarynyň döwlet balansyna degişli üýtgetmeleri girizmek bilen ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň balansyndan öçürilmäge degişlidir.

2. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gorlaryny (umumy ýaýranlaryndan başga) hasapdan aýyrmak ýerasty baýlyklaryny  peýdalanyjynyň towakga etmegi boýunça hem-de ýerasty baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna we goralyşyna gözegçilik etmek, ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly işleri howpsuz alyp barmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň we gorlar boýunça Toparyň netijenamasy bar bolan mahalynda geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň çözgüdi esasynda geçirilýär. 

 

46-njy madda. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp 

                        çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk 

                        maksatlar üçin peýdalanylýan ýerasty 

                        baýlyklaryň ýer bölekleriniň döwlet 

                         hasaba alnyşy

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin peýdalanylýan ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertibinde Türkmenistanyň Geologik gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan hasaba alnyşa degişlidir.

 

VII BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARYŇ

PEÝDALANYLYŞYNA WE GORALYŞYNA

DÖWLET GÖZEGÇILIGI

 

47-nji madda. Ýerasty baýlyklaryň peýdalanylyşyna we 

                       goralyşyna döwlet gözegçiliginiň wezipeleri

Ýerasty baýlyklaryň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiliginiň wezipesi, ähli fiziki we ýuridik şahslar ‒ ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar tarapyndan ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak bilen baglanşykly işleriň alnyp barlyşynda döwlet hasaba alnyşyny we hasabatlylygyny alyp barmagyň düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýar.

 

48-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak 

                       babatda döwlet gözegçiliginiň görnüşleri

1Ýerasty baýlyklary hem-de onuň serişdelerini peýdalanmak we goramak babatda döwlet gözegçiliginiň şu aşakdaky görnüşleri hereket edýär:

1) ýerasty baýlyklary rejeli peýdalanmak we goramak babatda gözegçilik;

2) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek babatda gözegçilik;

3) tebigaty goraýyş gözegçiligi;

4) ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatda işleriň howpsuz alnyp barlyşyna gözegçilik.

 

2. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda döwlet gözegçiligi, şu Kanunyň 6-njy maddasynyň 2-nji böleginiň 1-8-nji bentlerinde bellenilen, ýerasty baýlyklary goramak we peýdalanmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet gözegçiliginiň ýörite edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.

3. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlygy şu Kanun we bu edaralar hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalar bilen kesgitlenilýär.

Döwletgözegçiliginiň ýörite edaralarynyň ygtyýarlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Ýerasty baýlyklaryň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

VIII BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARDAN PEÝDALANMAK

ÜÇIN TÖLEGLER

 

49-njy madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin

                          töleg

1. Şu Kanunyň 54-nji maddasynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak tölegli bolup durýar.

2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin töleg, mineral-çig mal serişdeleriniň rejeli we toplumlaýyn peýdalanylmagyny, ýerasty baýlyklaryň we daşky gurşawyň goralmagyny, ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatda bazar gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegi hem-de durmuş meselelerini çözmegi ykdysady taýdan höweslendirmek üçin bellenilýär.

3. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin tölegi tutup almagyň tertibi, möçberi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

50-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylanda 

                      ulanylýan tölegler we ýeňillikler ulgamy

1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylanda ulanylýan tölegler we ýeňillikler ulgamy Türkmenistanyň ähli çäginde, Hazar deňziniň türkmen bölegini goşmak bilen we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň serhetüsti ýataklarynda hereket edýär hem-de ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň hemmesine degişlidir.

2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylan mahalynda ulanylýan tölegleriň we ýeňillikleriň ulgamy ýerasty baýlyklardan peýdalanma hukugy üçin tölegi we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary öz içine alýar.

 

51-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak

                           hukugy üçin tölegler

1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy üçin tölegler, gözlegleri geçirmek, barlamak, esasy we ugurdaş gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary ýa-da olaryň birleşmelerini gazyp çykarmak hukugy üçin ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar tarapyndan tölenilýär.

Bellenilen tölegler ýerasty baýlyklardan ýa-da olaryň birleşmelerinden peýdalanmaga berlen hukugyň hereket ediş möhletiniň dowamynda birwagtlaýyn gatançlar, yzygiderli tölegler görnüşinde tutulyp alynýar.

2. Gözleýiş we barlag işlerini geçirmäge bolan hukuk üçin tölegleriň möçberleri sebite we ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň ölçegine, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň görnüşine, işleriň dowamlylygyna, çägiň geologiýa taýdan öwreniliş derejesine we töwekgelçilige baha berilşine baglylykda kesgitlenilýär.

3. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak hukugy üçin tölegleriň möçberleri gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň görnüşini, onuň gorlarynyň mukdaryny we hilini, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmegiň we işlemegiň tebigy-geografik, dag-tehniki hem-de ykdysady şertlerini, telekeçilik töwekgelçiliklerine berilýän bahany hasaba almak bilen kesgitlenilýär.

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gazyp çykarmak hukugy üçin tölegler, gazyp çykarylyş başlanandan soň ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylardan başky, şeýle hem soňraky yzygiderli tölenilýän tölegler görnüşinde tutulyp alynýar.

4. Ýerasty baýlyklardan başga maksatlarda peýdalanmak hukugy üçin, şol sanda ýerasty desgalary gurmak we ulanmak, ahyrky önümi saklamak ýa-da galyndylary gömmek üçin tölegler birwagtlaýyn ýa-da yzygiderli gatançlar görnüşinde tutulyp alynýar.

Görkezilen tölegleriň möçberleri peýdalanmaga berilýän ýerasty baýlyklaryň ýer böleginiň ölçegine, onuň peýdaly häsiýetlerine we ekologiýa taýdan howpsuzlyk derejesine baglylykda kesgitlenilýär.

5. Hili pes gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklarynyň ýa-da çylşyrymly dag-geologik şertlerde bolan ýataklaryň özleşdirilmegini höweslendirmek maksady bilen, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar ýerasty baýlyklardan peýdalanany üçin töleglerden bölekleýin ýa-da doly boşadylyp bilner ýa-da bu tölegleri tölemek boýunça möhletiň gaýra goýulmagyny alyp bilerler. Görkezilenler, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylara hususan hem şu aşakdakylar ýerine ýetirilen mahalynda degişlidir:

1) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çykaryp almasy kyn bolan, kondisiýa laýyk gelmeýän, öň hasapdan aýrylan gorlary gazylyp çykarylanda;

2) ýatagy özleşdirmegiň ykdysady taýdan netijeliliginiň pes mahalynda gyt gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar gazylyp   çykarylanda;

3) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň üstünden aýrylan örtük we gurşap alýan jynslar, dag-magdan gazyp çykarýan önümçiliginiň galyndylary we onuň bilen baglanyşykly gaýtadan işleýän önümçilikler peýdalanylanda;

4) esasy we ugurdaş peýdaly düzüm böleklerini çykaryp almagy ýokarlandyrýan ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ornaşdyrylanda.

6. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylandygy üçin beýleki gaýra goýulmalary we tölegleri bermegiň tertibi, şeýle hem olary peýdalanmagyň şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

7. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy üçin tölegler Türkmenistanyň Döwlet býujetine gönükdirilýär.

 

52-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy

                       üçin tölegi geçirmegiň görnüşleri

1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy üçin töleg şu aşakdaky görnüşinde tutulyp alnyp bilner:

1) pul tölegleri;

2) işleriň ýerine ýetirilmegi ýa-da hyzmatlaryň edilmegi;

3) geljekki tölegleriň pullarynyň dag-magdan kärhanasynyň esaslyk gaznasyna döwletiň paýly goýumy hökmünde hasap edilmegi. 

2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy üçin pul görnüşli töleg baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, gazylyp çykarylan çig malyň ýa-da öndürilen önümiň bir bölegini tabşyrmak bilen çalşyrylyp bilner.

3. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylandygy üçin pul görnüşli tölegiň beýleki görnüşli töleg bilen çalşyrylmagy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylmagy boýunça amala aşyrylýar.

4. Täjirçilik syryny özünde jemleýän maglumatyň, şeýle hem olara ygtyýar edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygyna girýän materiallaryň we önümleriň talap edilmegine ýa-da ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy üçin tölegiň hasabyna kabul edilmegine ýol berilmeýär.

 

53-nji madda. Mineral-çig mal binýadyň üznüksiz 

                       öndürilmegine serişde geçirmeleri

1. Mineral-çig mal binýadyň üznüksiz öndürilmegine serişde geçirmeleri esasy we ugurdaş gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň hemme görnüşlerini gazyp çykarmagy amala aşyrýan, ýerasty baýlyklary peýdalanyjylardan tutulyp alynýar.

2. Gorlary, döwletiňki bolmadyk maliýe çeşmeleriniň hasabyna barlanylan, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gazylyp çykarylmagyny amala aşyrýan, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda mineral-çig mal binýadyň üznüksiz öndürilmegine serişde geçirmeleriň möçberi kesgitlenilende ýeňilliklere hukuklary bardyr.

3. Mineral-çig mal binýadyň üznüksiz öndürilmegine serişde geçirmeleri geologiýa-geofiziki işleri, geologik taýdan surata almagy, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemegi we barlamagy maliýeleşdirmegiň maksatlaýyn döwlet çeşmesi hökmünde peýdalanylýar.

4. Mineral-çig mal binýadyň üznüksiz öndürilmegine serişde geçirmelerini tutup almagyň we peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

54-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylanda

                       töleglerden boşatmak

1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylanda, maksady girdeji, göni ýa-da ýaşyryn telekeçilik düşewündini almak bolup durmaýan ýa-da degişli çäkde ýaşaýan ilatyň durmuş, medeni we tebigaty goraýyş hajatlaryny hem-de bähbitlerini kanagatlandyrmaga ýardam edýän ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar ýa-da peýdalanmagyň görnüşleri töleglerden boşadylýarlar.

2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanylanda şu aşakdakylar töleglerden doly boşadylýarlar:

1) özlerine degişli ýer böleklerinde gös-göni öz hojalygynyň hajatlary üçin umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary we ýerasty suwlary gazyp çykarmagy bellenilen tertipde amala aşyrýan raýatlar;

2) Türkmenistanyň ýerasty baýlyklaryny umumy öwrenmäge, ýer titremelerini çaklamak boýunça geologik işlere, inžener-geologik gözleglere, paleontologik, geoekologik barlaglara, ýerasty suwlaryň kadasynyň gözegçiligine, topografiýa-geodeziki, şeýle hem ýerasty baýlyklaryň bütewiligini düýpli bozman geçirilýän beýleki işlere gönükdirilen, döwlet serişdeleriniň hasabyna sebitleýin orta möçberli we uly möçberli geologiýa-geofiziki işleri, geologik surata almagy, beýleki geologik we gidrogeologiki işleri alyp barýan ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar;

3) ylmy, medeni, estetik we beýleki ähmiýeti bar bolan aýratyn goralýan tebigy geologik obýektleri, gorag didiwanlaryny (geologik goraghanalar, tebigy ýadygärlikler) döretmek üçin ýerasty baýlyklaryň ýer böleklerini alan, ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar. 

 

IX BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÝERASTY BAÝLYKLAR

HAKYNDAKY KANUNYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN

JOGAPKÄRÇILIK. ÝERASTY BAÝLYKLARY

PEÝDALANMAK WE GORAMAK BABATDA

JEDELLERI ÇÖZMEK

 

55-nji madda. Türkmenistanyň ýerasty baýlyklar

                          hakyndaky Kanunynyň bozulandygy 

                        üçin jogapkärçilik

1. Şu Kanunda göz öňünde tutulan ýerasty baýlyklara eýelik etmek, olary peýdalanmak hem-de olara eýe bolma hukugyny bozýan açyk ýa-da ýaşyryn görnüşdäki geleşikler hakyky däl bolup durýarlar.

2. Türkmenistanyň ýerasty baýlyklar hakyndaky Kanunynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

56-njy madda. Türkmenistanyň ýerasty baýlyklar hakyndaky

       kanunçylygynyň bozulmagynyň netijesinde

       ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

Fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary hakynda Kanunynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberlerde we tertipde dolmaga borçludyrlar. Wezipeli adamlar we beýleki işgärler, olaryň günäsi bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly kärhanalar, guramalar we edaralar çykdajylary eden bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

57-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we 

                       goramak babatda jedelleri çözmek

Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda ýüze çykýan jedeller, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

 

X BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARY PEÝDALANMAK WE

GORAMAK BABATDA HALKARA 

HYZMATDAŞLYGY

 

58-nji madda. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak 

                         babatda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistan ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrýar.

 

59-njy madda. Serhetüsti we serhetýaka geologik gurluşlar,

                           gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýüze

                           çykmalary we ýataklary

Serhetüsti we serhetýaka geologik gurluşlary öwrenmek, serhetüsti we serhetýaka ýataklary gözlemek, barlamak hem-de özleşdirmek meseleleri, Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

ХI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

60-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 1992-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý., № 12, 115-nji madda);

2) 2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 40-njy madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 20-nji dekabry.

№ 160-V.